ÖMÜR SAPAGY
Aman bu günem işden gijara dolandy. Maşgalasy ony güler ýüz bilen garşylasa-da, onuň bir aladasynyň bardygy synçy nazaryndan sypmady. Dogrusy, Aman mazaly ýadawdy. Üstesine-de, iş-aladalarynyň «gyzgyny» hem heniz serinden gitmändi. Ol diňe:
— Çagalar sag-gurgunmy? — diýip oňdy. Ol bu meseläni has içgin irden gozgamagy ýüregine düwdi. Şol pikirinde-de saklandy.
Säher bilen ertirlik saçagynyň başynda bu baradaky gürrüňi uzakdan başlady:
- Oglanlaryň ýagdaýy gowumy? Mugallymlaryndan habar tutup durýaňmy? Öý-içerä eserdeňmi, kömek berýärlermi?
Aýaly jogap bermän, dem salym eglendi. Soň bir karara gelen bolmaly, ýüregini bire baglady-da, garaşylmaýan jogaby berdi:
- Oglanlar, şükür, jany sag. Sapaklara ýetişigem oňuşmazça däl. Öý işlerine-de, tüweleme, ýetişýärler. Başyna baran işiniň kemini goýanoklar. Ýöne...
Aman öz keýwanysynyň «ýönesinden» ozal hem bihabar däldi. Ýetginjeklik ýelgini serine uran iki ogly terbiýeläp ýetişdirmek ýeňil-ýelpaý iş däldigi her kese-de düşnükli. Çagalaryňy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek üçin olary doýa garna doýuranyň, oňat geýindireniň, iň täze kysymly el telefonydyr kompýuter alyp bereniň, elbetde, ýeterlik däl. Olar bilen ýygy-ýygydan gürleşip, halyndan habar alyp durmak gerek.
Çagaň näme pikirde? Ýüreginde näme aladasy bar? Nämä gyzyklanýar? Kim bilen tirkeşip, kime ýüregini açýar?
Elbetde, ejesi olaryň daşynda kökenek bolýar. Otursa-tursa bar aladasy – iki oglunyň ýüregindäkini okamak, olaryň sähel isleg-arzuwyny bilip, dessine ýerine ýetirmek.
Aman oýlandy, dymyp esli oturdy. Soň ýerinden turdy-da, oglanlaryň ýatan jaýyna boýnuny uzatdy. Sagat eýýäm bir çene barandygyna garamazdan, olaryň ikisem heniz oýanarly däldi. Aman bir söz aýdyp ýetişmänkä, ejeleri derrew hemişekisi ýaly «aklawçylyga» häzir boldy:
- Degme, azajyk ýatsynlar. Agşam biri el telefonyna, beýlekisi internete gyzygyp, gijäň bir wagty ýerine girdiler. Ukusyny almasalar, mekdepde irkilişer ýörerler...
Aman muňa jogap bermedi. Diňe oýa batdy. Ahyrynda-da agşam işden gelende, ogullary bilen çynlakaý gürleşmeli diýen netijä geldi. Şu pikir bilen ýygnandy-da, işe ugrady. Ýöne gürrüňi nämeden başlamaly? Ogullaryňa durmuşyň iň synly soraglaryna dogry jogaby nädip ýetirmeli? Böwrüňi diňledýän bu soraglar Amanyň serinden uzakly gün gitmedi.
Ownuk-uşak iş aladalary bilen günüň birinji ýarymy geçdi. Günortanlyk arakesmesinde Aman dynç alyp oturan ýerinde, pikire batdy. Göz öňünde özüniň çagalyk, ýetginjeklik döwri janlandy. Kämahal ýaşlyga salyp garagolluk edäýen ýerinde-de, kakasy hijem gatyrganmazdy, käýinmezdi. Diňe ýeke gezek, halys degnasyna degen bolmaly, hyrçyny dişledi-de:
- Hä-k, ýaş bolýaňyz-da. Könekiler «Ekläniň gadyryny ekläniňde bilersiň» diýipdirler, han ogul. Wagty geler, akylyň boýuň bilen deňleşer – diýdi.
Kakasy mundan artyk geplemedi. Eline pil aldy-da, gün ýaşýança mellekden çykmady. Ýer depdi, üzümleri çyrpdy, baglaryň düýbüni ýumşatdy, saralan haşal otlary ýygnady. Aman oglan jigisi bilen kakasynyň ýanyndan aýrylmady. Ikisem ses-üýn çykarman, ahyryna çenli işlediler. Kakasy mellekden ýygnanansoňam, el-aýak ýuwýança hysyrdanyp, owunjak üzüm çöplere çenli çöpläp, demir sim bilen daşyny bogup goýdular.
Geň ýeri, ýetginjekler ilkibaşda işiň başyna ýaýdanybyrak barypdylar. Kakaň işläp ýörkä çetde durmak ogla aýyp bolmazmy?! Ýöne iş gyzyşyberdigiçe, olaryň höwesi artdy. Gijara saçagyň başyna geçenlerinde, elleriniň aýasynda peýda bolan gabarçaklara öz ýanlaryndan buýsandylar. Oglanlar kakasyndan ýekeje bolsa-da öwgi sözüne, ata «berekellasyna» garaşdylar. Emma ýaşuly muňa derek enelerine bakyp:
- Nahary ilki goç ýigitlere ber. Surnugarça boldy – diýdi.
Bolany şol. Atasy mundan artyk dil ýarmady. Ýöne ýetginjeklere köp sözüň geregem ýokdy. Olar üçin atalarynyň bir saçagyň başynda oturyp, olar bilen tabakdaş bolany ullakan «berekellady».
Şundan soň oglanlaryň özüni alyp barşy düýbünden üýtgedi. Olar az gürläp, köp işlänini kem görmediler. Ene-atasynyň ýanynda çasly gülmeg-ä beýlede dursun, aýtjak her sözüni ýüreginde kemsiz «bişirip», pessaý ses bilen, sala salmak terzinde aýtmak endigini tapyndylar.
Bu asylly endik ýetginjekleriň özi bilen ösdi, kämil çykan ýigitleriň keşbine üýtgeşik bir asyllylyk çaýdy. Bu endik Amana harby gullukda bolanda-da, talyplyk döwründe-de, soňra işe gelende-de uly medet boldy, deň-duşlarynyň arasynda-da, ýolbaşçylaryň pikir-garaýşynda-da diňe abraýyny berkitdi.
Indi bu gymmatly ömür sapagyny Amanyň öz ogullaryna geçirmäge wagt gelip ýetdi. Sähel eglenseň pursat gitjek, munuň ujy iki däl. Ýaşlygynyň süýji ýatlamasam, iňkise salýan pikirlerem Amanyň serinde ýyldyrym çaltlygy bilen aýlandy. Ahyry ol belli bir karara gelen bolmaly, aýalyna bakdy-da:
- Ertir dynç güni, oglanlaram alyp oba gideris. Garry öýe serenjam edeli, mellege göz aýlaly. Barmanymyza esli wagt geçdi. «Eýe gözi em...» diýleni, eýe gözi bolmasa, mellegi ot basjak – diýdi. Soňam biraz pikirlenip, sözüniň üstüni ýetirdi:
- Ýanymyz bilen garbanar ýaly az-owlak gowurdak salaý. Özüň gitmegiň geregi ýok, öýde gal-da biraz dynç al.
Ertesi gün säher bilen olar aýdylyşy ýaly oba ugradylar. Garry öý Amany ata agraslygy bilen garşy aldy. Ertirlikden soň eline pil alyp mellegiň bir çetinden girip durşuna, Aman ogullaryny assyrynlykdan synlady. Dogrusy, olaryň ikisiniňem birneme ýaýdanjyrap durandygy görnüp durdy. Ahyry körpe Atajan dillendi:
- Kaka, hepdede ýekeje dynç günümiz bar. Oglanlar bilen ýygnanyşyp, internet-kafe gitjekdik, şähere aýlanjakdyk. Onuň ýerine biz bu ýerde, obada... Uzynly günümizi mellekde geçirmeli...
Aman ogluna özüniňem şu ýaşdaka şeýle pikirde bolandygyny aýdasy, munuň ýalňyşdygyny jan edip düşündiresi geldi. Ýöne uly ogly öňürtdi:
- Sen bilýäňmi, kaka. Biz şäher adamlary. Tiz wagtda mekdebi tamamlarys, ýokary okuwa girmekçi. Indi ýokary tehnologiýalar ýol alýar, mellek agdaryp uly bir gala almajagyň belli – diýdi.
Aman üstünden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. Ol öz ogullaryna hemişe sada, kiçigöwünli bolmagy ündedi ahyry. Ogullarynyň beýle-beýle pikirlere gulluk etjegi ýatsa-tursa oýuna gelenokdy. Sil akymy ýaly lummurdap gelen bu pikiriň ahyrky nokadyny körpe Atajan goýdy:
- Indi o döwürden oba göçdi, kaka. Gowusy, gaýdaly...
Aman birsellem dymdy-da, söze başlady:
- Könekiler aýtmyşlaýyn, gadym döwürlerde bir çet ýurtda gaty ýowuz, wagşy dessur bolupdyr. Garrap halys tapdan düşen adamy äkidip hennege oklar ekenler. Günleriň birinde bir ýigit garry atasyny ullakan sebede salyp, arkasyna alyp, ýola düşüpdir. Ýoluň ýarysyndan gowragyny geçiberende, ýigit mazaly ýadapdyr. Görse, ýoluň çetinde ullakan bir daş duranmyş. Oglan arkasyny daşa berip, egnindäki ýüki ýazdyrypdyr welin, sebetde oturan atasynyň gamgyn ýylgyrýandygyny görüpdir. Ýigit muňa ör-gökden gelipdir. Kakasynyň ajy ýylgyrmasynyň sebäbini bilmek isläpdir. Şonda kakasy:
- Hä-äk, ogul. Laýyk elli ýyl mundan ozal menem şu ýoldan atamy alyp geçipdim. Ýolda ýadabam, edil şu daşyň deňinde ýükümi ýazdyrypdym. Ilçilikde «It alnyna gelen gurt alnyna-da geler» diýlenine indi düşünip galdym... – diýenmiş.
Şondan soň bu ilde ýaňky ýowuz dessur unudylypdyr – diýdi.
Şo pursat Aman gursagynda gaýnap duran hakykaty aç-açan aýdasy geldi. Ogullaryna bakyp: «Mende-de bir mahallar ýetginjeklik gedemligi iki ýan at çapýardy. Wah, şu mahal kakam bilen sähel salymjyk didarlaşsamdym!.. Ondan şeýle bir köp zatlary sorardym. Ýok, ýok. Men ondan diňe ötünç sorardym» diýesi geldi.
Muňa derek ol eline pil aldy-da, mellegiň bir çetinden girdi. Özi welin garaşdy. Herne, umydy ýerde galmady. Ogullary elindäki ykjam telefonyny bir ýanda goýup, pile ýapyşdylar. Muny görüp, Aman ynjaldy. Öz yhlasynyň ýerine düşendigine düşündi. Muňa ýüreginden şükürler etdi. Çünki, bu ýol pederlerden gelýän dowamat ýoldy.
Merdan ÝAGŞYÝEW,
polisiýanyň kapitany.
Hekaýalar