MUGALLYMYÑ SÖÝGÜSI
Bir professor öz talyplaryny şäheriň çetki obasyna ugradyp, şol ýerdäki çagalaryň ýaşaýyş-durmuşyny öwrenip,her biriniň geljekde ýüreklerinde besleýän hünäri baradaky pikirlerini bilmegi tabşyrýar. Aradan birnäçe ýyl geçenden soň, şol okuwçylaryň tas hemmesiniň diýen ýaly görnükli adamlar — mugallym, lukman, žurnalistbolandyklary anyklanylýar. Muňa haýran galan professor okuwçylaryň köpüsinden beýle derejä nädip ýetendiklerini soranda, olar: “Oba mekdebinde bir mugallymymyz bardy. Şonuň saýasynda şeýle derejelere eýe bolduk”diýip jogap berýärler.
Professorda bu oba mugallymyny görmek höwesi döreýär. Soňra ol ussat mugallymy görmäge gidýär. Ol ýyllar ýüzüne ýygyrt, saçyna ak salsa-da, entegem dik duran mugallymdan çagalary terbiýelemekdäki ulanan usulyny soraýar. Baýry mugallym çalaja ýylgyryp: “Örän aňsat. Men okuwçylarymy örän gowy gördüm” diýip jogap berepdir.
Mähriban OSMANOWA,
Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabyň 39-njy orta mekdebiniň mugallymy.
Hekaýalar