13:50 "Özüñe nesip etsin!" | |
"ÖZÜÑE NESIP ETSIN!"
Satiriki hekaýalar
- Be, şu Anna wala-waladan bizar boldum-aý, haçan görseñ, ýoldadyr özem. Sen işlimiñ-işsizmiñ, oña seretmez. Ýanyñda dikilgazyk bolup samahyllap durandyr. Gelen badyna: "Geçip barýardym-da, salamlaşaýyn diýip sowuldym" diýer-de, dünýäñ gürrüñini eder, pah-pah, oñ tanamaýanam ýok, tüýs wala-wala diýseñ, wala-wala-da. - Ýak, goñşy. Şondan dynmañ, gutulmañ tärini öwredeýinmi! - Gaýrat et-de, öwretsene! - Heý şonuñ senden pul soran wagty boldumy? - Wah, goñşy, dek düýnem sorady. - Soran puluny bäş-alty günden getirip bereweri! - diýip, ber bakaly, nädersiñ soñ töwerekde şony göräýseñ. - Be, olam-a bolman durjak däl eken welin, birine "Bir zat ber" diýseler, meñki bolanok-da. - Aý, onda goñşy, ýagyñ özüñe nesip etsin! Aýna ATAÝEWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |