21:36 Meşhur ýazyjylaryñ durmuşyndan: Tolkien | |
JON RONALD REUEL TOLKIEN
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(03.01.1892-02.09.1973) J.R.R.Tolkien diñe hobbitleriñ obrazyny döretmek bilen oñmady. Ol özüniñem hobbitdigine tüýs ýüregi bilen ynanypdyr. "Men - daşky keşbimi hasaba almasam, özümiñ hobbitdigime ynanýan. Bag-bakjalary, agaçlary we traktor bilen sürülmedik ekin meýdanlaryny gowy görýärin. Müşdükli çilim çekmegi, gowy we doñdurylmadyk iýmitleri gowy görýärin, ýöne fransuz naharlaryny halamok. Şu manysyz döwürde per bilen bezelen eşikleri geýmegi gowy görýärin. Meýdandan toplanan kömelegi diýseñ halaýaryn. Meni gowy görýän tankytçylarymyñ-da bizar-peteñini çykaryp biljek heneklerim bar. Giç ýatýaryn, mümkingadar giç turýaryn. Kän syýahat edemok". Tolkieniñ "Ýüzükleriñ hökümdary" trilogiýasy häzirki wagta çenli ähli döwürleriñ iñ köp satyn alynan kitaplaryñ hataryna girdi. Gelejekki ýazyja ejesi kiçiliginden latyn, fransuz, nemes dillerini öwretdi. Munuñ daşyndan ol öz islegi bilen grek, köne iñlis, köne norweg, got, fin, ispan, italýan, häzirki zaman we orta asyr gal dillerini öwrendi. Şeýle-de onuñ rus, şwed, dan, norweg, flemenk dillerini bilişi-de hiç neneñ däl eken. Jemi alanyñda on dört dil bilýän ýazyjy öz oýlap tapan elipbiýinde gündelik ýöredipdir. Onuñ döreden elipbiýi mifologiýanyñ ýoluny açypdyr we ahyrynda hyýaly Orta Dünýäni döredipdir. "Hobbit" Germaniýada 1945-nji ýyla çenli gadagan edildi, munuñ sebäbi bolsa Tolkieniñ nemes faşistlerine ýag çekmäge isleg bildirmänligidi. Nemes neşirçileri 1937-nji ýylda bu eseriñ nemes diline terjime edilen nusgasyny çap etmäge hyýallanýarlar. Ýokary wezipeli döwlet işgärleriniñ biri onuñ ariýa jynsyna degişlimi-dälmi anyklamak üçin Tolkiene sorag-ideg edýär. - Çakym çak bolsa, menden ýewreýdigimi ýa däldigimi soramakçy bolýañyz öýdýän - diýip, ýazyjy olara nägileligini bildirýär. - Juda gynanyp aýdýaryn, ata-babalarymyñ birisi-de şolar ýaly artykmaç zehinli adamlaryñ arasynda bolmandyr. Bu kinaýaly sözler Tolkieniñ adynyñ faşistleriñ gara sanawyna girmegine sebäp bolupdyr. Ömrüniñ ilkinji kyrk ýylyny dil öwrenmäge bagyş eden Oksforf uniwersitetiniñ egni tüýli penjekli, erni müşdükli, professory Tolkien awtoulaglary halamandyr. Ol ikinji jahan urşunyñ başlarynda-da awtoulaga münmekden bütinleý ýüz öwrüpdir. Beýtmegi onuñ goñşularyna peýda beripdir. Sebäbi garşysyndaky sürüjileri bardyram öýtmeýän, iñ soñky derejede perwaýsyz sürüji bolan Tolkien Oksfordyñ şaýolynda başga awtoulaglara zol-zol kakyp, uly ile hossa bolýan eken. "Üstlerine bir gaýtsañ edil ýöne gyzyletene guşlar ýaly dyr-pytrak bolarlar" diýen sözü-de, onuñ näderejede seresapsyz sürüjidigine güwä geçýär. Filologiýa ylmynyñ ussady Tolkien dil boýunça gürrüñ gozgalanda özboluşly pikirleri orta atypdyr. Ol amerilan iñlisçesi barada şeýle diýipdir: “Iñlis diliniñ kirli gubkalardan doldurylan görnüşi". Barypýatan husytlygy bilen ýaka tutduran Tolkien poçta markasyna, sakgalpäkisine harçlan pullarynyñam teññeme-teññe hasabyny ýöredipdir. Hususanam salgyt meselesinde husytlygyñ gözüni çykarypdyr. Britan hökümeti täze supersonik radioaktiw uçarlary maliýeleşdirmek üçin jemgyýetçilik fondundan peýdalanmak baradaky maksatnamasyny mälim edende, Tolkieniñ sabyr käsesi dolup, ýetjek derejesine ýetýär. Ol salgyt tölemekden geçen, gaýtam şu sözleri sugşuryp galýar: "Konkorda" menden ýeke penni* ýok!" _____________________________ * Penni - iñlis pul birligi. Robert ŞNAKENBERG. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||