11:16 Minnetdar men | |
MINNETDAR MEN
Hekaýalar
Minnetdar men bolup geçen bar zada, Mundan gowusyny gözlemändim hiç. Kalbym, yşk heserin edindiň adat! Aklym, dolup-daşdyň şu güne deňiç! Bagtly hem-de doly günler ejirden ajy kakyp, alsalar-da mazamy, Gopgunly ýa ýürekgysgynç günlerde, Hernä nurdan dynmandyryn, mazaly. Täze bilen azap baryn berenim, Günämi geç, saňa dynma ýok menden. Söz bilen aýtmadyk zadyňy seniň Aňladym men sypatyňdan, keşbiňden. Gözler içgin synlap, eglenýär mende, Ýüregim towusýar aýdyp halyny. Hem garly gijäniň goýy tümünde, Dowam edýär tutan dogry ýoluny. *** Golaýlaýan bir yzaly owaza bolýar-da maýyl, Gursaga girýär jan. Düýşde eliňi öpýärin — ol birmahalky deý mylaýym — Ses-üýn çykarman. Düýşe girýär ýaşlyk çagym, hiç şertsiz söýülen günler.., Tanyş käl hem otluk meýdan, Şol ýerde ösüp oturan ýiti tikenlije güller, Agşamky duman. Arasyndan şol tikenli gülleriň, elheder aman, Köne külbe maňa çiňňerýär örän. Maňa bakýar gyp-gyrmyzy, durşuna ot alan asman Hem gözleri penjiräň. Bu ses — seniň sesiň, onuň bulaşyk heňine Pida ederin janymy, Iň bolmanda, düýşümde şol tanyş eziz elini öpüp mähribanymyň. Aleksandr BLOK, rus şahyry. Rus dilinden terjime eden: Orazgylyç ÇARYÝEW. “Dünýä edebiýaty” žurnaly, 2021 ý. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |