19:48 "Sapak bolsun!" / gülküli kyssa | |
"SAPAK BOLSUN!"
Gurban aga keýwanysyny alyp, dostlarynyñ birine myhmançylyga gidýär. O ýere baransoñ, oña bir zat ünji bolýar. Ahyry ynjalman: "Hany, öýe jañ edip göreýin-le, oglanlaryñ birden-biri öýe gelmedimikä, göwnüme bolmasa, gazy ýa-da suw kranyny öçürmedik ýaly bolup durun ýa-da telewizory öçürdimmikäm?" diýip, oýlanyp, öýlerine biri bar eken. - Alýo-alýo, hä Geldi jan, oglum, senmi? - Aý, ýok, men Geldi jan-a däl. - Hä, onda Berdi oglum, senmi? - Ýok, ýaşuly, men Berdi hem däl, Aldy. - Aldy bolanda kim bolýa? Sen näme işleýäñ biziñ öýümizde, alýo, eşidýäñmi, how?! - Eşidýän-le. Asyl siz bu öýüñ eýesimi? - Hawa, men şol öýüñ eýesi, tanyt-da, how, sen özüñi! - Menmi, men öýleri tämizleýji. - Wah, aýdýan-a huşum gursun, suw kranyny ýapan däldirin. Özümizem dokuzynjy gatda ýaşaýarys. Aşakdaky ähli goñşylañ öýüni haraplandyrys. - Ýok, ýok, ýaşuly harap bolan zat ýok, gaýgy etme. Suw kranyñyz ýapylan, ýöne gapyñyzy gulplaman gidipsiñiz. Alada etmäñ, siz gelinçäñiz top oýnabermeli ederin. Gurban aga aljyrap: - Alýo, inim, alýo, eý ogry, alýo, polisiýa - diýip gygyrýar. Soñam dosty bilen howul-hara sagbollaşyp, aýalynam alyp, öýlerine gaýdýar. Gelip görse, uly ogly Geldi gülüp otyr. Gurban aga gele-gelmäne: - Hany ogry? - diýip soraýar. - Wah, kaka, bir ýere gideniñizde, gapyny berk gulplañ ahyry, henizem meniñ gelenim gowy bolaýdy. Señ bilen telefonda sesimi üýtgedip gürleşen men. Şeýtmesem, ýene gaýtalarsyñyz diýdim-dä. - Aý, bolýa-da, oglum, gaty oñardyñ, indikimize berk bolarys-da - diýip, Gurban aga ýylgyrmak bilen jogap beripdir. Aýna ATAÝEWA. | |
|