OGUL DAWASY
Öýde Gerçek bilen ýedinji gyzy bolup, bäbekhanadan ýañy gelen aýaly Sona öýkeli ýaly, hersi bir ýana bakyp otyrlar. Dymyşlygy aýaly bozansoň, gürrüñdeşlik şeýle dowam edýär:
- Kakasy, çaý işjekmi ýa nahar iýjekmi?
- Hiç zat iýjegem däl, içjegem däl!
- Beýdip oturmasana! Allanyñ bereni bolar-da! Mende günä ýok ahyry?!
- Dogry-da walla, her gezek bäbekler öýüne baramda, gyzyñ boldy diýseler, depe saçym üýşýär-ow, çydamok mundan artyk! Sen meni asla äsgereñok, meni erkek hasaplañok!
- Men nädeýin, menem oglumyñ bolanyny gowy görýän-le, beýdip oturma-da, gel, hany naharyñy iý!
- Iýjek däl diýdim-ä, asla şu öýe giresim gelenok! Dostlarymyñ ýanynda-da ýüzüm ýok-how meñ! Her gezek çaga boljak bolanda oglum bolsa, gowy oturarys diýýän welin, ýene gyz bolýar. Onsoñ olaram gaty görýä, ho-w! Senem bir gezek erkek bolaý.
- Weý, gyz näme adam dälmi? Dostlaryñy çagyr-da oturaý.
- Näme diýsene keýwany, sen maña zat öwretme, näme etjegimi özüm gowy bilýän, başga birine öýlenjek.
- Goýaweri kakasy, näme başga aýal alanyñda ol ogul dograr öýdýäñmi? Toba edeweri!
- Ogul dogurýan aýala duşýançam, öýlenjek. On iki süññüme on iki aýal aljak, biri-hä ogul dograr-sa!
- Gerçek jan, beýdip masgara boljak bolma! Entek başymyz ýaş, oglumyzam bolar-da.
- Näme ogul boljak bolsa, şu wagta çenli sähet isleýärmikä?
- Gerçegim, beýdip keýpimizi bozup oturmaly-la. Gowusy gel, gyzymyza gowja at dakaly.
- Bizar boldum gyza at dakmakdan. Iljinji gyzymyza begenip Tawus dakdyk, ikinjä Sülgün, üçünjä Laçyn diýil at dakdym. Asyl bu guşlañ yzy gutarmady. Güýz gargasy ýaly bolşup. Dördünji gyzyma ogla ýanap Ogulgerek dakdym, bäşinjä Gyzsoñy, altynja indi gyz gerek däl diýip Bessir dakdyk. Ýeri, ýedinjä näme gerek diýsene?! Gözjagazyny jüýjerdip, bu-da gyz-da. Muña-da Doýduk dakaý, şu gyzyñ bolaly bäri iýmeden-içmeden, şu dünýädenem doýdum, owf!
- On iki gezek öýlenjek diýip, aýaldan-a doýdum diýeñok, menem äsgereñok!
Şol wagtam goñşy aýallar Bibi bilen Patma bäbek görmäge gelýärler. Bibi bada-bat söz oklaýar:
- Gerçek goñşy, sag-gurgun otyrmysyñyz? Sona gelin, gözüñ aýdyñ, ýene baý bolupsyñyz, ýaşy uzyn bolsun!
- Tüweleme, ýene baý bolupsyñyz, ýaşy uzyn bolsun, enesine-atasyna mähirli gyz bolsun! - diýip, jorasy Tylla-da onuñ sözüni alyp göterýär.
- Aýdanyñyz bolsun, goñşular, geliñ-geçiñ! - diýip, Sona gelin goñşularyna hödür-kerem edýär.
- Salawmaleýkim, geliñ-geçiñ! - diýip, Sona gelin goñşularyna hödür-kerem edýär.
- Salawmaleýkim, geliñ-geçiñ, bäh goñşular diýýän-ä, görä ogullylaryñ gürlän bolşuny?! Biz-ä baý bolmadyk, waý bolduk. Heriñiz at oýnadan bolýañyz-aý! - diýip, Sonanyñ adamsy öýkeli hüñürdeýär.
- Bolýa-la, Gerçek. "Öñüm gelenden soñum gelsin" diýipdirler, oglumyzam bolar, enşalla! - diýip, aýaly Sona teselli berýär.
- Mesirgän bolmasana, Gerçek goñşy, holha gaýraky goñşy Illi neresse gyzyñam dyrnagyna zar bolup ýör. Onsoñam näme ekseñ şol gögerer-dä, gyz boldy diýip Sonanyñ göwnüne degäýme. Täze bäbegi bolan gelindir, birden gaýry üzüläýmesin. Ýene özüñ kösenersiñ - diýip, Tylla-da Sonanyñ arkasyny tutýar.
- Gaýra üzülse, kömekçi bolar diýip, içerini gyzdan doldurdy garynja ýaly edip, sereder-dä şolar ejelerine, meñ nä işim?! - diýip, Gerçek ýene-de öýkeli hüñürdeýär.
- Baý-bow goñşy sende-hä utanjam ýok eken! Toba-toba! - diýip, goñşusy Bibi ýakasyna tüýkürdi. Gerçek ýene-de ot aldy:
- Utanýan, onda-da beter utanýan, gezek bäbekhanada gyzyñ boldy diýýärler welin, ýer-ä ýarylanok, menem giribilemok.
- Waý-eý, "Utanmazak gyz geçiniñ guýrugyndan utanar" diýlişi ýaly, utanmasyz zada utanýañ-la. Meñ adamym-a yzly-yzyna alty oglum bolanda "Näme-how, gyz dogurma niýetiñ ýokmy, bulary soñ öýli-işikli etmegem-ä gerekdir!" diýip, igenip alaýýady - diýip, Tylla göwünlik berdi.
Gerçek barha bat aldy:
- Her haýsyñyzyñ ogluñyz bar welin, diliñu uzyn-da, arkaýyn gürleýäñiz, gyz edesiñiz gelse, holha Sonany äkidäýiñ! Nädip gyz etmelidigini şol öweder size!
- Bolýal-la, goñşy, biz-ä bäbek görmäge geldik, señ bilen ýañkalaşmaga gelemzok. Berseñiz-ä bir käse çaý işjek, ýogsa-da sag oturyñ, gitdik. Toba özünden görenok gyz bi? - diýip, Bibi tasanjyrady. Sona oña göwünlik berdi:
- Otursañyzlañ, goñşular. Gerçek ýöne degşen bolýandyr. Gerçek, bar senem içki otaga gir-de, biraz ýatyp dynjyñy al.
Aýna ATAÝEWA.
Satiriki hekaýalar