23:25 Ödelýän ynam | |
ÖDELÝÄN YNAM
Publisistika
... Kombinatyň direktorynyň kabinetine kärhananyň partiýa we profsoýuz komitetleriniň çlenleri ýygnanypdy. Kombinatyň direktory Rahmatylla Ahmedow ýerine ýetirilen işler, goýberilýän kemçilikler we öňde duran wezipeler barada giňişleýin gürrüň edenden soň: "Ýoldaşlar, kärhanamyzyň iň uly sehleriniň biri hasaplanýan remont-mehaniki sehi ýylyň-ýylyna yzda süýrenýär. Sehiň yzda süýrenmesi bolsa, beýleki sehleriň plan-borçnamalaryna hetde gelmegine uly zyýan ýetirip dur. Ýogsam, ýokary bilimli spesialistleriň ikisini-üçüsini yzly-yzyna sehä başlyk belledik. Emma sehi aýaga galdyryp, yzagalaklykdan çykarmagyň hötdesinden hiç birem gelmedi. Indem, köpler bilen maslahatlaşyp görüldi welin, ählisiniň pikiri dokma stanoklaryny remont edýän sehiň başlygy Gurban Käbäýewi şol sehe naçalnik edip geçirmekde. Menem köpüň bu edýän ynamyna garşy däl. Ýöne, onuň öňki işleýän ýerine seh naçalnigi edip, kimi bellejegimizi bilemizok diýip, töweregindäkilere birlaý göz aýlandan soň ýerinde oturdy. - Hany, şol sehiň ussasy Gylyçmyrat Muhammedow! Ol indi köpden bäri şol sehiň "ody bilen girip – küli bilen çykyp ýör“ ahyryn. Onsoňam sehe şondan belet adam ýok – diýip, çetdäki oturanlaryň biri Gylyçmyrat Muhammedowy sehe naçalnik bellemek baradaky teklibi orta atdy. Bir bada ara dymyşlyk düşüp, ol teklip göýä goldanylmajak ýaly bolup göründi. Emma ara düşen dymyşlygy Sosialistik Zähmetiň Gahrymany, kärhananyň profsoýuzynyň fabrik komitetiniň öňki naçalnigi Ene Öwezowa bozdy. - Baş mehanigimiz Nikolaý Fedorowiç Ýewtuşenko dogry aýdýar. Şol sehe Muhammedowdan belet adam ýok. Meniň özüm-ä Nikolaý Feodrowiçiň teklibi bilen ikielläp razylaşýaryn. Onsoňam gerek bolsa, ýerli-ýerden kömek beribermeli bolarda – diýip sözüni dol gutarmanka: „Örän oňat teklip, Gylyçmyrat oňarýar“ diýen sözler ýerli-ýerden eşidildi. Gylyçmyradyňam bir aýdany “güýjümi gaýgyrmaryn, ynamyňyzy ödejek bolaryn“ diýen sözler boldy. * * * - Gylyçmyrat Muhammedowyň seh naçalnigi edilip, bellenilen wagty bütin kärhana boýunça rekonstruksiýa işleriniň gyzgalaňly alnyp barylýan döwrüdi. Sehde bar bolan 700 sany dokma stanogyň eýýäm, 170-si täze dokma stanogy bilen çalşyrylypdy. Şeýlelik-de, dokma sehiniň kuwwatam öňkülere garanyňda ep-esli artypdy. Sebäbi täze dokma stanoklarynyň öndürijiligi köne stanoklaryň öndürijiligine garanyňda iki ýarym esse golaý artykdy. Şol sebäplere görä Gylyçmyrat seh naçalnigi edilip bellenilen gününden sehde geçirilýän rekonstruksiýa işleriniň depgini has-da güýçlendirmeli diýen karara gelindi. Ol sehiň umumy ýygnagynda rekonstruksiýa işleriniň depginini mundan beýläk-de güýçlendirmegiň dürli ýollaryny işläp düzmekligi öňe sürdi we sehiň partiýa we komsomol guramalarynyň bu işe ýakyndan kömek bermeklerini sorady. Sehiň jemgyýetçilik guramalarynyň ýakyndan kömek bermegi bilen köne stanoklaryň ýerine täze stanoklaryň montaž işleri iki smelaýyn alnyp baryldy. Şeýlelik-de, G.Muhammedowyň sehe ýolbaşçylyk eden iki ýylyň içinde täze stanoklaryň 260-sy montažlanyp işe girizildi. Häzir sehde 430 sany täze dokma stanogy hereket edýär. Beýle diýildigi köne dokma stanoklarynyň 700-siniň öndürýän önüminden esse ýarym artyk öndürilýär diýildigidir. Bu barada has takyk zatlary bellemek üçin biz onuň özi bilen fabrik komitetiniň başlygynyň kabinetinde duşuşdyk. Seh naçalnigi Muhammedowyň käbirleri ýaly bir sorag berseň ähli berjek soragyna öňünden jogap berýänlerden däldigini duýdurypdylar. Şol sebäpli-de täze stanoklaryň tapawutly tarapy barada sorag berdim. Ol, bu soraga, göni jogap bermedi-de kärhananyň taryhy bilen baglanyşykly zatlardan başlady: - 1929-njy ýylyň 19-njy noýabrynda respublikamyzda ilkinji kärhanalaryň hatarynda önümçilige girizilen biziň F.E.Dzeržinskiý adyndaky nah mata kombinatymyzda bary-ýogy 348 sany dokma enjamy bolup, şol stanoklaryň kuwwaty on müň ige ýetipdir. Kärhananyň geçen bu döwürdäki ösüş ýoluna taryha öwrülen dokumentleriň üsti bilen göz aýlaýarsyň. Kärhana ilki işe girizilende 348 egirme stanogy bar bolan bolsa, häzir diňe meniň ýolbaşçylyk edýän remont sehinde dokma stanoklarynyň 700-sine gözegçilik edilýär. Şonça stanogam egirme sehinde bar. Egirme sehindäki hereket edýän stanoklarda ýöriteleşdirilen remont sehi gözegçilik edýär. Ol sözüni doly gutarmanka: - "Bagyşla“ diýip, onuň sözüni bölýärin. Meniň düşünişime görä, sizde iki sany remont sehi bar. Sehleriň biri egirme sehiniň stanoklaryna, birem dokma sehiniň stanoklaryna gözegçilik edýär – diýip, Gylyçmyrada sorag bilen ýüzlenýärin. - Siz dogry düşünipsiňiz, diýip ol ýylgyrýar. Käbirleri kombinatda diňe ýeke remont mehaniki sehi barmyka diýýär. Ýok, beýle däl. Egirme sehiniň stanoklary bolan dokma sehiniň stanoklary aýry-aýry mehanizmleriň üsti bilen hereket edýär. Şol sebäpli-de olara gözegçilik edýän remont sehlerem aýry-aýry. - Diýmek, siziň remontçylaryňyz egirme sehiniň stanoklaryndan baş çykaranoklar-da – diýip, ýöntem soragy orta atdym. - Ýok, diýip, ol çürt-kesik jogap berdi. Men oňa: - Men sizden täze dokma stanoklarynyň kuwwaty barada biläýmekçidim welin, biziň gürrüňimiz başga ýana sowulaýdy diýýärin. - Hawa şeýle bolaýdy – diýip, ol jogap berýär-de: - Täze dokma stanoklarynyň öndürijiligi öňkülere garanyňda iki esse golaý köp. Mundan başga-da, eger sehde bar bolan 700 stanogy doly täzelesek, onda 28 adam güýji hem tygşytlanjak. Sebäbi şol 700 stanoga 14 sany remont brigadasy gözegçilik edýär. Her brigada bir ussa, iki dokmaçy, iki naýçalaýjy we bir dürtgünç bar. Umuman, her brigadada alty adam zähmet çekýär. Her brigada bolsa 48-52 stanoga gözegçilik edýär. Täzeki stanoklar üçin naýçalaýjy gerek däl. Stanok awtomatik usulda naýçalanýar. Şeýlelik-de, her bir brigadadan iki naýçalaýjy adam güýji tygşytlanýar. Şol adam güýçlerini bolsa, başga gerekli ýerde ulanmak boljak – diýip, sözüne dyngy berdi. - Galan köne stanoklarynyň hemmesine geljek iki ýylyň dowamynda çalyşmaklygy göz öňünde tutýarys – diýip, ýene-de ýylgyrýar. Men onuň ýylgyryşyndan näme ynanaňyzokmy diýen garaýşy aňdym. Dogrudanam Gylyçmyradyň sehe ýolbaşçylyk eden iki ýylynda 260 sany täze stanok oturdylypdyr. Şoňa çenlem 170 sany stanok täzelenipdir. Ýokarda belleýşimiz ýaly sehde, jemi 480 sany täze dokma stanogy işe girizilipdir. Biz bu ýerde ýönekeýje arifmetikadan peýdalanýarys. Diýmek, ýene-de 270 sany täze dokma stanogyny montažlamaly we işe girizmeli. Özem Muhammedowyň aýdyşy ýaly iki ýylyň dowamynda. Men öz ýanymda şunça täze stanogy montažlamak we işe girizmek iki ýyl üçin gaty kän bolmazmyka – diýip, pikirlenýärin. Ahyram, pikirimi daşyna çykardym. - Iki ýylyň dowamynda 270 stanogy gurnamak, onda-da sehiň öz güýji bilen gurmaklyk köp bolmazmyka – diýip, täzeden soraga geçýärin. - Hawa, köp. Onda-da örän köp. Sehde diňe bir täze stanoklary oturtmakdan başga-da köne we täze stanoklary remont işlerine hem ýetişmeli.Bizde remont işlerini edilmeýän günem ýok. Şeýle-de bolsa biz öz beren sözümizde tapylmakçy. Sebäbi rekonstruksiýa işlerini başlaly bäri, onda-da täze stanoklary oturtmaga başlalymyz bäri slesar-montažçylarymyzyň toplan tejribelerinem göz öňünde tutmaly ahyryn. Her brigada öň 15 günde iki stanogy gurnap işe girizýän bolsa, indi şonça wagtda üç stanogy işe girizip bilýär. Munuň şeýledigini iş ýüzünde gördük. Sebäbi, soňky täze stanoklar oturdylanda üç stanok üçin bir brigada 15 gün wagt gerek boldy. Geçen sekiz aýda segsen stanogy montažlap işe girizdik. Diýmek, ýene-de 190 sany dokma stanogyny montažlamagymyz galýar. Seh naçalnigi wagtynyň çäklidigi sebäpli, bizden ötünç sorap gitdi. Fabrik komitetiniň başlygynyň giň kabinetinde Roza Paýzyýewa, baş mehanik Nikolaý Fedorowiç Ýewtuşenko we şu setirleriň awtory üç bolup galdyk. Soň gürrüňi Nikolaý Fedorowiç dowam etdirdi. Ol: - Gylyçda, biz onuň adyny gysgaldyp tutarys. Nähilidir bir guramaçylyk ukyp bar. Ol adamlar bilen gürleşmegi, olaryň işe bolan höwesini artdyrmagy ökdelik bilen başarýar. Öňler şol sehde jemgyýetçilik işlerine gatnaşmaga käbir höwes bildirilip durlanokdy. Indi bolsa, şol sehiň ussasy Ogulbibi Çaryýewanyň ýolbaşçylygynda ýörite çeper höwesjeňler topary bar. Hat-da şol topar baýramçylyk günleri kärhananyň kollektiwiniň öňünde ussalarça çykyş edip, işçileriň arasyna ýetirýär – diýip, baş mehanik Muhammedowyň hakyky ýolbaşça mahsus bolan taraplarynyň üstüni ýetirdi. Men, baş mehanige ýüzlenip: - Nikolaý Fedorowiç, sizde rasionalizatorçylyk we halypaçylyk hereketleri nähili ýagdaýda diýip, umumy soragy orta atdym. - Siziň soran zatlaryňyza umuman kärhananyň möçberinde erbet däl. Bizde 50 sany rasionalizator we 40 sany halypa bar. Olarda-da özara guralan sosialistik ýaryş bar. Bu ýerde gürrüň Muhammedow barasynda barýarmy, men şol we şonuň ýolbaşçylyk edýän sehi barada aýdaýyn. Dokma stanoklaryny herekete getirýän ok bar. Şol oklar her üç ýyldan düýpli remont edilip, çalşyrylyp durulýar. Indi bolsa köne dokma stanoklaryň ýerine täze dokma stanoklary biz doly çalşyryp ýetişemizok. Dogrusy, men bu barada Gylyç bilen birnäçe gezek maslahatlaşdym. Sebäbi oklary iýilip zaýa bolan dokma stanoklarymyz sehde ýöne ýer tutup ýatyrdy. Onsoňam şol stanoklaryň her biriniň öz plany bar. Şol plana-da beýleki işleýän stanoklaryň üsti bilen amal etmeli. Bu bolsa juda agyr düşjek. Ynha, bir dynç alyş güni kombinata aýlansam, şol oky iýilip işlemän ýatan dokma stanogyň daşynda Gylyjyň ýeke özi hiňlenip oýlanyp ýör. Baryp salamlaşdym welin, ol ýylgyryp: „Nikolaý Fedorowiç, seretseňizläň, şu çaka çenli kellä gelmeşini diýsene, bu oklary täzelemek bir ýönekeýje bir zat ekeni. Öten agşam öýde köne stanoklaryň çyzgysyny gözden geçirip oturdym, birden bir zat ýadyma düşäýdi. Şu oklaryň uzynlygy deň. Şoň üçinem oklary tersine öwrüp goýaýmaly. Ýöne öňki iýilen tarapyny tersine edip goýmankaň şol iýilen ýerini elektrik bilen kebşirläp dolduraýmaly, bolany şol“ diýip, stanogy herekete getirýän knopkany basyp goýberdi. Köne stanok edil täzeden janlanan ýaly bolup herekete geldi – diýip, baş mehanik ýylgyrdy. Soňam täzeden söze başlady. - Sehde Wýaçeslaw Suharew, Wiktor Podasilnikow, Ýagmyr Prazbaýew, Hoja Begmedow, Aman Myradow ýaly ökde slesarlar derrew Gylyjyň bu täzeligini alyp göterdiler. Şeýlelik-de, köne dokma stanoklarymyz özleriniň ikinji ömrüne gadam basdy. Bu täzeligiň kärhana getiren ykdysady peýdasyny aýdyp oturmagyň geregem ýok. Bu şeýle-de belli ahyryn diýip, fabrik komitetiniň başlygy Roza Paýzyýewanyň ýüzüne seretdi. Onuň bu seredeşinde „Meniň ýeke özüm gürläp oturmaýyn. Sizem bir zatlar aýdyň ahyryn“ diýýän garaýyş bardy. - Halypaçylyk etmekde-de Gylyja käbir adamlar degişli diýip, Roza Paýzyýewa sözed başlady. – Ýaňy Nikolaý Fedorowiçiň atlaryny tutan slesarlarynyň ählisem Gylyçdan tälim alyp, ökde slesarlaryň hataryna goşulan ýaşlar. Bu sehde özara ýaryşa-da uly üns berilýär. Gylyjyň ýolbaşçylyk edýän sehi egirme stanoklarynda remont işlerini geçirýän Gurban Käbäýewiň ýolbaşçylyk edýän remont-mehaniki sehi bilen ýaryşýar. Sebäbi bu iki sehde umumy şertler bir meňzeşräk. Seh naçalnikleri Gurbanam Gylyjam öz işine berlen ezber ýigitler. Şonuň üçinem bu iki sehiň arasyndaky özara ýaryş häzir-ä deňeçerräk ýagdaýda. Ýöne sehleriň haýsynyň has öňe geçjekdigini wagt görkezer diýen tamama tamamyz bar. Gylyjy seh naçalnikligine teklip edenimizde ýalňyşmandygymyza begenýärin. Çünki oňa bildirilen ynamymyz häzir-ä ödelýär – diýip, gürrüňi jemleýän görnüşe geçdi. * * * Kärhananyň zähmet adamlary bilen hoşlaşyp daşary çykanymyzda nazarym kombinatyň bir omzuna seplenip duran äpet kuranta saklandy. Bu kurant otuz ýedi ýyl mundan ozalky mähriban Aşgabadymyň başyna inen belada-da sarsman, oňa hötde gelipdi. Özüniň 55 ýyllyk ýubileýini belläp geçen respublikamyzyň iň ilkinji kärhanalarynyň biri bolan bu kombinatyň merdan zähmet adamlary, mertligi, edermenligi misli şu kurantdan öwrenýän ýaly bolup göründi. Sebäbi her gün irden olar kuranta salama gelýärler ahyryn. Annameret DURDYMÄMMEDOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |