09:36 Ömri bezän hünär | |
ÖMRI BEZÄN HÜNÄR
Publisistika
"Obahyzmat” önümçilik kärhanasynyň demir ýonýan ussahanasynda stanoklaryň sazlaşykly sesi özboluşly zähmet mukamy bolup ýaňlanýardy. Ussalaryň hersi öz işi bilen mübtelady. Stanogyň almaz päkisine degip aýlanýan demirden metal ýonuşgalary kesilen unaş ýaly bolup dökülip durdy. Gözüň görüp dursaň, ýonulýan zadyň demirdigine ynanar ýaly däldi. Şol pursat ussahananyň işigi açyldy-da, ýaşy ep-esli durugşan aýal girdi. Ony gören batlaryna ussalaryň bary bir pursat işlerini togtadyp: "Salawmaleýkim, halypa!” diýşip, oňa tarap ýöneldiler. Oral aýal ussa ýigitler bilen salamalaşyp durşuna: - Bu ýerlik hiç hili işim-ä ýok, ýöne ömrümiň saldamly böleginiň geçen ýerine bir zyýarat edeýin diýip geläýdim. Ol şeýdip, özüniň bu ýere gelmeginiň sebäbini aýtdy. - Gowy edipsiňiz, Ýazgül eje! Köp duz iýen ýeriňiz. Salama gelmek sogap. Hem şägirtleriňizden habar alýaňyz. Ussalaryň biri çetki stanoga elini salgady: - Hol-ha, siziň işlän stanogyňyz. Häzirem gurat işläp dur. - Seresap işläp, abat saklaweri. Stanogym häzirem gözüme yssy görünýär. Ýazgül eje şeýle diýdi-de, özüniň tas kyrk ýyllap işleden stanogyny mähir bilen sypalady. Ryçagynyň çaňlaryny süpürişdirdi. - Döwletli stanokdyr. Ol şeýle diýdi-de, üns berip, ony işledýän ýigide bakyp dowam etdi. - Maňa at-abraý, çagalaryma rysgal, öýüme döwlet beren stanokdyr. Göziň göreji ýaly sakla. Ýazgül Allaberdiýewa şägirtleri bilen bir pursat gürleşdi-de, soňra olar bilen mähirli hoşlaşdy. Soňam öýüne dolandy. Şonda ol öňki işlän ýerine barmagyň adamda ýakymly duýgulary oýarýandygyna ýenede bir gezek göz ýetirdi. Zenan maşgala adatça, tikin-çatyn işine, keşde çekmäge, keçe basyp, haly do- kamaga ýykgyn edegen bolýar. Ýakyn gayndaşy Oguldöndi sebäp bolmadyk bolsa, belki, Ýazgül hem zenan maşgala mahsus kesp-käre ulaşsa ulaşar giderdi. Ýöne ol Oguldöndiniň täsiri bilen ol zenan maşagala üçin adaty bolmadyk käre - demir ýonujynyň kesbine ulaşdy gidiberdi. Başagaça aýdanda, keşdäni demre çekýän boldy. Ýazgül özleriniň ýakyn garyndaşlary Gurbandurdy kakalaryna görme-görşe, gezelenje häli-şindi barar durardy. Soň ol Gurbandurdy kakasynyň gyzy Oguldöndiniň kakasynyň ýanyna demir ýonujy bolup işe girendigini eşitdi. Şondan soňky gezek baranda, Oguldöndiniň demir ýonujy stanok, onuň güýji bilen ýerine ýetirilýän işler dogrusynda berýän gürrüňlerini haýran galmak bilen diňledi. Soňam okuwdan her dynç alyşda Gurbandurdy kakalaryna gidenini kem görmedi. Bir gezegem, ol Gurbandurdy kakasyna onuň iş ýerine baryp göresiniň gelýändigini aýtdy. Gubandurdy kakasy onuň bu haýyşyna razylyk berip, oňa köp manyly seretdi. Onuň bu garaýşyndan: "Senem bu käri saýalaýmasaň ýagşy-ow, içgin gyzyklanyp, sowallara tutuşyňdanam syzýadym-la...” diýen pikirlerini okamak bolýardy. Şol gün Ýazgül ejäniň ömür ýadyndan çykmaýar. Onuň gökdäki dilegi ýerde gowuşypdy. Ol Oguldöndi bilen onuň iş ýerine bardy. Demir ýonýan stanogy ilkinji gezek ýakyndan synlap gördi. Demir ýonulyşyny içgin synlady. Içinden: "Älhepus, adam demre-de diýenini etdirip bilýän eken-ow!” diýip oýlandy. Şol pursat onuň kalbynda, ulalanda demir ýonujy bolmak arzuwynyň ilkinji uçgunlary döräpdi. Ýazgülüňki ýene şowuna boldy. Gurbandurdy kakasy olara geldi-de: "Oglum harby gulluga gitdi. Öýde aýalymyň bir özi. Ýazgül biraz bizde bolup, aýalyma kömekleşsin” diýip, onuň kakasyndan haýyş etdi. Şeýdip, Ýazgülüň gökdäki dilegi ýerde gowuşdy. Ol arzuw edýän kärine bir ädim golaýlaşdy. Ol Gurbandrdy kakalarynyň öý işlerine kömekleşmekden daşary, käte iş ýerine baryp gaýdýardy. Asyl ykbal Ýazgülüň nesibesini Gurbandurdy kakalaryna ömürlik ýazan eke-ni. Oguldöndi ýokary okuw mekdebine gitdi-de, Gurbandurdy onuň ýerine Ýazgüli işe geçirdi. Soňam Gurbandyrdy kakasynyň ogly Ýazdurdy bilen ykbalyny ömürlik baglady. Hünär adamyň ykbalyny, ömrüni bezeýär. Dünýäde ençeme hünärler bar. Aslynda her bir hünäriň özüne mahsus kynçylygynyň bolýandygy aýdyňdyr. Durmuşyň ýazylmadyk kanunlarynda şeýle pelsepe bar. Yhlas bilen edilen arzuw haçanam bolsa hökman hasyl bolaýmaly. Hasyl bolmajak zady bize Ýaradan arzuw etdirmeýär. Bu barada akyldar şahyrymyz Magtymguly "Yhlas bilen bir kämilge gol beren, Ýeter myradyna ýetmeýen galmaz” diýip belläp geçýär. Şu nukdaýnazardan seredinimizde, bu aýdylanlar täsin hünäriň eýesi tokar zenan Ýazgül Allaberdiýewanyň hem ykbalyna degişlidir. Ol häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda ýaşaýar. Ýazgül eje häzirki wagtda hormatly dynç alyşda. Biz bu täsin hünärli zenanyň agzybir maşgalasynda myhmançylykda bolup, onuň geçen zähmet ýoly, tokar stanogyna erk etmegiň inçe syrlary barada gürrüňdeş bolduk. Ol bize şeýle gürrüň berdi. - Bilşimiz ýaly "Obahyzmat” kärhanasynda gaty köp görnüşli tehnikalar hereket edýär. Olaryň ätiýaçlyk şaýlarynyň hemmesi bolmasa hem, aglaba bölegini tokarlar şu kärhananyň özünde bejemek bilen üpjün edýär. Tehnikalarda tiz sandan çykýan bolt, gaýkylar, silindirdir, konuslar, içki dwigatelleri herekete getiýän enjamlar, içki-daşky hyrlary we ýene şular ýaly ätiýaçlyk şaýlary bejermeli. Olaryň bejerilmegi üçin hökmany suratda şol şaýlaryň nämede we nirede nähili hyzmaty ýerine ýetirýändigini bilmeli bolýar. Demriň ölçegini takyk almaly we gerekli ölçegde ýerine ýetirmeli. Bu bolsa gaty ünsli bolmagy talap edýär. Ätiýaçlyk şaýlar uly ýa-da kiçiligine seretmezden, howlukman be-jerilmeli, şonda olaryň ulanylyş möhleti hem uzaýar. Harsal bejerilen zadyň umumy işiň bökdençsiz işlemegine päsgel berjegi anyk. Stanok berlen ölçegi taýýarlap berýär. Şonuň üçin ölçegden hökmany suratda anyklyk talap edilýär. Umuman alanyňda, ätiýaçlyk şaýlaryny bejertmäge gelen mehanizator ýa-da sürüjiniň hoşal bolup gitmegi üçin her bir bejeren şaýlarymyzy ýokary hilli bejermegi talap edilýär. Men şonuň hemişe hötdesinden gelmäge çalyşýardym. Işime bolan höwesim we yhlasymyň çekýän ýadawsyz zähmetim meniň basym adymyň diňe bir "Obahyzmat” kärhanasynda, etrapda däl-de, welaýat, döwlet möçberinde täsin hünärli zenan hökmünde giňden tanalmagyma getirdi. Şol wagtky metbugatda meniň kärim, işleýşim barada suratlarym, makalalar çykyp başlady. Tiz wagtdan gös-göni meniň adyma Moskwadan ilkinji aýal kosmonawt, şol döwürde zenanlar guramasynyň başlygy bolan Walentina Tereşkowadan ýörite öz adyma täze tokar stanogy geldi. Bu hem meniň işime, kärime bolan höwesimi has-da güýçlendirdi - diýip, zähmet ýolunyň ilkinji ýyllaryny buýsanç bilen ýatlaýar. "Azyndan on ýyl işlänsoň, tüýs demriň piri bolup ýetişýäň” diýip, Ýazdurdy aga wagtyhoşluk bilen tokarçylyk käriniň kyn bolsa hem hötdesinden gelip, köp gezek "Hormat hatlara”, gymmat bahaly sylaglara, il alkyşyna mynasyp bolan Ýazgül enäniň geçen ömür ýolunyň käbir pursatlaryny göz öňüne getiýär. "Çäksiz ünslüligi we takyklygy talap edýän bu hünäriň hötdesinden gelmegi Ýazgüle mehanizatorlaryň ýörite gelip aýdýan alkyşlaryndan, hoşallyklaryndan hem bilmek bolýardy. Ýer sürüm wagtlary tehnikalaryň bökdençsiz işlemekleri üçin zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary wagtly-wagtynda we örän oňat hilli edip taýýarlamak üçin iş wagty tamamlansa hem işlemeli bolýardy. Çünki ol edýän işinden lezzet alyp işleýärdi” diýip, sözüniň üstüni ýetirip, uzaklara nazar aýlady... Bu gün Ýazgül enäniň we Ýazdurdy aganyň bagtyýar maşgalasy bar. Uly gyzlary Tawus etrap hassahanasynda zähmet çekse, körpe gyzlary Maýagözel bolsa etrabyň 7-nji çagalar-bakja bagynda aýdym-saz mugallymy bolup işleýär. Ogullary Guldurdy we Mäter bolsa, ata-enesiniň kesbini dowam etdirip, üç arkadan nesilden nesle geçirip gelýärler. Ine, orta boýly, ýüzünden nur ýagyp duran Ýazgül ene agtyklaryny daşyna üýşürip, nämedir bir zatlary gyzykly edip gürrüň berýär. Olaryň hem öz gezeklerinde jagylda-jugul bolşup, mekdepde öwrenen goşgulary daş-töwerege çeşmäniň ýakymly owazy ýaly bolup ýaňlanýar. Ene ýüregi bolsa: "Döwrümize döneýin, bizi bagtyýar zamanada bagtly döwürde ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, il-ýurt bähbitli tutýan tutumlary rowaç alsyn!” diýýän alkyşly sözleri ganat baglap, kalbymyza ýol saldy. Oguljennet NAZAROWA, Akdepe etraby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |