08:38 Ökünç | |
ÖKÜNÇ
Goşgular
![]() Gaplan bolsa gerek şöhrat serimi, Ýalan bolsa gerek ýürek nalam hem. Döredýärkäm goşgy setirlerimi Göze görünmeýär eziz balam hem. Dünýäniñ waspyna şirin söz gözläp Ýörşüme, çagama hoş söz diymedim. Ýanyma gelende mährimi isläp, Kowdum, mañlaýyndan ogşap söýmedim. Galam elimdemi, diýmek-bu çynym! Ýaýrap açylmazlar gül gunçasy dek. Otagymda galan oýnawajyny Sorap almaga-da etmezler ýürek. Jaýyñ bir burçunda ýanýar gözleri, Olar näme pjkir edýärler onda?! Duzsuz şygrym üçin şirinden-şirin Balalarym gezýär daraklygynda. Olar maña meñzäp ýazmasyn goşgy, Nepi degsin, ili bassyn bagryna. Wah, ýüzüne közler degsedi, käşgä, Balamy agladyp ýazan şygrymyñ. Muhammet ÝUSUP. Terjime eden: Gurban Gurbanow. | |
|
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |