15:31 Mübtela / detektiw hekaýa | |
MÜBTELA (18+)
Detektiw proza
Ir bilen gözümi açanymda gapynyñ "tark-tark" edip batly kakylýandygyny duýdum. Öýüñ içi çalam-çaş ýagdaýdady. Agşam özümden gidýänçäm içipdim. Poluñ üstünde pisse gabyklary, boşan piwo gaplary, köne suratlar pytrap ýatyrdy. Gapyny açjak bolup ýerimden turanam bolsam, erbet başym aýlanandygy sebäpli ýene öñki ýerime çökdüm. Gapy bolsa durman kakylýardy. Men "gapyda açar bar, aç-da giriber özüñ" diýip gygyrdym. Iki elim bilen sämäp duran kellämi tutup, gapydan gelip girjege garaşyp durkam, atylyp içerik giren dostum Selimiñ: "Çalt özüñi dürse, ýaman erbet işler bolup geçdi" diýen sözüne ýalpa özüne geldim. - Näme boldy? - Hany, sen ilki özüñe gel. Öýden bir çykaly, ofisde gürleşeris. Men geplemän aýaga galdym. Çala-çula ýuwundym-da, derrew geýmimi geýdim. Ofise gelenimde on ýyl öñ öñ aýrylyşan öñki "gezýän" gyzymyñ öldürilendigini eşitdim. Näme etjegimi bilmän ýerime geçip oturdym. Şol wagt yz tarapky gapydan içerik giren kätip gyzyñ stolda goýan kofesinden bir owurt içdum. Daşaryny synlap durşuma Selime sorag berdim: - Nähili bolduka? - Häzirlikçe bilýän zadymyz ýok. - Nireden tapylypdyr? - Kenardan, kert gaýalyklaryñ arasyndan. - Bandyrmadamy? - Men birden ör turanymy bilmän galdym. - Başga näme bilýäñ? Näme bilýän bolsañ, durma, aýt bol! Selim meniñ aladaly gözlerime seredip durşuna, bilýän zatlaryny gürrüñ bermäge başlady. - Şu gün irden balykçylar gaýalyklaryñ arasyndan tapypdyrlar. Gark bolup ölen bolaýmasa, boýnunda ýüpüñ yzlaram bar eken. Pyçaklanan bolmagam ahmal, garnynda pyçak sokulan ýerleri bar. Özem dört-bäş ýerden sokulypdyr. Häzir sud-medisina ekspertizasyna salypdyrlar. Eger görerin diýseñ soñrak jesedi görkezdirip bilerin? Dostum bu soragy berende, jogap beresim gelmedi. Çünki men aradan geçen on ýylyñ içinde gyzy bir gezegem görmändim. Indem birden-bire ony garşymda öli halda ap-ak esgä dönüp ýatyşyny göresim gelenokdy. - Ekspertizanyñ gelen netijesini bizem bileli. Gerek bolsa bu işiñ üstünde işleýän polisiýa işgärleri bilen gürleşip, bizem gözlege gatnaşaly. Sebäbi bu iş meniñ üçin juda möhüm. Iñ bolmanda neressäniñ öñünde iñ soñky borjumy hakladygym bolar. Selim meniñ bu sözüme "Bolýa" diýen manyda başyny atyp çykyp gitdi. Bir salym böwrüme diñ salyp durkam, telefonyñ sesine ziñk edip gitdim. Jañ edýän Hasan komissardy. Ol maña polisiýa bölüminde garaşýandygyny aýtdy. Hasan komissar oñat işgärdi. Ol jenaýat agtaryş bölümine ýolbaşçylyk edýär. Polisiýa bölümine baranymda ol ýerde meni Selim bilen Hasan komissar garşylady. - Ýoldaş komissar, size elimden gelen kömegimi etmäge taýýar. - Gel, ilki bir otur gardaş. Bir zatlar içjekmi? - Bir bulgur kofejik getirtseñ gow-a bolardy. Ol entek kofeler getirilmänkä söze başlady. - Eşdişime görä, şu gün irden tapylan zenan jesediñ öñki "gezýäni" ekeniñiz. Sizi şonuñ üçin çagyrmaly boldy. Ony iñ soñky gezek haçan görüpdiñiz? - Iñ soñky gezek on ýyl mundan öñ görüşipdim. Şondan soñ o pahyry bir gezegem görmedim. Ýöne men bir zada düşünemok, siz meni edil häzir näme üçin soraga tutduñyz? - Şu gün 11-nji aprel güni, düýn doglan günüñ eken. Geçen ýyl seniñ doglan günüñ ertesi şu günki jesediñ tapylan ýerinden bir zenanyñ jesedi tapylypdy. Hut şol jesedem seniñ "gezýäniñ" bolup çykdy. Häzire çenli ony ony kimiñ edenini anyklap bolmady. Men diñe haçan görüşip-haçandan bäri görüşmändigiñi bilmek üçin çagyrdym. - Ýoldaş komissar, özüñizem gowy bilýärsiñuz, üç aý mundan öñ Selim bilen bilelikde hususy detektiw býurosyny açypdym. Ýöne häzire çenli hadysa bilen baglanyşykly hiç hili ýüz tutup gelen bolmady. Eger siz ylalaşsañyz, bu işe biz seredäýeliñ? Hem biziñem birinji işimizi amal etdigimiz bolardy. - Elbetde bolar, näme bolman! Häzir işgärlerime tabşyraryn, iş üçin gerekli hasap edilen maglumatlaryñ ählisini size bererler. Onsoñ bu waka bilen ýakyndan gyzyklanyp bilersiñiz. - Köp sag boluñ, ýoldaş komissar. Soñ biz haýal etmän ofisimize gaýtdyk. Ofise gelenimde gerekli maglumatlaryñ ählisi eýýäm kätibime gowşurylan eken. Selimi ýanyma alyp ýygnak geçirýän otagyma geçdim. Komissaryñ aýdan öñki wakasyna seretdim welin, geçen ýyl öldürilen öñki gezýänimem şol bir ýerde şol bir ýagdaýda tapylan eken. "Muny kim edip bilerkä?" diýip öz-özümden birnäçe gezek soradym. Geçup giden günler dem salymda gözümiñ öñünden geçip ugrady. Meniñ daşymda mübtela bolup ýören biri bardy, ýöne olam Bandyrmada ýaşanokdy. Şonuñ üçin ol bolup çykaýmak ähtimallygy azdy. Bar şolam eken diýeli, näme üçin bular ýaly iş etsin. Aradan ençeme ýyl geçipdi ahyryn... Şol gün derekli anyklap bilen zadymyz bolmady. Ertesi irden oýananymda gapymyñ öñüne taşlanyp gidilen bir hatjagaz tapdym. Gyzyl reñkli kiçijik kagyza "Meni ýadyña saldyñmy, ezizim?" diýip ýazylandy. Depämden ýumruk inderilene döndi. Ýagdaýdan baş alyp çykar ýaly bolmady. Şunça ýyl geçendigine garamazdan, näme üçin ol bu mübtelalykdan saplanyp bilmedikä? Derhal Selime jañ edip: "Gyssagly ofise gel, menem ýolda. Meseläni çözäýdik öýdýän" diýdim we jogaba garaşman telefonymy ýapyp, ýola çykdym. Ofise gelenimde Salim eýýäm maña garaşyp duran eken. Men oña elimdäki kagyzy görkezdim. - Irden öýümiñ öñünden tapdym. - O nähili? Aslymy? Bäh, ol äre çykypdy ahyryn? Bu nädip beýle bolýar? Selim yzly-yzyna sorag ýagdyryp ugrady. - Megerem ol Bandyrma gaýdyp gelen bolmaly. Aýrylyşdylarmy ýa-da hakykatdanam akly dagy üýtgäp ýörmükä? -Selim säginen ýaly etdi-de, öz soraglaryna özi jogap berdi: - Bilemok, ýöne az wagtdan muny anyklasak gerek. Selim Hasan komissara jañ etdi. - Ýoldaş komissar, kyn görmän Asly Al bilen baglanyşykly maglumatlara seretseñizläñ. Onuñ bu waka ilteşigi bolup çykaýmagy ähtimal. Mundan soñ ol telefonyny öçürdi. Eger hakykatdanam jenaýatyñ añyrsynda Asly bar bolup çykaýsa bize kör abraý-a bolardy. Belki-de, şundan soñ bize ýüz tutup başlarlar. Häzir Selim ikimiziñ kellesinde şu pikirler at salýardy. Iki minut geçip geçmänkä telefon jyññyrdady we Aslynyñ Bandyrmada gezip ýörendigini, hatda onuñ agşamara sagat altylarda Stambula uçmaly biletiniñ bardygyny habar berdiler. Wagt diýseñ azdy. DessineAslynyñ çagaka ýaşan öýlerine gitdik. Gapyny näçe kaksagam açan-goýan bolmady. Selim ikimiz gapyny döwüp girenimizde, içerde yns-jyns ýokdy. Içerden çygyñ erbet ysy we başga-da porsy yslar kükeýärdi. Öýüñ içine köp wagtdan bäri arassa howa girmedik bolarly. Otaglara ýeke-ýeke girip çykdym. Gapysy gulplanan bir otag bardy. Biz ol otaga-da äpişgesini döwüp girdik. Girsemem girdim welin, gören zatlarymyñ garşysynda doñup galdym. Otagyñ diwarlarynda meniñ geçen on ýyldan häzirki wagta çenli fotosuratlarym bardy. Şeýle-de otagyñ bir diwarynda üç sany zenanyñ suraty bardy. Zeýnep, Eje we Ebru: olaryñ üçüsi-de öñ meniñ bilen "gezen" zenanlardy. Zeýnep bilen Ebrunyñ suratynyñ üstüne atanak çyzylypdyr. Atanak çyzylmadygyna görä Ejäniñ başy belada bolmagy ahmaldy. Men Selime: "Selim gyssanaly!" diýip, ylgadym we ulagymyza münüp gaýtdym. Selimem boş durmady, ol derrew Hasan komissara jañ edip, gitjek bolýan salgymyzy aýdyp, olardan görkezilen salga gelmeklerini haýyş etdi. Jaýyñ öñüne gelenimizde ulagymyzy seresapsyzlyk bilen taşlap, ýokary okduryldyk. Gapyny dowamly kaksagam açan bolmady. Selim ikimiz gapyny döwüp içerik girenimizde, gören zatlarym diýseñ gorkunçdy. Eje oturgyçda eli-aýagy dañylgy ýagdaýda otyrdy. Asly bolsa eli pyçakly onuñ üstüne abanyp, iñ soñky gezek nämedir bir zatlary aýdyşdyrýardy. Gorkudan ýaña Ejäniñ ýüzi ak esgä dönüpdir. Selim sapançasyny Asla çenedi. Asly bize tarap öwrülip: - Şeýle bolmagyny menem islämokdym, ezizim. Ýöne gynanýan, ir gelipsiñiz. Bu jenaýaty görmegiñ maña gowy bolmady - diýeninden, Selim Aslynyñ elinden atyp, onuñ pyçagyny ýere düşürmegi başardy. Aslyny ýerden galdyranymyzda eýýäm polisiýa işgärleri hem gelipdi. Olar Aslynyñ ellerini baglap, edaralaryna ýörediler. Ertesi gün teleýaýlymlar diñe Selimiñ we meniñ gürrüñimi etdiler. Selim ikimiz biri-birimize seredip, bitirien işimize buýsanmak buýsandyk. Şol wagtam kätibim jañ etdi. - Ataş beg, şu gün üsti-üstüne on sany hadysa bilen ýüz tutdular. - Häzirjek barýarys! - diýip, men telefony öçürdim. Selime seredibem: - Ofisi ýapamzok gardaşym, hanha, on sany hadysa bilen ýüz tutupdyrlar - diýdim. Derrewem wagt ýitirmän ofisimize tarap ýola çykdyk. Gökhan ÇIÇEKLER. Terjime eden: Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||