11:53 Omar Haýýamdan rubagylar | |
OMAR HAÝÝAMDAN RUBAGYLAR
Goşgular
![]() Dünýäden gorkýa diýp pikr etme bijaý, Ölümden gorkym ýok, ondan göwnüm jaý, Ölmek hakykatdyr, men ondan gorkman, Güzeran pes bolsa, şol günüme waý! *** Eger-de uzatsam zülpüňe elim, Çyn aşyk bolmasam, kesilsin dilim, Zülpünde görüp men däli göwnümi, Öz ýesir göwnüme uzatdym golum. *** Meý içip, göwnümiz gel, şat edeliň, Gelerden-geçerden kem ýat edeliň, Gam laýyna batan bu ýesir göwni Akyl duzagyndan azat edeliň. *** Gülüň möwsümidir, baga gideliň, Şerigata garşy bir iş edeliň, Gül ýaňakly ýarlar bilen şerapdan Göklügi gülzara öwrüp gaýdalyň. *** Söýgülim, haýsy el ýaratdy seni? Görküň utandyrdy aý şöhlesini, Gözeller baýram diýp ýüzün bezese, Sen ýüzüň husnundan bezeýäň ony. *** Sopulyk ylmyndan gaçan ýagşydyr, Bir ýaryň bilini guçan ýagşydyr, Dünýä ganymyzy içmezden ozal, Üzümiň ganyny içen ýagşydyr. | |
|
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |