23:11 Namysly bolmak kyn ekeni!.. | |
NAMYSLY BOLMAK NENEÑSI KYN, NENEÑSI BAGYŞLANMAJAK ETMIŞ BOLSA NÄME!
Edebi makalalar
Mertebäñi ýitirmän ar-namysyña eýe bolup ýaşamak ýaman kyn zat eken-ä! Bir gün nemesleriñ köwşüni ýalap, ertesi gün iñlisleriñ boýnuna bökýän, ýene ertesi günem amerikanlara telpegini çykaryp baş egýän şejeresizler ýaly boljak bolmadyk. Ýalñyz we ýalñyz, diñe, bir halkyñ öñünde seždä egildik. Olam öz jepakeş halkymyzdyr. Megerem, eden günämiz gaty çökder bolmaly! Kanuny ýa bikanun gysyşlaryñ astynda owlup-owlup şykgy palçyga döndük. Şu günüñ eli işli-sözi güýçli adamlary ýaly kisämizi doldurmadyk, wezipäñ yşkyna düşmedik. Ýurduñ içindäki we daşyndaky banklara pul basmadyk, kaşañ jaýlaryñ eýesi bolup, sagdan-çepden urup halky gysyp-gowurmagyñ emellerine düşmedik. Ähli dawamyzda özümiz üçin jinnek ýaly zat islemedik. Diñe we diñe bu ýurduñ bar agramyny egninde göterýän millionlarça adamyñ derdine derman bolup biläýjek ýollary gözlejek bolduk. Bu ne agyr günä eken-ow! Ýoldan geçseñ ýürek bulaýjy oýnatgylar yzymyzdan gygyrjak bolşup durlar: "Görýäñmi şu haýyny! Namyslysyranam bolýar sadagañ bolaýyn, keýpimize sogan dograýanyny az görýän ýaly..." Ogurlaman, çilmän - bize çörek berenleri aç, bizi geýdirenleri ýalañaç goýman ýaşamak şolar ýaly kyn, şolar ýaly hupbatly, hatda şolar ýaly howply bolmalydymy? Namysyñy ýitirmän ýaşamak kyn eken, meger! Janyna berekella, bu kynçylyklara döz gelip başarýan bu milletem şolar ýaly namysly bolmaly. Sabahatdin ALY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |