21:57 Ömür arabasy | |
ÖMÜR ARABASY
Goşgular
Käte-käte ýüküñ agyr bolsa-da, Ýöräp barsa, ýeñil gopar araba. Arabakeş aryp-ýadap, solsa-da, Sürüp barýar näbelli bir tarapa. Säher bilen münýäs onuñ üstüne, Ýykylaýsak, meger, çat açar beýni. Ýaltalygam etmän, näz etmän, ine, ''Haýda!'' diýip gygyryşýas! ... keýni. Günortanlar öñkülik ýok, biz gurpdan Gaçyp barýas, loñkullaşyp bir pelle. Gorkýas biz öñdäki eññitden, gorpdan, Gygyrýarys: ''Assarak, eý, pañkelle!'' Tigirlenip barýar öñki ýol bile, Öýlänler öwrenşip, ynjalýar göwräñ. Irkilşip barýas biz ýatjak ýermize, Wagt bolsa atlary gyssaýar örän. * * * Gutardy, indi hiç gatnaşygmyz ýok. Soñky gezek gujaklap señ dyzlaryñ, Aýtdym saña bar hesretli sözlerim. Eşitdim men señ jogabyñ ㅡ bolanok! Ýene men özümi aldap bilmerin, Yzyña gussaly düşmen, düşündim. Megerem, undaryn geçen günlerim, Bu söýgi meñ üçin däl eken, bildim. Sen heniz ýaş, kalbyñam päk, eý, juwan, Söýlersiñ, kän ýigdi kylyp bendiwan. ■ WULFA ÝAZYLAN HATDAN Salam, eý, Wulf, hemdemim! Sen gyşda bir gelsediñ. Hem şahyr Ýazykowy Bu taýa äkelsediñ. Atly bir gezelenç etsek, Keýp edip sapança atsak, Laýon ㅡ buýra saçly dogan (Mihaýlowskide ýöne däl olam) Äpet bir hazyna getir, Bir çüýşe däl, tutuş ýaşşik. Gurarys bir otutlyşyk, Triogorskide Gün batar, Dostlar turman içre ýatar. Gündizler söýgä derkardyr, Gije bulgur howandardyr. Mes bolarys öler ýaly... Hem söýeris öler ýaly... ■ ÝAZYKOWA (Mihaýlowsk, 1824) Süýji dostluk ähli şahyrlañ baryn Birleşdirýär gadym eýýämden bäri. Olar ýalñyz ýalnyñ çekýär azaryn, Bary bir ylhamyñ hyzmatkärleri. Hersiniñ aýry bir täleýi bardyr, Baryn birleşdirýän bir Ylhamdardyr. Aýtsam, Owidiýden ant içip, rastym, Eý, Ýazykow, saña golaý men, dostum. Wah, men bireýýämler, säher çaglary Derpt ýolaryna çykardym ahyr. Arzyly bosaga agyr hasamy Urup, señ gapyñy kakardym ahyr! Aladasyz günleñ jemalyn synlap, Göwnüm açyp, ýene gelerdim gaýdyp. Joşgunly hem erkin söhbetiñ diñläp, Akgynly lirañy owazdyr öýdüp. Bagt meñ bilen karam oýun oýnaýar, Bireýýämden bäri öý-öwzarsyz men. Hökmüzorluk nirä gitsem, goýmaýar, Ýatsam, nirde oýanjagmy bilmeýän, Baky yzarlanma, şindem sürgünde Günüm geçýär, el-aýagym baglanan. Gulak salyp meniñ meýlime, sen-de Meniñ süýji duýgularmy aldama. Bir obada Pýotryñ ösdüren, Şanyñ, melikäniñ söýgüli guly, Indem unudylyp, guma süsdürlen Meñ arap babamyñ gizlenen ýeri, Ýelizawetany, köşgi, ballary, Lipañ kölgesinde ýatan ýollary, Onuñ salkyn tomuslaryn arzuwlap, Uzak Afrikasyn ýatlan ýerinde Garaşýan men saña. Bizi apalap, Gujaklap, şol obañ çatmalarynda Garşylar gandüşer doganym meniñ. Garagol, ylhamyñ tüýs pygamberi Delwigmiz bar zady, terk edip gamy, Sürgüniñ tümünde iýip tagamy, Garawullañ gözlerine güýdüşip, Wasp edip erkinlik sowgadyn üýşüp, Gurup onda dabaraly oýuny, Tutarys öz ýaşlygmyzyñ toýuny. Goşgy bilen bezäp köñül şatlygny, Meý içip, mes bolup, meýlis sowarys, Işbu gyş agşamnyñ tukatlygyny Şerap bilen, aýdym bilen kowarys. ■ DEÑZE Hoş gal, eý, sen, apat erkinlik, hoş gal! Soñky ýola meñ öñümde durýarsyñ. Mawy tolkunlaryñ sürüp getirýäñ, Hemem buýsanç bilen lowurdaýarsyñ. Göýä dostuñ tukat nalasy ýaly, Hoşlaşyk mahaly ýalbaşy deýin, Seniñ özelenýän gamgyn sesiñi Diñledim men, indem hoş gal, gideýin! Sensiñ meñ kalbymyñ islegli çägi! Mydam gelip kenaryñda serime, Dynç biýrdim göwnümiñ dumanly çagy, Çümüp öz arzyly pikirlerime. Neneñ söýerdim men seslenmäñi señ, Dymyk sesleñ tolkunlardan açmagny. Hem agşam çagynyñ ümsümligini, Hemem özboluşly dolup-daşmagny. Balykçylañ eziz ýelkeni seniñ Näzli şemalyñ saklanyp durýar. Tolkun imre taýyp ýörk, birdenem Däli tolkunlaryñ pagşyldap urýar, Gämileñ sürüsin suwa batyrýañ. Başartmady maña baky taşlamak Butnamaýan gamgyn kenary herhal. Gutlap seniñ haýran galmak duýgyñy, Göndersedim seniñ gaýalaryña Ähli şahyrana joşgunmy derhal! Garaşdyñ, çagyrdyñ... gabdallydym men, Ýersiz ýere janym goýdum azarda. Güýçli hyjuwlarma bendiwan bolup, Galyberdim ýene-de bu kenarda. Nämä arman edip, nirä gideýin? Karar bermän bu perwaýsyz göwnüme. Giñiş boşlugyñda kalbymy örtäp, Meni bir zat örtäp goýmasa günme. Bir gaýañ bar, onda şöhratly mazar, Ömürlik ukuda geýip sowuk don, Ýatyr girip beýik ýatlamalara, Ömür şamçyragy öçen Napoleon. Ol indi jebrinden dyndy ömürlik! Indem oñ yzyndan başga bir geniý Şuwlap gitdi gaý sesine öwrülip, Paýhas-pikirmiziñ soltany-hany... Ýitdi, erkinlik oñ ýasyny tutdy, Dünýä öz täjini goýup gitdi ol. Güwle, deñiz, üste örtünip duman, Ol señ waspçyñ, seni söýüp gitdi ol. Ruhy taýdan sen dük ýaradylandy, Seniñ keşbiñ onda gaýtalanýardy. Sen deý erkindi ol, baş bermezekdi, Señki deý erkindi ol, baş bermezeldi, Señki deý güýç, çuñluk, gamgynlyk boldy. Bu dünýä boşady... indem sen menu Nirä alyp barýañ, eý, äpet umman? Bar ýerde adamlañ meñzeş täleýi: Diýäýseler pylan ýerde eşret bar, Onda taýyn bilimdar ýa hökümdar. Hoş gal, deñiz, seni unutman asla, Örän dabaraly görküñi seniñ. Mahal-mahak geler durar gulagma Agşamlarna täsin güwleýän sesiñ. Tokaýlara, ses-sellemsiz çöllere Äkidip, ýaýaryn seniñ sesiñi. Hem saýañy, hem gaýañy, öwşüñi, Hemem tolkunlaryñ pyşyrdysyny. * * * Tumanskiý dogry aýdypdyr siz hakda, Size janly älemgoşar diýende. Siz şoñ ýaly göze ýakymly, hatda Kalbyñyz şoñ ýaly üýtgeýär günde. Ýaz açylan bägüle-de meñzeş siz, Biziñ alnymyzda bägül deý parlap, Açylýañyz taýsyz gözellik paýlap, Edil şoñky ýalam bar tikeniñiz. Siz bir çeşme ýaly ㅡ meñzetme dogry, Bu maña hoş ýakýar ㅡ çyn ýürekden şat. Ýüregñiz, aklyñyz çeşme deý dury, Hem ondanam sowuk ㅡ mähirden azat. Başga meñzetmeler gelşiksizräkdir, Ýöne şahyryñ hiç günäsi ýokdur. Deñsiz-taýsyz jemalyñyz, kalbyñyz, Wah, ýöne ol biziñ betbagtlygymyz. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. | |
|
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Ýadyňdamy, ajalyň?! / Goşgular - 19.07.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Söýer ýaly / Goşgular - 21.10.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Goja söýgi / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |