07:33 Obama haýyş | |
OBAMA HAÝYŞ
Goşgular
Küýsäp geldim, obam, behişdi goýnuñ, Göresim geldi meñ daglaryñ ýene. Gezesim geldi meñ gerşine çykyp, Arça, kerkaw basan zawlaryñ ýene. Daglañ gaýasyn çykasym geldi, Olarda gizlenen çagalygymy. Aýdym hiñlenip çagyrjak boldum, Ýöne ol duýmady çagyranymy. Duşmasam-da çagalygma dolanyp, Gördüm daglaryñda dowamatymy. Obam, daglaryñda gördüm men ýene, Öwlüýä Pirgaýyp keramatyny. Syrdam, ýaşyl donly ýagşyzada deý, Gaýalarda ösüp otyr dagdanlar. Ony keramatly agaç hasaplap, Tumar edip, dakynyp ýör adamlar. Sessiz, Haky ýatlap dan derwüşiñ, Säher dökýän sowuk gözýaşy deýin, Damjalar damyp dur gaýañ gatyndan, Olara ýüzümi ýuuwup gideýin... Gadymy danalañ mañlaýna meñzeş, Daglañ gaýalary ýygyrtdan doly Añlap bilseñ olañ ýürek owazyn, Olar parasatdan öwütden doly. Gat-gat kitap bolup ýatyr daglarda Goja dünýäñ durmuşynyñ taryhy. Bardyr daglarynda Ýaradan Hakyñ Barlygynyñ, bakylygyñ tarypy. Behişdi daglaryñ ortarasynda Behişdi mekan deý ornaşan obam. Bu gün saña aşyk, daglarña aşyk, Bolan bir ýürege ýerleşen obam. Ýöne özi giñ goýnuna ýerleşmän, Daglañ derelerne, zawlarna ornan. Bu aşyk kalbymda, sada kalbymda Mydama señ eziz keşbiñi görýän. * * * Eziz obam seniñ behişt goýnuñda Heniz aýdylmadyk söz galan eken. Perisypat bir gözeliñ oýnundan Ýüregimde öçmez köz galan eken. Daglañ depesinde joşup, gygyryp, Aýdan aýdymlarmy ýeller sygyryp Aýdýar bu gün Görsem meni çagyryp Çalynmadyk mukam, saz galan eken. Gudrat gördüm çaýdan çykan siliñde, Sowulmadyk sahawat bar iliñde, Ho-ol daglaryñ dereleriniñ gülünde Mensiz geçip giden ýaz galan eken. Çagalygym galan eken aýrylyp, Galan eken ilki söýgim - aýralyk. Görüp ýörsem, bir-birinden saýlanyp, Ýene-de söýmeli gyz galan eken. Arça, ýowşanyñy doýmadym ysgap, Kalbym huzuryña geler atygsap. Adyñda soñsuz bir ynsap bar, ynsap, Sende halal ryskym, duz galan eken. Seniñ gül goýnuñdan bolamsoñ jyda Bimany ömrümden ýadadym juda. Indi galan ömrüm bereýin pida, Saña barjak günlem az galan eken... * * * Bilmedim men muny ýylgyryp aýdyp, Arzuwlam myrada ýetmedi gaýdyp, Garaşdym men bir gün gelersiñ öýdüp, Düýş bolup dünýäme dolan melegim. Gara gözleñ ömrüñ syrly sowaly, Tapmadym men mundan artyk jogaby, Sensiz agyr maña durmuşyñ taby, Düýä bolup dünýäme dolan melegim. Şadyýan güleñde, dünýäm - hoş owaz, Ýylgyryp güleñde, dünýäm - alaýaz, Aşyk ýürek indi sensiz aglaýar, Ýaş bolup didäme dolan melegim. Dünýämiñ eýesi, ýüzleriñ mahy, Kalbynda galypdyr günleriñ ahy, Söýgim saña söýgi bersin ylahy, Düýş bolup dünýäme dolan melegim. Yşkyñ ody ýalñyz galypdyr ýanyp, Gyzgyn gözýaşlarym dynypdyr damyp, Ýazan goşgularym galarlar dymyp, Düýş bolup dünýäme dolan melegim. * * * Öçüpdir kalbyñ owazy, Üýtgäpdir dünýäñ howasy. Artypdyr başymyñ gowgasy. Diñe seniñ üçin, señ üçin. Döz geldim söýgiñ zoruna, Ýylandym kalbyñ goruna, Tow düşdi bagtyñ taryna, Diñe seniñ üçin, señ üçin. Zalym pelek, zalym pelek, Weýran etdiñ halym, pelek, Wah, boldy ömrüm biderek, Diñe seniñ üçin, señ üçin. Gynandym keç ykbalyma, Wah, boş geçen yhlasyma. Hazan darady hasyla, Diñe seniñ üçin, señ üçin. Meni bir diwana eden, Ýazgydym gör, boldy gedem, Dünýäni ters öwrüp giden, Diñe seniñ üçin, señ üçin. Nurýagdy SEÝIDOW. | |
|
√ Aýna / Goşgular - 01.08.2024 |
√ Belaýy yşk ki, her dem maňa jepaýydyr... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ "Gowy men" diýer / Goşgular - 28.11.2024 |
√ Yşk heseri / Goşgular - 21.06.2024 |
√ Telegraf / Goşgular - 05.08.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |