14:41 Onuň alyhezretleri gowaça we respublikamyzda çaga ölümi | |
ONUŇ ALYHEZRETLERI GOWAÇA WE RESPUBLIKAMYZDA ÇAGA ÖLÜMI
Publisistika
Şu ýyl, ýagny 1989-njy ýylda biziň respublikamyzda ýaşyna ýetmedik 6200-den gowrak bäbek ýogalmaly. Olar özleriniň haýsy ýurtda, haýsy jemgyýetde doglandyklaryny, adynyň nämedigini, köçelermizi neneňsi ýalkymly şygarlaryň bezeýänligini, gazetlermizde nämeleriň jedeliniň gidýänligini, türkmen radiosynyň we telewideniýesiniň günüň güni nämeleri joşgun bilen habar berýänligini görüp, okap, eşidip bilmezler. Biz türkmenlerde şeýle ynanç bar: "Ýaş çaga ejesini tanap ugranda, ejesiniň saçy düşýär" diýýäris... Bu ýyl Türkmenistanda dogulmaly çagalaryň köpüsi ejesiniň saçynyň düşmegini däl-de, eýsem biwagt agarmagyna sebäp bolarlar. Respublikamyzyň ýolbaşçylarynyň biriniň çykyşynda men respublikan metbugatda käte sensasiýa kowalaşyp ýazylýan makalalaryň peýda bolýandygy hakyndaky tassyklamany eşitdim. Belki, meniň çykyşymy-da şeýle makalalaryň hataryna goşarlar? Emma nähili-de bolsa, bu çakdan aşa ýiti problemany hut öz bolşy ýaly ýitilikde keserdip goýmagy graždanlyk borjum hasaplaýaryn. Biziň hemmämiz ýaşamak üçin doglan adamlar. Döwrümiz - parahatlyk döwür: şatlanmaga-da, gussa çekmäge-de, ýalňyşmaga-da, ýalňyşymyzy düzetmäge-de hakymyz bar. Elbetde, bu durmuşda üstünligimiz-de bolup biler, kemçiligimiz-de. Emma bir zat welin aýdyň: eger-de bu günki gün respublikamyzda şeýle kän çaga ölýän bolsa, onda, diýmek, biziň göz ýumardan has çökder ýalňyşlyklarymyz bardyr. Meniň pikirimçe, çagalaryň jany edil barometr ýaly, biziň ýaşaýyş şertlerimiziň häzirki gussaly ýagdaýyny görkezýär. Bu gün çaganyň janynyň tap getirmedik ýaşaýyş şertlerine ertir, megerem, ulular hem çydamaz. Belki, biziň respublikamyz bu günki gün görlüp eşidilmedik ullakan ekologiki krizisiň öň ýanynda durandyr? 1986-nji ýylda Türkmenistanda ýaşyna ýetmedik çagalaryň 7009-sy, 1987-nji ýylda 7115-si ýogalypdyr. 1988-nji ýylyň diňe başky ýedi aýynyň içinde ýogalan çagalaryň sany 3753-e ýetýär. Şeýlelikde, iki ýarym ýylyň içinde türkmen ilinde doglan çagalaryň 17916-sy ýagty jahan bilen entek bir ýaşyna-da ýetmänkäler hoşlaşmaly bolupdyrlar. 1986-nji ýyla çenli, belki, ýagdaý has-da agyr bolandyr? Emma bu hakynda diňe çak edäýmek galýar, çünki durgunlyk ýyllarynda ölen çagalar ibaly hasaba-da alynmandyr. Ölüp giden ýüzlerçe çagalaryň asla doglanynda hasaba alnyp, registrasiýa edilmedikleri-de bar. Şonuň üçinem ölen güni olary hasapdan öçürmek hem gerek bolmandyr. Olar, hamana, dogulmandyr hem! Eger-de 1984-nji, 1985-nji ýyllarda ýogalan ýaş çagalaryň sanyny (azda-kände anyk hasaba alnan) soňky ýyllardakydan çen tutup, ortaça ýedi müňden diýip alsaň, onda dört ýarym ýylyň içinde ýitgimiz 32 müň töwerigi çaga bolýar. Deňeşdirmek üçin şeýle bir sany ýatladasym gelýär: 1941-45-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy döwründe türkmenistanly esgerleriň 50 müňden gowragy wepat bolupdyr... Ine-de, "parahatlyk döwür" diýilýän döwür... Diýmek, biziň respublikamyzyň depesinden parahatlyk ýyllarynda juda agyr problema inipdir. Ýitgilermiz şony subut edýär. Bu ýagdaýy inkär etjek bolmaklyk ahlaksyzlykdan başga zat däldir. TSSR Saglygy saklaýyş ministrliginiň jaýynda çagalara we enelere profilaktiki bejeriş kömegi uprawleniýesiniň naçalnigi Tatýana Nikolaýewna Nikolenko bilen gürrüňleşip otyrys. Men Tatýana Nikolaýewnadan: - Näme üçin biziň respublikamyzda çaga beýle-bela köp ölýär? Munuň sebäbi näme? - diýip soraýaryn. - Respublikamyzda ekologiki ýagdaý bijaý ýaramaz. - Muňa nähili düşünmeli? - Kolhoz meýdanlarynda himiki dökünleriň, pestisidleriň aşa köp ulanmagy ýerleri zäherledi. Zäherli ýerden, elbetde, zäherli hasyl, gök önüm, gawun-garpyz önýär. - Ýene näme? - Uzak ýyllaryň dowamynda gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin butifos ulanylyp gelindi. Butifos bolsa, bijaý zäherli, adamyň saglygy üçin juda howply zat. Butifos ulanylan mahaly ätiýaçlyk kadalaryny ýüz prosent ýerine ýetireniňde-de, onuň zyýanyndan gaçyp gutuljak gumanyň ýok. Kolhozlarda ol kadanyň saklanylyşyna bil baglanagyň özi-de gülkünç. (Men öz pagta ýygan döwürlerimizi ýatlaýaryn. Gowaçany dermanlaýan samolýot kate butifosy şabradyp depämizden eňterer giderdi. Ýadyma düşýär: şonda töwerek-daşy nähilidir bir ýakymsyz, demligiňi daraldýan ys gaplardy.) - Gowy ýeri, indi butifosy ulanmak gadagan edildi. Şeýle dälmi, Tatýana Nikolaýewna? - Şeýle. Ony geçen ýyldan bäri ulanmak düýbünden gadagan. Bu hakda SSSR baş sanitar wraçynyň butifosy öndürmegi we gowaçanyň ýapragyny düşürmek üçin ulanmagy gadagan edýän 1/87-nji buýrugy bar. Bu buýrugyň ýerine ýetirilişine şahsy jogapkärçilik Bütinsoýuz “Obahojalykhimiýa” birleşiginiň başlygy A. Gulenkonyň üstüne ýüklenipdir. Emma hut A. Gulenkonyň öz buýrugy bilen 1988-nji ýylyň 10-njy awgustynda gowaça ekýän respublikalara (Özbegistana ibermekden saklanypdyr) aşakdaky tekstli telegramma iberilipdir: “W swýazi s bolşim nedostatkom defoliantow hlopçatnika sçitaýem wozmožnym ispolzowat w porýadke isklýuçeniýa i po soglasowaniýu s mestnymi sanitarnymi organami ostatki butifosa...” A.Gulenkowyň özüne ynanylan jogapkärli işe çemeleşişi şeýle. Butifosyň onuň hut özüniň we ýakynlaryna howp salmaýanlygyna bu wezipeli adamyň ynamy güýçli bolmaga çemeli. Tatýana Nikolaýewna Nikolenkonyň sözlerine görä, bir ýyldan bäri ulanylmasa-da, Türkmenistanda geçirilen barlaglaryň netijesinde şu ýyl hem türkmen gelinleriniň ene süýdünden butifosyň komponentleri tapylypdyr. Ol kän wagtlap toprakda, suwda, howada saklanýar, iýmite geçýär. Butifosyň sary getirme /gepatit/ we beýleki agyr ýokanç keselleri döredýänligini wraçlar bireýýäm subut etdiler. Orta Aziýanyň gowaça ekýän respublikalarynda sary getirme /gepatit/ we gaýry agyr keselleriň ençeme ýyllardan bäri möwç urmagynyň sebäbiniň köp mukdarda pagta ýetişdiriljek bolunyp ulanylýan pestisidleriň we butifoskimin defoliantyň sebäpkärdigini bu gün bilmeýän ýok. “Literaturnaýa gazeta” 1987-nji ýylyň “Ynsabyň aşsaýy” (”Toksikoz sowesti”) atly makalasynda we soňky çykyşlarynda bu insidenti ilik-düwme yzarlady. Köp zat çöp döwlen ýaly aýdyňlaşdyryldy. Emma A.Gulenko ýaly çinownikleriň o zatlar piňine-de däl. Olar şol öňki ýörelgelerini gypynçsyz dowam edýärler. Soňky döwürde çaga ölüminiň çakdanaşa ýokary galmagynyň sebäplerini öwrenenleriň birnäçesi kähalatda şeýleräk netijä gelmän-de durmadylar. Olaryň pikiriçe: “Çaga aşa köp ölýän bolsa, diýmek, aşa köp-de dogulýandyr.” /Men bu ýerde käbir medisina işgärleriň inisiatiwa görkezip, obalara öýme-öý aýlanyp: “Üç çagadan artyk dogurmajak boluň!” diýip, aýal-ebtatlara wagyz geçirşini agzap hem oturmaýyn. Şeýle faktlar bolanlygy hak. Belki, bu hakda gazete ýerlerden ýazarlar?/ Meniň jedeli öz ylymly-bilimli opponentlerim bilen edesim gelýär. Meniň garşymda duran argumentler şunuň ýaly: 1. “Çaga köp ölýän bolsa köp-de dogulýandyr.” 2. “Ýygy dogurýan aýallar gowşak çaga dogurýarlar. Şeýle aýallar anemiýadan (gan azlykdan) ejir çekýärler. Bu bolsa, çaganyň näsag dogulmagyna getirýär. Ol çagalar soňra dürli kesellere durumsyz bolýarlar. “ Şu argumentleriň jemine seretseň asyl belanyň körügi türkmen aýallarynyň özi bolup çykýar. Bu ýerde butifos-da, pestisidler-de ikinji ýa-da üçünji derejeli zada öwrülýär. Eger meselä şeýle çemeleşmeli bolsa, onda Türkmenistanda geçen asyrlarda ölen çagalaryň ölmüne-de türkmen aýallary sebäpkärdirler. Sebäbi olar çaga dogrupdyrlar! Onsoň olara: “Garaklary aksyn. Köp çaga dogrupmy, köp çaga-da jaýlarlar...” diýseň bolar durubiýr. Emma munuň özi ahlaksyzlykdyr. Çünki bäbekleriň köpüsiniň ýokanç kesellerden ýogalýan ýerinde bu betbagçylygyň başga sebäbini gözlemek diňe esasy ýagydan ünsi sowjak bolmakdyr. Eger-de bir ýerde gözboýagçylyk bar bolsa, onda munuň özi baryp ýatan gözboýagçylykdyr! XX asyryň soňky çärýeginde, sosialistik jemgyýetde ýaşap, köp çagaly enelere zerur kömegi berip bilmän, özümizi aklamaga synanyşýan bolsak, onda biziň öz halymyzdan-da habar alybermelidir. Öňde agzalan we agzalmadyk problemalaryň hemmesi goşulyşyp, bir ullakan meselä syrygýar. Geliň, açykdan açyk gürleşeliň. Şu 1989-nji ýylda ölümi planlaşdyrylan 6200 bigünä çaganyň dady bizi şoňa mejbur edenokmy eýsem? Näme üçin planlaşdyrylan? Heý, şeýle elhençligi-de planlaşdyryp bolarmy? Belki, men öte geçýändirin? Ýok, hormatly okyjylar, bu hasaby biz TSSR Saglygy saklaýyş ministrliginiň hut şu ugurdan jogapkär işgäri T.N.Nikolenko bilen bile hasaplap çykardyk. Bu ýyl ortaça hasapdan şonça bäbegiň ýogalmagy gutulgysyz! Çünki medisinanyň güýji bilen respublikamyzda çaga ölümini 50 promilliden aşak düşürip bolmajagyny meniň gürrüňdeşim nygtaýar. 1988-nji ýylyň 17-nji aprelinde “Trud” gazetinde çap edilen “Suwuň tagamy” atly makalasynda muny Türkmenistan SSR Saglygy saklaýyş ministri K.Çagylow hem janyndan syzdyryp tekrarlaýar. Bu ortaça sany nähili çykaranymyzy okyjylara düşündiresim gelýär. Ýönekeý hasap-hesip: 1988-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynyň içinde respublikamyzda 72748 çaga doglupdyr. Şonuň 50 promillisi tamkynan 3625 bolýar. Ol sany 7-ä bölüp, ortaça 517-ni alýarys. Soňry ony ýylyň 12 aýyna köpeltýäris welin, şonda şu ýyl /eger dogluş häzirki hörpünden juda üýtgemese/ Türkmenistan SSR-inde ýogalmaly çagalaryň /takyklaýaryn: diňe 1 ýaşyna ýetmedik çagalaryň gürrüňi gidýär!/ ortaça sany çykýar. Ol san, görşümiz ýaly, 6200-den gowrak bolýar! Bu san şundan aşak gaçar diýen umyt bolmasa-da, onuň ýokary galmagy, ýagny iş ýüzünde ony tä 7 müňe çenli galdyryp biljek sebäpler entäk aradan aýrylanok. Bu betbagtçylygyň sebäbi nämede? Onuň esasy sebäbi: pagtanyň monokulturasy biziň bokurdagymyzdan alýar. Hökmürowan pagta yssy ýurtlarda adamlaryň maňlaýyndan diremeli, öýünde bol-elin tapdyrmaly gök, bakja ekinleriň, kösüklileriň pirini gözümiziň alnynda kädä gabady! Gawun-garpyz nirededir bir ýerlerde diňe desert hökmünde iýilse-de, Türkmenistanyň şertlerinde ol hut janyňy saklamak üçin gerek. Howanyň gyzgyny 50 gradusa golaýlan wagty içen suwuň özüňe ganym. Onda-da Türkmenistanyň ilatynyň agramly böleginiň içýän suwy! Bu dogruda agzap geçen “Suwuň tagamy” atly makalamyzda şeýle diýilýär: “Adamlar esasan Garagum kanalynyň suwuny içýärler, ol suw bolsa, Amyderýadan gelýär. Gadymýetde birgiden halklaryň ýaşaýyş çeşmesi bolan Aziýanyň beýik derýasy häzirki wagtda hapa suw akdyrylýan ganawa döndi. Özbek hem türkmen ekin meýdanlaryndan oňa her ýylda awuly himikatlardan gerk-gäbe bolan zeý suwlarynyň we arassalanmadyk senagat-durmuş galyndy suwlarynyň üç milliard kubometri akdyrylýar. Kanalyň häli-häzire çenli-de sanitar-gorag zonasy ýok... Netijede kanalyň suwundan içilýän ýerlerde geçirilen barlaglaryň 60 prosentinden gowragy bakteriýalaryň ýokary mukdaryny görkezýär. Aşgabat oblastynda bu san 95 prosente barabar – ýagny, suw bütinleýin diýen ýaly agza ýaramsyz. Obalaryň köpüsi ýap suwuny içmeli bolýarlar. Onsoň neneň kesel ýaýramasyn, agyr garyn-içege keselleriniň ençemesi hut içilýän suwuň üsti bilen ýokuşýar ahyryn. Şonuň üçinem, soňky 10 ýylyň içinde, aýdaly, garyn-içege /brýuşnoý/ tifiniň biziň respublikamyzda Bütinsoýuz görkezjisinden sekiz esse köpdügine geň galyp oturmak gerekmikä?” Gowaça taby kyn ekin. Ol topragy intensiw dökünlemegi talap edýär. Onça dersi nireden aljak? Ol dersi gözläp ýörenem ýok, ekin çalşygy-da ýabygorly. Her kolhozyň ýokardan gelen barlagça görkezmek üçin 5-10 gektar ýeriň ekinini çalşany bilen ol ekin çalşygy bolanok. Şonuň üçinem uçdantutma himiki döküne geçildi. Topragymyz himiki dökünlere neşe öwrenen ýaly öwrendi, neşebent boldy. Öňler türkmenler sähelçe kem tapanyna, ýa ýakmaz zat iýenine garpyz gyryp, suwuny içirerdiler. Garpyz suwy adamynyň aşgazanyny, bagryny, böwregini arassalap geçýär. Emma, hany, häzirki garpyzlardan hassa yzygiderli berip gör, edil iki-üç günde bellisini edäýmezmikä? Garpyzyň özi indi adam zäherleýär. Tomus aýlary “Pylany garpyzdan otrawleniýe bolupdyr” diýen gürrüňiň häli-şindi eşidilip durulmagy, elbetde, ýönelige däl. Bu hakda TSSR saglygy saklaýyş ministri K.Çagylow agzalan makalasynda şeýle diýýär: “Garpyz kesersiň welin, ol köz ýaly bolsa-da, edil örküjinde ýogun ak damar şaha-şaha bolup ýatandyr – bu şol (zäherli) nitratlaryň we nitritleriň toplanmasydyr”. Biziň respublikamyzda öndürilýän pagta Türkmenistanyň ilatynyň jan sanyna bölseň (iňňä bäbeklerdir pensionerler-de bu sana girýärler), adam başyna 400 kilogramdan-da artykdan düşýär (takmynan 430 kg. çemesi), goňşy özbegistanda bu görkeziji 300 kilogramdan gowrak. Özbegistan iň köp pagta öndürýän respublika-da bolsa, ilatyň jan sanyna görä alanyňda, biz her adam başyna ýüz kilogram töweregi artykmaç pagta öndürýän bolup çykarys. Eýsem biz nämäniň hasabyna şeýle netijäni gazandyk? Elbetde, birinji nobatda öz ilatymyzyň jan saglygynyň hasabyna. Onuň zerur azyk önümleri bilen üpjünçiligini ýolberilmesiz aşaklatmanyň hasabyna. Iň gowy ekin ýerlerini gowaça eýeledi, künji, mäş, noýba, türkmeniň ak bugdaýy gözden uçdy. Ymgyr giden düme ekinler diňe ertekidir rowaýatlaryň ýadynda galdy. Öri meýdanlarymyz çenden aşa gysyldy. Obalaryň töwereginde mal bakara ýer galmady. Şonuň üçinem obalarda sygyr, düýe saklaýanlary barmak basyp sanaýmaly. Bakara öri meýdanlary bolmasa adamlar nädip mal edinsin? Gadymýetden bäri gylýalçylygy, düýedarçylygy, dowardarçylygy bilen şöhratlanyp gelen türkmen ili bu gün öz iýjek etini-de goňşy respublikalardan satyn almaly bolýar. Onsoň bu meselede, elbetde, kesekiniň ýerlikli igenjini-de çekýär. (Ý.Çerniçenko “Kalym”, “Ogonek”, 31 iýul. 1988). TSSR-iň halk ýazyjysy, merhum, Towşan Esenowa 1985-nji ýylyň tomsunda türkmen telewideniýesi üçin ol barada gepleşik taýýarlaýan wagtym özüniň türkmeniň ak bugdaýy hakynda makala ýazasynyň gelýändigini, ol bugdaýdan bişirilen çöregiň tagamyny häzirki iýilýän çöregiň tagamy bilen deňär ýaly däldigini gürrüň beripdi. Hataryň aňry başynda biri tamdyra çörek ýapsa, beýle başynda onuň ýakymly ysyny alsa bolardy diýeni-de ýadymda. Soňra ol: “Arman ol bugdaýyň tohumy hemişelik ýitirildimikä diýip gorkýaryn. Ýöne birki ýyllykda Kaka raýonynyň kolhozlarynyň birinde, daga golaý ýerde ol bugdaýyň tohumyny pähimli başlyklaryň biri ýitirmän, ekip ýörmüş diýip eşitdim. Saglygymyň gowurak mahaly, elim degse, gidip, şonuň anygyna ýetesim gelýär” diýipdi. T.Esenowanyň şol wagtam saglygynyň ugry ýokdy, şonuň üçinem men onuň öz arzuwyny amala aşyranyny-aşyrmanyny bilemok. Bu sowaly, meger, merhum ýazyjynyň edebi mirasyny öwrenijiler aýdyňlaşdyrarlar. Ýöne bir zat welin belli, bu günki gün bize öz respublikamyzda bir sowaly gös-göni goýmak derwaýys: biz pagta öndürmek üçin ýaşaýasmy ýa-da ýaşamak üçin pagta öndürýäsmi? Häzirlikçe bu sowalyň jogaby gümürtik. Asyl gümürtigem däl-de, eýsem biz pagta öndürmek üçin ýaşaýan ýaly. Çünki pagtanyň garşysyna geplemäge-de çekinýäris. Biz ondan beýik kult ýasadyk. Hudaýa öwrülen pagtanyň gazaply-gazaply “pygamberleri-de” ýeterlik. Olaryň öz hudaýlaryny goramak üçin elinden gelenini etjekdiklerine şübhe bolup bilmez. Meniň pikirimçe, biziň üstümize diňe pagta öndürýän agrar regiona öwrülmek howpy göz-görtele abandy. Bu ýagdaýa nädip düşenimizi biz duýman galdyk. Her ýyl ýetilen sepgitden ep-esli ösdürilip, täze ýylky pylan kesgitlenýär. Optimal görkezijide saklanmak ýa-da durgunlyk ýyllarynda goýberilen ýalňyşy düzedip, respublikamyzyň pagta pylanyny paýhasly azaltmak hakynda hiç hili gürrüňem ýok. “Hökman bu gün düýnküden, ertir bu günkiden köp pagta bermeli” diýen düşünjä gulluk edilýär. Öz ykdysady syýasatyny şeýle derejä çenli ýöntemleşdirmek gülkünç dälmidir näme? Bu ýagdaý türkmen topragynyň başyna agyr gussa getirdi. Şeýle ykdysadyýeti syýasatyň bu gün hem üýtgewsiz dowam etdirilmegi oýlandyrman durup bilmez. Bu dörän ýagdaýdan çykalga gözlemek biziň her birimiziň graždanlyk borjumyzdyr. SSKP Merkezi Komiteti tarapyndan nädogry diýlip baha berlen oba hojalygynyň ekstensiw ösüşi biziň respublikamyzda öňküsi ýaly dowam edýän-ä däldir-dä? Häzirlikçe respublikanyň ilaty diňe näçe pagta öndürmelidigini bilýär. Emma olar bu ekeniň berýän girdejisiniň näçedigini-de bilmelidirler. (Näme sebäpden biziň kolhozlarymyzyň köpüsi döwlet öňünde bergidar?) Adamlaryň dürli oba-hojalyk ekinlerini deňeşdirip görmek mümkinçiligi bolmalydyr. Ol ekinleriň haýsylarynyň topraga zelel bermezden (ýa-da juda az zelel berip), has köp düşewünt getirjegini bilmelidirler. Şonda olar ýalňyşmazlar. Şu ýyldan ýerli sowetleriň elinde jemlenjek kesgitleýji hem çözüji güýje men uly umyt bilen garaşýaryn. Belki, oba sowetleri öz territoriýasynda bu meseläni sese goýaga-da, bir demde oňun çözerler. Haýsy obada ýaş bäbekleriň ölüminiň üzül-kesil azaljagy bolsa, esasan, şol sowetlerde jemlenjek adamlaryň paýhasyna bagly bolar! Belki, şonda respublikamyzda häzire çenli dowam edýän ýaramaz ýagdaý düýpgöter üýtgär? Meniň pikirimçe biziň respublikamyza 1 million tonnadan agdyk pagta berjek bolmaklyk şu günem (belki, ýakyn geljekde-de) talaba laýyk däl. Başgaça aýdanyňda, bu hut şol birgapdallaýyn ösüş diýilýäniň üstünden eltýär. Oba hojalygynyň birgapdallaýyn ösüşi bolsa, hemişe ençeme sosial problemalary döredýär. Respublikamyzda çagalaryň köpçülikleýin ölmegi bu problemalaryň iň elhenjidir, bu hakyky betbagtçylykdyr. Spesialistler bu hakda öz sözlerini aýtsalar, öz çykyşlaryny halkyň fiziki hem-de ruhy sagdynlyk bähbidini arap, şol nukdaý-nazardan gurasalar kem bolmazdy. Respublikanyň pagta pylany azaldylyp (elbetde, iň gymmat bahaly sortlary ekmegiň hasabyna), gowaçanyň elinden gaňrylyp alnan ýerlerde gök, bakja ekinleriniň, kösüklileriň, miweli baglaryň ýetişdirilmegi höweslendirilse, hiç kese peýdadan başga zelel gelmezmikä diýýärin. Adamlaryň ýaşaýşy gowulansa, olaryň saglygy berkese, respublikamyzda çaga ölümi ýedi esse dagy azalaýsa, Watan zyýan çekesi ýog-a?! Eger-de şu mesele iru-giç respublikan möçberde çynlakaý geňeşiljek bolsa, onda ýygnanşygy iýul aýanyň orta gürpünde pagtaçylaryň adaty iş “kabinetinde”, ýagny pagta meýdanynda günüň aşagynda /akar suwuň üstünde, kölegede gurlan sekiniň üstünde däl!/ geçirmegi teklip edýärin. Munuň özi owal-ahyr realistik karary kabul etmäge ýygnanyşyga gatnaşyjylara uly kömek berer. Ýogsam, Türkmenistan Agrosenagat komitetiniň garamatkeşlerine ýüz ekiniň aladasyny edenden ellisiniň aladasy bilen ýaşamagyň, ol ellini-de gapdalda goýup, pagtanyň haý-haýyny ýetirip ýörmegiň aňsatdygyny men düşünýärin. Hut şeýle pozisiýada durýanlaryň diňe olar däldigine-de aklym çatýar. Emma iň soňky müddete etildi diýip hasaplaýanlygym üçin, respublikadaa ähli zadyň diýen ýaly hut şu ekiniň /dogrusy-ha, onuň tabyny, çakyny bilmezligiň!/ gurbany edilýänligini, türkmeniň taryhynyň, medeniýetiniň, ylmynyň, biliminiň hut şu ekinden jebir çekýänligini görýänligim üçin men mundan beýläk dymyp gezmegi mümkin däl diýip hasapladym. Bu günki gün gezek biziň saglygymyza, başymyzyň täji – geljekki nesillerimize baryp ýetdi. Biz XXI asyryň bosagasynda durus, köp zady öňden görmäge, özümizi geljege taýýarlamaga borçly. Eger-de kütümaňlaýlyk edip, uçar ganatymyzy gyrsak, halkymyzy öz başyny çaramaz ýaly ýagdaýa salsak, erteki gün bize ýalkanmak ýokdur, günämiz ötülmez. Düýnki gün, durgunlyk ýyllarynda elýetmez bolup gezen kişileriň bu gün biz günäsini ötemzog-a! Eger şowakör ykdysady syýasat ýöretmegimizi mundan beýläk-de dowam edip, öz topragymyza kast etsek, ony gowaçadan özge ekine, soňabaka hiç ekine-de ýaramajak zäherlenen giňişlige öwürsek, onda ertir hökman kimdir birine elgarama bolmaly, minnetli çörek çeýnemeli bolarys, kimdir biri biziň keşigimizi çekmeli bolar. Doganlyk, dostluk gowy zat, biziň daşymyzy doganlyk halklar gurşaýar, biz olar bilen bileleşip, dünýäde ilkinji sosialistik döwleti gurduk. Ony agyr-agyr senagatlardan egin-egne berip, geçirip gelýäris, gan-derimiz bile dökülýär. Emma ata-babalarymyz: “Dost-dost, mamla-rast!” diýipdirler. Doganyňam bolanda, labyryňy bütinleý onuň üstüne ataýmak bolmaz-a!Beýtmek nalajedeýinlik bolmazmy?! Türkmenistan SSR-i çaga ölüminiň derejesi boýunça SSSR-de birinji orunda durýar. Bu ýagdaýyň düýp sebäbini agtaryp gidip otursaň, ol seni hökmany suratda ýokardaky ýaly sosial, ykdysady we syýasy problemalara çykarýar. Çaga ölümi boýunça birinji ýerde durýan respublikanyň ykdysadyýetde we sosial üpjünçilikde öňde baryjy bolmajakdygyny, tersine, onuň iň yzdaky orunlaryň birinde bolup çykjakdygyny, hiç hili ykdysady görkezjilere salgylanmazdan-da çekinmän aýtsa bolar. Çünki ölüm-ýitim diýilýän zat, onuň derejesini ýokary göterýän ýokanç keseller we gaýry hadysalar ilatyň ýaşaýyş derejesi bilen gönüden-göni baglanşyklydyr. Diýmek, bu ýerden Türkmenistanyň ilatynyň ýaşaýyş derejesiniň Soýuzymyzda iň soňky orunlardadygyny ýalňyşsyz kesgitlese bolar. Ýaşaýyş derejesi diňe dört ulagly tigir edinmek ýa-da sowulmadyk puluň summasy däldigini bilmek üçin ýokary bilimli ykdysasyýetçi ýa-da sosiolog bolmak hökman däl. Türkmenistanda ýaş çagalaryň ölmüniň haýykdyryjy derejelere ýetmeginiň sebäpleri bilen gyzyklanyp, men geçen tomus respublikamyzyň pediatorlaryna kömege gelen latwiýa wraç Tatýana Wladimirowna Slukina, medsestra Lilita Wiktorowna Wanaga, ýene-de şol respublikadan indi ikinji ýyl biziň wraçlarymyza kömege gelen Ýan Karlowiç Maýers bilen söhbetdeş boldum. Umumylaşdyryp beýan etseň, olaryň pikiri şeýle: sosial sebäpler aradan aýrylmasa, çaga ölümini üzül-kesil azaltmak mümkin däl. Ýogsam, entäk medisina kömegi babatynda-da bu ýerde edere iş kän. Keselhanalaryň jaýy ýaramaz, tomus günleriň olaryň içi juda yssy, kondisionerler ýetenok, medisina enjamlary we zerur preparatlar yzygiderli ýetmezçilik edýär. Ilatyň arasynda sanitar-gigiena şertleriniň berjaý ediliş derejesi-de juda pes. Gürrüňdeşlerimiň her haýsyna aýry-aýrylykda şeýle bir sowaly berip gördüm: howa şertleri boýunça Türkmenistany ýurdumyzyň iň gazaply howa-klimat şertli regionlary bilen bir deňemek mümkinmi? Belki Türkmenistanly enelere ýaş çaga seretmek üçin berilýän tölegli rugsadyň möhletini uzaltmak zerurdyr? Ý.K.Maýers muňa şeýle jogap berdi: - Muny Türkmenistanyň hökümeti iş edinmeli. Çünki bu ýerde birnäçe anyklamaly zatlar bar. Gynansam-da, men bu hakda öň oýlanyp görmändirin. Şertlerimiziň agyrlygyna welin söz ýok. T.W.Slukina: - Meniň pikirimçe, bu mümkin. Onsoňam, wraçlaryňyzyň taýýarlygy hakynda-da gürrüň etse bolar weli, ýöne esasy mesele medisina enjamlarynyň, göwnejaý syrkawhanalaryň, dermanlaryň gereginden has azlygyndanmyka diýýärin. Ummasyz serişdeleri daşary respublikalardan pediatorlary çagyrmaga, olaryň komandirowkasyny üpjün etmäge sarp edenden, şol pullara zerur medisina enjamlaryny, däri-dermanlary almak peýdaly bolaýmasa? T.N.Nikolenko: - Biziň respublikamyzyň howa-klimat şertleriniň agyrlygy hemmä mälim. Tomus aşa yssy, gyşymyz ýakymsyz sowuk, ýylyň ep-esli böleginde gündiz howa gyzgyn bolýar, gije-de, duýarlykly sowaýar. Şeýlelikde gije-gündiziň dowamynda temperaturanyň üzül-kesil üýtgemesi ýüze çykýar. Respublikanyň ilatynyň içýän suwy ýylyň dört paslyna-da ýaramaz. Oba ilatynyň diňe 25% suw kranlaryndan peýdalanýar. Ýokanç keselleriň örç alyp ýaýramagy üçin ähli şertler bar, olar ýaýraýaram. Şu ýagdaýlary göz öňünde tutsaň, meniň pikirimçe, biziň respublikamyzy ýurdumyzyň gazaply howa-klimat şertli regionlarynyň biri hökmünde seretmek mümkin. Onsoňam, biziň ykdysadyýeti syýasatymyzy adam ýaramly edip gurmana birçak wagt etdi. Häzirlikçe adama däl-de, diňe onuň öndürýän önümine sarp goýulýanlygy göze dürtülip dur. Haýsy kolhoza barsaň bar, kolhoz prawlenýasynyň başlygy saňa geçen ýyl ýa-da şu ýylyň geçen aýlarynda kolhozynda näçe sygryň ölendigini, olaryň näme keselden ölendigini sakynman aýdyp berer. Emma ondan öz kolhozyňda näçe çaganyň ölenligini, olaryň haýsy keseliň gurbany bolanlygyny sorabam oturma! Ol ony bilmez. Çünki ol sygyrlar üçin başy bilen jogap berýär. Adam üçin ondan hasap soramak henize çenli hiç kesiň kellesine-de gelenok! T.N.Nikolenkonyň getirýän mysaly SSKP MK-nyň XXVII gurultaýynda we soňky Plenumlarynda üýtgedip gurmaly edilen ykdysady syýasatdan habar berýär. Partiýamyzyň XIX Bütinsoýuz konferensiýasynyň ruhy bizi şoňa gönükdirmeýärmi eýsem? Biziň respublikamyzda üýtgedip gurmakda görnetin haýal-ýagallyga ýol berilýän-ä däldir-dä? Respublikamyzyň ilatynyň saglygynyň oba hojalyk ykdyadyýetiniň üýtgedilip gurulmagy bilen aýrylmaz baglanşyklydygyny, pagtanyň monokulturasynyň soňuna çykmagyň bu babatda esasy mesele bolup durýanlygyny häzirlikçe şu ýylda entek ýaşyna-da ýetmedik 6 müň iki ýüzden gowrak çaganyň janynyň agyr howp astyndadygyny jogapkär adamlara ýene-de bir gezek ýatladýaryn. Türkmenistanly enelere bolsa, ata-babalarymyzyň: “Hudaýa-da ynansaň ynan welin, eşejigiňi berkje duşa!” diýen akylyny ýatlamak artykmaçlyk etmezmikä diýýärin. Ak WELSAPAR. “Edebiýat we sungat" gazeti, 10.03.1989 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||