11:19 Mrinmoýi / hekaýa | |
MRINMOÝI
Hekaýalar
Kolleji tamamlandan soň Opurbokrişna Kalkuttadan öýlerine gaýtdy. Ýoluň ugrunda kiçeňräk derýa bardy. Ýagyş möwsümi gutaransoň ol adatça gurardy, ýöne häzir möwsümiň ahyry bolansoň gaty joşup, obanyň gyrasydyr bambuk jeňňelliginde çaýkanyp ýatyrdy. Esli gün bäri bulutlaşyp duran asmanyň ýüzi açylyp, Gün şöhlesini görkezdi. Eger şu pursat gaýykda oturan Opurbonyň ýüregine garap bolsady, onda o ýerde-de güneş şuglasyny, derýanyň ýakymly şyggyldysyny, möwç urýan derýa bilen birlikde arzuwlarynyň uzaklara bir ýerlere okdurylyp barşyny görüp bolardy. Gämi obanyň duralgasyna gelip daýandy. O taýdan — baglaryň ýapraklarynyň arasyndan olaryň horaşaja öýüniň üçegi göründi. Öýündäkiler onuň geljeginden bihabardy, şonuň üçinem duralgada hiç kim garşy almady. Gämiçi Opurbonyň goşlaryny düşürişmekçi boldy, ýöne ýaş ýigit onuň hyzmatyndan boýun gaçyryp, goşlaryny eline aldy-da, keýpiköklük bilen gaýykdan bökdi. Kenaryň bu ýeri typançakdy, Opurbo deňagramlylygyny saklap bilmän palçyga ýykyldy. Ine, şu ýerde-de duýdansyz gülki sesi eşidildi. Aljyraňňylyga düşen ýaş ýigit ýerinden turup, gyssanmaç eşiklerini kakyşdyrdy-da, daş-töweregine seretdi. Gapdalda, söwdagäriň gaýygynyň ýanynda birgiden kerpiç üýşürilip, onuň üstünde bir gyz otyrdy — onuň ýiti, joşgunly sesi uzakdaky baglaryň üstünde oturan guşlary hem ürküzipdi. Opurbo onuň Mrinmoýidigini tanady, ol onuň täze goňşularynyň gyzydy. Öňler bu maşgala uzak bir ýerlerde derýanyň kenarynda ýaşaýardy, ýöne suw joşanlygy sebäpli ol ýeri taşlap, iki-üç ýyl bäri bärde ýaşaýardylar. Bu gyz barada her hili geň zatlary eşitmek bolýardy. Erkekler bu gyzy «Kakabaş gyzjagaz» diýip atlandyrýan bolsa, aýallar onuň gyzma häsiýetiniň bardygyny aýdýardylar. Ol diňe oglanlar bilen dostlaşardy, onuň deň-duşlaryna bolan äsgermezçiligi ähli çäkden geçip, çagalar Mrinmoýa hökümdarlaryna sereden ýaly garardy. Belki, ony kakasy läliksiredendir, belki-de, ýaradylyşy şeýledir — Mrinmoýi gaty täsin gyz bolup ýetişdi. Ejesi köplenç goňşy-golamlaryň ýanynda gyzyny läliksiredeni üçin adamsyndan zeýrenerdi, ýöne ýanýoldaşynyň gyzyny gowy görşi, Mrinmoýi aglan wagty çyn ýürekden gynanyşy ýadyna düşende, ol onuň ýok wagtlary gyzynyň göwnüne degmejek bolardy. Mrinmoýi garaýagyzdy, onuň örüme gelmeýän gysgajyk, buýralanyp duran saçlary bardy. Ýüzi oglanyňka meňzeýärdi, ullakan gara gözlerinde çekinjeňlik, gorky ýa-da näziklik alamatlary ýokdy. Onuň uzyn boýy, berdaşly, sagdyn bedeni bardy, ýöne onuň ýaşynyň näçedigi bilen gyzyklanmak hiç kimiň kellesine gelenokdy. Eger bu barada oýlanan bolsalar, onda adamlar pursady elden bermän, şu mahala çenli gyzlaryny durmuşa çykarmandyklary üçin onuň ene-atasyny ýazgarardylar. Birwagt obanyň gämi duralgasyna nätanyş mülk eýesiniň gaýygy gelip saklananda, kenarda duran aýal-gyzlar howsala düşüp, derrew ýüzlerini ýapmak bilen boldular, emma Mrinmoýi saçlaryny hüžžerdip, eline kimdir biriniň ýalaňaç çagasyny aldy-da, şo ýere ylgady. Ol kenara bardy-da, edil gorky-ürkini bilmeýän ýaşajyk maral ýaly (soňra dostlaryna jikme-jik gürrüň bermek üçin), nätanşy bilesigelijilik bilen synlamaga durdy. Opurbo oba dynç alşa gelende bu kesirje gyzy birnäçe gezek görüpdi, soňra işsiz wagtlary, hatda işli wagtlaram aram-aram ony ýatlardy. Biz gaty kän adamyň ýüz keşbini görmeli bolýarys, ýöne olaryň diňe käbirleri aňymyzda galýar. Olaryň ýadymyzda galmagy üçin owadan bolmagy däl-de, özboluşly, özüne mahsus häsiýetli bolmagy gerek. Meniň pikirimçe, bu häsiýet adamyň açyk bildirýän şahsy aýratynlygynda. Bir bakyşda adamyň nähilidigini bilmek örän kyn, ýöne ýüzünden kalby görnüp duran adamyny müňlerçe adamyň içinden görmek bolýar hemem ol uzak wagtlap ýadymyzda galýar. Mrinmoýiniň bakyşynda nähilidir bir saýgaryp bolmaýan zenan mylakatlylygy bolup, bu onuň tutuş keşbine şugla salýardy. Onuň dogumly ýüzüni gören adam aňsat-aňsat ýadyndan çykarmasa gerek. Elbetde, okyja Mrinmoýiniň mylaýym gülküsiniň Opurbo üçin örän ýakymsyz bolup eşidilendigini aýdyp oturmak artykmaç bolsa gerek. Ol gaýykçy bilen gyssagly hasaplaşdy-da, dym gyzyl bolup, öýlerine bakan howlukdy. Wakanyň bolan ýeri şeýlebir ajaýypdy: derýanyň boýy, güýzügen agaçlar, guşlaryň jürküldisi, säher Güneşi hemem ýaşlyk — bary-ýogy ýigrimi ýaş. Dogrusy, üýşürilip goýlan kerpiçler bärsiniň tebigy gözelligini bozýardy, ýöne onda oturan gyz bu gaty, oňaýsyz oturgyja nähilidir bir özboluşly öwüşgin bermegi başarýardy. Şeýdip ýigidiň durmuş ýoluna äden ilkinji ädimi gynansagam gülkä öwrüldi. Belki, onuň ykbalynda has beter zatlar bardyr? II. Hapalanan goşlaryny eline alyp, baglaryň kölegesinden bukdaklap barýarka, Opurbonyň gulagynda henizem gyzyň şadyýan gülküsi ýaňlanyp durdy. Onuň dul galan ejesi oglunyň duýdansyz gelenine örän begendi. Derrew täze bişirilen süýtdür balyk getirmek üçin hyzmatçyny iberdiler. Goňşy öýlerde-de gaýda-gaýmalaşygyň bardygy bildirýärdi. Nahardan soň ejesi gürrüňi toýly meselä syrykdyrdy. Opurbo bu gürrüňe öňden bäri taýyndy, sebäbi olar birwagt guda bolmalydylar, ýöne ýigit öz diýenini tutup, tä okuwyny tamamlaýança öýlenmejegini aýdypdy. Şonuň üçinem ejesi bu güne gaty kän garaşypdy, indi ýigit hiç hili bahana tapyp biljek däldi. — Ilki gelni göreli, şondan soň bir karara geleris — diýip, Opurbo ikuçly aýtdy. — Bu barada alada edip oturma, gelin eýýäm taýyn — diýip, ejesi dowam etdi. Opurbo bu zatlaryň şeýle boljagyny bilýärdi, şonuň üçinem şeýle diýdi: — Gyzy görmän öýlenmek bolmaz ahyry. Ejesi ogluna beýle ynjykdyr öýtmeýärdi, şeýle-de bolsa razylaşdy. Agşam Opurbo otagynyň çyrasyny öçürip, ukusy tutman sekiniň üstünde ep-esli wagtlap oýa ýatdy. Ýagyşly gijäniň asuda ümsümliginde onuň gulagyna ýene-de gyzyň şadyýan gülküsi eşidildi. Ol: «Her zat etmeli welin, irdenki bolan wakany birýüzli etmeli» diýen karar geldi. «Ol Opurbokrişnanyň köp zat bilýändigini, köp wagtlap Kalkuttada okandygyny bilenok ahyry — diýip, ol öz-özi bilen gürleşdi. — Şo sebäpli tötänden palçyga ýykylanym üçin meni medeniýetsiz oba oglany hasaplap, üstümden gülmesi bolanok». Ertesi gün Opurbo gelinligi bilen görüşmelidi. Ol uzaga gitmeli däldi, gyzyň ýaşaýan öýi şol töwerekdedi. Ýigit yhlas bilen geýindi. Ol hindi geýimlerini çykardy-da, ýüpekden tikilen köýnegini geýdi. Kellesine selle oranyp, aýagyna ýaldyrawuk köwşüni geýdi. Soňra ýüpek saýawanyny eline alyp, säher bilen öýden çykdy. Geljekki gaýynlar Opurbony daşky işikde uly hormat bilen garşy aldylar… Ahyry öýlenýän ýigidiň ýanyna gelinligiň getirilýän pursadam gelip ýetdi — saçlary şaý-sepler bilen bezelen, açyk reňkli ýeňiljek mata bürenen, gorkudan ýaňa ýüzi bir agaryp, bir gyzarýan gyzy alyp geldiler. Ol bir burça gysyldy-da, kellesini dyzlaryna degräýjek bolup, sesini çykarman otyrdy. Onuň ýanynda gyza goldaw bermek üçin gartaşan hyzmatçysy bardy. Gyzyň ýetginjek jigisi geljekki giýewiniň sellesini, sagadynyň zynjyryny hemem çalaja dürterip ugran murtuny gözi bilen iýäýjek bolup, onuň bilen garyndaşlyk açjakdygyna begendi. Opurbo birsalym murtuny sypalaşdyryp oturdy-da, ahyry gelne seredip, çyny bilen sorady: — Sen haýsy kitaplary okaýaň? Ýöne ol utanjaň gyzdan hiç hili jogap alyp bilmedi. Diňe birnäçe gezek soralandan soň, hemem birnäçe gezek böwrüne hürseklenenden soň gyz baryny bir demde aýtdy: — Ene dilini, geografiýany, matematikany hemem Hindistanyň taryhynyň birinji bölümini, «Çarupathanyň» bolsa ikinji bölümini okaýan. Edil şo wagt daşardan biriniň gyssanmaç ýöreýän aýak sesleri eşidildi hemem sähel wagtdan öýe demi-demine ýetmän Mrinmoýi girdi. Ol Opurbokrişna hiç hili ünsem bermän gelinligiň jigisiniň ýanyna bardy-da, dogumlylyk bilen onuň elinden çekdi. Emma Rakhal hemmeleriň özüne seredýänini bilip, ýerinden gymyldamady. Hyzmatkär aýal mylaýymlyk bilen pyşyrdap, Mrinmoýa käýäp ugrady. Opurbokrişna özüniň mertebeli adamdygyny bildirjek bolup, özüni rahat saklamaga çalyşýardy, ýöne elleri diýen etmezlik bilen jübi sagadynyň zynjyryny çekişdirýärdi. Ahyry dostuny bärden äkidip bilmejegine gözi ýeten Mrinmoýi onuň arkasyna patladyp urdy-da, ylgap barşyna gelniň perenjesini syryp, tüweleý ýaly otagdan çykyp gitdi. Hyzmatkär aýal howsala düşdi, öýdäkiler galmagal turuzdy, ýetginjek bolsa duýdansyz uýasynyň ýüzi açylany üçin hahahaýlap gülmäge başlady. Mrinmoýiden alan şarpygy üçin oglanjyk öýkeli däldi, sebäbi bular ýaly oýunlar olaryň arasynda bolýardy. Käwagtlar olam Mrinmoýiniň saçyndan çekip gaçardy. Bir gezek bolsa oglanjyk ýuwaşlyk bilen gyzyň yzyndan geldi-de, onuň zülpüniň birnäçesini gyrkyp goýberdi. Gyzyň muňa juda gahary geldi, ol onuň elinden gaýçysyny alyp, galan zülplerinem gyrkdy welin, hamala, üzüm hoşasy ýere gaçan ýaly, saçlary patlap gaçdy… Mrinmoýi gidensoň synçynyň işem tamamlandy. Hyzmatçy aýal ýygrylyp bir gysym bolan gelni zordan dikeldip, aýallaryň bolýan ýerine alyp gitdi. Opurbo gomparan bolup, köseje murtlaryny sypalaşdyrdy-da, çykalga tarap ýöneldi. Ýöne gapynyň agzyna gelende, özüniň täzeje ýaldyrawuk köwşüniň ýokdugyny gördi. Her näçe jan edip gözleselerem, ony tapmak başartmady. Öýdäkileriň bary özüni oňaýsyz duýdy, alandyr öýdüp çak eden adamlaryna paýyş sözlerini aýtdylar. Ahyry uzak, netijesiz gözlegden soň, Opurbo öýüň hojaýynynyň köne, ýyrtyk köwşüni geýmekden başga alaç galmady. Ol şu sypatda — kellesi selleli, aýagy balakly hemem ýyrtyk köwüşli — obanyň batgaly ýollary bilen ýuwaşlyk bilen öýüne bakan ugrady. Howdanyň ýanyndaky adamsyz ýodajyga ýetende, ol ýene-de batly çykan gülki sesini eşitdi. Ähtimal, bilesigeliji tokaý jadygöýi agaçlaryň arasynda bukulyp ýatandyr-da, indem eşikleriň üstünden ýaraşmaýan köwşi görüp, gülküsini saklap bilýän däldir? Opurbo saklananyny duýman galdy, ol ýaýdanjaňlyk bilen töweregine göz aýlady. Ine, şol wagt ýaňky garagol jeňňelden çykdy-da, Opurbonyň öňünde täzeje köwşüni goýup, gaçyp gitmekçi boldy, ýöne ýigit gyzyň yzyndan ýetip elinden tutdy. Mrinmoýi sypjak boldy. Birdenkä onuň gülüp duran ýakymsyzja ýüzüne, bulut ýaly gara saçlaryna Gün şöhlesi düşdi. Bilesigeliji ötegçiniň möwç urýan sil suwuny görjek bolşy ýaly, Opurbo-da Mrinmoýiniň arkan gaýşan ýüzüne, ýaldyrap duran gözlerine çiňerilip seretdi. Soňra göwünsizlik bilen barmaklaryny gowşatdy-da, ýesiriniň elini goýberdi. Eger Opurbo gyza käýinen ýa-da temmi beren bolsa, onda Mrinmoýi muňa birjik-de geň galmazdy, ýöne ýigit oňa ýekeje agyz söz hem aýtmady, şonuň üçin gyz bu geň jezanyň näme manysynyň bardygyna düşünmedi. Hamala, tansçy gyzyň goşaryndaky bilezikleriň sesi ýaly, şadyýan gyzyň gülki sesi howany ýaňlandyryp gitdi, pikire batan Opurbo bolsa ýuwaşlyk bilen öýlerine bakan ugrady. III. Opurbo uzakly gün her hili bahanalar bilen ejesinden gaçyp gezdi hemem aýallaryň bolýan ýerine barmady. Ol hatda agşamlygynam goňşularynda edinip, diňe gijagşam öýlerine dolanyp geldi. Akylly-başly, ylymly oglanyň kesir bir gyzyň öňünde özüni asylly, mertebeli görkezjek bolmagynyň nämä gerekdigine düşünmek kynmyka diýýän. Goý, ol gyz ony ýönekeý adam hasap etsin, goý, onuň üstünden gülüp göwnüni açsyn, ýöne soňra ony dosty Rakhal üçin unutjakdygy gürrüňsiz ahyry. Bu zatlar bilen onuň näme işi bar? Eýsem, aýda bir gezek çykýan «Dünýäniň şamçyragy» atly žurnala Opurbonyň uly göwrümli syn ýazýandygyny hem-de torbasynda atyrdyr köwüşden, reňkli poçta kagyzydyr üflenip çalynýan saz guralyny öwrenmek üçin gollanmadan başga — gijäniň tümlüginden soň daňyň atyşy dek — öz wagtyna garaşyp ýatan galyň depderçäň bardygyny Mrinmoýa bildirmek hökmanmyka? Ýöne ýüregiňi ynandyrmak kyn zat, şonuň üçinem biziň hormatly Opurbokrişnamyz dogumly oba gyzynyň öňünde ýeňlendigini boýun alasy gelmedi. Haçan-da gijagşam Opurbo öýüne dolanyp gelende, ejesi ondan sorady: — Ýeri, gyz nähili eken, oglum, ýaradymy? — Gördüm, eje — diýip, Opurbo aljyraňňy gürledi — maňa olaň hiç biri ýaramady. — Dursana, sen başga haýsy gyzy gördüň? — diýip, ejesi geň galdy. Birnäçe sorag-ideglerden soň ejesi ogluna goňşulary Şorotyň gyzy Mrinmoýiniň ýaraýandygyny bildi. Aňly-düşünjeli oglunyň halaýan gyzyna seretseňizläň! Ilkibada Opurbo ýaýdanjaňlyk edip, berlen soraglara jogap bermedi, ýöne ejesiniň o gyza garşydygyny bilende, onuň çekinjeňligi el bilen syrylyp aýrylan ýaly boldy hem-de Mrinmoýiden başga hiç kime öýlenmejegini mälim etdi. Ol gurjak ýaly äwmezek gelinligini göz öňüne getirende, öýlenmek meselesine uly ýigrenç döreýärdi. Bu gürrüňlerden soň aradan iki-üç gün geçdi. Birnäçe gezek nahardan ýüz öwrüp, birnäçe gijäni ukusyz geçirip, ahyry Opurbo maksadyna ýetdi. Mrinmoýiniň entek çagadygyny hemem ene-atasynyň oňa bilim bermäge ýagdaýynyň ýokdugyny, toýdan soň Mrinmoýiniň öz öýlerine geljekdigini hemem şondan soň ony çynlakaý terbiýä salyp boljakdygynyň pikirini edip, ejesi öz-özüni köşeşdirdi. Ol kem-kemden Mrinmoýiniň owadanlygyna-da ynanyp ugrady. Ýöne gelinliginiň kiçijik, buýra-buýra saçlary ýadyna düşende, ol ýene-de göwnüçökgün ýagdaýa düşüp, ot alan ýaly bolýardy. Ýöne soňra: «Eger saçlaryny gowuja ýaglap daňsaň, wagtyň geçmegi bilen bu kemçiligi hem düzetse bolar» diýip, öz-özüne teselli bererdi. Goňşularyň bary Opurbonyň bolup ýörşüne perwaýsyz garaýardy. Kakabaş Mrinmoýi köplere ýaraýanam bolsa, hiç kim ony oglunyň taýy hasaplamaýardy. Gyzyň kakasy Işan Mojumdary bu zatlardan habardar etdiler. Ol haýsydyr bir gämi kärhanasynda işläp, harytlaryň ugradylyşyna esewan bolardy hemem gämi duralgasynyň gapdalyndaky tamjagazda petek satardy. Gudaçylyk barada eşidip, Işan ses edip aglady. Bu gözýaşlarda gynanç köpmi ýa begenç — kim bilýär? Işan hojaýyndan öýüne goýbermegini haýyş etdi, ýöne ol toý bahanasyny ýeterlik däl hasap etdi-de, işi bilen bolmalydygyny aýtdy. Şonuň üçinem Işan toýy Puji baýramyna çenli goýbolsun etmegi hemem diňe şondan soň baryp biljegini aýdyp, öýlerine hat ýollady. Ýöne Opurbonyň ejesi üstlerindäki aýda amatly günüň bardygyny aýdyp, toýy hiç hili yza süýşürmejegini mälim etdi. Ikinji synanyşykdan soň Işan garşy bolup durmady, şonuň üçinem ol gaýgyly halda öz işlerine gümra boldy. Şondan soň Mrinmoýiniň ejesi bilen obanyň gartaşan aýallary gyza indiden beýläk özüni nähili alyp barmalydygy barada öwüt-nesihat edip ugradylar. Olar oňa oýnamagy, ylgamagy, çasly gülmegi, çagalar bilen hyşy-wuşy etmegi hemem süýji zatlary unutmagy maslahat berdiler. Umuman, olar gyzyň göz öňünde durmuşa çykmagyň nähili zatdygyny suratlandyrmagy başarypdylar. Howsala düşen Mrinmoýiniň göwnüne ýaşlygy elinden alnyp, garaňky ýerzemine oklanjak ýaly duýuldy. Ol edil sarç mal ýaly yza tesdi-de, çürt-kesik şeýle diýdi: — Men durmuşa çykjak däl. IV. Şeýle-de bolsa ol durmuşa çykmaly boldy. Şondan soň durmuşyň ýowuz pursatlary başlandy — Mrinmoýiniň tutuş dünýäsi ýekeje gijäniň içinde dört diwara gabalan ýaly boldy. Gaýynenesi oňa täzeden terbiýe berip ugrady. Ol gyza talabedijilik bilen garap, şeýle diýdi: — Ýadyňda sakla, gyzym, sen indi çaga däl, biziň öýümizde özüňi ýaramaz alyp barma. Ýöne Mrinmoýi muňa başgaça düşündi. Ol özüni bu öýde gowy alyp baryp, daşaryk çykandan soň näme etse bolýandyr öýtdi. Şonuň üçinem agşam düşende, ony ýer ýykyp gözleselerem, hiç ýerden tapmadylar. Ahyry Rakhal ony özüniň gizlin gaçybatalgasyndan alyp gaýtdy. Gyz Radhakant Thakuryň döwük paýtunynyň içinde gizlenen eken. Biziň okyjylarymyz Mrinmoýiniň gaýynyndan, ejesinden we obanyň adamlaryndan nähili sözleri eşidendigini göz öňüne getiren bolsalar gerek. Gije asmanyň ýüzüni bulut tutup, güýçli ýagyş ýagdy. Opurbo ýuwaşlyk bilen Mrinmoýiniň ýanyna ýakynlaşdy-da, mylaýymlyk bilen pyşyrdady: — Sen meni söýýäňmi, Mrinmoýi? — Ýok — diýip, gyz onuň ýüzüni aldy — men seni hiç wagt… hiç wagt söýmen. Ol özüne edilýän jebirlerden dörän ähli öýkesini gögüň gümmürdisi ýaly Opurbonyň üstünden eňterdi. — Ýöne näme üçin? Seň öňüňde näme günäm bar? — diýip, göwnüne deglen ýigit sorady. — Näme üçin maňa öýlendiň? — diýip, Mrinmoýi sorady. Opurbo aýdara zat galmady, şeýle-de bolsa: «Her zat etmeli welin, bu özdiýenli gyzy boýun etmeli» diýen karara geldi. Ertesi gün Mrinmoýiniň topalaň turuzmagyndan howatyr edip, gaýynenesi onuň otagynyň daşyndan gulplady. Gyz ilkibada edil tora düşen guşjagaz ýaly ikibaka urundy. Soňra sypyp bilmejegine gözi ýetip, içiniň ýangyjyna düşegiň örtügini sypyryp aldy-da, jyrym-jyrym edip taşlady. Soňra özüni ýere oklap: «Kaka jan, kaka jan!» diýip, gözýaş döküp ugrady. Şol wagt kimdir biri ýuwaşlyk bilen geldi-de, onuň ýanynda oturyp, hapalanan saçlaryny sypamak isledi. Ýöne Mrinmoýi onuň elini yzyna itip goýberdi. Şonda Opurbo eglip, onuň gulagyna pyşyrdady: — Men hiç kime bildirmän gapyny açdym. Ýör, birsalym baga gideli. — Ýok — diýip, gözi ýaşly Mrinmoýi kellesini silkdi. — Sen kimiň gelenine bir seret ahyry — diýip, Opurbo gyzyň alkymyndan tutup, kellesini galdyrjak boldy. Rakhal gapynyň agzynda durup, alasarmyk ýagdaýda ýerde oturan Mrinmoýa seredýärdi. Gyz kellesini galdyrman Opurbony itip goýberdi. — Dostuň yzyňdan gelipdir, eýsem, onuň bilen oýnamaga gitjek dälmi? — diýip, ýaş ýigit sözüni dowam etdi. — Ýok — diýip, gyz pert jogap berdi. Rakhal mundan aňryk beýdip durmagy gelşiksiz görüp, işikden çykdy-da, ýeňillik bilen dem aldy. Opurbo Mrinmoýiniň ýanynda galypdy. Ahyrsoňy gyz ýadawlykdan irkilen wagty Opurbo-da daraklygyna basyp daş çykdy-da, ýuwaşlyk bilen gapyny ýapdy. Ertesi gün Mrinmoýa kakasyndan hat geldi. Ol mähriban gyzynyň toýuna gelip bilmändigine gynanýandygyny aýdyp, ýaş juwanlara ak pata berýärdi. — Men kakamyň ýanyna gitjek — diýip, Mrinmoýi gaýynenesine mälim etdi. Ýöne gaýyny gelniniň bu haýyşyny eşidip, käýinip ugrady. — Muňa seretseňizläň! Munuň kakasynyň nirededigini bir hudaý bilýär, onuň hatda salgysam ýok, bu bolsa kakamyň ýanyna gitjek diýýär. Beýle-de ýüregedüşgünç gelin bolar eken-ow! Mrinmoýi hiç zat diýmän onuň ýanyndan daşlaşdy. Otagyna girip, içinden gulplady-da, «Kaka jan, menem öz ýanyňa al, men düýbünden ýeke galdym, bärde galsam hökman ölerin!» diýip, irginsiz gaýtalap ugrady. Çykgynsyz ýagdaýa düşen adam şeýdip Hudaýdan kömek soraýardy. Gijäniň bir wagty adamsy uklandan soň, Mrinmoýi ýuwaşlyk bilen gapyny açdy-da, öýden çykdy. Asmanda selçeň bulutlar gaýmalaşyp ýördi, ýöne Aýyň ýagtysy köçä ýeterlik ýagty berýärdi. Mrinmoýi kakasyna ýetmek üçin haýsy tarapa gitmelidigini bilenokdy. Ýöne ol hat gatnadyjylaryň yzy bilen gitseň ýeriň islendik künjüne baryp boljakdygyna ynanýardy. Şonuň üçinem Mrinmoýi poçta barýan ýodajyk bilen ýöräp ugrady. Ol kän ýöräp, ahyry özünde ýadawlyk duýdy. Gije tamamlanyp barýardy. Daňdanyň öňüsyrasynda oýanan guşlar gorka-gorka saýrajak bolýardy, ýöne entek has irdigine düşünip, derrew seslerini kesýärdiler… Mrinmoýi derýa ýetip, bazar meýdançasyny ýatladýan açyk ýere çykdy. Gyz nirä gitjekdigi barada pikirlenip durka, birden aýak sesleri eşidildi. Demi-demine ýetmän haýdap gelýän egni ýantorbaly adam hat gatnadyjydy. Mrinmoýi onuň ýanyna gyssanmaç bardy-da, ýalbaryjy äheňde şeýle diýdi: — Men Kuşigonja, kakamyň ýanyna barýan. Haýyş edýän, menem ýanyňa alsana. — Men Kuşigonjyň nirededigini bilemok — diýip, hat gatnadyjy jogap berdi-de, uka giden kürekçisini yralap oýardy, onsoň olar kenardan daşlaşmak bilen boldular. Bazar meýdançasyna adamlar ýygnanyşyp ugrapdy. Mrinmoýi derýanyň kenaryndan aşak düşdi-de, gaýykçylaryň birine ýüzlendi: — Meni Kuşigonja äkidip bilmezmisiň? Ýöne ol adam jogap berip ýetişmänkä, goňşy gaýykdan haýsydyr bir adamyň sesi eşidildi: — Bu kim? Hä, Minu, bu senmi? Sen bärik nädip düşüp ýörsüň? Tolgunmadan demigen Mrinmoýi zordan jogap berdi: — Bonomali, men Kuşigonja, kakamyň ýanyna barýan, meni öz gaýygyň bilen şo ýere äkitsene. Bonomali olaryň obasyndandy. Ol bu özdiýenli gyzy gaty gowy tanaýardy, şonuň üçinem şeýle diýdi: — Diýmek, kakaň ýanyna barýaň-da? Ýeri bolýa, otur, äkideýin. Mrinmoýi gaýyga mündi. Kürekçi gaýygyny itekledi, onsoň olar ýola düşdüler. Birdenkä asman buluda bürenip, güýçli çabga guýup ugrady. Güýzüň bol suwly derýasy çaýkanyp, gaýygy yralaýardy, muňa bolsa Mrinmoýiniň ukusy tutdy. Gyz sarisiniň bir gyrasyny gaýygyň düýbüne ýazdy-da, kellesini goýdy, soňra derýanyň hüwdüsi astynda, hamala, tebigatyň näzijek çagasy dek gaýgy-gamsyz uka gitdi. Ukudan oýanan Mrinmoýi özüniň adamsynyň öýündedigine düşündi. Hyzmatçy onuň oýananyny aňyp, kimdir birini çagyrdy. Onsoň gaýyny geldi-de, Mrinmoýa igenip ugrady. Mrinmoýi gaýynenesine gözlerini tegeläp seredýänem bolsa, hiç zat diýmedi. Haçan-da ol gyzyň kakasynyň sowatsyzdygyny aýdyp, awusyny pürküp ugranda, Mrinmoýi ylgap goňşy otaga girdi-de, gapyny içinden gurdy. Opurbo ejesiniň ýanyna geldi-de, çekinjeňlik bilen şeýle diýdi: — Eje, näme üçin aýalymy birnäçe gün kakasynyň ýanyna goýbereňok? Ejesi obada negözel gyzlar barka şunuň ýaly kakabaş gyza öýlenendigi üçin onuň üstüne gygyryp ugrady. V. Uzakly gün ýagyş ýagdy. Gijäniň bir wagty Opurbo ýuwaşlyk bilen Mrinmoýini oýardy. — Kakaň ýanyna gidesiň gelýämi? — Hawa — diýdi-de, Mrinmoýi çalasynlyk bilen Opurbonyň golundan tutup, ýerinden galdy. — Beýle bolsa hiç kim duýmasyn, men gaýygy taýynlap goýdum — diýip, ýigit pyşyrdady. Mrinmoýi adamsyna seredip, minnetdarlygyny duýdurdy. Soňra gyssanmaç turdy-da, eşiklerini çalyşdy hemem şol wagtyň özünde taýyn boldy. Opurbo ejesini köşeşdirmek üçin hat ýazdy-da, aýalyny alyp öýden çykdy. Bu ümsüm, yns-jynssyz garaňky gijede Mrinmoýi ilkinji gezek ynanjaňlyk bilen adamsynyň elinden tutdy. Opurbo onuň ýüreginiň şatlyk bilen urýandygyny duýýardy. Olar şol gije gaýyga münüp, ýola düşdüler. Şatlykly duýgularyna garamazdan, Mrinmoýi birsalymdan uklady. Ertesi güni ony bagtdyr erkin durmuş garşy aldy. Olar kenaryň iki gapdalyndaky baglary, meýdançalary, ekin meýdanlarydyr jeňňelleri, gaýyklary yzda galdyrdylar. Her bir ownujak zat Mrinmoýide ýüzlerçe sowal döredýärdi: «Bu gaýykda näme bar, bu adamlar nireden gelýär, bu ýeriň ady näme?» Opurbo beýle soraglaryň jogabyny hiç bir kollejde öwrenmändi, beýle zatlara Kalkuttada ýaşan ýyllary hem duşmandy. Eger Opurbonyň her bir soraga jogap berjek bolşuny hemem käbir jogaplarynyň ýapa degmeýändigini dostlary biläýse, onda ony gürrüňsiz utandyrardylar. Ol künjä — zygyr dänesi, Pançbere — Raýnogor, kazyýetiň jaýyna — mülkdaryň edarasy diýeni üçin wyždanyndan ezýet çekenokdy. Ýöne esasy zat — bu ýalňyşlyklar Mrinmoýiniň ynanjyny birjik-de peseldenokdy. Ertesi agşam olar eýýäm Kuşigonjdadylar. Demir üçekli kiçijik dükanyň içindäki örme oturgyçda, nebit çyrasynyň ýagtysyna kiçijik stola ýapyrylyp Işançondro otyrdy. Ol galyň edara kitabynyň gatyny açyp, bir zatlaryň hasabyny ýöredýärdi. Ine, şol wagtam işikde ýaş çatynjalar peýda boldy. — Kaka — diýip, Mrinmoýi gygyrdy. Bu otag öň beýle owazy eşitmändi. Işanyň gözleri ýaşdan dolup, ýaňaklaryndan syrykdy. Giýewsidir gyzy oňa edil ertekilerdäki şazadadyr şa gyzy ýaly bolup göründi. Ol näme etjegini, näme diýjegini, näme edende olara ýaranyp biljegini bilmedi. Indi ol naharyňam aladasyny etmelidi. Pukara emeldar naharynyň tüwüsini, nohudyny özi gaýnadardy. Ýöne bu gün üýtgeşik gündi, ol gadyrly myhmanlaryny näme bilen hezzetlärkä? — Kaka, nahary bileje taýynlarys — diýip, Mrinmoýi aýtdy. Opurbo ony höwes bilen goldady. Öýde hyzmatçydyr iýmit saklamak üçin ýer ýokdy, ýöne darajyk gözbaşdan çeşmäniň zogdurylyp çykyşy ýaly, Işançondronyň ýüzünden nur dökülýärdi. Şeýdip olar üç güni geçirdiler. Adatça, gämi sagat ikilerde gelerdi hemem duralga birnäçe wagtlap aladaly adamlardan dolardy. Ýöne gijara kenar büs-bütin boşap, onsoň… onsoň olar özlerini hakykatdanam erkin adamlar ýaly duýardy. Olar üç bolup bazarlardylar, üç bolubam bir zatlar bişirinerdiler. Soňra gaýyndyr giýew Mrinmoýiniň yhlas bilen bezän saçagyna geçip, bilezikleriň şyňňyrdysy astynda agşamlyk naharyny edinerdiler. Kakasydyr adamsy ýaşajyk öý bikesiniň çemesizligine gülşerdi, ýöne hut şu gülküli degişmeler Mrinmoýi üçin şatlyk-şowhunyň hemem çaga begenjiniň çeşmesidi, ojagydy. Ahyrsoňy Opurbo mundan aňryk galyp bilmejegini aýtdy. Mrinmoýi bolmanda ýekeje gün galmagy haýyş edip ýalbardy, ýöne kakasy oňa adamsyna garşy gitmeli däldigini aýtdy. Ýola düşmeli güni Işan gyzyny gujaklady-da, elini onuň kellesinde goýup, agy gatyşykly sesi bilen şeýle diýdi: — Gyzym, edil Lakşmi ýaly barlygyň bilen gaýyneneň öýüni ýagtyltgyn. Özüňi şeýle alyp bar, goý, hiç kim, hiç bir zatda meniň Minuma teýeneli göz bilen garamasyn. Mrinmoýi gözi ýaşly gitdi. Işan bolsa özüniň darajyk, indi hasam ýürekgysgynç görünýän otagynda her gününi, her aýyny haryt yzyna haryt çekip geçirmek bilen meşgul boldy. VI. Haçan-da birugsat giden är-aýal dolanyp gelende, Opurbonyň ejesi olary agyr dymmaklyk bilen garşy aldy: ol jeza iki esse agyr bolar ýaly temmi bermegi başarýardy. Şonuň üçinem maşgalanyň üstüne çydamsyz ýük, ses-üýnsüz kötek indi. Ahyry bu zatlara çydap bilmedik Opurbo şeýle diýdi: — Eje, bahym okuw başlanýar, men okuwymy dowam edesim gelýär. — Aýalyňy näme etmekçi bolýaň? — diýip, ejesi sowuklyk bilen sorady. — Mrinmoýi bärde galar — diýip, Opurbo jogap berdi. — Ýok, jenap, ony ýanyňyz bilen alyp gidiň — diýip, ejesi aýtdy, adatça, ol ogluna «sen» diýip ýüzlenerdi. — Ýagşy — diýip, göwnüne deglen Opurbo jogap berdi. Ol Kalkutta gitmek üçin goşlaryny düwdi. Gitmeziniň öňki agşamy otagyna baranda, Mrinmoýiniň aglap oturandygyny gördi. Onuň aýalyna nebsi agyrdy. — Seň meň bilen Kalkutta gidesiň gelenokmy? — diýip, ol gussaly sorady. — Gidesim gelenok — diýip, Mrinmoýi seslendi. — Sen meni söýeňokmy? — diýip, ýigit sorady. Köp ýagdaýlarda bu soraga jogap bermek gaty aňsat, ýöne munuň bir çetinde gaýgy-hasrat bar bolsa, onda jogaba garaşybam oturma. — Sen Rakhaly taşlap gitjegiňe gynanýaňmy? — diýip, Opurbo sorady. — Hawa — diýip, Mrinmoýi sadalyk bilen jogap berdi. Oglanjyga bolan gabanjaňlyk gitdigiçe möwç urup, ýaş ýigidiň ýüregine iňňe bolup sanjyldy. — Men köp wagtlap — belki, iki ýyl, belki, ondanam köp — öýe gelip bilmen — diýip, Opurbo aýtdy. — Öýe dolanyp geleňde Rakhala sowgat getirip bergin — diýip, Mrinmoýi ondan talap etdi. Opurbo düşeginden çalaja galyp, şeýle diýdi: — Sen bärde galjakmy? — Ýok, ejemiň ýanynda boljak — diýip, gyz jogap berdi. — Ýagşy — diýip, Opurbo uludan demini aldy — ýöne bir zady bilip goý, tä maňa hat ýazynçaň yzyma gelmen. Muňa razymyň? Ähtimal, adamsynyň sowalyna jogap bermegi artykmaç hasaplandyr, Mrinmoýi bahym uklady. Opurbonyň ukusy tutmady, ol ýassygy tirsekläp, gaty kän oturdy. Gije bir çene barypdy, Aý ýokary galyp, birdenkä şöhlesi düşege düşdi. Opurbo uzak wagtlap Mrinmoýini synlady. Birdenkä gyz onuň gözüne jadyly taýajyk bilen jadylanan şa gyzy ýaly hemem oňa diňe jadydan açan adam eýe bolup biljek ýaly göründi. Daň atan badyna Opurbo Mrinmoýini turuzdy. — Men gitmeli — diýip, ol aýtdy — ýör, seni ejeňlere ugradaýyn. Haçan-da Mrinmoýi ýerinden turanda, ol onuň elinden tutup, şeýle diýdi: — Senden bir haýyşym bar. Men saňa elimden gelen hemaýaty etdim, hoşlaşygyň öň ýany seniňem maňa bir zatlar edeniňi isleýän. — Näme isleýäň? — diýip, Mrinmoýi sorady. — Meni ogşa, şonda söýýändigiňi bilerin. Bu geň haýyşy eşidip hemem Opurbonyň oýun etmeýändigini bilen Mrinmoýi gülmäge durdy. Soňra özüni ele aldy-da, çynlakaý keşbe girip, adamsyny ogşamakçy boldy, ýöne dodagyny ýetirmänkä, durup bilmän ýene gülüp ugrady. Ahyry iki gezekki netijesiz synanyşykdan soň, ol gülüp ýatyşyna ýorgany başyna çekdi. Opurbo närazylygyň alamaty hökmünde onuň gulagyndan çekdi. Opurbo öz üstüne gaty kyn ýüki alypdy. Ol ogurlyk etmegi hemem birini güýç bilen boýun etmegi gaty peslik hasaplaýardy. Şonuň üçinem ol özüni ele aldy-da, bu zatlaryň meýletinlik bilen bolaryna garaşdy. Mrinmoýi indi gülenokdy. Şapagyň ýagtysyna Opurbo gyzy öýlerine çenli ugradyp, ejesiniň ýanyna dolanyp bardy. — Aýalym ýanymda bolsa, okamak kyn bolarmyka diýýän, üstesine, ol ýerde jorasam ýok. Sen bolsa ýanyňda galdyrmak isläňok, şonuň üçinem ony ejelerine äkitdim. Eneli-ogul biri-birinden öýkeli halda aýrylyşdy. VII. Mrinmoýi öýlerine dolanyp geldi, ýöne indi ony hiç bir zat şatlandyranokdy. Öýdäki zatlaryň bary çalşylan ýalydy. Wagt durupdy. Ol nirä gitjegini, näme bilen meşgullanjagyny bilmedi. Onuň hiç kimi göresi gelmedi. Gyzyň göwnüne obany ýagtylandyryp duran Gün ýitirim bolan ýaly, tutuş öýde, obada hiç kim ýok ýalydy. Düşnüksiz sebäplere görä, düýn agşam bu isleg bolmadygam bolsa, birden onuň Kalkutta gidesi geldi. Adamsynyň öýündäki muşakgatly durmuş oňa düýbünden başgaça bolup göründi. Saralan ýapraklaryň ýuwaşlyk bilen bagdan tänişi ýaly, geçmişem yz goýman ýeňillik bilen geçip gidipdi. Aýdyşlaryna görä, şeýlebir ýiti gylyçlary ýasaýan ussalar bolýar, onuň bilen adamyny deň ikä bölseň, ol hatda muny duýmaýarmyşam, diňe göwrä galtaşaňda, ol ikä bölünýärmiş. Hawa, bu zatlar Taňrynyň emrine bagly: Mrinmoýi çagalygynyň ýaşlygyndan bölünip aýrylanyny duýman galdy. Diňe durmuşda bolýan özgerişlikleri başyndan geçirenden soň, Mrinmoýi gynançdyr geň galma bilen özüniň çagalyk döwrüniň yzda galandygyna düşündi. Ene-atasynyň öýündäki düşegi oňa kesekiniňki ýaly göründi: öň bärde ýaşan Mrinmoýi birden ýitirim bolupdy. Onuň ýüregi başga öýi, başga otagy, başga düşegi küýseýärdi… Indi Mrinmoýiniň ýadyna oýun düşenokdy, onuň köçä çykanyny, şatlykly gülküsini hiç kim eşitmedi. Rakhal hem öz dostundan çekilip ugrady. Şonuň üçinem Mrinmoýi: — Meni adamymyň öýüne goýbersene — diýip, bir gezek ejesinden haýyş etdi. Oglunyň gitmezinden öňki gaýgyly ýüzi Opurbonyň ejesiniň aňynda hemişelik galypdy hemem ýadyna düşen wagty ene ýüregi gaýgy-gamdan gyýym-gyýym bolýardy. Ony ähli zatdan beter — özi sebäpli gelniniň bu öýden gidenligi baradaky pikirler horlaýardy. Ýöne bir gezek ýüzüne perenje tutup, Mrinmoýi geldi hemem gaýynynyň öňünde gaýgyly baş egip, hormat bilen salam berdi. Gözüne ýaş aýlanan gaýynenesi howlukmaçlyk bilen gyzy turuzdy-da, mähir bilen gujaklady, ine, şu pursat olar ähli öýke-kinäni unutdylar. Gelnini dykgat bilen synlan Opurbonyň ejesi görýän zatlaryna haýran galdy: öňki Mrinmoýiden nam-nyşan ýokdy. Adaty adama bular ýaly özgerişlikler mümkin däldi, sebäbi özüňi ýeňip geçmek üçin ullakan erk, güýç-gaýrat gerekdi. Gaýynenesi wagtyň geçmegi bilen Mrinmoýi özündäki kemçilikleri ýeňip geçer diýip umyt edýärdi, ýöne haýsydyr bir göze görünmeýän güýçler dessine täsir edýän serişdesi bilen gyzy täzeden dünýä inderen ýalydy. Indi Mrinmoýi gaýynenesiniň göwnündäkilere has gowy düşünýärdi, ol hem öz gezeginde gelnini ýakyndan tanamagy başarypdy. Olar hojalygy bile ýörederdiler hemem edil agajyň şahalary dek aýrylmaz jora bolupdylar. Mrinmoýiniň durmuşynda asudalyk, zenan bilesigelijiligi peýda boldy, onsoň gyz özüni birahat duýup ugrady. Onuň ýüregini edil ýagyş möwsüminiň öňýany asmany gara bulutlaryň gaplap alşy dek ajy öýke gurşap aldy. Bu gizlin gussalar sebäpli gyzyň uzyn gara kirpikleri hasam garalan ýaly boldy. «Men özüme düşünmändirin, ýöne näme üçin sen maňa düşünmediň? Näme üçin maňa temmi berip, özüňe gulak asar ýaly etmediň? Näme üçin gitjek däl diýemde zorluk bilen Kalkutta alyp gitmediň? Näme üçin meniň ynjyk häsiýetimi çekip-çydadyň?». Bir gün ir säher howzuň ýanyndaky adam-garasyz ýodada Opurbonyň özüni saklaýşy hemem hiç zat diýmän ýüzüne seredişi Mrinmoýiniň ýadyna düşdi. Ol howzy, howzuň ýanyndaky bagy, irki Güneşi hemem Opurbonyň içiňden geçip barýan nazaryny aýdyň göz öňüne getirdi. Indi oňa şol bakyşyň manysy düşnüklidi. Ol Opurbonyň giden gününi hemem ony posa bilen sylaglamandygyny ýadyna saldy. Indi şol posa, edil çölde galan guşuň teşneligini gandyrjak bolup salgymy yzarlaýşy ýaly, ony yzarlaýardy. Hiç bir zat Mrinmoýiniň islegini kanagatlandyranokdy. «Eger şol wagt başgaça hereket eden bolsam, şonda näme bolardy?» diýip, Mrinmoýi arzuw-hyýallarynyň kölüne çümerdi. Öňler Mrinmoýiniň özüne düşünmeýänligi üçin Opurbo jebir çeken bolsa, indi görgi görmek gezegi Mrinmoýiniňkidi. Adamsynyň özüni ynjyk, samsyjak gyz hasaplap, hatda özüni aýal hasaplamandygynyň pikirini edende, Mrinmoýa bu zatlar gaty agyr degip, örän uýalardy, şonuň üçinem ol bergisi hökmünde gyzgyn posalaryny Opurbonyň ýassygyndan çykarardy. Aradan köp wagt geçdi. Opurbo: «Tä senden hat gelýänçä öýe dolanyp barmaryn» diýipdi. Şu zatlary ýatlap, ýaşajyk gelin bir ýola öz bolýan otagynyň gapysyny içinden gurdy-da, gyrasyna zer çaýylan reňkli kagyzy çykaryp, pikire çümdi, muny adamsy gitmeziniň öň ýany beripdi. Ol barmagyny syýa batyrdy-da, hiç hili ýüzlenmezden, her hili ululykda: «Näme üçin hat ýazaňok? Ýagdaýlaň gowumy? Bahymrak öýe gel. Men başga näme ýazjagymam bilemok» diýip ýazdy. Esasy zatlar aýdylypdy, ýöne bu sözleriň azlyk edýänine Mrinmoýi düşünýärdi, şonuň üçinem biraz pikirlenip oturdy-da, munuň üstüni birnäçe sözler bilen doldurdy: «Haýyş edýän, indi özüňem nähili ýaşaýanlygyň barada hat ýaz hemem bahymrak öýe gel. Ejemiň ýagdaýy gowy, obanyň çagalarynyňam jany sag. Düýn biziň gara sygrymyz göleledi». Indi kagyzda ýazara ýer ýokdy. Mrinmoýi haty bukja saldy-da, onuň daşyna mähir bilen şu sözleri ýazdy: «Jenap Opurbokrişna Raýa». Gyzyň söýgüsi her näçe uly bolsa-da, hatyny owadan ýazyp bilmändi. Bukjanyň daşyna adam adyndan başga ýene bir zatlaryň ýazylýandygyny Mrinmoýi bilenokdy. Hat gaýynenesine ýa-da ýene biriniň eline düşer gorkusy bilen, ol ony poçta ynamdar hyzmatçysyndan iberdi. Size hatyň jogapsyz galandygyny aýtmak, megerem, artykmaç bolsa gerek. VIII. Dynç alyş günleri gutaranam bolsa, Opurbo öýlerine gara bermedi. Şol sebäpli ejesi ogluny entegem kinelidir öýtdi. Mrinmoýi onuň özi üçin gelmändigine eýýäm ynanyp ugrapdy hemem ýazan hatyny ýatlap, utanjyndan ýere giräýjek bolýardy, sebäbi onda ýekeje-de akylly-başly söz ýokdy. Mrinmoýi hatynda näme pikir edýäninem beýan edip bilmändi. Indi Opurbo onuň aň-düşünjesiniň pesdigine hasam ynanar. Bu pikir edil peýkamyň oky ýaly onuň ýüreginden parran geçipdi. — Haty poçta eltdiňmi? — diýip, Mrinmoýi gaýta-gaýta hyzmatçysyndan soraýardy. — Hawa, ony hut öz ellerim bilen gapyrjaga taşladym — diýip, hyzmatçy ynandyrýardy — ähtimal, jenap ony eýýäm alan bolsa gerek. Bir gezek Opurbonyň ejesi Mrinmoýini çagyrdy-da, şeýle diýdi: — Mähribanym, Opurbo köp wagtlap öýde bolmady, oň ýanyna Kalkutta gidesim gelýär. Meniň bilen gidermiň? Mrinmoýi razylygyň alamaty hökmünde başyny atdy hemem öz otagyna ylgap, gapyny içinden gurdy. Soňra özüni sekiniň üstüne oklady-da, ýassygyny gujaklap, şatlygyndan batly gülüp goýberdi. Ýöne kem-kemden köşeşdi hemem gorkuly pikirlere özüni aldyryp, aglamaga oturdy. Toba gelen aýallar Opurbo duýdurman, ötünç soramak üçin Kalkutta ugradylar. Opurbonyň ejesi giýewsiniň öýünde düşlemegi karar etdi. Opurbo Mrinmoýiniň hatyna garaşyp ýadansoň, ahyry beren sözüni bozdy-da, gijeleriň birinde hat ýazmaga oturdy. Ol hatynda öz söýgüsini, şol bir wagtda bolsa öýkesini beýan edesi gelýärdi, ýöne ýazmak üçin laýyk sözleri tapmady. Munuň üçin ene diline gahary geldi. Edil şol wagtam ol uýasynyň adamsyndan hat aldy. Onda Opurbonyň ejesiniň gelendigi hemem agşamlyk naharyna gelmelidigi haýyş edilýärdi. Hatyň soňunda bolsa öýlerinde hemme zadyň gülala-güllükdigi aýdylýardy. Aýdylan zatlara garamazdan, Opurbo hopukdyryjy gorkulara özüni aldyryp, gyssanmaç ýagdaýda uýalaryna ugrady. Ol ejesini gören dessine: — Eýgilikmi, eje? — diýip sorady. — Bar zat gowy — diýip, ejesi jogap berdi, — ýöne seni köp wagtlap görmedim, dynç alyş günleri özüňem gelmediň, şoň üçinem özüm yzyňdan geläýeýin diýdim. — Bular ýaly zatlar üçin azap çekip gelmeli däl ekeniň — diýip, Opurbo aýtdy, — men synaglaryma taýynlyk görýärdim. Nahar wagty uýasy Opurbo ýüzlendi: — Eşidýäňmi, jigim, näme üçin ýanyň bilen aýalyňy alyp gelmediň? Opurbo gürlejek bolup agzyny açanam şoldy welin, uýasynyň adamsy güldi-de, şeýle diýdi: — Nähili gülkünç sorag. Belki, ol gorkunçdyr, şoň üçinem görkezmäge gorkýandyr. — Özüň gorkunç — diýip, aýaly onuň sözüni böldi. — Seni görüp gelin gorkaýmasa. Gürrüň şunuň ýaly gülküli äheňde gitdi. Ýöne Opurbonyň şol bir tukatlygydy. Gülküli degişmeler onuň gaharyny getirýärdi. Ol: «Eger Mrinmoýi gelmek islän bolsa, hökman gelerdi — diýip, öz ýanyndan pikirlenýärdi. — Ejem alyp gaýtmakçy bolandyr, ýöne Mrinmoýi razylyk beren däldir». Opurbo şübheleri zerarly ejir baryny çekdi, ýöne ejesinden soramaga ýürek edip bilmedi. Daş-töweregindäki ähli zat, tutuş durmuş oňa ýalan ýaly göründi. Olar naharlaryny iýip bolup barýarka güýçli şemal turup, ýagyş ýagmaga başlady. — Jigim, bu gün bizde gal-aý — diýip, uýasy teklip etdi. — Galyp bilmen — diýip, ýigit jogap berdi — işim bar. — Gijäniň içinde-de bir iş bolarmy — diýip, uýasynyň adamsy garşy çykdy. — Sen hiç kime hasap bereňok, şoň üçinem alada edip oturma. Uzak çekeleşikden soň Opurbo ahyry razylyk berdi. — Görýän welin, ýadapsyň öýdýän — diýip, uýasy oňa ýüzlendi — bar, git-de, dynjyňy al! Bu teklip Opurbonyň ýüregine jüňk boldy. Ol garaňky otagda ýeke özi pikirlerinden azda-kände saplanaryn öýtdi, sebäbi häzirki gürrüňler oňa agyr degýärdi. Opurbo işikden ätlän badyna garaňky otagda peýda boldy. — Şemal ody öçüripdir öýdýän — diýip, uýasy aýtdy — çyra getireýinmi? — Gerek däl — diýip, Opurbo jogap berdi — men garaňkyda ýatmagy gowy görýän. Uýasy gitdi, Opurbo ýuwaşlyk bilen düşegine bakan ýöneldi. Ol ýaňybir ýatmakçy boldy welin, birdenkä gulagyna bilezikleriň şyňňyrdysy eşidildi: ony näzijek eller gujaklap, ýüzüne kimdir biriniň mymyjak dodagy degdi. Gözýaşlar bilen garyşan tükeniksiz posalar ýigide gürlemäge maý berenokdy. Opurbo ilki geň galanam bolsa, bu zatlara soň düşündi — birwagtky gülki sebäpli başa barmadyk posa gözýaşlaryň kömegi bilen berjaý bolupdy. 1893 ý. Rusçadan terjime eden: Rüstem GURBANNEPESOW. _________________________________ Rabindranat TAGOR (1861-1941) Meşhur hindi ýazyjysy hemem jemgyýetçilik işgäri Rabindranat Tagor Hindistanyň Kalkutta şäherinde dünýä inýär. Ol başlangyç bilimi Kalkuttada alyp, soňra okuwyny London uniwersitetinde dowam etdirýär. 1878-80-nji ýyllarda Angliýada ýaşap, edebiýat we saz bilen meşgullanýar. Şahyryň «Agşam çagynyň aýdymlary» (1882), «Manoşlar» (1890), «Altyn gaýyk» (1893), «Gaýduwsyz aýdymlar» (1912) atly şygyrlar ýygyndysy, «Dag» (1907-1910), «Öý we dünýä» (1915-1916) atly romanlary bardyr. Bu eserler özüniň täsirliligi bilen tolgundyryp, edil jadyly tumar ýaly adamlaryň içki dünýäsini açyp görkezýär. Olar durmuşy wakalary öz içine alyp, durşy bilen asyllylyk, batyrlyk, adamkärçilik ýaly häsiýetlere eýedir. Rabindranat Tagor «Gaýduwsyz aýdymlar» atly şygyrlar kitaby üçin 1913-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolýar. “Dünýä edebiýaty” žurnaly, 3/2021 ý. | |
|
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |