MIKALENJELO
Mikelanjelo!
Ak mermeriñ han ogly!
Daş ýonupdyr jan girýänçä gursagna.
Köne dünýäñ jogaplarny, soragny ~
Sygdyrypdyr daglañ äpet harsañna.
Şeýdip, bu gün Dawudyna ýetipdir.
Aý-günler, asyrlar ondan asgyndyr.
Beýik başlañ ömür gohy ýetikdir,
...Daş ýagyp dur Dawudynyñ üstünden ~
Mikelanjelo gazap bilen topulýar
Daş zyñýanlar gaçyp, garañka siñýä.
Gör-ä Dawuda-da duşman tapypýar ~
Onsoñ, nädip, kämil bolsun bu dünýä.
* * *
Ýolbars aş saýlanda adam atarmyş,
Şeýdip, janaweriñ şory ýatarmyş.
Onsoñ babyr bilek, ýalyna meñzeş ~
Güjükler doglarmyş,
takdyry ~ göreş.
Enesini sokjap, ýassanyp böwrün,
Şagal däldigine düşüner bir gün...
Awy ysyny alyp, göze gan iner,
Şondanam şir bolup, meýdana girer.
Bir-ä Hudaý, birem jeññeli biler,
Ol diñe başa-baş jeññeli biler!
Erkanadyr, diýýän ýaly: "Añrym bar",
...Söýünhanda şir ömrüne tagzym bar!
* * *
Ula giden bedewiñ
Urmañ, ýüzüne urmañ!
Dil ýetirip aýagna ~
Synan göwnün syndyrmañ.
Şonsuzam uzyn gije
Gama batar, örtener.
Okarasyn gyrmalap,
Näçe gezek eñterer.
Ýene çykar aýlawa
Süýner, aýlawy baglar.
Ýer aýlanar daşynda,
Aýlanar ala daglar.
Goşularlar täzeden ~
Gaýdarlar salyp ýüzin.
Menzile gutarma ýok ~
Menziller uzyn, uzyn.
Şonda birden galaýsa,
Bedewa azar bermäñ.
Ölermişin namysdan,
Urmañ, ýüzüne urmañ!
Baýram JÜTDIÝEW.
Goşgular