15:35 Okasaňyz, çeper eser okaň! | |
OKASAŇYZ, ÇEPER ESER OKAŇ!
Edebi makalalar
Eger-de siz hyýal ediş, göz öňüne getiriş aýratynlygyňyzdan göwnüňiz suw içmeýän bolsa, onda size maslahat — çeper edebiýaty köp okaň. Okamagyň ähmiýeti örän uly, bu hakda habar beriş serişdelerinde, köpçülik ýerlerinde, toýtomgularda öwranöwran ýatlanylýar. Haýsy ugurlara höwesli bolsaňyz, hersiniň özüne mahsus edebiýaty bar. Köp okamak juda köp zada peýdaly. Şol bir wagtda şol bir eseri köp okamak bilen köp eser okamagyň hem arasynda tapawut bar. Tejribeli hünärmenler uzak ýyllaryň dowamynda ýörite synag geçirip görüpdirler. Şoňa laýyklykda, çeper edebiýaty okamak iň ähmiýetlisi diýen netijä gelipdirler. Çeper eserleri yzygiderli okamagyň birnäçe peýdasy bar. 1.Duýgudaşlygyňy ösdürýär. Çeper edebiýat iň belent adamkärçilik häsiýetleriniň biri bolan duýgudaşlygy, başgalaryň ykbalyna biparh garamazlygy öwredýär. Özüňi başga biriniň ornunda göz öňüne getirmäge kömek edýär. Aýtmaklaryna görä, eseriň bir gahrymany okyjynyň özüdir. Beýni bolup geçen we heniz bolmadyk zatlary deň derejede kabul edýär. Beýniniň çep tarapky bölegi bizi şeýle bir duýgular bilen gurşaýar, hamana, eserdäki gahrymanyň hereketlerini hut özümiz edýän ýaly duýýarys. Bu aňdüşünjä mahsus hadysalaryň biridir. Okaýan wagtymyz biz özlügimizden çykyp, lükgeligimiz bilen gahrymanyň «süňňüne ornaşýarys». Şeýdibem, ünsümizi başgalaryň özüni alyp barşyna, duýgusyna, höweshyjuwyna jemleýäris. 2.Galat düşünjelerden saplanmaga kömek edýär. Çeper edebiýat nähili görnüşde (meselem, hyýaly edebiýat) beýan edilsede, barybir, ol ýerde durmuş kanunalaýyklyklary açylyp görkezilýär. Çeper edebiýat beýlekileriň özlerini alyp barşyna, gylykhäsiýetine sabyrçydamlylygy, düşünip bilmekligi terbiýeleýär. Geçirilen barlaglaryň netijesine görä, mekdep okuwçylaryna çeper eserleriň köp okadylmagy olarda jemgyýete peýdaly zerur häsiýetleri terbiýelemäge kömek edýär. 3.Näbellilikden gorkmaýarlar. Durmuş hemişe endigan bolup duranok, mahalmahal onuň duýdansyz böwetleri, çarkandaklary sabrymyzy synap, takadymyzy gozgap görýär. Köp adamlar näbellilikden — heniz bolmadyk, belkide, asla bolmajak zatlardanam aşa howatyrlanýarlar. Käbir wakalary bolsa has çişirip, göz öňüne getirýär, dowla düşýärler. Çeper eserleri köp okaýan adamlar ýerliksiz howsala gaplanmakdan azatdyrlar. Çünki okalan zatlaryň täsiri olarda tapbilerligi terbiýeleýär, özlerine bolan ynamy berkidýär. Çeper eserleri köp okaýanlar giň gerimli pikirlenýärler. Her bir meseläni döredijilikli we oýlanyşykly çözmäge çemeleşýärler. 4.Hyýal güýjüni ösdürýär, giň gerimli pikirlendirýär. Meşhur iňlis ýazyjylarynyň biri Jozef Konrad: «Ýazyjy eseriň diňe ýarysyny ýazýar. Beýleki ýarysyny okyjynyň özi düzýär» diýip belleýär. Dogrudanam, ussat ýazyjy eserinde hiç wagt hemme zady doly beýan etmeýär. Ökde ýazyjylar aýdylaýmaly möhüm zatlaryň gürrüňini edýärde, okyjynyň özüniň pikirlenmegine, oýlanmagyna, özüniň netije çykarmagyna hem köp ýer goýýar. Käbir zatlar, mysal üçin, gahrymanyň daşky keşbi, geçmişi, ýagdaýy, üstünden kükeýän ysy, sesiniň owazlylygy ýaly aýratynlyklary okyjynyň özi kesgitleýär, özüçe göz öňüne getirýär. Bu bolsa okyjynyň pikirleniş güýjüni ösdürýär. Egerde siz hyýal ediş, göz öňüne getiriş aýratynlygyňyzdan göwnüňiz suw içmeýän bolsa, onda size maslahat — çeper edebiýaty köp okaň. Çeper edebiýat siziň hyýal güýjüňizi we pikirlenişiňizi, geljegi göz öňüne getirip bilşiňizi ösdürer. Geljegi neneňsi anyk göz öňünde janlandyryp bilseňiz, ol, hakykatdanda, siziň ykbalyňyzda janlanar. 5.Sagdyn uky we güýçli nerwler. Lapykeçlikden, tukatlykdan ejir çekýänler üçin ünsüňi başga zada sowup bilmek örän peýdaly, emma munuň iň täsirli serişdesi — kitap okamak. Geçirilen ylmy barlaglara görä, güýçli damar urgusyny peseltmek hemde myşsalaryň dartgynlylygyny 68% gowşatmak üçin baryýogy alty minut kitap okamak ýeterlik. Deňeşdirmek üçin: saz diňlemek — 61%, gezimgezelenç — 42%, wideooýunlaryna güýmenmek — 21% rahatlandyrýar. Ýatmazdan ozal kitap okamak ukusyzlygyň birebir emidir. Ol gerekmejek zatlardan ünsüňi sowýar, rahatlandyrýar we uklamaga kömek edýär. 6.Ýatkeşligiňi hem-de pikir yzygiderliligini ösdürýär. Uly romanlaryň gahrymanlaryny ýada salmak, wakalaryň yzygiderliligine, öwrümlerine düşünmek üçin diňe bir güýçli nerwler däl, eýsem, güýçli ýatkeşlik we logiki yzygiderlilik hem gerek. Köp okamak ýatkeşligi ösdürýän iň täsirli serişdeleriň biridir. Barlaglara görä, kitap okamaga endik eden adamlar ýaşy goýalyşan wagty huşsuzlyk derdinden ejir çekmeýärler. Okamak üçin saýlan eseriňiz näçe uzak bolsa, beýniňiz hem şonça gowy işleýär. 7.Söz baýlygyňyzy artdyrýar. Geçirilen barlaglar okalýan çeper edebiýatyň mukdary bilen söz baýlygynyň arasynda berk baglanyşygyň bardygyny görkezýär. Has köp okaýanlar, esasanam, çeper edebiýaty köp okaýanlaryň söz baýlygy az okaýanlaryňkydan, esasanam, çeper edebiýaty az okaýanlaryňkydan üç esse köpdür. «Hiç zat okamaýanlaryň sözünde tagam ýokdur» diýen düşünje bar. Owadan gürlemek isleseňiz, çeper edebiýaty köp okaň. Şeýtseňiz, owadanowadan pikirler diliňize geler durar. Düzýän sözlemleriňiz çeper bolar. Leji çykan sözleri gaýtalamakdan we şol bir sözleri ýanjap durmakdan halas bolarsyňyz. Çeper sözleýiş özüňize bolan hormaty hemde ynamy has artdyrar. 8.Täze dostlar, täze gatnaşyklar, täze gözýetimler, täzeçe pikirlenmeler. Çeper edebiýat bizi täzetäze gahrymanlar, adamlar, häsiýetler bilen tanyşdyrýar. Olaryň dürli başdangeçirmeleri, özlerini alyp baryşlary, ýagşyýaman taraplary duýgularymyza täsir edýär. Olary söýýäris, sylaýarys, goldaýarys ýada ýigrenýäris, ýazgarýarys, jedel edýäris. Şeýtmek bilen hakyky duýgulary başdan geçirýäris. Çeper edebiýaty okanymyzda gündelik aladahysyrdylardan ünsümizi sowmak bilen çäklenmeýäris, täze tejribeleri hem gazanýarys. Çeper edebiýat başgalara düşünmegi, duýgudaşlygy, rehimşepagatlylygy öwredýär. Ol hyýal güýjüni ösdürýär, söz baýlygymyzy artdyrýar. Çeper edebiýatyň muşdaklary giň gerimli pikirlenýärler, täze tejribeleri toplamaga, täze zatlary öwrenmäge, meseläni döredijilikli çözmäge ymtylýarlar. Iň esasysy bolsa, çeper edebiýaty köp okaýanlar, özlerini hemişe ynamly, ýaşaýyş bilen sazlaşykly alyp barýarlar. Rus dilinden terjime eden Ene MUHAMMETMYRADOWA Türkmenbaşy şäherindäki 6-njy orta mekdebiň mugallymy. Çeşme: "Dünýä edebiýaty" žurnalyndan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |