17:49 Nowha (Rowaýat) | |
Seýri Şerif kitabyndan okyjylara ýetiren Aşyr Salyh ogly
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Nuh pygamberin owalky dakylan ady Ýeşkur ekeni. Jokrama yssy howada ullakan güjümiñ aşagynda saýalap otyrka, endamynyñ tūýi düşüp giden gotur it hem yssa çydaman haslap gelip Ýeşkuruñ beýlerägine geçip ýatyberipdir. Itiñ bu sypatyna gözi düşen Ýeşkur: Eý betnyşan ! Şu halyña meniñ ýanyma gelmäge utanmadyñmy, tur bu saýadan- diýip kowmakçy bolýar. It ýerinden turupdyrda: Eý Ýeşkur! Siz meniñ bedenime salnan nagyşdan kem tapdyňyzmy ýa-da muny salan Nakgaşdan. Men sizden şypa soramaga däl-de, Hakyñ saýasyna geldim. Bu saýa menem haklydyryn diýip, beýleräk süýşip ýatyberipdir. Itiñ bu jogabyna eşiden Ýeşkur Wah! diýip, nowha çekip özünden gidipdir. Şol wakadan soñ onuñ ady Nowha, ýagny Nuh bolup galypdyr. Allatagala onuñ tobasyny kabul edip, uly makamy bagş edipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |