11:53 Obýekt / hekaýa | |
OBÝEKT
Hekaýalar
“Sen, ertir Lýuksemburga git” diýip Weronika Pawlowna aýtdy: “o ýerde, demirýol menzilinden çykan ýeriňde – göni çepe, soňam köçe bilen soňuna çenli gönüläp, köprüden geçibem saga. O taýda ortasy ýadygärlikli çatryk bolar. Çatrykdan soňky ikinji köçe-de Fibonaççi köçesidir. Şo ýerde ýüzüň ugruna görersiň: uly ak ymarat, öňünde bolsa heýkelteýde lokga demir durandyr. Fibonaççi köçesi, jaý üç. Men olar bilen telefonda eýýäm hemme zady ylalaşdym”. Weronika Pawlowna sekide ýatyp, telewizor görýärdi: ýabany ýabylar barada ylmy-jemagat filmini. Ol Noworossiýskiden gelen badyna ýykylypdy, sowuklapdyr, uçup gelýärkä (uçarda zowwam şemal eken, hatda ýorgança-da kömek etmändir), böwregem, netijede, hokga goparmaga başlapdyr. Ol ýany bilen öýüni satan puluny getiripdir – otuz müň dollar – şol pulam mümkin boldugyndan bahymrak Lýuksemburga äkidip, bankda goýmalydy, sebäbi Germaniýada bank hasaplary ýörite guramanyň gözegçiligindedi, Weronika Pawlowna bilen Wiktor Petrowiç bolsa hut şo Germaniýada-da ýaşaýardy, Linse şäherinde, şoň üçinem olar şol guramanyň atdanlykda öz hasaplarynda artykmaç puluň emele gelendigini anyklamagyny islemeýärdiler. Ertesi gün Wiktor Pawlowiç pully çemodanjygydyr kitapjagaz aldy-da, demirýol menziline gaýtdy. Ýene iki ýarym sagatdan soň ol eýýäm Lýuksemburgdady. Ol gaty çalt Fibonaççi köçesini tapdy. Üçünji jaýyň birinji gatynda aýnalanan giň otag bardy, görnüşine görä – bu, häzirki zaman sungatynyň galereýasy bolara çemeli. Ol kellesini çar ýana ýaltaklatdy-da, ätiýaçlykdan galereýa girdi. Içerde boşlukdy, diňe ortarada pessejik görnüş münberi dur, onda-da nähilidir birhili orta gabaraly gönüburçluk görnüşindäki närse goýlupdyr, diwarlarda, täsin plastmas çarçuwaly ullakan fotosuratlar asylan. Wiktor Petrowiç fotosuratlary synlap durman, ýüzugra söýehanaň ýanyna bardy. Söýehanaň aňyrsynda kompýuteriň başynda oturan gyz, telefonda gürleşýärdi. Ol Wiktor Petrowiçe mylakatly baş atdy. Olam sypaýyçylyk bilen ýylgyrdy-da, emaý bilen çete çekildi, soňam güýmenere zat tapman, podiumda duran närsäni synlap ugrady. Bu, kiçeňräk – ýarymmetr beýiklikde – dekorasiýady (maketdi): döwrebap aşhanaň aşhana tekjelije, elýuwarly hem stoljukly bir künjegi. Bu kindiwanja aşhanaň diwarlary Wiktor Petrowiçe gowy tanyş, her dolamy bäş ýewrodan, ýuwulýan, açykreň oboý bilen örtülendi. Elýuwaryň töweregindäki diwara plastik örtük berçinlenen. Aşhanaň astyna çalymtyk-ýaşyl linoleum çekilen. Sary stoljugyň gabadynda, aşhana oturgyçjygynda awysiýdik otyr. Onuň çypar kellesi stolda, bir penjesi göwresine ugurdaş uzadylan, beýlekisi kellesiniň aşagynda eplenipdir. Ilki seredeniňde, gözüňe awysiýdik uklap ýatan ýaly görünýär, emma ünsli garansoň Wiktor Petrowiç, awysiýdigiň gapdalynda, ýerde ýatan kiçijik gara sapançany hem-de awysiýdigiň çekgesindäki öljümek gara-gyzyl nokatjygy gördi. Awysiýdigiň dişi syrtaryp dur, onuň çalarak tüýi dökülen guýrugy, oturgyjyň gyrasyndan sallanýar-da, ýumşaklyk bilen ýerde ýatyr. Wiktor Petrowiç, dolmuş, hatda gyşyna-da aýrylmaýan, goýras, mellek günegaralma reňke tutuşlygyna deňme-deň beslenen, togalak kellesi görmedigi görde galan reňbe-reň tahýaly adam, gülgüne ýeňsiz köýnekli, gara, haltapisint, birneme göwşüllän, dyzlary lowurdaýan jalbarly, aýagam mazaly depgisi ýeten pätiňkeli, geçmişde-de syrçaly legençeler kärhanasynyň direktorynyň orunbasary. Golaýda-da ellisi doldy. Onuň kiçijik, ünsli gözleri bar, edil köýnegi ýalam gülgüne, ýygy-ýygydan ýylgyragan, kindiwanja-da agzy. Alnyna der indi. Ol ýaşyl sintetik boýunbagyny düzetdi, toý eşigi, ýakynda sekond-hendden satyn alnan, ýöne muňa garamazdan başbitin täzeje penjegini, sag eliniň tirseginden solunyňka geçirdi, kagyz süpürgiç çykardy, dessäni şagyrdadyp açdy-da, ýokarsynda, mazaly selçeňlän çal saçynyň, tahýaň dar erňeginden somalyp çykýan, bulam-bujar ýepbeşen übtükleri, göçgünli buýralanýan maňlaýyny syldy. Dessäni yzyna, kisesine saldy-da, ýene awysiýdige dikildi. Birje pursatlykça, ol oňa alaka meňzeýän ýaly bolup göründi, esasanam, gaýduwsyz syrtarýan tumşujagy, ýöne soň ol onuň süýnmegräk sütükleç göwrejigini, edil düwlen ýumrujak deý penjejikleriniň kindiwanja dyrnaklaryny has dykgatly synlady, birdenem, şeýlebir ýiti aýdyňlyk bilen söýehanaň aňyrsyndaky gyzyň sesini eşitdi, şonuň bilen birwagtda-da, awysiýdigiň arkasyndaky elýuwara golaýda diwara berkidilene birme-bir kybapdaş suwýyladyjyň öz öýüniň aşhanasynda-da bardygyny belledi, ýöne onuňky uly, hakykysydy, özem şo suwýyladyjyny bejertmegiň wagtynyň birmahal ötüp-geçendigi onuň ýadyna düşdi. Hojalyk enjamlarynda Wiktor Petrowiç käbir zatlara düşünýärdi, köp zadam özi bejerýärdi. Şonuň bilen birwagtda-da ol özüniň ýokarky äňiniň sagynda ýedilige hem sekizlige dişdaşlyk geýdirmegiň möwritiniňem atam döwründe ýetip geçendigini ýadyna saldy. Kiçijik elýuwarda hapa gap-gaç depe turzup ýatyr, tinigiň öňünde, stolda bolsa boş bulgur dur. -Men sizi diňleýän,-diýip gyz iňlisçe dillendi. Iňlis diline Wiktor Petrowiçi gipnozçy öwredipdi. Gipnozçy Wiktor Petrowiçe gipnozyň on seansyndan soň onuň iňlis dilinde erkin saýrap başlajakdygyny wada beripdi. Her seansyň bahasy ýüz dollardy. Toparlarynda bäş adam bardy. Gipnozçyň öýi kiçijikdi, bir otagly, öwseleden hyryn-dykyndy, hemme gazanan pullaryny ol Moskwada ýaşaýan ýigrimýaşar ogluna iberýärdi, ol bolsa kakasyna ýazýan seýrek hatlarynda käte kino aktýor bolmakçy bolup ýörendigini, käte nekrorealist, käte bolsa digital fotosuratçy bolmakçydygyny habar berýärdi. Wiktor Petrowiç dar otagyň altynsöw nagşy solan, gara-goňur diwar örtügi bilen ýelimlenen diwarlaryny ýaman oňat ýadynda saklapdy, tekjede goýlan suwenirlerem: olimpiada aýyjygy, toýundan setilgöterli gyz, ebonit teýdäki demir emeli hemrajyk – hem-de agaja dartylan kendire hatar-hatar ildirilen nyşanjyklar toplumy. Gipnozçy pessejik boýly, gyradeňje çyrpylan alynsaçy tertiplije ýatan ýylmanak maňlaýy tokmakpisint kişidi. Onuň goşarlarynyň ýeňsesi seýrek gara gyllydy, aýalary gödeňsiz uly, gerdenleri giň, dörtburçdy, ak öýjükli, mawy pamazy köýnegi, güberçek döşünde açykdy. “Maňa öz adyňyzy, familiýaňyz, ataňyzyň adyny aýdyň”-diýip ol, Wiktor Petrowiçi özüne ýüzbe-ýüz öwrüp, mäkäm elleri bilenem birsellem egninden gysyp saklap durşuna aýdypdy. Seansyň galan gatnaşyjylary – üç aýal, bir erkek, ony Wiktor Petrowiç bir gezek ministrlikde hormat tagtasynda görüpdi – diwara ugurdaş hatara durup, olara garşy bilesigelijilik bilen gözlerini gyýtardýardylar. “Afanasýew, Wiktor Petrowiç”,-diýdi Wiktor Petrowiç, şondan soňam onuň aňynda birdenkä partlan: “Üç!” diýen çasly sese hem-de şonuň bada-bat yz ýany buýrulan: “Gürläň! Indi bolsa – gürläň! Iňlisçe erkana hem gaty sesli!” diýen höküme çenli hiç zat huşunda ýok. Ol şonda haýrany-serasyma bolup ýaltaklapdy. Gapdalynda gülgüne koftaly, daýaw, gartaşan zenan dur. Ol gipnozça aňkaryp garaýar, özem pikire batyp, çeňňege ilen balyk deý pökgi dodaklaryny gymyldadýar. “Men gürläp bilýän”,-diýip Wiktor Petrowiç nätanyş dilde, bu jümläniň öonuň özüniň aýtmakçy bolýan zadyny hakykatdanam aňladýandygyna aňrybaşy ynanyp gepledi. “Men gürläp bilýän”,-diýip ol gaýtalady, bütin ömrüne şondan öň duýup görmedik erkinliginiň özüni duýdansyz gark etmeginden ýaňa-da onuň başy aýlanyp gitdi. Şondan bäri ol iňlisçe geplemegi bolşuna göräräk oňarýardy, mysal üçin, ýönekeý sözlemleri düzmegi, ýöne düşünmesine welin, barybir hiç zada düşünmeýärdi. Ol başyny içiýangynlyrak ýaýkady. -Bu satylýarmy?-diýip ol, awysiýdigi görkezdi-de, gyzdan nemesçe ýaýdanjaň sorady. Nemesçäni welin, aýaly ikisi, işsiz göçüp gelenler üçin ýörite ýarymýyllyk okuwlarda öwrenipdiler. -Hawa, elbetde,-diýip gyz jogap berdi:-Bu häzirki zaman italýan nakgaşy Maurisio Katellanyň ajaýyp obýekti, 1996-njy ýylyň işi, onuň iňňän giň bibliografiýasy bar. Onuň bahasy ýigrimi sekiz müň ýewro. Hasaplaşyp, şampan şerabyndanam tagaşyksyz ýüz öwren Wiktor Pawlowiç, içi obýektli oňaýsyz karton gutyny aldy-da, köçä çykdy. Golaýdaky myhmanhanada birnäçe günlük otag aldy. Otag alagaraňky hem salkyn, tutyň aňyrsyndan ölügsi ýagty düşýär. Wiktor Petrowiç içgitekjeden mineral suw çüýşesini aldy, bulgurça guýundy, telewizory işletdi, sport gepleşigine geçirdi, ýene-de bir gezek goparan hokgasyna elheder aldy-da, harydyny çykarmaga başlady. Ol obýekti daşyna dolanan pamykdan, penoplastdan hem kartondan saplady, ony otagyň orruk-ortarasyndaky tegelek stolda goýdy. Satyn alan obýekt, sergide goýlanyndan ýöntem görünýärdi. Haryt hakdaky onki sahypalyk sertifikaty Wiktor Petrowiç ýöne bir sahaplaşdyrdy-da, yzyna, boşan diplomata saldy. Onuň ýene-de iki müňe ýakyn dollary galypdy. Birsellem ol aýalyna jaň etmek barada oýurgandy, emma soň, megerem gowusy munuň düýbünden gerek däldigi hakynda netijä geldi. Aýnanyň öňündäki stoljukda kagyzly-bukjaly gönjilt ýatyr. Ol jübüsinden syýagalam çykardy, gönjiltden, künjeginde myhmanhanaň tugrasy duran sarymtyl kagyzy çykardy, stoluň başyna çökdi, oýa batdy. “Mähriban Nika”,-diýip ýazdy-da, togtady. Ýeke, heniz doly öwrenişmedik otagynda oturyp, tämizlik serişdesiniň ysgynsyz ysyny almak hemem özüni barypýatan soňsaýmazak hökmünde duýmak oňa hoş ýakýardy. Ýöne eýýäm indiki pursatda ol Weronika Pawlowna şeýlebir dözmedi welin, hatda süňňüni şagga dolduran haýpygelmeden ýaňa sogduryp dem alanynam duýman galdy. Bada-badam onuň, birjik-de säginmän, laňňa galaga-da, yzyna Linse dolanasy geldi, aýalyna otly çaý gaýnadyp beresi, ony aladasy bilen gurşasy geldi, mysal üçin, dermanhana gidip, derman satyn alyp getirmek diýdimi ýa-da ýöne bir ýanynda oturyp, mesaýy söhbet etmek. Ol ýene birdem oýurgandy-da, özüni atan tinige gözüniň gyýtagyny aýlady, soňam oslagsyz ylham bilen hatyny dowam etdi: “Megerem, biziň ikimiz mundan beýläk hiç haçan görüşmeris, ýöne barybir men özüm üçin düşünilmäge dynnymça mümkinçilik galdyrmak isleýän. Sen maňa hemişe-de düşünerdiň, belki bu gezegem düşünersiň. Maňa bu örän wajyp, emma ýok bolsa-da – ýok bolar-da. Men biziň pullarymyzy sowurdym, men sungat eserini satyn aldym. Bu näme – düşündirmek kyn hem uzaga çekjek, diňe bir zady aýdyp biljek: bu surat däl. Men hiç zada ökünemok. Men seniňem ýanymda bolmagyňy isleýärin, ýöne, çak edýän, saňa bu eser ýaramaz. Seniň, men aklyndan azaşandyr öýdüp pikir etmegiň mümkin, sen hatda meniň ony yzyna, galereýa tabşyrmagy talap etmäge-de hakyň bar, emma men eýýäm muny edip bilmerin. Golaýdaky üç gün men myhmanhanada ýaşaryn, soňra bolsa nirä-de bolsa bir ýere giderin. Pikir etme, men bu pullary senden ogurlan däldirin, ilkibada men bu zady saňa getirip bermekçidim, öýe eltmekçidim, ýöne soň pikirlendim, seniň ony atdanlykda döwmegiň ahmal. Bu zadyň fotosuratyny sen döwrebap italýan nakgaşy Maurisio Katellanaň islendik ýygyndysynda tapyp bilersiň. Biziň şäherimizde, mysal üçin, demirýol menzilindäki kitap dükany bar, şol ýerde-de şeýle ýygyndyny hökman satyn alyp bolýandyr, men ol ýerde bir gezek rus kitapjagazynam satyn alypdym, Buniniň “Garaňky seýilýodalaryny”. Bu işiň ady bolsa...”, – ine şu ýerde Wiktor Petrowiç üçin ýene-de nikellenen gönuburçluk gulplaryny sesli şyrkyldadyp, çemodanjygyna elini sokmak we ondaky içi görünýän gök jiltçeden sertifikaty çykaryp, ony ünsli okamak zerurlygy döredi:-“...bu iş atlandyrylýar: “Bidibidobidiboo””. 18.06.2002 ý. Sergeý Leonidowiç Bolmat, 1960-njy ýylyň 5-nji awgustynda Leningradda doglan rus ýazyjysy, çeperçilik redaktory, ssenariýaçysydyr. S.L.Bolmadyň “Öz-özleri”, “Howada”, “Ýakyn ynsanlar” atly romanlary çap edilip, belli bir derejede meşhurlyga eýe bolandyr. Ol häzirki zaman rus kyssasynda özboluşly galam ýöredýän awtorlaryň biri hasaplanýar. Ol 1998-nji ýylda Germaniýa hemişelik göçüp gidipdir. Soň Fransiýada ýaşapdyr. 2010-njy ýyldan häzirki wagta çenli bolsa Londonda ýaşaýar. | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Seniň baryňda / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |