22:19 Nemes teatry / dowamy | |
• Nemes sazly teatry
Teatr we kino sungaty
Germaniýada opera sungaty Italiýa, Fransiýa ýaly ýurtlarda opera mekdepleriniň ösüş ýoluna düşen wagty peýda bolup başlaýar. XVII-XVIII asyrlarda nemes knýazlarynyň gapylarynda Italiýan opera-lary höküm sürüpdir. 1627-nji ýylda Germaniýanyň Torgaýu şäherinde nemes kompozitory G.Şýutsanyň "Dafna" operasy goýulýar. Opera O.Rinuççiniň italýan kompozitory Ýa.Periň eseriniň sözlerini we librettosyny terjime etmeginde peýda bolupdyr. Bu nemes opera sungatyndaky ilkinji synanyşyk bolup taryha giren eser hasaplanýar. Şu opera peýda bolýança Germaniýada bu sungat ugrundan hiç hilli ösüş bolmandyr. Gambrug şäheriniň söwdagärlerine Ganzeý birleşiginiň ýokary wekilleriniň ýurdyň baýlygyny ösdürmek we güýçli demokratik gatlaga daýanmak üçin eden çagyryşyndan soň, XVII asyryň aýaklarynda Germaniýada milli medeniýet şol sanda opera sungatam ösüp başlapdyr. Ilki-ilkiler Gamburg operasynyň beýleki şäherleriň operalaryndan artykmaçlygy duýulmandyr. Spektakllar sahna serişdelerine baýam bolsa, olar örän gödek mazmunda berilipdir. Bulardan başgada spektakllarda professional aýdymçylar bolmansoň, spektakla ýerli senetçiler, söwdegärler, talyplar, kähalatlarda Italiýadan aýdymçylar çagyrylypdyr. Kompozitor I.Z.Kusseri (1693-1695) teatrda kapelmeýstr bolup işlän döwründe oňa orkestri birneme kämilleşdirmek, opera truppasyny täzeden düzmek başardypdyr. Şol bir wagtyň özünde ol "Erindo” (1693), "Ssipion Afrikanly” (1694) ýaly uly göwrümli operalary ýazypdyr. Gamburg operasynyň gülläp ösmegi kompozitor R.Keýzeriň ady bilen baglylygynda galýar. Ol Gamburg operasy teatry üçin 100-den gowrak opera eserini döredipdir. Onuň şol döreden operalarynyň içinde "Aktawiýa” (1705), "Almira” (1706) iň meşhur operalar hasaplanypdyr. Gamburg teatry üçin zehinli nemes kompozitorlary G.F.Teleman, I.Mammezon operalar ýazypdyrlar. G.F.Gendel Gambrugda öziniň ilkinji operalaryny döredipdir. Olardan "Almira (1705 ý. Şeýle at bilen kompozitor R.Keýzeriň 1706-njy ýylda ýazan operasam bar), "Neron” (1705), "Dafna” (1708 ý. Şeýle at bilen kompozitor G.Şýutsanyň 1627-nji ýylda ýazan operasam bar. Bu opera bilen nemes opera sungatynyň düýbi tutulýar), "Flarinda” (1706) saýlama opera eserleri hasaplanypdyr. 1706-njy ýylda G.F.Gendeliň Italiýa, 1717-nji ýylda R.Kaýzeriň Daniýa göçmekleri bilen Gamburg operasy diňe bir pese gaçman, ýaşaýşynam togtadypdyr. 1770-nji ýyllarda ýurtda italýan operalarynyň höküm sürmeginiň garşysyna uly nemes operasyny döretmek ugrundaky synanşyklary bolup geçýär. 1773-nji ýylda Weýmar şäherinde kompozitor A.Şweýseriň "Alsesta”, 1776-njy ýylda Mangeým şäherinde I.Golsenbaueriň "Gýunter fon Şwars-burg” operasy sahna çykarylýar. Operanyň sazyny 20-ýaşly Mosart ýazyp-dyr. Şeýle ýazylan operalar özleriniň azlygy bilen opera sungatynyň ösüşine täsirini ýetirip bilmändir. Nemes sazly teatr sungatyndaky özboluşly milli häsiýetli zingşpil komiki opera bolup gepleşik žanrynda tomaşaça ýetirilipdir. Şeýle operalar Germaniýada Weberiň Arzuwçyllyk operalary peýda bolýança dowam etdirilipdir. Nemes zingşpil komiki operalary H.Weýsiň özboluşly Iňlis opera balladalaryna nemes häsiýetlerini bermegi esasynda H.Weýsiň ýazga geçirmeginde kompozitor Ştandfusyň "Azatlykdaky şeýtan” operasynyň Berlinde (1743), Leýpsigde (1752) tomaşaça ýetirilipdir. "Zingşpil” operalaryny döredijileriň biri kompozitor N.A.Giller bolup-dyr. Onuň "Gapydaky Lotta” (1767), "Aw” (1770) sahna çykarylypdyr. Zingşpil” žanrynyň Italiýan opera-buflaryndan, fransuz komiki operalaryndan esasy aýratynlygy onda sosial ýagdaýlaryň gozgalmaýandygy, ýiti komediýanyň ýoklugy, diňe patriarhal sýužetleriň artykmaçlygy bolupdyr. Bu žanryň wekilleri Bethoweniň mugallymy H.G.Nefe (1748-1798), I.F.Rehardt, Gýotanyň dosty, Mendelsonyň mugallymy K.F.Selter (1758-1832) hasaplanypdyr. Hatda I.W.Gýotäniň özem zingşpil žanryndaky birnäçe operanyň awtory bolupdyr. Nemes adatlaryny öz içine alýan zingşpil žanrnyň esasynda Arzuwçyllyk operalary döräp ugrapdyr. Şeýle žanrda ilkinji bolup, kompozitorlar E.T.A.Gofman, K.M.Werber opera ýazypdyrlar. Olar ilki bilen hakyky milli nemes opera sungaty ugrunda göreşip, nemes halkynyň opera sungatyn-daky milli azatlygyny we birleşigini öňe sürüpdirler. A.Gofmanyň "Undina” (1816) operasynda bu ýagdaý aýdyň duýlupdyr. K.M.Werberiň dö-redijiligindäki esasy ugur nemes Arzuwçyllyk operalarynda mazmuny halk rowaýatlarynyň we ertekileriniň üsti bilen bermeklige ýugrulypdyr. Onuň "Erkin mergen” (1821), "Oberon” (1826), orta asyrlardaky rysarçylyk sýužetlere degişli "Ewriant” (1823) operalary döwrüň teatr sungatyndaky beýiklik hasaplanypdyr. Kompozitor K.M.Werberiň "Ewrianty” uly opera hasaplanmak bilen ol, reçitatiw görnüşde gepleşik žanrynda berlipdir. K.M.Werberiň "Ewrianty” kompozitor R.Wagneriň "Tangeýzer” (1844), "Loengrin” /(1848) operalaryny döretmegine ýol görkeziji bolup hyzmat edipdir. K.M.Werberden soň, arzuwçyllyk operalaryny ýazmakda kompozitorlar L.Şpor, G.Marşer, P.Şuman meşhurlyga eýe bolupdyrlar. L.Şpor "Ýessonda” (1823), "Alhimik” (1830), "Haç göterijiler” (1845), G.Marşner "Gan sorujy” ("Wampir", 1828), "Ybadathanaçy we jöhit gyzy” (1829), "Gans Geýling” (1833), P.Şuman rysarçylyk sýužetleriň mazmunynda "Genowýewa” (1848) operalaryny döredipdirler. Germaniýada we ondan uzaklarda kompozitorlar A.Lortsingiň komiki-gülküli "Şa we agaç ussasy” (1837), "Brakonýer” (1842), arzuwçyllyk operasyna degişli "Undina” (1845 ý. Şeýle at bilen kompozitor E.A.Gofmanyň 1816-njy ýylda ýazan operasam bar), F.Flotowyň "Aleksandro Stradella” (1844), "Marta” (1849), O.Nikolaýiniň U.Şekspiriň sýužetine döreden komiki-gülküli "Windzorly betje” (1848ý. Bu opera şu günlerem öz täsirini ýitirenok) operalary nemes teatr sungatyna meşhurlyk getiripdirler. Nemes teatrynda kompozitor, drižýor, ýazyjy R.Wagner opera sungatyna sazly-dramany salmakda düýpli reforma geçiripdir. Onuň ilkinji Ýewropa opera sungatyna ýykgyn edip ýazan "Ertekilerdäki jadyly tomaşa” (1833) Arzuwçyllyk operasy, "Gadagan edilen söýgi” (1836) komiki operasy, italýan we fransuz täsiri astynda ýazylan "Riýençiler” (1842) operasy, halk rowaýatlary esasynda ýazylan "Uçýan Gollandiýaly” (1843) rysar-arzuwçyllyk mazmunda ýazylan "Tangeýzer” (1844 ý. Bu opera käbir maglumatlarda 1845ý. diýlip berilýär), "Loengrin” (1848 ý. Soňky iki opera hem F.List tarapyndan 1850-nji ýylda Weýmarda teatryň sahnasyna çykarylypdyr). R.Wagneriň nemes operalarynda reforma geçirse-de, nemes-Arzuwçyllyk ope-ralaryndan doly aragatnaşygyny üzmändir. Ol özüniň ,,Sungat we rewolýusiýa” (1849), "Geljegiň çeper eserleri” (1850), "Opera we drama (1851), "Öz dostlaryma ýüzlenme” (1851) atly edebi-estetiki işlerinde döwri we geljekgi opera sungatyndaky öňe sürmeleri sungat üçin bahasyna ýetip bolmajak eserler hasaplanýar. R.Wagneriň sazly-dramalara çeperçilik taýdan eden ikinji döredijilik tapgyrynda ýazan teatralogiýasy (teatralogiýa - sahna ýa-da saz eseriniň 4-5-siniň bir pikire birleşdirilmegi. Sözlüge seret.) bolan "Nibelung halkasy” ("Reýn altyny"), "Walkariýa”, "Zigfrid”, "Hudaýlaryň ölümi” operalary durşy bilen bir wagtda Baýrýoýte şäherinde 1876-njy ýylda sahna çykarylypdyr. Onuň dürli ýyllarda ýazan "Tristan we Izolda” (operasy 1859-njy ýyl ýazylyp, 1865-nji ýylda sahnada peýda bolupdyr), "Nýurnberg meýsterzingeri” (1868 ý operasy), "Parsifal” (1882) opera-misteriýasy öz-leriniň ideýa-mazmuny boýunça nemes teatrlarynda real opera hökmünde kabul edilipdir. R.Wagneriň döredijilik ýoly we onuň dünýä garaýşynyň örän çylşyrymlylygy, taryhy gapma-garşylyklaryň şertlerimde Germaniýadaky 1848-1849-njy ýyllar aralygynda bolup geçen buržuaz-demokratik rewolýusiýasyndan we şondan soňky dorän Wilgelim-Bismarkowçylykly imperiýadan örän daşda bolup, öz aýratynlagyny saklapdyr. R.Wagneriň döredijiliginde rewolýusion mazmunly ösüş kapitalizme garşy keşpleriň üsti bilen berlipdir. Onuň "Nibelung halkasy” pýesasynda ýokarda bellän öňe sürmämiz has-da duýlupdyr. Pýesada sussypeslik ideýalaram geregiçe ulanypdyr. "Nýurnberg meýsterzingerinde” bolsa, sungatdaky öňde baryjylyk ideýasy öňe sürlüpdir. Onuň başga bir pýesasy bolan "Parsifalynda” hristiançylyk däp-dessurlaryna üns çekilipdir. R.Wagner nemes arzuwçyllyk operalaryny rowaýatlardyr-mifleriň üsti bilen bermek arkaly olara orta asyrlaryň rysarçylyk sýužetlerini goşup ýokary hilli psihologik häsiýetleri berip, orkestriň ulanylyşyny güýç-lendiripdir. R.Wagner şeýle etmeklik bilen nemes operasyny ýokary derejä galdyrypdyr. Onuň soňky operalarynda simfonizasiýa ýokary derejä baryp ýetipdir. Şeýle hem onuň operalary simfonizasiýalaşdyrmagy wokal partiýalaryň (aýdymlaryň) içinden eriş-argaç bolup geçmek arkaly owazlylygy ýokarlandyrypdyr. R.Wagner döwrüň könelişen operalaryndan doly el çekmek arkaly özüniň sazly-dramalarynda irginsiz "zowwam geçer” (skwoznoý) ösü-şe ýol çekipdir. Onuň "Nýurnberg meýsterzingerinde” operasynyň esasan üç sazda üns çekilipdir. Operada mazmunyň taryhy-durmuşy bolmaklygyny,aý-dymlaryň giňden ulanylmaklygy, horuň hem ansamblyň bütewüligini öňe sürüpdir. R.Wagner öz sazynyň aýdyňlygy, orkestr we garmoniýa (garmoniýa-başga bir heňiň esasynda saz döretmek, baýlaşdyrmak) baýlygy gazanmak bilen dünýä saz sungatyna ömürlik ýol çekdi. XIX asyr nemes opera teatrlaryndan esasylary Drezdendaky "Drezden operasy” teatry (Teatra 1842-1849-njy ýyllarda R.Wagner ýolbaşçylyk edip-dir.), Waýmerdaky gapy opera teatry /Bu teatra 1850-nji ýyllarda F.List ýolbaşçylyk edipdir), şol bir wagtyň özünde Berlin we 1693-nji ýylda düýbi tutulan Leýpsigdäki opera teatrlary işläpdir. R.Wagneriň taýýarlan proýekti /taslamasy/ boýunça 1872-1876-njy ýyllarda salynan ,,Baýrýoýet teatry” bolupdyr. Bu teatrda R.Wagneriň operalary we sazly dramalary goýlupdyr. XIX asyrda G.Rihter, G.Býulow, F.Motl, E.Şuh, K.Muk, A.Nikiş /gelip çy-kyşy wengr/, F.Weýngartner, G.Lewi ýaly meşhur drižýorlar, W.Şrýoder-Dewriýent, G.Zontag, I.Wagner, L.Şnorr fon Karolsfeld, F.Bes, A.Niman ýaly aýdymçylar we aýdymçy zenanlar peýda bolupdyrlar. XX asyrda nemes opera sungatyna kompozitorlar A.Bungert /1854-1915-ýý./, Z.Wagner /1869-1930ýý. R.Wagneriň ogly/, E.Gumperdin, M.Şil-lings, F.Drezk /1835-1813ýý./ E. d Alber we beýlekiler ösüp ýetişipdirler.Mu-ňa garamazdan nemes operalary pese gaçypdyr. Bu ýagdaýyň esasy sebäbi kompozitorlaryň özleriniň hiç bir ugra ýykgyn etmän, täzeden-täze gözleg-lere tarap ýol çekmän, diňe R.Wagnere öýkünmekleri bolupdyr. Diňe,nemes opera teatrlarynyň repertuarynda E.Gumperdiniň ,,Genzel we Gretel /1893-ý./, E. d Alberiň ,,Ýaýla”/1903ý./, M.Şillingsiň ,,Monna Liza”/1915ý./,G.Pfin-seriň beýik Italiýan kompozitoryna bagyşlap ýazan ,,Palestrina” /1917ý./ operalary ýaşamaklaryny dowam etdiripdirler. XX asyryň iň meşhur nemes kompozitorlarynyň biri R.Ştraus hasaplan- ýar. Onuň ilkinji döreden operalary bolan ,,Guntram” /1894ý./, ,,Otsuz” /1901ý./ ,,wangnerçilik” akymdan çykyp bilmändir. R.Ştrausyň soňky döre-den ,,Solemeýa” /1905ý./, ,,Elektra” /1908ý.-,,Elektra”-Antik eýýamynyň şalarynyň biriniň ady.Şeýle at bilen başgada köp kompozitorlar operalar dö-redipdir./ Onuň soňky döreden bu operalary özüniň uly sazly-dramalylygy, aýdyňlygy bilen has tapawutlanyp, özüniň ,,ekspressionizm” /,,ekspesso-nizm”-çeper eserlerdäki döredilen keşpleriň nerw-beýnä edýän täsirliligini kesgitlemek. Sözlüge seret./ çäklerine baryp ýetipdir. R.Ştraus sazy we sah-na hereketiniň esasynda kompozitor Mosartyň adatlaryna ýykgyn edip ,,Bä-gülleriň ýigidi” /,,Kawaler roz”-1911ý./, ,,Arabella” /1933ý./operalaryny ýa-zypdyr. Ol bu ýazan eserlerinde-de giçki Arzuwçyllygyň we onuň urp-adatla-ryny çözmekden has bärden gaýdypdyr.Muňa derek onuň ,,Ariadna Naksos-da” /1916ý./, ,,Kölegesiz zenan” /1919ý./, ,,Ýelena Ýegipetskaýa” /1928ý./, ,,Dymma zenan”/1935ý./, operalary we ,,Parahatlyk güni”/1938ý./ taryhy opera-dramasy özüniň uly joşgunlylygy,orkestriň owazlylygy bilen tapawutlanyp tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanypdyr. Operalaryň tomaşa-çy tarapyndan gyzgyn garşylanmagyna garamazdan ,,naturalizmiň”gödek-likleri, oňa dolan aýrylmaz häsiýetleri suratlandyrylypdyr. Germaniýadaky imperializm şertlerinde meşhur kompazitorlaram öz zehinlerini doly açmakdan daşda bolupdyrlar.1910-njy ýyldan başlap nemes kompozitorlary öz döredijiliklerinde täze ýollary tapmagyň üstünde işläp başlaýarlar. 1920-nji ýyllarda kompozitorlar baýramçylyk häsiýetlerini öz-ünde jemleýän adatlara ýugrulan operalaryň üstünde işläp başlapdyrlar. Kompozitor P.Hindemitiň ,,Keramatly Susanna” /1922ý./ operasy şeýle hä-siýetleri öz içine alýan opera hasaplanýar. Kompozitor K.Weýlýanyň B.Brehtiň ,,Mahagoni şäheriniň beýgelmegi we pese gaçmagy” /1927ý./ dramasyna we ,,Üç teňňelik operasyna /1928-ý./ ýazan sazlary nemes teatrynda dörän uly bir hadysa hökmünde kabul edilipdir. Bu sazlaryň täsiri nemes kompozitorlary K.Orfanyň, P.Dessaunyň döredijiliklerine uly täsirini ýetiripdir. German faşizminiň ýurtda öz täsirini ösdürmegi nemes medeniýetiniň dargamagyna alyp barýar. Medeniýetiň beýleki şahalarynyň wekilleri bilen bir hatarda kompozitor P.Hindemit, dirižýorlar B.Walter, O.Klemperer, E. Kleýber ýurtdan sürgün edilipdirler. Ýurdyň sosial ýagdaýyny açyp görkez-ýän ynsanperwerçilikli kompozitorlaryň sazlary gadagan edilipdir. Şol dö-würde daşary ýurtlarda sergezdançylykda gezip ýören kompozitor P.Hinde-mit ,,Nakgaç-Matis” /1938ý.-,,Matis-Žiwopises”/ operasyny döredipdir. Bu opera nemes sahnasynyň ýeten ýokary derejesi hasaplanmak bilen soňky nesil üçin mekdep bolup hyzmat edipdir. Gitler Germaniýasynyň kyn şertlerinde ýurtda galan meşhur sazanda laryň birnäçesi özleriniň demokratik ugurlaryna wepalylygynda galyp dö-redijiliklerini taşlamandyrlar.Kompozitor K.Orf şeýle şertlerde ,,Karminiň tu-pany” /1937ý./ halky adatlary özünde jemleýän sahna kantatasyny, ,,Akyl-lyja” /1941-ý,/ sosial-tankydy operasyny döredipdir. Germaniýada faşizm basylyp ýatyrylandan soň, Germaniýa GFR we GDR diýlip iki sany nemes döwletine bölünýär. Döwletleriň ikisiniňem köp böleginiň nemes milletidigine garamazdan medeniýeti we syýasaty aýry-aý-ry ýollar bilen ösdürilip başlanýar. Germaniýa Demokratik Respublikasynyň opera sungaty sosialistik gurluşa ýykgyn edýär. Kompozitor P.Dessaunyň, B.Brehtiň dramasy esasynda sahna çykaran ,,Lukullanyň ýazgarylmagy” /1951ý./ operasynda ,,Müň ýyllyklary başyndan geçiren imperiýany” urşa tarap öjükdirilmeleri we onuň berýän weýrançylyklary barada söz açylyp, wagşyçylyklaryň gaýtalanmazlygyna tomaşaçyny çagyrypdyr. P.Kursbahyň /ol 1902ý. doglan/ ,,Tomas Mýunser”/1955ý./ operasy oba adamlarynyň /krestýanlaryň/ XVI asyrdaky daýhan gozgalaňlaryna serdarlyk edenleriň durmuşyna bagyşlanypdyr. Kompozitor R.Wagner-Regeniň ,,Falunadaky şahtalar” /1961ý.-G.Gofmanstalyň eseri boýunça/ döreden operasy ýeke bir GDR-de däl-de, Ýewropanyň köp ýurtlarynda uly meşhurlykdan peýdala-nypdyr. Şol döwürde GDR-den bolan kompozitorlar O.Gerster, K.Forest /1913ý.-doglan/ opera sungatynda belli bir derejede iş bitiripdirler. XX asyryň döwürdeş dirižýorlary R.Ştraus, B.Walter, O.Klemperer, G. Knappertsbuş,E.Kleýber,K.Kraus, O.Frid, W.Furtwengler, aýdymçylary S.Şýo-ner, E.Şwarskopf, M.Ifogýun, L.Gofman, D.Fişer-Diskau nemes opera sunga-tynyň ýerine ýetiriliş medeniýetini uly beýiklige galdyrypdyrlar. GDR-da dü-nýä belli dirižýorlaryň biri F.Konwiçniý 1955-nji ýyldan başlap, Berlin opera teatrlaryna ýolbaşçylyk edipdir. Şol döwürde Berliniň demokratik bölüminde "Nemes Döwlet opera we balet teatry” we "Komişe oper” opera teatrlary işläpdir. GDR-iň uly şäherleri Drezdende, Leýpsigde opera teatrlary üstünlik-li işlemeklerini dowam etdiripdirler. Germaniýa Federatiw Respublikasynda sazly teatr iki tarapla-ýyn ýagdaýda bolupdyr. Kompozitor K.Orfanyň nemes sazly teatrynda ge-çiren reformasyndaky döredijilik häsiýetili adatlar ýaşamagyny dowam et-diripdir. Şeýle adatlardan ugur alan P.Hindemitiň ,,Dünýäniň sazlaşygy” /1957ý/ we beýleki eserlerinde sosial-ynsanperwerçilikli meseleleri öňe sü-rülýänem bolsa, şol meseleler aýdyňlaşdyrylman dini-mistiki reňklere ýüz urlupdyr.Ýokarda bellänlerimize derek GFR-niň sazly teatrlarynda kompozi-torlar W.Egkanyň ,,Derňewçi” /1957-ý.-Gogolyň eseri boýunça/, G.W.Hen-siň /1926ý. doglan/ ,,Bulwar”, ,,Ýalňyzlykda” /ikisem-1952ý./, K.Klebanyň /1925ý. doglan/ ,,Galtamanlar” /1957ý./atly operalary ýurduň sosial mese-lelerini çözmekde özüniň aýdyňlygyny tapypdyr.Şol bir wagtyň özünde GFR-niň teatrlarynda yzygiderli diňe daş görnüşe üns berilýän, ösüşe garşy (reaksiýon) wagyz-nesihaty ýaýradýan eserlerem sahna çykarylypdyr. Nemes baleti. Germaniýada orta asyrlar eýýamy bolan XIV-XVI asyr-larda her önümi öndürýän senetçileriň /sehleriň/ öz baýramçylyklary bolup olar biri-birinden aýratynlykda geçirilipdir. Şol baýramçylyklarda tanslaryň ýerine ýetirilendigi baradaky käbir maglumatlar häzire çenli saklanyp ga-lypdyr. Baýramçylyklar esasan ýurdyň uly şäherleri bolan Nýurnbergde, Frankfurte-na-Maýnda köçelerde geçirilipdir. XVII asyrda gapy tans teatrla-ry peýda bolup ugrapdyr. Şeýle tans topary ,,Dünýäni halas etmek” /1600-ý./ ady bilen Darmştadt şäherinde geçirilipdir. Germaniýada 1648-nji ýylda ,,Otuz ýyllyk uruş” tamamlanandan soň, balet sungatynyň ösüşi ýaýbaňlan-dyrylyp ugrapdyr. Drezden şäherinde ,,Ýedi asman jisiminiň täsiri” /1678ý.-planetanyň täsiri/ atly tans çykyşyny guralypdyr. Şol ýerde Geýdelberg tara-pyndan ,,Ähli gowylyklaryň gowusy yzygiderlilik” /1684ý./ ady bilen balet tansy berlipdir. XVIII asyrda her korollykda, gersogçylykda ýa-da özbaşdak azat şäherlerde opera teatrlary döredilip olarda balet truppalaram hereket edipdir. XVII asyryň aýaklarynda XVIII asyryň dowamynda Gamburg şähe-rindäki balet çykyşlary meşhurlyga eýe bolupdyr. Bu ýagdaý halk komediýa žanrlarynyň hasabyna /häsiýetlerine/ görä dörän diýen maglumatlaram bar. Şeýle maglumatlaryň birine ,,ganswurstiad” /,,Gamswurstiad”-nemes dilinde ,,Waska kolbasa” diýen manyny aňladýar. Şeýle at halk teatrlarynda baş keşbi döredýän tansça berlipdir. Sözlüge seret./ halk teatrlaryndan alyp gaýdýar. Döwrüň gapylarda hereket edýän balet truppalary fransuzla-ryň dabaralandyryş /paradnyý/ çykyşlarynyň täsirinde öz tanslaryny döre-dipdirler. XVIII asyryň ikinji ýarymynda nemes baletmeýsteri Ž.Ž.Nower il-kinji bolup Rudolfyň ,,Gerkulesiň ölümi” /1762ý./, ,,Medeýa we Ýazon” /1763ý./ tragik baletlerini goýupdyr. Ž.Ž.Noweriň 1760-njy ýylda çapdan çy-karylan ,,Tans baradaky hatlar” atly ýygyndysy nemes tansynyň ösmegine uly goşant bolup hyzmat edipdir. Onuň bu işi nemes horeografiýa sungaty-nyň ösmeginede belli bir derejede öz täsirini ýetiripdir. Ž.Ž.Noweriň şägirtle-ri we onuň yzyny dowam etdiriji baletmeýsterler P.Fortiň, Berneriň, K. Hor-şeltiň hyzmatlary uly bolupdyr. Ž.Ž.Noweriň salan ýoluny dowam etdirip Ýewropaly meşhur tansçy zenanlar Westris, P.Gardel, Geýnel, W.Kampani nemes sahnasynda çykyş edipdirler. Balet üçin sazlary kompozitorlar Gendel, Glýuk döredipdirler. Kompozitor L.Bethowen bolsa, "Prometeýiň döredeni” (1801) baletiniň sazyny ýazyp, uly şöhrada eýe bolupdyr.XIX asyryň dowamynda Arzuwçyllyk baletlerini Berlinde baletmeýster P.Taloni, Gam-burgda baletmeýster R.Knoll,Darmştadtda baletmeýseterler K.Ulrih,W.Han-şteýn, K.Teşer, Gannowerde baletmeýsterler Ratgeber, F.Kobler, F.Dergan, Drezdende baletmeýster Gertner,Dessauda baletmeýster P. Frike şeýle hem Frankfurt we Leýpsig şäherlerinde baletmeýster Ý.Gýurian goýmaklaryny dowam etdiripdirler.Leýpsigde nemes tansçylary A.Galster, A.Gransowa ba-letmeýster hökmünde-de çykyş edipdirler. XIX asyryň aýaklarynda Ýewropa ýurtlarynyň köpüsinde bolşy ýaly Germaniýada-da balet sungatynyň ösüşi togtamaklyga baryp ýetipdir. Ýurduň uly opera teatrlarynyň käbirinde bo-laýmasa balet truppalary dargadylypdyr. XX asyryň birinji on ýyllygynda tansçy A.Dunkanyň çykyşlary Germaniýanyň köp şäherlerinde bolup geçip-dir. 20-nji ýyllarda tans sungatyny öwreniji R.Laban ,,tans düzgünini” /sis-temasyny/ işläp düzýär. Şol düzgün boýunça 20-30-njy ýyllarda Germaniýa-da hereket eden tans sungaty köp babatda ,,ekspressionizm” /Sözlüge se-ret/ bilen baglanyşykda bolupdyr. Tansçy-,,ekspressionizmçiler” özleriniň tans konsertlerini, spektakllaryny ýönekeýje sosial ýagdaýlara, deňsizliklere, urşa garşy bolan syýasata gönükdiripdirler.Şeýle çykyşlaryň biri baletmeýs- ter K.Ýoss tarapyndan urşa garşy goýlan ,,Gök stol” spektakly bolupdyr. Şol döwrüň ,,ekspressionizm” ugra ýykgyn eden tansçy gyzlary M.Wigman, G. Palukka, I.Georgi, H.Krýoýesberg, M.Terpis, Ý.Keýt, Ýu, Algo bolupdyrlar. Birneme soňrak nemes ,,ekspressionizm” tans sungatyna Amerikan baleti aralaşypdyr. Amerikan balet sungatynyň aralaşmagy ,,häzirki zaman-mo-dern” /modern-sözlüge seret/ tans görnüşi peýda bolupdyr. Nemes balet sungatynda ,,eksperssionizmiň” höküm sürmegi bilen opera teatrlarynyň gapdalynda hereket eden nemes nusgawy /klassik/ balet sungaty iň pese gaçmalara sezewar edilipdir. H.Krýoller, W.Gzowskiý ýaly käbir baletmeýs-terleriň nusgawy nemes baletini aýaga galdyrmaga eden synanyşyklary kän netije bermändir. 30-njy ýyllardan soň kompozitorlar P.Ştawusyň ,,Iosif ha-kyndaky rowaýat” /1914ý./, P.Hindemitiň ,,Iblis”/1923ý./, K.Weýlisiň ,,Meş-şaniniň ýedi ölüm höwply günäsi" (1933), L.Şipsiň ,,Ştralaudaky balyk tutulýan möwsüm” (1963) baletlerini ýazypdyrlar. Şu eserler nusgawy nemes balet sungatyndaky täzeden galkynyş ýoluny kesgitläpdir. Germaniýada faşizmiň ýurt başyna gelmegi we 2-nji Jahan ur-şunyň başlanmagy netijesinde bu başlangyjyň arasy üzülipdir. 1945-nji ýylda faşizmiň dargadylmagy, täze Germaniýa Demokratik Respublikasynyň /GDR-iň/ döredilmegi nemes balet sungatynyň täzeden dünýä inmegine we täzeden pajarlap ösmegine ýol açýar. Balet sungatynyň ussatlary nusgawy eserlere bolan adatlara ýüz urmak bilen realistik maz-munly spektakllara ýüzlenipdirler. Nemes teatrlarynyň repertuarlarynda ne-mes kompozitorlarynyň nusgawy we häzirki zaman realistik mazmunly ba-letleri salnyp başlanýar. Kompozitorlar Brunsyň ,,Jenabyň hukugy”/1953ý./, ,,Täze Odisseýa” /1957ý./, Grisbahyň ,,Ak garjagaz”/1956ý./ we Hoenzeniň birnäçe balet eserleri nemes teatrynyň sahnasyny bezäpdir. Berlindäki ,,Döwlet Opera teatrynda” balet truppasyna üns ýokarlan-dyrylyp, oňa meşhur baletmeýster L. Gruber ýolbaşçylyk edipdir. Leýpsigdä- ki uly balet truppasyna baletmeýsterler E.Kýoller we I. Rihter, Drezdendäki ,,Döwlet Opera teatrynyň” balet truppasyna T. Şilling ýolbaşçylyk edipdir. Germaniýanyň uly şäherleri Karl-Marks-Ştadtda, Rostokda, Şwerinde, Galle- de, Magdeburgda, Dessauda, Kotbusde, Altenburgda horegrafiýa toparla-ram hereket edipdir. Şol truppalarda çykyş eden balet artistler N.Mank, K.Şuls, E.Lefler, U.Kaýn we beýlekiler meşhurlykdan peýdalanypdyr. Germaniýa Federatiw Respublikasynda /GFR uly opera teatrlary Mýun-hende, Ştutgartda, Frankfurtda, Gamburgda, Kýolnda, Gannowerde bolup, olardaky balet truppalary opera spektakllarynda bilelikde ýa-da özbaşdak çykyş edipdirler. Şol teatrlaryň ählisinde diýen ýaly baletmeýstrler we akt-ýorlar yzygiderli çalşyp durupdyrlar. Teatrlaryň esasy repertuarlary bir bö-lümli spektakllardan ýa-da sužetsiz baletlerden ybarat bolup, taze modern /modern-sözlüge seret/ adatlaryna ýüz urlupdyr. Kompozitorlar Erkanyň ,,Abraksasy” /1948ý./, Hensiň Dostaýewskiniň eseri esasynda ,,Paň kellesi” /1952ý.-Idýoty/ sahna çykarylypdyr. GFR-niň opera we balet teatrlarynda meşhur baletmeýsterler T.Gzowskaýa, H.Rozen, I.Georgi, M.Luýpart,E.Wal-ter, şol bir wagtda tansçylar G.Dega, S.Praýser, M.Fris, N.Trofimowa,D.Ana-ýaýa, H.Halbuher işläpdirler. Nemes drama teatrlary we binalary. Beýik nemes režissýory M.Reýnhardtyň adyny göterýän Berliniň GDR böleginde ýerleşýän ,,M.Reýnhardt adyndaky Drama teatry” 1848-nji ýylda gurulan. Teatra M.Reýnhardyň ady 1950-nji ýyllar töwereginde dakylýar. Teatr ilki gurlanda tomus möwsümi üçin niýetlenen bolupdyr. 1850-nji ýyllarda ,,Fridrih-Wilgelm-ştedtişeste-atr” gurulýar. Bu teatr öz döwründe Korollygyň gapy teatrlary bilen bäsle-şikde hereket edipdir. Bu teatr öz repertuaryna dramaturg Lortsimgiň ,,Iki mergen”, ,,Brakonýor” /gadagan jandarlary awlamak/dramalaryny we Fre-ýtagyň ,,Žurnalistler”, Guskowyň ,,Korollygyň leýtenanty” komediýasyny go- ýupdyr. Teatrda Ýewropa ýurtlarynyň meşhur teatr truppalary we aktýorla-ry E.Rossi, T.Salwini, A.Zonnental hem çykyş edipdirler. Bu aktýorlar 1874-nji ýylda ,,Meýningen teatrynda-da” tomaşaçylaryň öňünde keşpler döre-dipdirler. Bu teatr 1883-nji ýylda dramamaturg L.Arronžyň eline geçýär. Ol teatra 1883-1894-nji ýyllar aralygynda ýolbaşçylyk edipdir. L.Arronž aktýor-lar E.Possart, L.Barnaý, A.Fýorster, Z.Fridmanom, F.Gaaze ,,Dýoýçes teatry” diýen täze at bilen ,,aktýorlaryň paýçylar birleşigini” döredýärler. Olaryň maksady Germaniýada heniz bolmadyk ýeketäk milli çeperçilikl ansambly nusgawy repertuaryň hasabyna döretmekden ybarat bolupdyr.Teatryň açy-lyşy 1883-nji ýylyň 29-njy sentýabrynda bolup geçýär. Teatr ,,Söýgi we hi-legärlik” tragediýasy bilen açylypdyr. Spektakly A.Fýorster sahna çykaryp-dyr. Esasy keşpleri Ý.Kaýns /Ferdinandy/, L.Barnaý /Prezidenti/, Z.Fridman /Wurmi/, F.Gaaze /Kalby/, A.Fýorster /Milleri/ döredipdirler. Teatryň ilkinji möwsüminde L.Barnaýyň režissýorçylyk etmeginde ,,Don Karlos” tragediýa-sy sahna çykarylýar. Tragediýa iki gije görkezilýär. Karlosyň keşbini aktýor Ý.Kaýns döredipdir. ,,Galtamanlar”, Gýotanyň ,,Ifigeniýa Tawridide” /Şeýle at bilen ýazylan sahna eseri Antik eýýamynyň dramaturgiýasynda we on-dan soňky döwürlerde-de gabat gelýär./ spektakldaky baş keşbi, Pilady- Ý.Kaýns döredipdir. Şol möwsümde sahna çykarylan üçünji bir spektakl ,,Romeo we Jullettada” Romeonyň keşbini Ý.Kaýns ýerine ýetiripdir. Teatr özüniň ikinji teatr möwsüminde Gýotanyň ,,Gýos fon Berlihingen”,,,Torkwa-to Tasso”, ,,Egmont”, Şilleriň ,,Wilgelm Tell”, Lessingiň ,,Emiliýa Galotti”, Kleýstanyň ,,Gambrug şazadasy Friddih”, Şekspiriň ,,Korol Lir” pýesalaryny tomaşaça ýetiripdir.Şol döwürlerde gapy we hususy teatrlaryna garanyňda Döwlet teatrlarynda realistik we nemes milli adatlar has ýokary derejede bolupdyr. Teatra gelip goşulan zehinli aktýorlar A.Zormaň, A.Gawerlandyň, G.Niman-Rabanyň, G.Kadelburgiň, L.Dýumonyň /1885-nji ýyldan/, E.Leman /1991-ýyldan/ bolandygyna garamazdan teatryň ýolbaşçylarynda-da, akt-ýorlar truppalarynda-da ýeketäk döredijilik garaýyşlary bolmandyr.Teatryň repertuaryna L.Arronžanyň gowşak komediýalary, farslary, suwjuk pýesa-lary girizilipdir. Öňki görkezilýän taryhy tragediýalar, nemes sosial-tankydy dramalar repertuardan daşlaşdyrylypdyr.Netijede teatryň zehinli aktýorlary teatry taşlap gitmäge mejbur bolupdyrlar. 1894-1904-nji ýyllarda ,,Azat sahna” Nemes teatryna edebiýat tankyt-çysy, režissiýor O.Bram ýolbaşçylyk edipdir. O.Bram sahnada ,,naturalistik” sungata ýykgyn edýän režissýor hökmünde tanalypdyr. Ol teatryň repertu-aryna ýazyjy, dramaturg G.Gauptmanyň /1912-nji ýylda Nobel baýragyna mynasyp bolan dramaturg/ ,,Dokmaçylar” /1892-1893ýý./, ,,Genşel araba-keş” /1898ý./, ,,Floriýan Geýer /1896ý./, ,,Gark edilen jaň” /1896ý./, ,,Gan-neliň belende göterilmegi”/1894ý./, ,,Ýaraşyk baýramçylygy”/1890ý./, ,,Ro-za Bernd”/1903ý./, dramaturg G.Ibseniň ,,Süren”/1879-ý./, ,,Arwah” /1881- ý./, ,,Halk duşmany”/1882ý./, ,,Ýabany ördek”/1884-ý./, ,,Žon Gabriel Bork-man”/1904ý./ we beýleki dramaturglaryň pýesalaryny goşmagyň hötdesin-den gelipdir. O.Bramyň ýolbaşçylyk eden ,,Azat sahna” teatrynda döwrüň tanymal aktýorlary E.Reýher, R.Ritner, E.Leman, P.Bertens, O.Zauer, L.Dýu-mon, A.Basserman, F.Kaýsler, P.Walentin işläpdir. O.Bram 1895-nji ýylda soň beýik režissýorlaryň biri bolup ýetişen Wena Konserwatoriýa mekdebi-niň uçurumy M.Reýnhardti işe çekipdir. M.Reýnhardt G.Ibseniň ,,Aкwhyn-da” Engstrandyň, ,,Žon Gabriel Borkmanynda” Foldalyň keşplerini ussatlyk bilen döredipdir. O.Bram 1900-nji ýylda L.Tolstoýyň ,,Garaňkylygyň höküm-darlygyny”sahna çykarypdyr. Bu ýerde esasy keşp Akimiň keşbini M.Reýn-hardt ýerine ýetiripdir.O.Bram sahna çykarýan eserlerinde gapy teatrlaryn-da dowam edip gelýän deklomasiýa görnüşlerden, ýalan öwgülerden daş-laşmaklygyň ýollaryny gözläpdir. Ol aktýorlaryň sahna ansamblyny, şeýle hem sahnada çuň psihologik häsiýetleri döretmegiň hötdesinden gelipdir. O.Bramyň režissýor sungatyndaky sahnada döredýän ,,naturalistik” ugry re-pertuar saýlap almaklyk bilen çäklendirilipdir. Onuň sahna çykaran ,,Söýgi we hilegärlik” /1894ý./ tragediýasy ýönekeýje bir durmuşy waka öwrülip, aktýorlaryň döredijilik ussatlyklarynyň ösmegini yza çekipdir. O.Bramdan soň L.Lindauň teatra gysga wagtlaýyn ýolbaşçylyk etme-gi tamamlanyp 1905-nji ýylda teatryň ýolbaşçylygy M.Reýnhardtyň eline geçipdir. M.Reýnhardt şol döwürde eýýäm uly meşhurlykdan peýdalanyp-dyr. Ol ,,Kiçi” we ,,Täze” teatrlarynynyň sahnasyna yzygiderli nusgawy eserleri çykarypdyr. M.Reýnhardt 1-nji Jahan urşy başlanýança teatra ýol-başçylyk edipdir. Soň dürli arakesmeler bilen 1933-nji ýyla çenli teatra ýol-başçylyk etmegini dowam etdiripdir. Şondan soň ol faşistik Germaniýadan mejbury ýagdaýda daşlaşmaly bolýar. 1905-1914-nji ýyllar aralygynda nemes teatrlarynyň repertuarynda il-kinji ýerde nusgawy eserler höküm sürüpdir. Esasanam U.Şekspiriň pýesa-lary bolan ,,Wenesiýan söwdegäri”, ,,Tomus gijesindäki düýş” /ikisem-1905 ý./, ,,Gyş ertekisi” /1906ý./, ,,Romeo Julletto”/1907ý./, ,,Korol Lir” /1908ý./, ,,Gamlet”, ,,Nadaranyň nogtalanmagy” /ikisem-1909ý./ M.Reýnhardt tara-pyndan nemes sahnasyna çykarylypdyr. U.Şekspiriň ,,Gamlet”, ,,Tomus gi-jesindäki düýş” pýesalarynyň başga režissýorlar tarapyndan goýulandygyna garamazdan eserler M.Reýnhardtyň redaksiýasy bilen sahnada peýda bo-lupdyr. Nemes teatrlarynda Gýotanyň ,,Baýguşyň höwürtgesi” /1906ý./, ,,Faust” /1909ý./, Şilleriň ,,Galtamanlar”, ,,Genuýedäki Fieskonyň dildüwüş-ligi” /ikisem-1908ý./, ,,Messin gelinligi” /1910ý./, Kleýstanyň ,,Heýlbronnly Kethen” /1905ý./, ,,Şazada Fridrih Gomburgskiý”/1907ý./, Lessingiň ,,Min-na fon Barnhelm” /1904ý./ pýesalary nemes tomaşaçylary tarapyndan ýo-kary derejede garşylanypdyr. Nemes teatrlarynyň repertuarlaryna drama-turglar Grilparseriň, Hebbeliň, şeýle hem Antik eýýamynyň, döwrüň meşhur ýazyjylary Gofmanstalyň, Wedekindanyň eserleri goşulypdyr.Rus dramatur-giýasyndan L.Tolstoýyň ,,Diri maslyk”/1913ý./,Gogolyň ,,Derňewçisi” /1907- ý./ nemes tomaşaçysyna hödürlenipdir.1-nji Jahan urşy döwründe köp eser-leriň gadagan edilmelerine garamazdan ýaşlar studiýasynda režissýor G.Gerald tarapyndan dramaturglar A.Sweýgiň, R.Geringiň, R.Zorganyň pýe-salaryna ýüzlenilipdir. Lensiň ,,Esgerler”, Býuhneriň ,,Dantonyň ölümi” pýe-salary sahna çykarylypdyr. Buržuaz sungatynda peýda bolan pese gaçmalar teatrdanam sowa geçmändir. M.Reýnhardtyň döredijiliginde hem subýektiwlik ýokarlanypdyr. Bu üýtgemelere garamazdan nemes teatrlarynda esasy zat aktýorlaryň döredijiligine öňküleri ýaly garamaklyk dowam etdi-rilipdir.1905-nji ýylda nemes teatrynda aktýorlary taýýarlaýan mekdep açy-lyp, onda döwrüň ajaýyp sahna ansambly döredilipdir. Şol doredilen sahna ansamblynyň truppasyna G.Eýzold, A.Moissi, L.Hýoflig, M.Kupfer, P.Wegner, W.Kraus, E.Ýannings, G.Kerner, E.Deýç, F.Kortner, W.Arnold, A.Ştraub, R.Şildkraut, F.Kaýsler, E.Bergner,E.Klýopfer,G.George, E.Winterşteýin, O.Go-molka, G.Grýundgens, G.Mýuller we beýlekiler giripdirler. Şol döwürde nemes teatrlarynyň sahnasyna täze tehnikalar, täze seriş-deler ornaşdyrylyp ugraýar.Aýlanýan sahna, howa bilen hereket edýän sah- na bezegleri sahnany gurnamak işlerini ýeňilleşdiripdir. Spektakllarda pan-tomima, akrobatika, tans, sahnany yşklandyrmak, žiwopis, esasanam saz giňden ulanylypdyr. Berlin teatrlarynda ykdysady bileleşmelerem emele ge-lip başlaýar.Bu ösüşlere garamazdan M.Reýnhardtyň teatrlara wagtlaýynça umumy ýolbaşçylyk eden döwründe F.Hollender,K.Rozen,G.Gerald,K.H.Mar-tin ýaly teatrlaryň çeper ýolbaşçylary çalşylyp durupdyr. Sebäbi olar teat-ryň repertuar çäklerini düzmekden gowşak gelipdirler. Teatrlaryň repertu-aryna farslar, dedektiw dramalaram geregiçe goşulypdyr. Şol döwürde aja-ýyp aktýorlar bolan W.Krausyň, E.Bergneriň spektakllarda çykyş etmekleri-ne garamazdan olaryň ussatlygam repertuardaky ýetmezçilikleriň üstüni ýapyp bilmändir. Ýokarda atlaryny bellän aktýorlarymyzyň ählisi diýen ýaly ýurdy faşizmiň eýelemegi bilen daşary ýurtlara çykypdyrlar. Faşizm dargadylandan soň, ýurtda täze demokratik medeniýetiň gurlu-şyna başlanýar. Şeýle gurluş nemes teatr sungatynam öz içine alypdyr. 1945-nji ýylda öň gadagan edilen dramaturg Lessingiň ,,Natan Akyldar” pýesasy goýlupdyr. Bu spektaklda baş keşbi P.Wegener döredipdir. 1945-1946-njy ýyllarda teatra dramaturg we režissýor G.Wangenheým, 1946-1963-nji ýyllarda režissýor we aktýor W.Langhoff, 1963-nji ýyldan başlap W.Heýns ýolbaşçylyk edipdir. Teatrda geçirilen ähli üýtgeşmelere ajaýyp aktýor P.Wegener gatnaşypdyr. Nemes teatrlarynda milli realizmi ösdürmek dowam etdirilip, sahna Gýotanyň, Şilleriň, Lessingiň, Býuhneriň, Şekspiriň nusgawy eserleri çykary-lypdyr. Teatr şol döwürlerde nemes tomaşaçysyny rus nusgawy eserleri bilen tanyşdyrmakda uly işleri edipdir. Çehowyň ,,Wanýa daýysy” /1945ý./, Gogolyň ,,Derňewçisi”/1950ý./, Ostrowskiniň ,,Tupany” /1951ý./, ,,Möjekler we goýunlary” /1948ý./, ,,Guduzlan pullary” /1954ý./pýesalary nemes sah-nasyna çykarylypdyr.Dramaturg A.Rahmanowyň ,,Aladaly garrylyk” /1946- ý.-pýesa beýik rus alymy K.A.Timirýazowyň durmuşyndan alnan/ pýesasy sahnada goýlupdyr. Eseriň baş gahrymany professor Poležaýewiň keşbini P.Wegener döredipdir. M.Gorkiniň ,,Bulyçow we beýlekiler”/1952ý./, ,,So-mow we beýlekiler” /1954ý./, A.E.Korneýçugiň ,,Platon Kreçeti” /1951ý.,,Hi-rurg” ady bilen/, ,,Gomy” /1957ý./, M.Şolohowyň ,,Göterilen tarpy”/1959ý.-T.Londonanyň insirowkasy bilen/, A.N.Arbuzowyň ,,Irkutskiniň taryhyny” /1962ý./ GDR-iň ähli teatrlarynyň sahnasynda diýen ýaly goýlupdyr. Nemes teatrlarynyň sahnasynda faşizme garşy dramaturgiýa giň gerime eýe bolup-dyr. Şeýle mazmunly eserlerden Brehtiň ,,Üçünji imperiýanyň öňündäki gor-kunç we umytsyzlygy” /1948-ý./, F.Wolfyň ,,Bomarşesi” /1946ý./, ,,Tomos Mýunseri” /1953ý./, E.Tolleriň ,,Pastor Holl” /1947ý./, E.Ştritmatteriň ,,Gol-landiýalynyň gelni” /1958ý./ ýaly pýesalary tomaşaçy gyzgyn garşylapdyr. Nemes teatrlarynyň bölümleriniň biri bolan ,,Kammerşpil” teatrynda goýul-ýan pýesalar esasan sosialistik gurluş bilen bagly bolupdyr. Şeýle mazmunly pýesalardan Kaniň ,,Karhanyň tekizleýjiler topary” /1951ý./ we Günbatar Ýewropanyň, Amerikanyň progressiw /ösüş we oňa tarap ymtylyşda bolan awtorlaryň/ pikirli awtorlarynyň eserleri sahna çykarylypdyr. 1945-nji ýyl-dan soň daşary ýurtlara giden zehinli aktýorlar we režissýorlar W.Heýns, E.Kaler, G.Grosse, I.Keller, H.Drinda we beýlekileriň ýurda gaýdyp gelmekle- ri bilen sahna ussatlarynyň üsti ýetiripdir. 50-60-njy ýyllarda belli aktýorlar G.Mýuller, E.Winterşteýn, P.Bildt, A.Weşer, W.Kleýnau M.Gokiniň ,,Ýegor Bulyçýewde” Ýegor Bulyçýewiň, H.Gogolyň ,,Derňewçisinde” şäher häkimi-niň, A.Ostrowskiniň ,,Guduzlan pullarynda”, Wasilýewiň, E.Buşuň ,,Praga meniň bilen galýarynda” /nemes sahnasynda Burýakowskini ,,Ýulis Fuçigi” şeýle atlandyrylýar/ Fuçigiň, Kronyň ,,Çuň razwetkasynda”/gözleginde/ Ma-ýorowyň keşplerini döredipdirler. Şeýle hem U.Şekspiriň eserlerindäki Mefis-tofeiň, Ýagonyň keşpleriniň sahna çykarylmagyny gazanypdyrlar. Nemes opera we balet teatrlary we binalary. Nemes Döwlet opera sazly-teatrynyň jaýy GDR-de ýerleşipdir.Bu teatr 1918-nji ýyla çenl ,,Korollygyň operasy” teatry atlandyrylypdyr. Teatr 1742-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Berlinde teatryň ilkinji ýolbaşçysy K.Graunyň goýan ,,Sezar we Klepatra” operasy bilen açylýar. Teatryň jaýynyň arhitektory G.Knobelsdorfom bolup-dyr. Bu teatr üç gezek-1843ý, 1941-1942ýý., 1955 ýyllarda täzeden dikeldi-lipdir. Ilkinji ýyllarynda teatryň repertuaryny Italiýan operalary tutup, trup-palar Italiýan aýdymçylaryndan ybarat bolupdyr. XVIII asyryň 70-nji ýylla-rynda nemes aýdymçysy G.Mara üstünlikden peýdalanypdyr.1775-1794-nji ýyllarda teatra ýolbaşçylyk eden kompozitor I.F.Reýhardt nemes operalary-ny millileşdirmek we ösdürmek maksady bilen köp işleri durmuşa geçirip-dir. 80-nji ýyllardan operalarda esasy ýeri nemes truppalary eýeläpdir. Şol ýyllar nemes truppalary tarapyndan Mosartyň ,,Belmont we Konstansa”, ,,Don Žuan”, ,,Figarodaky toý” sahna çykarylypdyr.1807-1815-nji ýyllar ara-lygynda teatryň ýolbaşçysy A.Iffland bolupdyr. A.Ifflandyň yzyny dowam et-dirmeklik K.Brýulyň eline geçýär. K.Brýul 1828-nji ýyla çenli teatra ýolbaş-çylyk edipdir. Teatr ýolbaşçylyk eden döwründe K.Brýula meşhur nemes opera truppasyny döretmeklik başardypdyr. Bu teatrda Bethoweniň ,,Fide-lio” /1815ý./, Weberiň ,,Erkin atyjy” /1821ý./, ,,Ewrianta” /1825ý./, ,,Obe-ron” /1828ý./ operalary goýlupdyr. Kompozitorlar G.Marşneriň, L.Şporanyň operalaram yzygiderli sahna çykarylupdyr. O.Nikolaiň ýolbaşçylyk etmekli-gindäki sazyň ugrukdyrmagy bilen ,,Pis keselli Windzor” /1849ý./ operasy hem sahnada peýda bolýar. Kompozitorlar Flotowyň ,,Aleksandro Stradel-la” /1845ý./, ,,Marta” /1848ý./, Maýerbeiň ,,Gugenoty” /1842ý./, ,,Pygam-ber” /1850ý./operalarynyň sahna çykarylmagy hem nemes milliligine öwrü-lipdir. Nemes sazly teatrynyň taryhynda kompozitor P.Wageneriň sahna çy-karan ,,Uçýan gollandiýaly” /1844ý./, ,,Riýensi” /1847ý./, ,,Tangezer” /1856 -1864ýý./, ,,Loengrin”/1859ý./, ,,Nýurnberg meýsterzingeri”/1870ý./, ,,Tris-tan we Izolda” /1876ý./, ,,Nibelunga halkasy” /toplumyndan-1881ý./ ope-ralary nemes sahnasynyň çürbaşy eserleri hasaplanypdyr.Bu operalaryň ne-mes teatryna üstünlik getirmegi beýik nemes aýdymçy zenany A.Nimanyň goşandy az bolmandyr. Nemes opera we balet teatry barada söhbet açylanda şol döwrüň aýdymçylary P.Lukkanyň, D.Artonyň, M.Mallingeriň, L.Lemanyň we drižýor-lar F.Weýngartneriň (1891), ondan bir az soň, K.Mukyň, R.Ştrausyň (1898-nji ýyldan başlap) nemes opera sungatynyň ösmegine uly ýardam edendikleri, dün-ýä medeniýetiniň taryhynda yz galdyrandyklary öz aýdyňlygy bilen şu gün-lerem nusgowylygyny ýitirmän gelýär. Nemes teatr sahnasynda kompozi-torlar Dž.Rossiniň, W.Belliniň, G.Donisettiniň, Dž.Werdiniň, Dž.Puççininiň, A.Bualdýonyň, F.Oberiň, Ž.Bizanyň operalarynyň goýulmagy nemes opera sungatynyň ösmegine goşant goşmak bilen şu günlerem ýaşamagyny do-wam etdirip gelýär. XX asyryň başlarynda täze güýçleriň gelip goşulmagyna garamazdan nemes operalary pese gaçmalara sezewar bolupdyr. Sebäbi teatryň ýolbaş-çylary opera sungatyna täze gelip goşulan güýçleriň eserlerini tomaşaça ýe-tirmekden daşda bolup, kompozitor R.Ştrawusyň meşhurlyk gazanan opera- lary bolan ,,Otsuz” /1902ý./, ,,Salomeýa”/1906ý./, ,,Elektra”/1909ý./, ,,Bä-gülleriň ýigidi”/1911ý./, ,,Ariadna we Naksose” /1913ý./ ýaly operalaryny yzygideli gaýtalap täze operalaryň tomaşaça ýetirilmegini gazanyp bilmän-dirler. 1919-nji ýyldan başlap nemes opera sungaty täzeden ösüş ýoluna aýak basýar. Dürli ýyllarda opera sungatyna R.Ştraus, M.Şillings, L.Bleh, W.Furtwengler, E.Kleýber, B.Walter, O.Klemperer, K.Kraus, G.Knappertsbuş, G.Karýan ýolbaşçylyk edipdirler. Şol ýyllarda Pfisneriň "Palestrina” (1919), R.Ştrausyň "Kölegesiz zenan” (1920), Buzonynyň "Turandot” (1921), Şrekeriň "Altyn horazjyk” (1923), "Uzakdaky jaň” (1923), Ýanaçekiň "Enufa” (1924), I.Strawinskiniň "Esgeriň taryhy”, (1918), "Pulçinella” (1920), "Tilki hakynda erteki” (1922), Begiň "Wossek” (1925), R.Ştausyň "Dafna”, "Parahatlyk güni” (ikisem- 1935), şeýle hem Rimskiý-Korsakowyň, Musorgskiniň, Smetanynyň operalary goýlupdyr. 2-nji jahan urşy döwründe köp teatr jaýlary weýran edilipdir. Opera spektakllary "Admiralpalast” teatrynda goýlupdyr. Operalara I.Keýlbert, E.Kleýber drižýorlyk edipdirler. Şol teatrda B.Brehtiň ýazgysy boýunça Dessaunyň "Lukullanyň aýplanmagy” (1951) operasy hem goýlupdyr. 1955-nji ýylyň 4-nji sentýabrynda "Nýurnberg Meýsterzingery” teatry täzeden dikeldilip açylyşy bolýar. Şondan soň, teatr operalary sahnasyna çykarmaga başlaýar. Teatra 1955-1963-nji ýyllar aralygynda M.Burkhardt ýolbaşçylyk edipdir. 1955-1962-nji ýyllar aralygynda teatryň baş drižýory bolup F.Konwiçnyý işläpdir. Teatryň repertuarynda Wagner-Regeniň "Faworit”, Berganyň "Wossek”, Suhnýanyň "Girdap”, Erkanyň "Derňewçi”, Prokofýewiň "Buthanadaky nikalaşyk”, Forestanyň "Garypja Kondrat” operalary bolupdyr. Teatrda dürli ýurtlaryň meşhur aktýorlary, drižýorlary işläpdir. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |