21:50 Meýhana | |
MEÝHANA
Goşgular
Şahyrlaryñ edähedi jem bolşup, Bir-birini çykarmakdyr püçege... Muhammet Omara barmak çommaldyp, Ters mündürip otyr ony eşege. Ters öwürip o pahyryñ imanyn, Art aýakdan ala tozan sowurýar: Sen ahyry, haram ogry, "Diwanmyñ" On bäşinji setirini ogurlan. Seniñ ýaly haramynyñ ýolundan Aýak sekjek telbe tapylmaz ylla! Gojalar baş atýar ýatan ýerinden, Jahyllar gop berýär: "Aý, berekella!" Omar bolsa daş işikde jöwjerip, Jyzýar, näletkerde, pak haramzada. Huda seni ýalkamasyn eý görüp, Ýüzleriñ düşmesin sypaýy zada. Gorsuz ýören, gorra, ajy garyn sen, Señ galam tutmaga hakyñ ýok ylla! Gojalar baş atýar ýatan ýerinden, Jahyllar gop berýär: "Aý, berekella!" Diýdi ýalñyz biri meý süzüp ümsüm, Diýdi: ýat edeliñ Hakyñ adyny. Ýeri, nätjek munça ajyny pürküp?!.. Ol şygyr ýyldyzy ýagty Saadydy. • SAADY Döwür döndi. Ýañky iki diwana, Döndi gitdi haşal basan meýdana. Saady bolsa döndi kümüş surnaýa, Saada gulak goýdy gadym meýhana. Hoşboý otlar deýin burk urup sözler, Süýjedi bal bilen miwe deý ylla. Törden baş atmady çal saç gojalar, Jahyllar diýmedi bir "berekella". Ýürekler ýumşady söze meýmiräp, - Doldy guş owazly ýaýla-gujaga. ...Şahyrlaryñ edähedi şeýleräk: Bir-birini çykarmaklyk püçege. 1936 ý. Dmitriý KEDRIN. Terjime eden Annaberdi AGABAÝEW. "Ýaş kommunist" gazeti, 07.06.1966 ý. | |
|
√ Enem / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gel, bize goşul / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Sadalyk / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Söýgi / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Sen bu jahan mülküni Kapdan Kaba tutduň, tut... / Goşgular - 26.09.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||