09:49 Moda we döwrebap bolmak / bolmadyk waka | |
MODA WE DÖWREBAP BOLMAK
Hekaýalar
Adamlaryň hemmesi diýen ýaly moda kowalaşýar we döwrebap bolmaga çemeleşýär. Her pasylda täze geýimler döreýär we täze garaýyşlar döreýär. Dizaýnerlerem şol sebäpli ýöne oturman, täzeden-täze geýimleri döredýärler. Biziňem gahrymanymyz Mimoza Ruzweltowna, 2000-nji ýyl töwereklerinde, moda egin-eşikleririniň dizaýneri bolup işleýärdi. Şol döwür ol 65 ýaşlaryndaky, maşgalaly, çagaly we agtyk-çowlukly aýaldy. Ol modeller öýüne baryp, ýanyna içmek üçin kofe alyp, öz döreden egin-eşiklerine seredip lezzet almak üçin podiuma gelýär. Oglandyr gyz modeller podiuma çykýarlar, Mimoza Ruzweltoenanyň döredijiligindäki egin-eşikleri görkezýärler. Ondan soňra başga bir dizaýneriň döredijiligindäki egin-eşikleri görkezip başlaýarlar. Ol egin-eşikler Mimoza Ruzweltownany geň galdyrýar. Olaryň egin-eşikleri diýseň üýtgeşikdi. Gyz modelleriň geýimi: elektrikleriň, santehnikleriň we gurluşyk işgärleriniň ýarym tenini görkezip duran egin-eşiklerdi, jübilerinde-de iş gurallary bardy. Oglan modelleriň geýimi bolsa: gülgüne reňkde bolan dar, ýuka balaklar, içi görünip duran bluzkalar, uzyn ökjeli köwüşler, eginlerinde-de kiçijek asylýan sumkalar bardy. Oglan modelleriň ýüzlerinde-de örän kän boýag kosmetikalary çalynandy. Mimoza Ruzweltowna olary görüp, haýran galyp agzy açylyp diş protezi ýere gaçdy. Gözleri billiard şarlary ýaly bolup, tas, daşyna atylypdy. Ol içip oturan kofesini duýdansyz üstünden guýdy we azajykdan, çalajadan, ýuwaş-ýuwaşdan şokdan açyldy. Ol diş protezini ýerden galdyrdy-da ýene ýerine dakyp, modeller öýüniň başlygynyň ullakan ýüzüne seredip: – Wilgelm Kapotowiç, bu klounlar näme zat boldugy?! – diýip, sorady. Wilgelm Kapotowiç ýerinden turup, ilki bilen Mimoza Ruzweltowna bilen salamlaşdy. Soň ol ýanyndaky oturan indýuga meňzeş adamy görkezip: – Tanyş boluň! Bu biziň täze dizaýnerimiz Ilýuş Şpala. – diýdi. Indýuga meňzeş adamam ýerinden turdy-da, Mimoza Ruzweltowna bilen salamlaşdy: – Bonjou:r Mimözä Gü:zwöltöwna, siz bigen tanyşganyma ögä:n şat! – diýip, Fransuz stilinde salamlaşdy. Mimoza onuň ýüzüne seredip, ýene-de haýran galmaga başlady. Diş protezy gaçmaz ýaly agzyny tutup: – Munuň ýüzi dagy näteňet, Bože moý... – diýip, kellesini iki ýana ýaýkamaga başlady. Indýuga meňzeş adamyň ösgün saçy horozyň kekeji ýaly bir tarapa sallanyp durdy, gaşlary örän inçe edilip ütülendi, dodagy boteks edilip, Afroamerikan aktrisasy Wupi Goldbergiňkidenem uludy, burny pişigiň burnuna meňzeýärdi, geçiňki ýaly sakgaly örülgi we bantik daňylandy. Modeller öýüniň başlygy Wilgelm Kapotowiç Mimoza Ruzweltowna ýüzlenip: – Biz size gynançly habar aýtmakçy. Mundan beýläk biz siz bilen işläp bilmeris – diýdi. Mimoza: – Näme üçin? – diýip soraýar. Wilgelm: – Sebäbi, siziň döredijiligiňiz biziň döwrümizden örän yzda galýar. Bize indi Ilýuş Şpala ýaly dizaýnerler gerek. – diýip, indýuga meňzeş adamy görkezýär. Mimoza: – Siz aklyňyzdan azaşdyňyzmy ýa-da sizi kamaz kakyp aklyňyzdan azaşdyrdymy? Men-ä olaryň haýsysy erkek, haýsysy zenandygynam tapawutlandyryp bilmedim-ä. Bular ýaly zatlary kim geýmeli onsoň Ilýuş Şpala ýalylardan başga? – diýip, nerwisiniň “nu-nu-nu...”-dygyny görkezýär. Indýuga meňzeş adamam kem galmajak bolup Mimoza: – Da:ýza, siz moda dü:ýwünden düsünegzo:k! Dö:wüg üýtgeýä:g, a:damlagam üýtgeýä:g, üýtgemegem, üýtgetmegem. Vous étes trop vieux pour comprendre tout cela. – diýýär. Mimoza Ruzweltowna: – Sögünmän otur, indýuk, men seň ýaşdaşyň däl! – diýip, indýuga meňzeş jandara ýüzlenýär. Wilgelm Kapotowiçem Mimoza daýza ýüzlenip: – Gaty görmäň Mimoza Ruzweltowna, ýöne bu indýuk hakyky zady aýdýar! Biziň ýaşlarymyzyň iň halaýan egin-eşikleriniň hemmesini şu indýuk ýaly geýler döredýär. Meselem: Iw Sen-Loran, Džanni Wersaçe, Walentino, Žan-Pol Gotýe, Dolçe we Gabbana, Kristian Dior, Tom Ford. Olaryň hemmesem geýler. – diýip, käbir dizaýnerleri sanap berýär. Ilýuş Şpala külbike barmagy bilen ullakan dodagyny oýnap, Mimoza Ruzweltowna ýüzlenýär: – Men size gyna:nslyk bildigýän. Ýö:ne sizem düsüngek boluň byg zada! Öňki dö:wüg ýok indi. Men şu günki gö:gkezen dö:gedijiligimde, zena:nlagymyz güýçli bolmaly, ö:zlegi ö:z günlegini gögmä:ge başagmaly, egkege zawisim bogmaly dä:ldigini gögkezdim. Egke:klegem owadan bolmaga çalyşmalydygyny, aýa:llagdan kem ýeginiň ýo:kdugyny, owadan tenlegininiň ba:gdygyny bildigmegidigini gö:gkezdim. – diýip, sözüni tamamlaýar. Mimoza Ruzweltowna: – Düşündim. Zenanlar erkek bolmaly, erkeklerem zenan bolmaly eken täze döwürde. – diýip, modeller öýünden çykyp gaýdýar. | |
|
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |