20:21 Meşhur ýazyjylaryñ durmuşyndan: Çarlz Dikkens | |
ÇARLZ DIKKENS
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
(07.03.1812-09.06.1870) Iñlis ýazyjysy Çarlz Dikkensiñ çagalygy juda agyr geçipdir. Ol entek kämillik ýaşyna ýetmänkä agyr işlerde işlemäge mejbur bolupdyr, muşakgatly geçen dowzahy durmuş ýazyjyny ömrüniñ ahyryna çenli zawod-fabriklerde işledilýän biçäre çagalaryñ başdan geçirmelerini beýan edýän eserleri ýazmaga iteripdir. Çarlz ýañy ýigrimi dört ýaşanda "Pikwik klubynyñ başdan geçirenleri" ("The Pickwick Papers") atly eserini ýazyp, iñlis edebiýatynyñ taryhynda kitaby iñ köp satylan ýazyja öwrülýär, ýaş ýazyjynyñ özü-de bir günüñ içinde dünýäniñ iñ meşhur adamlarynyñ hataryna goşulýar. Elli ýyldan gowrak wagt elden-ele geçip okalýan romanlardyr powestleri ýazyp gezen Dikkens 1836-njy ýylda bir gazet redaktorynyñ gyzy Ketrin Hogarta öýlenýär. Ýöne ol aýalynyñ gyz jigisini özüne has ýakyn görüpdir. Ikisiniñ arasynda näme bolup geçenini bilýän ýogam bolsa, Mariýa Hogart 1837-nji ýylda heniz on ýedi ýaşly ýaşaşyk gyzka aradan çykanda ýazyjy aýaly ölen ýaly ýas tutupdyr. Hatda ol Mariýanyñ saçyndan bir gysym kesip ýörite gapyrjaga salyp goýupdyr, gyzyñ barmaklaryndaky ýüzüklerden birini sogrup, ömrüniñ ahyryna çenli öz barmagyna dakyp gezipdir, onuñ käbir eşiklerini ýanynda saklapdyr. Hatda baldyzy bilen bir mazara gömülme arzuwynyñ bardygyny-da aýdypdyr. Wagt geçip biraz köşeşen ýazyjy özünden ýigrimi ýedi ýaş kiçi on sekiz ýaşlyja aktrisa Ellen Ternan bilen ýaşaşyp başlaýar we 1858-nji ýylda aýaly bilen aýrylyşýar. Ýazyjynyñ özünden biraz akylly-başlyrak hereket eden Ternan biderek dawa-jenjelden gaça durmak üçin toslama atlar bilen Dikkensiñ syýahatlaryna ýoldaşlyk edipdir. 1865-nji ýylda bir gezek olar Fransiýadan dolanyp gelýärkäler Dower-London aralygyna gatnaýan otla münýärler. Otly ýolda heläkçilige uçrap köprüden suwa gaçýar. "Gezýäni" bilen bir ýerde görülmeginden gorkan Dikkens "Dombi we ogly" romanynyñ garalamasyny goltugyna gysdyryp, wakanyñ bolan ýerinden gaçmak bilen bolýar. Ýazyjy otly heläkçiliginde alan ten şikeslerinden ömürboýy gutulmandyr. Ol belli bir wagt geçensoñ halk köpçüligi üçin edýän çeper okaýyşlaryndanam halys irmäge başlapdyr. Beýnisine gan inen ýazyjy 1870-nji ýylyñ 9-njy iýunynda otly heläkçiliginden tegelek bäş ýyl geçenden soñ ýalançynyñ azabyndan halas bolýar. Onuñ meýdi (özi garşy çykanam bolsa) Westminster buthanasyndaky gonamçylygynyñ şahyrlar kwartalyna depin edilipdir. Dikkens stol-stullaryñ öz islegine görä ýerleşdirilmedik otagynda eser döretmekden ýüz öwren dikdüşdi biri bolupdyr. Onuñ baran otagyndaky haýsydyr bir stoluñ duran ýerini jikme-jik suratlandyrmak ýaly täsin gylygy bar eken. Ýazyjy otagy öz göwnüne jaý görnüşde görmek üçin sagatlaryny sarp etmäge ýaltanmandyr. Ol biriniñ öýüne myhman bolanda ýa-da myhmanhanada düşlände, ilkinji işi ýatýan otagynyñ goş-golamlaryny üýtgetmek bolupdyr. Barha uzaýan ösgün saçlaryny günde birnäçe gezek darapdyr, hatda saçynyñ bir tarynyñ öz durmaly ýerinden üýtgändigini duýsa, çörek iýip duranam bolsa jübüsinden daragyny çykaryp saçyny daraberipdir. Dikkensiñ geñsi gylyklarynyñ içinde iñ täsini-de, onuñ aşa yrymçyllygydy. Ol rowaçlyk getirsin diýip her ellän zadyna üç gezek elin degrip aýyrýan eken, Anna gününi şowly gün hasaplapdyr, Londondan hemişe romanyndan biriniñ iñ soñky bölüminiñ çap edilen güni çykypdyr. Iñ beteri-de uklanda edýän hereketleri eken. Ol Ýer şarynyñ magnit meýdanyna görä hereketlenişiniñ döredijilige güýç berýändigine ynanýandygy üçin ýüzüni demirgazyga bakdyryp uka gidipdir. Dikkens mydama diýen ýaly “Göze görünmeýän nämälim bir güýç meni morga tarap çekýär” diýipdir. Pariž morgy ýazyjyny aýratyn özüne çekipdir. Ol morga birnäçe günläp yzygiderli gatnapdyr, ýazyjy morga baranda özünde döreýän duýga "ýigrenjiligiñ özüne çekijiligi" diýip baha beripdir. Aýratynam jenaýat bilen baglanyşykly öldürilen adamlaryñ jesetlerini synlap, döwürdeşi Edgar Allan Po kimin nämälim gyzyklanma bilen dürli jenaýatlaryñ jikme-jiklikleri barada oýlanmak ýazyja iññän ýiti täsir edipdir. Dikkens sekiz ýüz sahypalyk romanlary bilen okyjylary özüne imrindirip bilmedik wagtlary adamlary mesmerizm arkaly gipnozirläpdir. Nemes hekimi Frans Anton Mesmer tarapyndan kämilleşdirilen mesmerizmde näsaglary sagaltmak üçin janly magnetizmiñ şypaly şöhlelerinden peýdalanylýardy. Dikkens tilsimiñ esasy ugurlaryny iñlis lukmany Jon Ellitsondan öwrenipdir. Stetoskopy ilkinji bolup ulanan Ellitson soñabaka gipnozirleýji tilsimleri ulanýandygy sebäpli işden kowulypdyr. Ýazyjy öz çykyşlarynyñ şüweleñini artdyrjak bolup ýa-da dost-ýarlarynyñ ynjalyksyzlygyny gidermek üçin bu tilsimden peýdalanypdyr. Ýazyjy 1844-nji ýylda duýdansyz ýagdaýda edilen hüjüm sebäpli gorky geçirip, agzy-burny uçuklan we ýüzi gyşaran Madam de la Runy birnäçe hepdäniñ dowamynda öñki ýagdaýyna getiripdir. Seanslaryny mundan soñam dowam etdirip, başga bir hobbisi - düýş ýorgutlary arkaly meseläniñ özenine aralaşmaga synanyşypdyr. Hudožnik dosty Jon Liçiñ 1849-njy ýylda beýnisine şikes ýetende, ýazyjy mesmerizm ylmyndan peýdalanyp ony sanlyja günüñ içinde sagaldypdyr. Megerem mesmerizmiñ sagaldyp bilmedik ýeke-täk bir derdi bardy, olam Dikkensiñ hroniki astma keselidi. Ýazyjy munuñ üçin melhemi başgadan ýerden gözledi - neşe serişdelerini ulandy. Robert ŞNAKENBERG. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |