23:29 Ýalançynyñ görgüsi | |
ÝALANÇYNYÑ IÑ ULY GÖRGÜSI - HIÇ KIMIÑ OÑA YNANMAÝANY DÄL, ÖZÜNIÑ HIÇ KIME YNANMAÝANY EKEN!
Edebi makalalar
Megerem, eden günämiz gaty çökder bolmaly! Kanuny ýa bikanun gysyşlaryñ astynda owlup-owlup talhana döndük. Şu günüñ eli işli-sözi güýçli adamlary ýaly kisämizi doldurmadyk, wezipäñ yşkyna düşmedik. Ýurduñ içindäki we daşyndaky banklara pul basmadyk, kaşañ jaýlaryñ eýesi bolup, sagdan-çepden urup halky gysyp-gowurmagyñ emellerine düşmedik. Ähli dawamyzda özümiz üçin jinnek ýaly zat islemedik. Diñe we diñe bu ýurduñ bar agramyny egninde göterýän millionlarça adamyñ derdine derman bolup biläýjek ýollary gözlejek bolduk. Bu ne agyr günä eken-ow! Ýoldan geçseñ ýürek bulaýjy oýnatgylar yzymyzdan gygyrjak bolşup durlar: "Görýäñmi şu haýyny! Namyslysyranam bolýar sadagañ bolaýyn, keýpimize sogan dograýanyny az görýän ýaly..." Ogurlaman, gyrp-çyrp etmän - bize çörek berenleri aç, bizi geýdirenleri ýalañaç goýman ýaşamak şolar ýaly kyn, şolar ýaly hupbatly, hatda şolar ýaly howply bolmalydymy? Namysyñy ýitirmän ýaşamak kyn eken, meger! Janyna berekella, bu kynçylyklara döz gelip başarýan bu milletem şolar ýaly namysly bolmaly. • Adamlara ynanmak Ýalançynyñ iñ uly azaby - oña hiç kimiñ ynanmaýany däl, özüniñ hiç kime ynanmaýany eken. Gaty dogry aýdylan zat. Öz bähbidinden başga zady bilmeýän, durmuşda bar zadyny, bar mümkinçiligini öz bolgusyz emellerini doýurmaga harçlaýan biçäreler bu dünýäde diñe ine-gana döwran sürüp ýaşamak üçinem bolsa, käbir adamlaryñ rahatlygyndan, bagtyýarlygyndan, hatda sag-salamatlygyndan pidakärlik etmeýänleriñ başga adamlaryñ haýryna işläp biljekdigine akyl ýetirip bilenoklar. Ruhlaryny we iýýän zatlaryny hoşwagt durmuşa, birküç lukma, bäş-üç bulgur içgä, sowalgalyk pula adamzadyñ we bu ýalñyşlyk içre özleriniñ içerdäku hem-de daşardaky duşmanlaryna satan ýa-da kärendesine beren biçäreler, tutuş bu nygmat saýýan zatlarynñ bir pikiriñ hatyrasyna adamzadyñ haýryna sarp edip boljakdygyna, özüñi meýletin ýagdaýda hakykatlara bagyş etmegiñ ýalanlara ruhuñy satmakdan has bähbitli boljakdygyna ynanmaýarlar. Ýöne biz içýan mysaly özlerini özi zäherlän bu adamlara gaharymyz gelenok, gaýtam tersine, olary bu ýagdaýa düşüren nogsanlyklary aradan aýyrmak üçin göreşýäris. Çünki durmuşdaky ähli dogry we gözel zatlara ynanmazçylykly göz bilen garaýan bu adamlaryñ ruhundaky hoñkaryp ýatan boşluk şu günki adamzadyñ ybrat beriji aýnasydyr. Biz adamlaryñ adamlary söýjek we adamlara ynanyp ýaşajak ýagty günlerini ýakynlaşdyrmak üçin edýän işlerimizi elmydama dowam ederis. 02.12.1947 ý. Sabahatdin ALY. Çeşme: "Markopaşanyñ ýazgylary we beýlekiler" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |