12:53 Myrat Sadykow: türkmen estradasynda öçmez yz galdyran zehin | |
MYRAT SADYKOW: TÜRKMEN ESTRADASYNDA ÖÇMEZ YZ GALDYRAN ZEHIN
Aýdym-saz sungaty
«Ýuwaş! Synag gidýär!» ýazgyly işik açylyp, Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň kabul ediş toparynyň öňünde görmegeý sypaýy ýigit, «Suwhojalygytaslama» institutynyň kiçi ylmy işgäri peýda boldy. Topar agzalary ondan ilki bilen: «Ýaş ýigit ýalňyşan dälsiňiz-ä? – diýip sorajak boldular. Ýöne dalaşgär Sadykow Myrat diýip adyny aýtdy. Topar agzalary köpi gören adamlar: olar üýtgeşik zehinlere-de, munuň tersine, juda çöňňelere-de, şeýle hem durmuşyny düýpgöter üýtgedip, aýdymçy bolmaga höwes edýän skripkaçylardyr pianinoçylara hem gabat gelýärler. Ýöne ylmy işgäriň okuwa girmäge dalaşgär bolanyny welin heniz görmändiler. Myrat Sadykow aýdyma başlandan talapkär topar agzalarynyň ýüregi pagyş-para eräp gitdi... Myrat Sadykow üçinem şol derejesi bilen sazçylyk uçilişşesiniň işiginden ätlemek edermenlige barabar hereketdi, şonuň netijesinde diňe bir Watanynda däl, eýsem onuň daşynda-da Türkmenistanyň halk artisti Myrat Sadykowy tanadylar we haladylar. Onuň «çykyşlary» çaga döwri başlandy diýse-de boljak, şol döwür gelşiklije oglanjyk eli mandolinaly Aşgabada göçürilip getirilen gospitala gelip, inçe sesi bilen ýaraly esgerler üçin arassa rus dilinde: «Almalardyr armytlar gül açanda...» diýip aýdym aýdardy. Esgerler hem gülerdiler, hem aglardylar, ýene gelmegini haýyş ederdiler. Bir gezek ýüregi awan esgerleriň biri kiçijik aýdymça tutuş bir buhanka gara çörek beripdi. Uruş ýyllary bir buhanka çörekli bolmak – ýetdirmez bagtdy! Myrat öz ilkinji gonoraryny öýüne alyp barýarka, ejesiniň oňa nähili begenjegini we inisine hem iki uýasyna kesip, deň-derman bölüşini hyýalynda aýlaýardy. Mydama oňa ezýet berýän açlyk nanyň ysyndan ýaňa hasam möwjeýärdi, onsoň ol birden çörege agyz uraýmakdan çekinip, ýoluň galan bölegini ylgaşlap geçipdi. Çöregem çörek welin, Myrat aýdym aýtmagy gowy görýärdi. Ol aýdymyny diňlän adamlaryň özgerýändigini görüp durdy, bu-da oglanjygy özüne maýyl edýärdi. Myrat çagalar öýüniň çeper höwesjeňler toparynda aýdym aýdýardy, bu ýere ejesi oglanjygy çagalaryny eklemäge ýagdaýy bolmansoň ýerleşdiripdi. Oglanjyk mekdepde geçirilýän bäsleşiklerde birinji orny eýelärdi. Näçe köp aýtdygyça, şonça-da höwesi artýardy. Ýöne aýdymdan başga, ol tehnikany hem gowy görýärdi, bu hem ony Türkmen oba hojalyk institutyna (häzirki uniwersitete) getirdi. Ol ýerde çeper höwesjeňler toparynda çykyş edýärdi, 1957-nji ýylda Moskwa Bütindünýä ýaşlar we talyplar festiwalyna gidipdi. Inžener-gidrotehnik diplomyny alan badyna sazçylyk uçilişşesiniň wokal ugrundan gijeki bölümine okuwa girdi, 7 ýyllap öz hünäri boýunça işledi, ylmy işini gorajak bolup ýörkä iki kärden birini saýlamagy talap edýänçäler birnäçe ýyllap aýdym bilen ylmy işini utgaşdyryp gezdi. Şonda aýdymy ileri tutdy. Muny ýaş inžener takyk hasaplapdy: birinjiden: ol ussat aýdymçy boldy, ikinjiden aýdymçy-sazandalaryň arasynda bolsaň öz WIA – wokal-instrumental ansamblyňy döretmek aňsatdy, Myrat onsuz geljegini göz öňüne-de gtirip bilmeýärdi. Onuň niýet edişi ýalam boldy. Radionyň we telewideniýäniň zehinli aýdymçysynyň töweregine Rişat Şafiýew, Ylýas Rejebow, Şamämmet Bäşimow, Hajyryza Ezizow ýaly pikirdeşleri ýygnandy, olaram Myrat kimin aýdym-saz bilen ýaşaýardylar. 1970-nji ýylda olaryň tagallasy bilen «Güneş» wokal-instrumental ansambly döredi. Onuň döredijiligi folklory döwrebap aranžirlemäge gönükdirilendi. Bu dogry ýoldy: iň täze saz ýörelgeler bilen milliligiň sazlaşygy tomaşaçylary özüne bendi edýärdi. Myrat Sadykowyň näzik owazy radioda ýaňlanýardy – şol döwür her öýde radio bardy -- onuň aýdýan her aýdymy dessine meşhur bolýardy. Olaryň arasydna «Toý aýdymy», «Aýly agşam», «Haýrana galar», «Söwdügim», «Leýla», «Halyçy gyz», «Säher şemaly», «Akja kepderi» ýaly türkmen kompozitorlary Çary Nurymowyň, Daňatar Öwezowyň, Aman Agajykowyň, Weli Muhadowyň döreden, ýöne estrada žanryna uýgunlaşdyrylan aýdymlary bardy. «Akja kepderi» aýdymyny oba ilaty şeýle bir gowy gördi welin, «Güneş» wokal-instrumental ansambly çetki obalara çykyş etmäge gelende, oglanjyklar Myrat Sadykowa gözi düşenden: «Akja kepderi» gelipdir!» diýip töwerege buşlardylar. Myrat Sadykow diýlende «Akja kepderi» aýdymy ýada düşýärdi. «Güneşiň» üstünligi ýaş sazandalary özüne çekýärdi, tiz wagtdan onuň hataryna Stanislaw Morozow, Wladimir Belousow, Stepan Stepanýan, Oleg Korolýow dagy goşuldy. Geçen asyryň 70-nji ýyllarynda soýuz respublikalaryň köpüsinde wokal-instrumental ansambllary döräp ugrady. «Güneş» ansambly-da «Веселые ребята» (Moskwa), «Поющие гитары» (Leningrad), «Песняры» (Minsk), «Цветы» (Moskwa), «Iweriýa» (Tbilisi), «Ýalla» (Daşkent) we beýleki meşhur estrada toparlarynyň arasynda girdi. Diňleýjiler üçin «Güneş» ansamblynyň her çykyşy uzak garaşdyran sowgatdy. «Ene hakda aýdym», «Rus sährasy», «Garameňiz gözel», «Güneş nurly meýdançada» we beýleki rus aýdymlaryny aýdanda Myrat Sadykowyň mylaýym owazy has-da ajap ýaňlanardy. Soňy bilen şol aýdymlar Bütinsoýuz radiosynyň antologiýasyna girdi. Bir gezek kinorežisýor Leonid Bykow «Jeňe diňe “garrylar” girýär» atly filmindäki «Garameňiz gözel» aýdymyny aýdara adam gözläpdir diýýärler. Ol adyny bilmese-de, dürli aýdymçylaryň aýdymlaryny diňläpdir, Myrat Sadykowyň aýdyşyny diňlände: «Ine, bu rus ýigidi ajap aýdýar» - diýipdir. Kimdir biri: «Ol-a rus däl» -- diýipdir. Režisýor :«Goýsana!» - diýip geň galypdyr. Onsoň Myrat Sadykowyň hoş owazy 1973-nji ýylda düşürilen we ençe baýraklara myansyp bolan belli sowt filminde ýaňlanýar. Aýdymçynyň şöhrady respublikanyň we ýurduň çäginden daşa çykýar. «Güneş» wokal-instrumental ansamblynyň Germaniýa, Çehoslowakiýa, Bolgariýa, Mongoliýa, Kanada, Afrika ýurtlaryna, Wýetnama gastrollary has şowly geçýär. «Hoşimin şäherindäki konsertden soň Myrat Sadykowa «Şäheriň hormatly raýaty» adynyň, «Halklaryň dostlugy» ordeniniň gowşurylyş dabarasy boldy. Ildeşimziň zehininiň ykrar edilmegi Watanymyza sena, türkmen milli sungatyna ýokary baha bolup ýaňlandy» - diýip Şamämmet Bäşimow ýatlaýar. «Güneş» ansambly 1978-nji ýylda Polşada geçirilen «Зелена Гура» bäsleşiginiň, 1980-nji ýylda Tbiliside geçirilen «Весенние ритмы» festiwalynyň, 1981-nji ýylda Ermenistanda geçirilen Bütinsoýuz pop-aýdym-sazlary bäsleşiginiň laureaty bolýar. 1982-nji ýylda «Güneşe» «Türkmenistan SSR-niň at gazanan topary», Myrat Sadykowa bolsa «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly at dakylýar. Ansamblyň at-abraýynyň galan döwri «Güneşiň» çeper ýolbaşçysy Myrat Sadykow birdenkä topardan gidýär, onsuz zehinli topar uzaga gitmeýär. Döredijilik toparlarynda şeýle ýagdaý köp duşýar. Adatça muňa toparyň içinden ýa-da daşyndan kimdir biriniň täsiri sebäp bolýar. Näme bolanlygynda-da, segseninji ýyllaryň ikinji ýarymynda topar dargaýar. Dogrusy, Myrat Sadykow öňem beýleki sazandalar bilen konsert berýärdi, ol «Güneş» dargandan soňam ýene ençe ýyl dowam etdi. Myrat Sadykow dürli: aşgabatly we moskwaly simfoniki, estrada-simfoniki orkestrler, şeýle hem kamera sazandalar bilen çykyş edýär. Tanymal aýdymçy 2013-nji ýylda dünýeden ötse-de, onuň ajaýyp sesi türkmenistanlylaryň ýüreginde henizem ýaşap ýör. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda Myrat Sadykow (merhum) «Watana bolan söýgüsi üçin” diýen medal bilen sylaglandy. Aýdymçynyň türkmen estradasyny ösdürmäge goşan goşandyna ildeşleri mynasyp baha berdiler. Tamara GLAZUNOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |