01:15 Mint / hekaýa | |
MINT
Hekaýalar
Solmaz her gezek çörek döweninde ejesi: “Nanyň gyrasyna aýlanyp iýýän gyz, soňra daş, uzak ýere durmuşa çykarmyş, kökkesilen, şeýdip, ejeň pahyryň, gözüni ýolda goýjakmy” diýerdi. Solmaz ynha, örän uzak obalaryň birine gelin bolup düşensoň, şo gepiň hakykat, rastdygyna ynandy, galdy. Baý-buw-ww!!! Solmazlaň ata öýleri bilen häzirki düşen ýeriniň arasynda Nalajyň gyry, Maňňyryň gyry, Böten dagy, Döwkeseniň galasy, gadymy Ürgenjiň obalyklary, sähralyklary, giden-n meýdanlar... ekerançylyklar ýaýylyp ýatandyr-a. ...Haçanda Solmazy çym-gyzyl kürtä dolan gelnalyjylar şu pursat işikden zymdyrylyp, uçup gitjek bolup durkalar, şolardan ýogyn sesli biri: - How, millet, biz indi şunça ýoldan gelip boş gitmelimi?! - diýip seslendi. Bu diýdigi, gelin bolmaly gyza ata öý tarapyndan mint maly berilmeýärmi diýip soraldygydy. - Bar, bar. Injisem, mindem bar, injisem bolar. Alyp gitmeli wagtyňyzy aýdarys. Baryň, ýoluňyz ak bolsun! Eglenmäň! Sizem toý üstüne baryň. Solmazyň kakasy Baýmät aga, “gyzyma niýetlän mindimizi göleledip bereris” diýensoň, ara biraz wagtam düşüpdi. Ynha buwnem Solmazyň gaýnagasy bilen ýüwürjisiniň şol mint maly getirmäge gidenleri, gidenleri. Solmazyň agşamam hiç ukusy tutmady. Berdem işi barada gürrüň berip jaň etmedi. Ynha, ýene-de atyp gelýän täze bir daňy, güni buşlap agaçlaryň üstünde oturan tokmak ýaly horazlar gygyrdy. “Gyg-u-u-u...” Traktoryň tirkeginiň üstünde tamyň bölegi ýaly bolup gelýän sygra gözi düşen Solmaz şo tarapa ýüwüräýdi. Soň maly düşürmäge ýer oňaýlap duran gaýnatasyny görübem utandy, sägindi. Içi ak unly elindäki käsesini görkezip özüni aklandan boldy. Demir sesini kesenden, tirkegiň üstündäki mal janawar “biz nirä geldik” diýýän ýaly zaryn molap goýberdi. Ýüwürjisi Kuwwat malyň uzyn ýüpüni çözüp, uzadandan Solmaz ýüpüň bu ujuny alnyna degirdi. “Dädemjanym, öz eli bilen işip goýberen bolmaly. Up-uzyn edip dakyp goýberen, dädem janymdan aýlanaýyn. Ýekeje gezegem gyzym diýmän, mydama oglum diýen dädem-ow!!! Ýüpem bir gep, bahana bolmasyn, soňam örklense dagy mal arkaýyn otlasyn diýendä, dädem, janym”. Sygyr janawar bularyň belläpduran ýerlerine däl-de, ho beýläk böküp düşüp, “tanamy düşüriň-dä, indi” diýen terz-de teležka tarap seredip durdy. Birenaýy gölejigi emaý bilen göterip düşürdiler. Mal diýjeksiň, sygyr janawar Solmazy tanap birenaýy ýuwaşja molady. Solmaz alnyna ak un çalanynda-da, Solmazyň çabydyndan çalarak dişläp-dişläp, çekip-çekip goýberdi. Solmaz bolsa “sen hezil edip ata öýüňde gezibereniňde, bizem bi ýat ýerlere düşmezdik. Ýör, hälem bolsa, gideli yzymyza” diýýämikä bi dilsiz janawar” diýip goýdy. - Gellejemi tanad-aýt, bi sygyr, wäh-h-diýip, ýüwürjisi gulakjyny bilen üstüniň çaňyny kakmaga durdy. Solmaz malyň boýunlaryny, gulaklarynyň töwereklerini, arkasyny sypamaga durdy. Ýene-de geplemsek ýüwürjisi dillendi. - Ejeň, dädeň, doganlaň dogaýy salam baryny iberdiler, milýonlap, milýonlap. Ejeň-ä: “bir çetdem çimirde ýalňyz goýup, nebir mal horlaýmaň. Içrägine daňaweriň, ýatagyňyzyň. Bilip bolmaz, it diýdi, guş diýdi, mala zelel bermesin” diýip, boý, tabşyrmak tabşyrdy: “Bede bilen gowuşdan başga sary unam iýip duran süýtli maldyr. Ana, tirkegiň bir burçuny bededen doldurdylar, ýol uzakdyr, eňki gider mallaryň diýibem, ýol boýy suwa ýakyp baryň” diýibem, elimize täzeje bedrede berdiler, siziňkiler. Ýogsa-da, gelleje, eşider bolsaň, menem siziň obaňyzdan öýlensem diýýän, tank ýaly maly mint berýän bolsalar. Solmaz gülüp baş atdy, onuň sözlerini tassyklady. - Işigiňizdäki gujak ýetmez tutlaryňyzyň hersine bir baggoýun daňylgy eken. Şolara seredibersem, “ynha, özümiz baranymyzda eltäýeris, birini” diýdiler. - Ýüwürjisi elindäki torbalary uzatdy. - Ynha, ejeň duz-çöregem iberdi. Ana, on düp tut nahalam berip goýberdi. Tuduň özem derman, tudanasam, saýasam derman diýip. Hemem diýýä, “gyzymyz, ýüpek gurçugyny idetmese, ynjalmaz, oňmaz”. Ýene meni diňle, gelleje, ho-o, dükanyňyzyň ýanynda saga öwrülen ýerdäki işikleri hatara derekli öýde bir gyz boýalan ýüňleri ýygnap duran eken-aý. Şo gyz bilen tanyşdyr-da, meni, ýüwürjiňi, ýüwrük atyňy. O gyzyň ýanynda meni gelşirip öwgün, gelneje janym, obaňyza gezmäge gideniňizde. Iň, iň gowy oglan diý, dünýäde. Ýalan sözlemeýä diý. Gowy tans edýä diý. Ylaýta-da, küştdepdi-de öňüne adam geçirmeýä diý. Motorymyň bardygyny, döwülse, derrejik düzedýänimi, ussadygymy-da aýtgyn. Öýlerine uçuryp äkidip-getirip durjakdygymam aýt. Towuk, janly kesse eli süýji diý. Özüň aýdýaňa, “dedemiň elem süýji dilem” diýip. Solmaz muňa myssa ýylgyrdy “Häý, görsegyzar diýsänim”. - Gelleje, şu söýgi diýen zadyň bardygam bir gowy-ow! Siziň öýüňiz nire, biziň öýümiz nire. Agamyň esgebatyryny (ekskawator) ýükläp siz tarapa zeýkeş arçamaga gidişi, suwsap size sowluşy. Baý-baý-ow-w, kino-ow-w!!! “Indi besdir, seňki” diýen terzde sygyr gulagyny gapyp molap goýbermedik bolsa ýüwürjisi entegem Solmaztň ata öýi bilen bagly süýji, şirin ýatlamalaryny ürküzip, dursa durjakdy. Ýüwürjisiniň ýeňsesini tüňňerdip gitmegi bilen Solmaz malyň boýnundaky ýarty köwüş ötürlen alajany sypalady. “Öz köw’ümizden bi, öz öýümiziň teperrik ýerlerini, ýol-ýodalaryny depelänje köwşümiz-ä, bi... Ejem janymyz, köne zady birjigem yrýa etmezdi. Aýdardy... “hi-iç, köne geýim bilen, köne aýakgap, başgap otlamaň” diýip. Düwünçek, düwünçek edip asyp goýar. “Zerury çykar bir gün” diýip”. Gölejigiň boýnundaky üçburç dogajygy görüp, Solmaz “ejem janymyz, elleriňe döneýin. Bir çümmük duz, bir tokga kömür, birje-de demirtiken pytanak salyp tikendir bi dogajygyň içine. Ejem janymyz, näçe irki malymyz bolsa, şonça-da dogajyk tiker, alaja örer, köwüş kesip asar onuň boýnundan”. Baryp-ha, oňa-da öz wagtynda enem aýdanmyş: “Şeýtseň mal göz-dilden goragly bormuş. Onsoň örňegijem bolarmyş. Malyň piri aýdyp gidenmiş bi gepleri, könelemmize...” Ejem janymyz goňşularymyz Totyň, Aýtsaň, Gülläň mallaryna-da alaja örüp, dogajyk tikip bererdi, ýaltanmazdy”. Solmaz soň malyň täp-täzeje nurbatyna, ep-esli demir gazgyna syn etdi. “Enem-atam, sizlere döneýin-le, hemme zatlaryny sazlap ibereniňize...” Solmaz mindini iýdip ugran gaýnagasynyň yzyna düşdi. Gaýnagasy “ynha, mallaň gelin, nesip etsin” diýdi-de, öýe tarap ýepbildäp ugrady. Solmaz mint malyny, onuň enaýyja gölesini sypap, sermäp näçe duranyny bilenok. “Hany dillen malym, janym. Beýleki mallamyz, hemmesi amanmy?! Öz bakan, göleliginden ulaladan malyma-a, sen. Gölejigiň bilen geläýdiňmi, bize. Täze ýurduň gutly bolsun-a! Örküň otly, ýaýlaň suwly bolgaý, malym! Gaýynlammyň öňünde dili gysga etmäweri, malym. Her gün meýdanda gowy otlanyp, suwlanyp, süýt baryny toplap geleweri, janabar malym. Şeýdeweri...” Bu mal Solmazyň baryp gyz döwründe meýdana alyp çykan, öz eli bilen ulaldan, ideden, eý gören mallarynyň biri. Dädesi bilen mallary çybyndyr çirkeýden baý, gorard-a. Giçligine tüsse ederdiler, akyp ýatan gyzyl kirşen getirip düşärdiler, şemal çalyp durar ýaly ederdiler. Akar suwdan suwarardylar. Tüp yssyda öý ýaly, öý ýaly igdäň kölegesi şularyňky bolardy. ...Kerwen aga özüne şu mahala çenli maljanly diýse-de, “beýle, tohum, gadym maly görmändim” diýdi. -Biziň mallamyzgöwre taýdan maýdad-a. Aý, myň ýaly türkmeniň gadymy gäwmişini ýitirmän, derde-belalara aldyrman, ownatman, şu günlere getiren adamlarada, aperin! Ine, baryp meniň ýetginjek döwürlemde gören daýaw, şahlak, iri süýekli mallarymyz dolanyp geläýdi, şu gelnimiz sebäpli. Tüweleme, tüweleme tüf, tüf-f. Ýitmändir-ä, türkmenimiň gara maly, süýtli gara sygry. Tüf... tüf... Bizi sylan, gadymy ata-babalarymyzyň däbini, dessuryny ýöredýän gudalarymyzyňam ömürleri uzak, maly-başy aman, öýleri abadan bolsun! Gatnaşygymyza göz degmesin. Ýatakda täze getirilen malyň birden uzyndan molamasyna Kerwen aga sakga sägindi. Öýlerinden eli akja bedreli çykyp gelýän gelinleri Solmazy görübem: “Saňa edip beren, eliňe ýagşy hünär, iş öwreden pederiňe, käbäňe müň kerem berekella! Şu gelniň biziň alnymyzdan çykanynyň özüne aram-aram hiç kim görmänkä telpegimi göge zyňýan” diýibem guwançly pyşyrdady. Jumadurdy GARAGULOW. | |
|
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa - 16.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |