14:14 Aýpi hakynda rowaýat / romanyñ soñy | |
5.
Romanlar
Toý sowlup, birnäçe wagtdan soň adamlar ýene-de öz tükeniksiz gündelik aladalaryna dolanansoňlar, kürene gaýtadan ýürekgysdyryjy imisalalyk aralaşdy. Göräýmäge, Aýbäbegem ile görä ýaşabermeli ýalydy, şeýlekin günler, elbetde, onuňam güzerany iliňkiden öte parh edip duranokdy, ýöne Annameret deňze çykanda welin, oňa ynjalyk ýokdy, gaýgy-aladasy ýetikdi, ol tä gaýdyp gelýänçä, saly suw üstündedi. Bu gün Annameret jahan ýagtylyp-ýagtylmanka deňze çykdy. Mämmet Badalynyň toýundan soň, onda adamlar indi öz pikirlerini üýtgederler, şähere göçmekden boýun towlarlar, dil birikdirip, ýokardan gelen buýruga garşylyk görkezerler diýen umyt galmady. Toý güni Mämmet Badaly hem öz gudasyna ”uzaklaşdyrman, şähere göçeris” diýip, söz berenmiş. Muny eşiden Annameret Aýbäbege ”Bulardan öz öýüni goran ýok – diýip, jibrindi. Kürendeşleriniň bolşundan ahmyrly netije çykardy: – Öz öýüni goramadyk kişi, erte ýurt ýykylsa, ýurdunam goramaz”. Aýbäbege adamsynyň çykgynsyzlykdan habar berýän pikirlerem, soňky günlerde deňizde has gitdigiçe uzak bolmagam kän ýarap duranokdy, ýöne toý güni üýşmeleňe barman, deňze çykmagyna özi rugsat berensoň, indi äriniň öňünde dili keltedi, başga hörpden gopsa, ýüzi alnaýjak ýalydy. Elbetde, Aýbäbek bu ädimi keýpine ätmedi, kellesi gyzyp, toýda Annamerediň birdenkä obadaşlary bilen tutluşyp gidibermeginden çekindi. Eger-de Mämmet Badalynyň wezipeli gudasynyň hem onuň kärdeşleriniň toýda sähelçe wagt oturyp, yzlaryna gaýtjakdyklaryny öňünden bilen bolsa, onda, galanyny owarram edip, gaýta her ugra ony toýa eltjek bolardy, ol gün onuň deňze çykmagyna, asla-da razy bolmazdy. Emma toý güni wezipeli myhmanlaryň ýanynda gyzmalyk edip, köpüň gözünden düşmeginden çekinensoň, razy bolmajak zadyna razylyk berdi, hatda şol gün deňze çykmaga ony özi yrdy diýseňem boljak. Indem deňze gitme diýip, aslyşsa, äri ondan gaty nägile bolar. ”Kürende toý bolanda maňa deňze çykmak bolýa-da, ýönekin wagt bolanok-da, şeýlemi?” diýip ýaňsylasa, Aýbäbek oňa näme jogap bersin? ”Seni abraýly adamlaň barjak ýerine eltmejek boldum-a” diýsinmi? ”Adam bir işi ýalňyş etse, soňy edil zynjyr ýaly tirkeşip, tükeniksizlige sapjak gidiberjek eken, – diýip, Aýbäbek öz eden işine ökündi. Emma näçe ökünse-de, özüniň gaýa-gopuz ýok ýerden göz bilen gaşyň arasynda goýberen ýalňyşyna çolaşyp, erksiz galdy. Şonuň üçinem bu gün daňdan adamsy deňze çykmak üçin goşlaryny taýynlap ugranda, sessiz-üýnsüz oňa kömek etdi, dagy nätsin? Aýbäbek indi oňa bäri-bärde garşy çykyp bilmese gerek. Ýogsa, aralarda ”Indi şunyňy bes et, men ýadadym” diýip, baý, ony aljyrat-da, asyl tas yrypdam, emma, ynha, ol wagtky ýeteni indi bu gün öz gözüne elýetmez bolup görünýär. – Näletsiňmiş, hemme zadyň beýle çylşyrymly bolaýşyny! – diýip, ol içini gepletdi. – Biz garybyňam arkaýynçylykda ýaşan wagtymyz bolarmyka? Nämüçin biziň edenimiz tersine bolýar? Biz bela-beteriň güýçlüden güýçlüsine duşýarys, şowsuzlyk diýlen zat edil ýöne bizi gije-gündiz atly-ýaragly aňtap ýören ýaly. Bu nämüçin beýle bolýarka? Nämüçin biz beýle güne galdykkak? Hany biziň daşymyzyň galasy? Hany ganat bolup, üstümize gerlip duran gorag? Asla ol gorag haçan bize özüniň bardygyny bildirdi: ajygamyzdamy? suwsamyzdamy? kesellämizdemi? Belki-de, kynçylygyň öňünde bialaç galamyzda bildirendir? Haçan? Asla şeýle gorag, heý, barmykan berin? Ýeriň ýüzünde şonuň ýaly şonuň ýaly goragly, bagtly adamlar, şonuň ýaly ýurt barmykan? Näbileýind-ä, radiony diňleseň-ä, başga ýurtlaň ýagdaýy biziňkiçe-de ýok, o taýlaram, haçan görseň, tutda-baslyk, adamlar kösençde. Adam pahyr öz dogduk topragynda-da, niçikmi gözüni açandan, özüni bilenden, tä ahyr ýaşyna çenli näletsiňmiş durmuş bilen tutluşyp, ýakalaşypjyk geçmeli. Radioň nurbatyny towlasaň ýa gazetiň gatyny açsaňam, hemme zat gülala-güllük, ekişem ekilýär, suwam tutulýar, harman-harman hasylam alynýar, ýolam çekilýär, asyl ýöne durmuş bedew at ýaly, öňe daýyrdap gidip otyr, yzyndan ýetip bilermikäm diýdirýär. Emma gözüň açylaly görýäniňem – şol bir egba hütdükler, şol bir ýetde-gütdelik, şol bir boýnyboş adamlar. Annamerediň neneň jany ýanmasyn, neneň ol jibrinmesin? Hemme zat edil ”bolmasyn” diýlip edilen ýaly: haýsy zadyň ýakasyndan tutsaň, ýakasy eliňe gelýär. Adamlar şu wagt, ata-baba oturan ýurt ýerlerinden aýrylsalaram, şähere bararys, adam şekilli ýaşarys diýen inçejik umytlary bar, şolam olara azajygam bolsa, güýç berýär. Emma o taýyk barlansoň, neneň-niçik boljagyny welin, anyk bilýän ýok, hemmesi diňe çak-çen. Şäherlileriň öz boluşlaryny görseň, bujagaz umydyňam uzaga gitjegi belli däl, üns berip görseň, o taýda-da kim wezipeli bolsa, şol gowy ýaşaýar, garamaýagyňky – şu taýdakydan suwytly parh edenok. Her kim ýetişiksiz gara günde. Kürenden göçürilip eltilenleriňem şäherde bal güne batjaklary näbelli, gör-bak welin, iň kyny ýene keseden baranlaryňky bolaýmasa: o taýyň düzgünine öwrenişýänçäň, iş tapynýançaň, aýaga galýançaň, gör, näçeler wagt gerek boljak. Oň üstesine-de deňiz bilen aýraçylyk, ata-baba göbek ganyň daman ýerinden aýrylmak, galan ömrüňe öz arassa kenaryňa zar bolup ömrüňi ötürmek... O taýda-da deňiz bar, olam şu deňziň dowamy diýýäler, bolanda nä, gep diňe şor suwuň başyna baryp, wagt geçirip gaýtmakdymy? Gep seniň nirede hem nähili ýaşaýanyňda ahyryn. Jaýlary hernäçe horaşaja bolsa-da, durmuşlary eljiretmese-de, bu taýy olaryň özleriniňki, öz öýleri, öz dogduk kenarlary. Emma o taýda welin, deňzi küýsänlerinde haýsydyr bir ýat kenara baryp-gaýtmaly, şonuň bilenem oňňut etmeli boljak.” Bu oýlary başyndan geçirdigiçe, Aýbäbek öz adamsynyň soňky aýlardaky gorky-howsalasyna has beter gowy düşündi. Megerem, Annameret bu adamlaryň hemmesiniň başyna düşjek nätanyş günleriň hupbatyny öňünden çynlakaý duýan ýeke-täk kişidir, şonuň üçinem ol gije-gündiz özüne ýer tapman, pikirdeşsiz, goldawsyz kösenip ýörendir. Gepiň balykda däldigine, ”Men balykçy, ata-baba balykçy, ölýänçäm şol hünärim bilen ýaşajak” diýende, onuň topragym diýip ýapyşdygy ahbetin, Aýbäbek nä muny bilmän durmy? Ýöne käşgi oňa kömek etmek Aýbäbegiň elinden gelýän bolsady diý. Bu adamlardanam indi Annamerediň arkasyny alan ýok, sebäbi bularyň hemmesi takdyryna boýun bolanlar. Şonuň üçinem bulara Annameret gaýduwsyz hem garadangaýtmaz, hatda tekepbir bolup görünýär. Ýogsa, Annameret nire, tekepbirlik nire? Ol şu küreniň ody bilen girip, küli bilen çykyp ulalan oglan. Ýöne adamlaryň biperwaýlygy, biweçligi lapyny keç edip, ony barha köpçülikden daşlaşdyryp gidip otyr. Eý, Hudaý, munuň soňy nämä bararka?” Aýbäbek, ýüregi howlap, daşaryk çykdy. Çagalykdan belet gazaýak sütünleriň üstünde amanat oturan agaç jaýlaryň hem onda-munda dikgerişýän tamkepbeleriň egrem-bugram hatarlaryna göz gezdirip, hamana birinji gezek görýän dek, olary gussaly gözleri bilen gaýta-gaýta synlady. Soňam yzyna, öýe girip, çykyş sandygyny açdy, ondan alan iki gat kagyzyny haly bukjasyna epläp dykdy-da, bäbejigini gujagyna gysyp, daşaryk çykdy. – Babajan! Baba! – oglanjyk tamyň arkasyndan, güýmenip oturan ýerinden ylgap geldi. – Näme, eje? – Hany, ýör, düş yzyma! Ol şeýdip, ugrybir kürenden çykdy. Soňlanan ýazyň näzik alamatlary bolup, birnäçe wagt mundan öň onda-munda ülpüldeşip, gözleri aldan gyzyl-çog gülälekleriň görküni hem uzakda galan näzik gyz arzuwlaryny küýsedi, tiz köýen arzuwlarynydyr eýýäm tomsuň yssysyna uçan gyzyl gülälekleri ahmyr hem çuňňur gussa bilen ýatlady. Şol barşyna-da, ol şähere tarap gidýän uly ýoluň ugruna çykdy. – Eje, nirä barýas? – diýip, Babajan kürenden ep-esli saýlanansoňlar, ejesiniň elinden çekdi. Aýbäbek ikirjiňlenip, nätjegini bilmän, ýene birsalym ýöränsoňlar, mylaýym seslendi: – Oglum, men siz bilen gidip, şäherdäki täze jaýymyzy görüp gaýtjak. Ine, gör, şol jaýyň haty – ol bukjasyndaky kagyzyň çetini görkezdi. – Men muny şu çaka sandykda saklap ýördüm. Hemme kişi göçüp barjak öýlerini gördi, bizem indi görmesek bolmaz. Men, ine, ýanyma düwünçejige düwüp, duzam aldym. Biz bu düwünçegi täze jaýymyzda goýup gaýdarys. – Nämüçin, eje? – Näbileýin, öňden gelýän yrym-da, oglum, täze jaýa göçüp barmazdan öň, hemişe ilki içinde duz goýup gaýdylýar. Oglanjygyň ýene-de: – Nämüçin eje? – diýen şaňňyja sesi ýaňlandy. – Şeýtseň, täze göçüp baran jaýyň rysgally-döwletli, toýly jaý bolarmyş. Bu sözleri eşidip, Babajan böwrüni diňledi, ejesiniň ýüzüne aşakdan ýokaryk garap, gapdallaşyp barşyna, ahyry tüýs çagaň soragyny tapdy: – Eje, dädem biziň yzymyzdan ýetermikä? Ol biziň şähere gidenimizi bilermi? Aýbäbek ogluny köşeşdirjek boldy: – Biler, oglum, heý, bilmejek gümany barmy? Balykdan gelip, görse, biz öýde ýokdurys, onsoň ol biziň täze öýde duz goýmaga gidenimizi derrew biler. Oglanjygyň bu jogapdan göwnüniň suw içmedigi bildirdi. Ol ejesine teklip etdi: – Eje, men yzyma gaýdyp, dädemi alyp geleýin, ýogsam ol bizi tapmaz, nirä gidenimizem bilmez. – Oglanjyk eýýäm garasy ýitip barýan kürene tarap biynjalyk garanjaklady. – Eje, dädem bizi tapmasa, gahary geler-ä. Ejesi birneme gaharly jogap berdi: – Gahary gelmez, nämüçin gahary gelsin, biz nä teleke bir iş edýäsmi? – Eje – diýip, şonda oglanjyk garaja gözlerini göge dikdi, – ýokaryňa sered-ä! Aýbäbek depesine gözüni dikdi. – Gökde näme barmyş? – Göreňokmy, eje, han-a, beýläk seret, şol gara buludy göreňokmy? Howa bozulsa, dädem hasam ýadap geler. Sen bolmasaň, nähili bor, eje? Ertir täze jaýymyza hemmämiz bile gidäýeliň-le! Aýbäbek aýak çekip, bir dem sazanaklap, öňe-yza zowzuldady. – Şondanam bir bulut bormy, ol-a ýöne sakarbaragyň gaçyran ýelegi, şol ygyp barýar! Diýse-de, şondan soň onuň şähere tarap aýagy ädilmedi: birde ümzügi şähere bolsa, birde yzyna, kürene tarap boldy. Ahyrsoňam, bäbejigini gujagyna has-da berk gysyp, ahyrsoňy kürene garşy, yzyna öwrüldi. – Onda menden galma! Gaty ýöräli, iller jaýlarynyň üstüne brezent ýapsalar, ikimizem ýapaly, ýogsa, kakaň gelýänçä, jaýymyzdan araky ýaly ýene ýagyş geçer, hemme zadymyzam öl-suw bolup eziler. – Bolýar , eje! – diýip, yza öwrülenlerine begenjine oglanjyk, ejesiniň öňüne düşüp, hemişekisi ýaly tämikläp, çalasyn ýüwürdi. Öýlerine gaýdyp gelenlerinde, deňziň bir çetinde ulalyp barýan gara bulut onçakly gorkuly bolup görünmedi. Şonuň üçinem Aýbäbek ogluna, bar, oýnaber diýdi-de, bäbejigini sallançaga salyp, ýanap, bir baş emdirdi. Şol barmana-da, gelniň adamsynyň ýoluna dikilip ýadan gözleri öz-özünden ýumlup, ol galagop uka gitdi. …Ýöne onuň ukusy uzak bolmady, sähel salymdan gelin täze ýaraglaryň hem harby demir sowutlaryň asmany-zemini tutup gelýän lowurdysyna gözüni açdy. Deňiz tarapdan alaňlardan aşyp, sap-sap bolup gelýän ýat goşun onuň zähresini ýarara getirdi. Ýerden çykan ýaly, küren bilen deňziň arasynda birdenkä peýda bolan basybalyjylar hatar tutuşyp, zomaşyp gelýärdiler, bu leşgeriň asyl aňyrsy-bärsi görnenokdy. Aýbäbek olary keseden synlap, ýakasyny tutdy, munça goşun, munça esger nireden çykdyka? Dek düýnem, ýok, düýn näme işlesin, hatda şu günem, ýap-ýaňyjada, çagalaryny alyp, bu taýdan şähere gidip barýarka-da dünýe parahatdy ahyryn! Onuň bu kenarda, daşlaryň arasynda geýmini çykaryp, gizlençek ýerde suwa çümüp gaýdanam dek düýndi. Ine, indi bolsa, onuň gizligin suwa düşýän kenaryny ýat gämileriň tükeniksiz hatarlary eýeläpdir, bu soňsuz leşger hut şol gämilerden paýrap dökülip gelýär. Aýbäbek bu wakany küreniň erkeklerine ýetirmek üçin bar güýji bilen yzyna ylgamakçy boldy, emma näme üçindir onuň dyzlarynyň ysgyny gaçyp, şunça jan etse-de, ylgap ýol öndürip bilenok, her ädimde büdreýär, her ädimde ýykylýar. Ozal belet ýolunda munça çöp-çalamyň, sansyz çukanaklaryň peýda bolşuna ol düşünip bilenok, şonuň üçinem, ýykylsa ýene hasyrra turup, bar güýji bilen kürene tarap ylgaýar. Ol görgüsini görýär: ýykylýar, turýar, ýene ýykylýar, ýene turýar, soňabaka ýerinden turmaga ysgyny çatman, emedekläp ugraýar. Beýdibem bir ýol öndürip bormy diýip, öz-özüne käýinýär. Sebäbi küreniň diňe çala garasy görünýär, bu giden aralygy nädip emedekläp geçjek? Ýok ol muňa-da kaýyl, ýöne beýdip ýol aşmak nähili kyn, ejirli, onuň dyzlary ýara boljak. Olam hiç diýseň, endam-janlary demir sowutly, dişine çenli ýaraglanan ýüzleri tutuk, gaharly esgerler alaňlaryň üsti bilen deňiz tarapdan haýdaşyp, dem saýyn golaýlap gelýärler. Aýbäbegiň kellesine ”Muny kimdir birine ýetirip bilsem, soň özüm ölsemem hiç, heý, ýolumda ýyndam ýetginjek ýa-da çaga-çuga duşmazmyka?” diýip, başardygyndan öňe ümzük atýar. Soňam küren indi golaýlamdymyka diýip, her alaňa çykanda boýnuny süýndürip, öňe garaýar, soňam yzyndan tekepbirlik bilen kowup gelýän ýat goşun bilen arada ýene näçeräk ýol galandygyny biljek bolup, gorky bilen zol-zol yzyna gaňrylýar. Duşman arany dem saýyn ýygryp gelýär, olaryň gelşinde rehim ýok. Bu gelýänleriň duşmandygyna Aýbäbekde şübhe az: bihabar wagtyň ahmalyňy aňtap gelse, duşman bor-da, başga kim bolsun? Bular balykçylaryň kürenini ellerinden almana gelýändirler. Duşman ulyny-kiçini sylamaz, gyrar; Babajan niredekä? Wah, bäbegem eýwandajyk ýatandyr, bular onuň sallançagyny ýüzleriniň ugruna taparlar!.. Edil şol wagt kimdir biri, üstüne abanyp, onuň bu howsalasynyň üstünden yzgytsyz gülýär. – Gaçyp barmaň näme? Olar bize degmezler? Meni göreňokmy, ynha, gorkman durun-a! Gorkuly bolsa, menem gaçardym. Ýöne bular sögüşmeseň, sowgat berýäler. – Sen kim? – diýip, Aýbäbek aşakdan ýokaryk garap, nätanyş gelinden soraýar. Soňam, ýerinden turup, soragyny gaýtalaýar: – Sen kim? Bulary nirden tanaýaň? Bu gelýänler kimler? Nätanyş gelin owadan mele gözlerini güldürýär. – Sen nä menem tanaňokmy? Seň adamyň meň adamym bilen dost. Ýöne sen bu gelýänlerden gorkma! Ynha, meň lagl monjugymam bar! Dakynyp görjekmi? – Waý, ýok! – diýip, Aýbäbek çirkin gygyrýar. – Men dakynjak däl, men munuň ýaly monjugy gowy göremok! – Dakynmaýşyňy?! – diýip, nätanyş gelin içýakgyç gülýär. – Bersem-ä, baý, dakynarsyň-la! Aýbäbek oňa aýylganç howsala bilen seredýär-de: – Sen Aýpimi? – diýip soraýar. Nätanyş gelniň gözlerinde düşnüksiz şugla uçganaklaýar. – Hawa, men Aýpi, näme tanamajak bolýaňmy? Mönsüreme, tanaýandygyňy bilýän, äriň tanasa, seňem tanadygyň bor-da! Siziň hemmäňizem meni tanaýaňyz, bar işiňizem – gije-gündiz meň gulagymy gazamak. Käşgi özüňiz menden üýtgeşik bolsaňyz?! Siziň menden nämäňiz artyk?! Haçan siz öz boýnuňyzyň egrisini biljek? Bu gün-erte küreni taşlap, güm bolýaňyz bu taýdan, nä şonam menden görjekmi onsoň, hä?! Men nä size şeýdiň diýdimmi? – Jan dogan! – diýip, Aýbäbek ondan haraý isleýär: – Men saňa hiç zat diýemok, ýöne sen maňa şu goşundan sypmaga kömek et! Ikimiz duşman gelýänini adamlara habar edeli, iki bolup ylgasak, bular biziň yzymyzdan ýetip bilmezler. Aýpi gahar-gazap bilen birde Aýbäbege, birde-de ýaraglaryny şakyrdadyp, arany ýygryp gelýän soňsuz goşuna garaýar. Başyny aşak salýar, soňam derrew ýüzüni galdyryp, aýgytly görnüşe geçýär. – Aýal adamyny bezäp-besläp bilmeseň, ony bezäp-besländen gabanyp nätjek? Aýbäbek düşünenok, sorag berýär: – Sen muny kime diýýäň, maňamy? Aýpi gahar bilen elini salgaýar. – Saňa diýemok-la, ana, hol, ysnatlara diýýän! Öz namartlyklaryny her kimden görjekler welin, özlerinden görjek däller! Aýbäbek ýene zar-zelil ýalbarýar: – Jan dogan, sadagaň bolaýyn, bu wagt göwün-kinäň wagty däl, ýör, gaçaly! Ýör, bulaň gelýänini kürene habar bereli! Aýpi onuň bolşuny haýpygelijilik bilen synlaýar, başyny ýaýkaýar. – Aýdanam ekenik-dä, aýdamyzda, olar bu leşgere hötde gelip biljekmişlermi? Goý, gaýta gorkubam ýetişmän, hemmesi birden gyrylsynlar! O bolmanam, olaryň diri bolduklary däl, görenden gep çekip ýörler. Men bulardan irgin. Meniň gül ömrümi kül eden şular dälmi, namartlar! – ol jynssyz gülýär. – Öz ysnatlyklarynda meni günäkärlediler, hemme zady meniň üstüme atdylar, özlerem akja jüýjemiş. Ýöne bu goşuny ozalam men getiremok. Senem baryp bularyň gelýänini aýtsaň, gaýta hemmesini senden görerler. Erkekleň ädehedi şeýle: ejizliklerini gizlejek bolup, beter ejizlige ýüz urýarlar. Men näme, olaň meni ölüme höküm edenine razydyr öýdýäňmi? Aýbäbek gorkuly rowaýatdan ýadynda galan zady gaýtalaýar: – Eger sen şonda bir lagl monjuk üçin bulara hemme zady gürrüň bermedik bolsaň, onda biziň ýurdumyza çozup gelmezdiler! Aýpiniň öňküdenem beter gahary gelýär, ol edil guýrugyndan basylan ýylan ýaly başyny dik ýokary galdyryp, haşyrdaýar: – Sen, heleý, geplejek gepiňi bilip geple! Bular duşman däl, biziň dostlarymyz. Bular meň arymy almaga gelýärler. Bularyň küren bilenem, beýleki bilenem işleri ýok, bular seniň äriňi tutmaga gelýärler! Aýbäbek ýüregi ýarylan ýaly bolup, iki ýana elewreýär. – Ýör, onda aýdaly oňa, gaçsyn tizräk, gizlensin deňziň içinde! Aýpi erbet ses bilen jak-jaklap gülýär. – Heý, şunça goşundanam gizlenip bormy? Bular ony ýeriň aşagyna girse-de taparlar, gaçyp sypan ýeri bolmaz! Ol şeý diýýär-de, aňyrdan ýaraglaryny, demir sowutlaryny şakyrdadyşyp, ýer süýşen ýaly bolup ýetip gelýän goşuna albaý bulaýar. – Geliberiň! Men bä-äärde! – onuň elindäki ýelýyrtan ýaglyk al-howada galgaýar. – Geliň, men size onuň nirde gizlenenini görkezeýin. Ol menden sypyp bilmez! Onuň indi tepbediniň okaldygydyr, siz ondan meniň arymy alyp beriň! Aýbäbek onuň bolşundan elheder alýar, onuň ellerine-aýaklaryna güýç gelip, hasanaklap ýerinden turýar-da, Aýpiniň arkasyndan aslyşýar. – Bes et gygyrmaňy! Bes et! Sen olara Annamerediň nirdedigini aýtma, şugullama! Olar ony öldürerler, olar duşman-a! Aýpi yzyna öwrülip, onuň ýakasyndan ebşitläp tutýar. – Seniň duşman diýýänleň maňa lagl monjugyny berdi, dost diýýänleňem deňze gark etdi! – Etseler, günä seniň özüňde ahyryn! Ilki aýagyny gyşyk basan seň özüň dälmi nä?! Sen dälmi nebsine buýrup bilmedik? Aýpiniň demme-dem yzgydy gaçýar, onuň ýüzi agaryp, agzyndan ot bilen ýalyn çykýar: – Men gowy ýaşajak, bezenjek, beslenjek, kimiň ne işi?! Aýbäbegiň kellesine aýlawly pikir gelýär: ”Zat janyny alan… Men bu tulany berim-peşgeş bilen yrmasam, işimi gaýtarar, duşmany dogruja Annamerediň üstünden elter…” – Aýpi, başyňa-gözüňe döneýin, beýtme, meniň öýümi ýykma! Näme diýseň, bereýin, mende zat kän, sandygymda gyzyl-kümüş kän. Galkan ýaly kümüş gülýakam bar, şony bereýin, özem zer çaýylan, daşlaram hakykdan. Ýedi goşma goş bilezigim bar – olam seňki, ýöne şu duşmanlary dep et, gaýtar yzyna bulary, Annameredi heläk etme! Biziň çagalarymyz çülpeje, Annameredi alsaň, men başymy çaraman, direnip duran hossarymam ýok, bolanam özüni oňarsa kaýyl bolaýmaly, öňem ýetimçilik bilen gören günüm ýok, indi seniňki näme?! Ärimi alsaň, men haram ölerin, çagajyklarmyň kişi gapysynda ezenegi agar, beýtme Aýpi! Aýpiniň gözilginç owadan gözlerinde nebsewürlik ody oýanýar. – Aldamazmyň? – Wah, aldap nädeýin! – diýip, Aýbäbek janserek bolýar. – Meniň saňa ýalan söz bergim barmy? Söz berdimmi, diýenimi hökman bererin, artygy bilen. Başga-da zadym kän, olaram seniňki, ýöne sen bu goşuny duruz, gaýtar yzyna! Seret, bular ýetip gelýär, ýetseler, biz gutulyp bilmeris. Aýpi içýakgyçlygyny edýär, ýerliksiz ýerde näzirgäp, ýylan ýaly towlanýar. – Ýok, men seň bir gepiňe-de ynanamok! ”Ö” diýseň, öýkeniň görünjek bolup dur, onsoň sende onça gyzyl-kümüş näme işlesin?! Demir sowutlarynyň şöhlesi bilen göz gamaşdyryp, ýat esgerler iň soňky belent alaňdan bäriligine paýrap inýärler. Ýat esgerleriň käbiri Aýbäbegi görüp, ädimlerine has-da bat berýärler, arasynda ylgaşlap ugraýanlaram bar. Aýbäbek gyssaga düşýär, ol hem öz janyndan, hem çagalarynyň, hem adamsynyň janyndan gorkýar. Onsoň ol ýakasyndaky kümüş gönjügi sypyryp, Aýpiniň eline tutdurýar. – Me, al şuny, al! Entek şuny al, soň hemmesini özüm elinjek getirip bererin, sen ýöne şulary gaýtar! Aýpi lowurdap duran zerli kümüş gönjügi aýasyna alyp, eýlesine-beýlesine öwrüp, siňňin synlaýar, duşmanyň ýetip gelýäni onuň piňine-de däl. – Munuň özüňkiligi çynmy? Aýbäbegiň jany ýanýar. Ol saklanyp bilmän, ýaňsylaýar: – Ýok, özümki däl, saňa ogurlyk zat daşaýan! Bäş öýli küreniň içinde goňşyň gönjügini ogurlap, ony nirede dakynjak?! Gyzkam, ejem janyň gadyr edip, ýörite ussa buýrup ýasadanja şaýy, nätjek, nesibäm aýrylyşandyr-da, al, indi seniňki bolsun! Aýpi ”nätsemkäm?” diýip, ikirjiňlenip, alkymlap gelen sülsat goşuna garap, gümürdenýär. Soňam gözlerini onuň gulakhalkalaryna dikýär. – Ysyrgalaňňam ber! Aýbäbek hasyr-husur sypyryp, kümüş gulakhalkalarynam onuň aýasynda goýýar. – Me, al, ýöne bol çaltrak! Aýpi duşman bilen aralygy gözleri bilen ölçäp, ýene eglenýär. Aýbäbek onuň bolşuna mundan artyk çydap bilenok, Aýpiniň ýakasyndan tutup, ony güýjünde baryny edip silterläp, uly ili bilen gygyrýar: – Bol, duruz indi bulary! Duruz diýdim men saňa! Ke-emçin duruz-a, duru-uuuz!.. Aýbäbegi öz sesi bilen deňje çyrlap çykan çirkin bäbek sesi oýardy. Görse, iki eli bilen ykjamlap tutup, bäbekli sallançagy bar güýji bilen silterläp ýatyr. Bäbek gorkup oýanypdyr. Esewan etse, özem endam-jany öl-suw. Onuň üstesine-de emmesi iýdirdip, ukuda göwsünden süýt dökülipdir. “Ýeri bu näme indi?..” diýip, ol özbaşyna hüňürdäp, başyndan sypan öýmesini alyp, döşlerine sürtdi, ýakasyndan elini sokup, göwüslerini süpürişdirdi. Soňam ýaňja gören düýşünden iň erbet pursatyny hakydasynda aýlap, doňup galdy… Men ol bagtygara kümüş gönjügimi beräýdimmi? Soňam ýene bir zat ýadyna düşüp, ellerini hasyrra gulaklaryna ýetirdi – gulakhalkalary ýerinde. Wah, käşgi şulary alyp, ynjalaýsa betbagt… Işigaýdan-a men boldum: ölä zat berseň, gowulygyň alamaty-ha däldir… Wah, men guraýyn. Nämüçin beýtdimkäm, aljyratdy-da meni. Ol bäbegini garsa gujagyna alyp, tamkepbeden çykdy-da, goýy gara buluda çümen Günüň ýerini çaklap, oňa garşy ýedi ädim ätdi, soňam üç gezek egniniň üstaşyry tüýkürdi: “Taňrym, bela-beterden gora! Ýaman düýş ýagşa ýorulsyn!” Ertir Gün doganda turup, ýüzüň görnensoň, ýaňadandan dileg ederin-dä, sadagasy gitdigim, bu wagt-a ýaşanyň-ýaşmanyňam belli däl. Kabul edeweri, Taňrym, biz garybyň dilegini! Wah, Annameret… 6. Bu adajyk atam döwründen bäri deňziň ortasynda gomlaryň güwwüldisini diňläp, olaryň badyna üwrelip ýatyrdy. Ululy-kiçili tolkunlar etegine urlup, gaýnap, köpürjikläp, töwerege syçranda ol edil göge uçup gidiberjek ýaly galkyjaklasa-da, suwdan örküni üzüp bilmezdi. Tolkunlar has güýçlenip, hamana, ýerinden gozganyberende, bu ada gomlaryň arasynda ýol ýitirip, indem ugralla öňe ümzük atýan ullakan gämini ýatlatsa, onuň inçe tarapyndaky Aýpiniň depesi-de – ol gäminiň burnuna meňzärdi. Adany şol depäniň ady bilen atlandyryp, oňa ”Aýpiniň adasy” diýýänlerem ýok däldi. Balykçylar bu adany halap barmazdylar: yns-jynssyz ýatan ýylçyr daşlaryň mährewsiz üýşmekleri hem-de depe bilen baglanyşykly nämälim gorka ýugrulan taryh – bu ada aýagyny basanyň ýüregine howsala salardy. Ýöne Annameret welin, «Balykgoragyň» inspektorlary söbügine münende, kowgudan gaçyp, ýygy-ýygydan bu adada gizlenerdi. Ine, häzirem ol öz gaçybatalgasynda bukulyp otyrdy. Uzak oturmaly bolany üçin, bu gezek onuň ýüregi gysyp başlady. Şonuň üçinem ol özüni yzarlap ýören ”Balykgoragyň” motorly gaýygynyň adadan daşlaşan wagtyny peýläp, ýerinden turdy-da, daşlaryň arasyndaky bukusyndan çykdy, töwregine ätiýaçly garanjaklap, bukdaklap, adanyň bir çetinde beýgelip görünýän Aýpiniň depesine geldi. Gaýanyň edil gyrajygyna baryp, deňziň düýbüni synlady. Edil häzir suwuň ýüzi dynç bolansoň, deňiz tä düýbüne çenli görnüp ýatyrdy. Annameret öz ugruna birde gök, birde ýaşyl öwsüp ýatan deňziň çuňlugyny tä gözleri ýadaýança synlady durdy. Şol barmana-da, onuň göwnüne, gorkuly rowaýatda gürrüňi edilýän syrly monjugyň «ýatanmyş» diýilýän ýerinde, deňziň ymgyr çuňlugynda lowurdap, nämedir bir zat gözüne görnüp giden ýaly boldy. Annamerediň süňňi elendi, çünki, rowaýata görä, şol monjuga irde-giçde gözi düşenleriň uçdantutma hemmesine keç ýazgyt garaşýardy. Bu ýakada ol taryhy bilmeýän barmy nä? Rowaýata görä, mundan üç ýüz ýyl çemesi ozal bu taýda birdenkä ýat kenardan ýüzüp gelen näbelli adamlar peýda bolupdyrlar. Garaşylmadyk myhmanlary garşylan bolmandyr, ýöne deňziň gyrasynda owadanja daşlary çöpläp ýören Aýpi atly bir ýaş gelin çola kenarda labyr taşlan bu täsin gelmişeklere tötänden gabat gelipdir. Aýpi çekinip durman, olar bilen üm alşypdyr. Gelmişekler uçursyz bilesigeliji adamlar eken, onsoň gürrüň uzaga çekipdir. Hoşlaşanlarynda gelmişekler ol gelne owadan lagl monjugyny sowgat beripdirler. Sowgat berlen monjuk gyrmyzy gan reňkinde şeýle bir çabrap öwüsýär eken welin, Aýpi ony dakynyp, kürene garşy ýüzüni öwren badyna uly il onuň boýnundaky bu üýtgeşik monjugy görüpdir... Gelin deňiz aňyrsyndan getirilen monjugyň lowurdysy bilen öňünden çykanlaryň gözüni gamaşdyryp, kürene gaýdyp gelipdir. Ol balykçylaryň uzyn agaç aýakly tamkepbeleriniň arasyndaky egrem-bugram darajyk köçelerden özünden göwnühoş hem tekepbirlik bilen ädim urupdyr. Şol wagt küren obada Aýpiniň sowgadyna gözi gidip, oňa görüpçilik etmedik aýal-gyz galmandyr. Ýaş gelinleriň biri öz öýüniň deňine gelende, Aýpiniň golundan tutup saklapdyr-da, oňa sorag beripdir: – Aýtsana, Aýpi, olar saňa nädip beýle sowgady eçilip bildiler? – gelin töwereklerine ýygnanyp ugran boýdaşlaryna gabak astyndan garap, köpmanyly gürläpdir: – Görküňe dagy-ha aldanan däldirlerd-ä... – Ýo-ok-la, gyz... – diýip, ömür öz görküne buýsanyp ýören gelin näzirgäpdir. – Onuň üçin däl-le, senem ýöne oňaraýýaň... – Geň zat... Onda saňa ol sowgady nämäňe guwanyp berdiler? Parslaryňka meňzeş adyňamy? – diýip, gülşüp, aýallar onuň has-da beter daşyny alypdyrlar. – Aýtsan-a, gyz, tizräk, nämüçin berdiler onda? Sabrymyzy suw etme-de aýt-da! Aýpi näzirgäp, dil ýarypdyr: – Men olara öz güzeranymyz, kürenimiz, iň güýçli kişilerimiz hakda gürrüň berdim, erkeklerimiziň nädip balyk awlaýandyklaryny görkezemde, olar gyzyl-gyran gülüşdiler. Gelin-gyzlar öňküdenem beter geň galypdyrlar. – Şonuň ýaly bolgusyz zat üçinem olar saňa şeýle gymmat sowgat etdilermi? Ony biziň haýsymyzdan soraňda aýdyp bilmejek?! – Men olara öz kenarymyz hakda-da gürrüň berdim, kürenleri sanadym. Haýsy kürende näçe adam bardygyny araňyzda menden gowy bilýäniňiz barmy näme? Aýallar içlerini tutupdyrlar: bu tulanyň bagtlydygyny, munuň maňlaýyndan çykyp ýören zady görsene! Önsuzam küreniň erkekleriniň gözi şunda, ind-ä lagl monjugy-da üstesnine... Diňe haýy gidip, waýy galan bir kempir bu şowhuna goşulman, ýüzüni-gözüni eňşedipdir. Ol eňegini gemmerdip, dodaklaryny çömmeldip, nämedir bir zatlar sarnap, dynuwsyz hüňürdäpdir, Aýpiniň golaýyna aralaşjak bolup, duranlary itekleşdiribem görüpdir. Emma «Dursanyzlaň, siziňki näme?» diýip, lagl monjugyň lowurdysyna erkini aldyran ýaş gelinler oňa teý ýol bermändirler. Onsoň kempir tä gelinleriň owsuny ýatyşýança garaşmaly bolupdyr. Şowhun kiparlansoň, dişsiz kempiriň häliden bäri irginsiz gaýtalap duran sözleri ahyry gelinleriň gulagyna ýetipdir. – Garaklaryň gapylsyn seniň, mmh... – edip, kempir birçak gurap giden, ikbaş ýalyja ýumrugyny kelemenledipdir. – Başymyza bela getirsiň sen biziň! Bela çagyrsyň! Seniň boýnuňa ol näletsiňmiş monjugy gelmişekler ýöne ýere dakan däldir, ýönelige dakmazla-ar! Ýelniň üzülsin seň, ýelni üzülen. Sen olara biziň berekedimizi tabşyrypjyk gaýdypsyň, köwegiň biri köwek, mmh… hemme zady aýdypsyň sen… Göçer indi bu ýakalardan bereket, bagtymyza baran ýagdyrsyň sen biziň, baran ýagdyrsyň!.. Kempir şol bir diýenini gaýtalap, olardan arany açyp gidipdir: «Garaklaryň gapylaýsady seniň bir, tula diýsäni! Barymyzy bir ýalaga gyrdyrsyň sen biziň, gyrdyrsyň!..» Ol bir Nuhuň tupany bilen ýaşyt, görmedigi görde galan kempir eken. Şonun üçinem onuň gargyşyny eşidensoňlar, gelinleriň ýüregine howsala aralaşypdyr. Olar aňk-taňk bolup duran Aýpini köçäniň ortasynda ýalňyz goýup, dessine dargamak bilen bolupdyrlar. Özlerem: «Bagtymyza baran ýagdyr bu biziň, ýagdy-yyr!” diýşip, kempiriň agzyndan çykan sözleri howsala öwrüp, gaýtalap, öz ýanlary bilen alyp gidipdirler. Agşamlyk küreniniň aksakgallarynyň geneşi bolupdyr... Küreniň iň edenli balykçysy, Aýpiniň äri Dädeli aksakgallaryň geneşinden gelnine buýrulan jezanyň agramynyň astynda berdaşly eginlerini sallap, ýegşerilip çykypdyr. Balykçynyň gulaklarynda bolsa, öz söýgüli aýalyna aksakgallaryň çykaran ýowuz hökümi hem soňky sözleri ýaňlanypdyr: ”Onuň gelmişeklere näme diýeni bizi gyzyklandyranok. Bizi gorkuzýan zat – onuň gelmişekler bilen arasyny sazlamagy. Şonuň üçinem biziň aramyzda oňa orun ýok”. Aksakgallaryň maslahat jaýyndan ýüzüni sallap, gaýgy-gussa batyp çykan balykçynyň, göýä egninlerinden agyr labyr basýan dek, aýaklary zordan ädilipdir. Ertesi hem ol gara daňdandan, şu depäni görkezeýin bahanasy bilen, entek il örmänkä, aýalyny alyp, deňze çykypdyr... Ol aýalyna: «Iň gowy geýimleriňi geý, boýnuňa-da lagl monjugyňy dakyn. Ol saňa üýtgeşik gowy gelişýär!» diýipdir. Şeýdibem olar Gün dogmanka küreni terk edip gidipdirler. Aýpi entek gaýykda otyrkalar, nähilidir bir ýakymsyz galagoplugyň barlygyny syzypdyr, emma diňe ada gelip, deňze abanyp duran ýalňyz depäniň üstüne çykansoňlar, äriniň buz ýaly gözlerine gözi düşende, öz tepbediniň okalandygyny bilipdir. Ol iň soňky pursatda, äriniň gözüne güýdüşip, gaçyp sypjak bolupdyr, emma başa barmandyr. Dädeli ony gödeňsi gollary bilen garsa gujaklapdyr-da, depäniň çür başyndan köpürjikläp ýatan deňiz gomlarynyň içine oklap goýberipdir. Deňiz aňyrsyndan gelen monjugyň agramy gelne suwuň ýüzünde uzak saklanmaga idin bermän, ony öz agramyna şor suwuň düýbüne bakan dartyp alyp gidipdir... Şol zamanlardan bäri-de, çagyrylmadyk myhmanlar iru-giç ýene gaýdyp gelerler, özi-de, indi gelseler, sowgat-serpaýly däl-de, hökman elleri ýaragly gelerler diýen gorky bu kenardaky adamlaryň gursagyna hemişelik çöküpdir. Annameret rowaýatdaky şol näletsiňmiş monjugyň dynman betbagtçylyk çagyryp ýatan çuňlugyna ýene bir gezek gorkuly göz aýlady-da, yzyna öwrülip, öz buky ýerine gaýtdy. Onuň emenjek çukury syzlap agyrdy: indi gaýdyp bu ada gelmen, gümündenem aňryk gitsin! Edil şol wagt hem motorly gaýygyň sesi gaýtadan ýakynlaşyp ugrady. «Balykgoragyň» ony yzarlap ýören kateri adajygyň günorta ýakasyny syryp, haýallyk bilen ýüzüp barýardy. Daşly adany, edil elek elän kysmy, gözleri bilen sermeläp gözläp barýan ”Balykgoragyň” ýaş, entek juda gögele görünýän inspektoryny Annameret bu gezek ine-gana synlady. Kateriň burnundaky baýdajyk garşylykly şemala uçaýsam-uçaýsam diýip, aýagyndan daňlan deňiz çarlagy kimin ganat kakýardy... Kater adanyň töwereginde edil ýüregedüşgünç güýz siňegi dek wazzyldap aýlanyp ýördi, asla bu ýerden gitjege meňzänokdy. Görnüşine görä, ýaş hem bolsa, bu inspektor motorly gaýygyň özünden gaçyp, açyk deňze ýüzüp gidip bilmejegini aňýan bolmaly. Ol gaýygyň şu taýda ýitirim bolandygyny aňşyryp, şonuň üçinem adanyň daşynda öwrülip ýören bolsa gerek. «Gögeläň biri diýsäni!» – diýip, Annameret ýüreginden syzdyryp käýindi, eline saldam berip duran daşy bar güýji bilen onun yzyndan aýlap saldy. – Tapjak gümanyň barmy! – diýip, ol dişini gyjady: – «Men ýok» diýdim-ä saňa, onsoň ýoklugy bor-da! Gidiber öz ugruňa, nä adam tutmak planyň dolmajak bolup durmy diýsene? Kater birdenkä burnuny açyk deňze tarap öwürdi-de, duýdansyz ýerden adadan daşlaşyp başlady. Az wagtdanam ol eýýäm mawy deňziň üstünde gara nokada öwrüldi. Annamerediň kelleseine: «Ol gaýdyp gelinçä bu taýdan garamy saýlaýsam näderkä? – diýen pikir geldi. – Belki, başardar, ýetişerin?» Ol buky ýerinden çykyp, aşak düşmäge başlady. Onuň gaýygy ada süsňäp girýän çuň güzerde del gözden sowaşyk, mäkäm bukulgydy. Bu güzeriň görnuşi birgeňsidi, hamana, Nuh eýýamynda haýsydyr bir eýmenç ýuwdarha öte gahar bilen: «Diňe siz däl, bizem bu dünýäde ýaşapdyk, biziňem dişimiz siziňkiçe bardy! Görüň, ynha, onuň güýjüni!” – diýip, ada agyz urup, onuň ýoňsuz bir bölegini goparyp, deňziň düýbüne alyp giden ýalydy. Ol gaýygynyň ýanyna geldi. Emma gizlenen ýerinden çykaraýyn diýip, ýaňy bir erňeginden tutanda, sakçy kateriň nokada öwrülip, gözden ýitip giden ugrunda, uzak gözýetimde ynjalyksyz nokat göründi. Deňziň üstündäki ynjalyksyz nokat salymyny bermän, ulalyp gelýärdi. Annameret ýene-de derrew buky ýerine dolanmaly boldy: «Diýmäýin diýsem, gögelän gögelesi! Seniň asla öýe gaýdyp barasyň gelenok öýdýän. Gelmeýän bolarly! Onda indi özüňden gör... – Arasyna wagt düşdümi-düşmedimi, garaz, ol dem salymdan ýaş inspektora haýbat atýan äheňde: – Onda sen tupana garaşyber...” diýdi. Tötänden agzyndan sypan bu söz bilen deňizde başlanan üýtgeşikligiň arasynda nähilidir bir baglanyşyk bardyr öýdüp, şol wagt onuň entek kellesine-de gelmändi. Bu sözi agzyna salan duýgynyň nesilme-nesil deňiz ýakasynda ýaşap ýören adamlara mahsus gaý-tupanyň howpuny has öňünden syzmak ukybydyr öýdüp, ol entek oýlanybam ýetişmändi. Ýöne diýmesiz sözi diýdi-de, balykçy derrew dilini dişledi, töweregine ynjalyksyz garandy. Şonda onuň gözleri uzak günýaşarda içi balykly kölçe ýaly bulanyp barýan çal asmanda eglendi... Entek deňiz arkaýyndy, ol diňe oýaly-ukuly pişik ýaly myrlap, çalaja sojap, köpürjikleýärdi, ulurak tolkunlar gämä çalymdaş adanyň burnuna urlup, pytrap gidýärdiler. Şonda gözýaş ýaly şor damjalar göge syçrap, soňam töwerege seçelenip, howada oýun gurýardylar. Annamerediň gursagyna uşajyk howsala aralaşdy, hamana, näbelli bir ýyrtyjy ýüregine dyrnakman penjelerini ýetirip, indem urup duran ýüregini agzyndan çekip çykarmaga synanyşýan ýalydy. Soňabaka bu göze görünmeýän ýyrtyjynyň gaýtalanyp duran hereketi bizar-peteňini çykaryp, endamyny dyglatdy. Garaňakyrap barýan alyslyga tiňkesini dikdigiçe, Annameret şol uzaklykda bu taýdan gowy görünmeýän, ýöne elhenç bir howsalanyň gopup ugrandygyny, özem onuň hä diýmän şu taýyk, onun duran ýerine yňdarylyp gaýtjakdygyny syzdy. Deňziň üsti bilen serginjek şemal öwsüp geldi, ýöne hany onuň lezzeti? Ol – şo taýdan geldi ahbetin! Tolkunlar göýä kimdir biri ämärt güýç bilen ýeňselerinden itýän dek, garşydaky kenara bakan ýelkildeşip, aşyrym-aşyrym geçmesini ýygjamlatdylar… Indi wagtyň gyssagy özündedi, töwerek dem saýyn üýtgäp barýardy. Gözýetim gitdigiçe daralyp, edil şu taýda, hut Aýpiniň adasynda gutarnykly tapyşmak üçin töwerekläp, oňa golaýlap gelýärdi. Günorta tarapdan aldyrany bar ýaly bolup ýetip gelen kater adanyn daşyndan iň soňky gezek öwpülip barşyna, onuň üstündäki sakçy örboýuna turup, megafonda bir zatlar-bir zatlar diýip gygyrdy, haýp, ýöne onuň sözleri Annamerede gelip ýetmezden, göz açyp-ýumasy salymda şor suwa çaýylyp, pagyş-para eräp, ýitip gitdi. Soňra-da uzak eglenip durman, kater kenary nazarlap, gözden ýitdi. Annamerediň eşitgir gulaklary güýjäp barýan deňiz güwwüldisiniň arasynda ”Balykgoragyň” kateriniň daşlaşyp barýan gürrüldisini saýgardy. Diýmek, kateriň bu gezek gidişleýin gitjegi çyn. Annameret begenjinden ýaňa: – Hany, gitmejek ýalydyň-la! – diýip, onuň yzyndan gyjalatly gygyranyny-da duýman galdy. Soňam ol derrew gaýygyny gizlän güzerine bakan aşaklygyna ylgady. Alňasap barşyna, tasdanam ýylçyr daşyň üstünden taýyp ýykylypdy, her hal ýarganat kimin, ýylçyr gaýa bütin göwresi bilen ýelmeşip, zordan ýykylman saklandy. Onuň deregine aýagynyň aşagyndan gopan kelle ýaly daş aşaklygyna, suwuň gyrasyndaky diş-diş ýiti daşlaryň üstüne güwläp gaýtdy. Aşak düşensoň, balykçy gaýygyny suwa salyp, onuň motoryny dakdy-da, daşlaryň arasynda öňden gizläp goýan tüňňürini getirmäge eňdi. Motoryň ýangyç guýulýan gabyny ýangyçdan dolduryp, boş tüňňüri gaýygyň düýbüne, ullakan bekre balyklaryň agyzlaryny açyşyp, howany gapyşyp ýatan ýerine oklady. Soňky döwürde ymykly giren düzgün boýunça bu töwereklerde bekreleri awlamak bolanokdy. Gyzyl balyklary öz erkiňe awlamagy gadagan edýän kanun çykansoň, küreniň awçylary ýuwaş-ýuwaşdan ol kanuna boýun bolup, bekre awlamaklaryny bes etdiler. Annameret olaryň öz hünärlerini ýatdan çykaraňkyrlandygyny gaty bir geňem görüp duranok, ýogsa nä: gaýyklary, taýmyllary köneldi, abzallary poslady, torlary çüýredi, hatda gaňrak ýasamak hem olar üçin indi kyn iş. Olar balykçylykdan ata-baba toplan tejribelerini unudyp, ukyplaryny başga ugurlara gönükdirdiler: kimsi şäherden iş tapyndy, kimsi-de – uzak obalardan. Balykçylar wagt geçdigiçe täze oňşuklaryna öwrenişip gidip otyrlar. Indi aralarynda deňze özbaşdak çykmagy küýseýänem azaldy. Setanda-seýranda taýmylly deňze çykaýsalar-da, uly awlary – takga ýa çapak. Bu kürenden indi diňe sanlyja adam döwlet balykçylyk hojalygynda işleýär diýmeseň, galanlarynyň eklenji gury ýere daňyldy. Elbetde, küreniň ýaşaýjylary işbil iýmeklerinem bes edenokdylar, gyzyl balykly palawdanam ýüz öwürýän ýok, toýlarynam şonsuz sowanoklar, ýöne munuň üçin deňze girmek hökman däldi. Özleri aw awlamany goýansoňlar, olar gyzyl balyk iýmegiň başgarak ýollaryny öwrendiler. Balykçylyk hojalygynda işleýänler gyzyl balyklary arzan alyp, oba getirip, gymmat satyp gidýärler, şonuň üçinem, elbetde, küren balyksyzam bolanok. Gyzyl balygy çapagyň bahasyndan alyp bilseň, armanyň näme? Käte olar Annamerediň hyzmatyndan hem peýdalanardylar. Garaz, ata-babadan gelýän balyk awlamak endiklerini ýitireňkirleseler-de, gyzyl balyk iýmek endiklerini ýitirjege meňzänokdylar. Bu günem Annameret daň bilen gijeki gurup gaýdan gaňrakly tanapyny barlamaga deňze çykdy. Bazar güni bolansoň, sakçylar görnerem öýtmändi, howa-da, gowusyny arzuw eder ýaly däldi, deňiz imisalady. Ol gaňraklaryny bir-birden barlap çykmak üçin, kenara ugurdaş edilip dartylan tanapynyň bir çetinden girdi. Dykylaryň suwuň ýüzünde gaýyp ýöreni ýok, hemmesi suwuň aşagynda, diýmek, gaňyrçaklar boş däl. Çak edişi ýaly-da boldy, aw ganlydy: işbilem az bolmaz, ony-da öňünden çaklasa boljakdy. Gyzyl balyklaryň köpelýän möwsümi entek doly geçenok, onsoň şowuna düşse, işbilsiz galmajagyň görnüp dur. Wah, balykçynyň watany deňizdir-le, onuň gury ýerde ne köri bar? Annamerediň keýpi kökdi, şonuň üçinem bu wagt aýdyma hiňlenesi geldi, elbetde, wagt bolanlygynda, belki hiňlenerdem, arman, hemmesi başgaça boldy. Garaşman durka gözýetimde duýdansyz ýerden “Balykgoragyň” tanyş kateri göründi... Ynha, indi gorky sowuldy, ol arkaýyn öýüne dolanyp baryp biler. «Balykgoragyň» ýaş, irginsiz inspektoryny kowup bereni üçin Annameret bu wagt ýetip gelýän tupana tüýs ýürekden minnetdardy. Şonuň üçinem ol ilkibaşda tupany jüpüne düşen zat hasaplady. Arman, onuň lezzetini görmäge wagt ýokdy – alada ýetikdi, gaý güýjüne girmänkä tizräk öýe aşmalydy. Aýbäbegiňem gözi ýoldadyr, deňze garap, daş işikde näçe diýseň, zowzuldaýandyr. Annameret gaýygyň motoryny otlap, adanyň gündogar ýakasyndan aýlanyp, ýüzüni kenara garşy öwürdi. Ol deňizde gije gurup goýan tanapyny bu wagt soňuna çenli barlap bilmejegine gynandy, ýogsa edil häzir oňa kim päsgel bersin? “Ýeri, bolýar-da, soň barlaryn-da – diýip, ol öz-özüni köşeşdirdi. – Ýöne, elbetde, bu tupandan soň tanapdan derek tapylaýsa…» Şeýle küýlere gümra bolup, Annameret ep-esli aralygy geçdi, adanyň garasy ýiteňkirledi. Soňra duýdansyz ýerden motoryň sesi üýtgedi... Birdenkä-de ol sen-men ýok, tapba öçdi ýatyberdi. Öňki badyna ýene biraz ýüzen gaýyk, uzak gitmän, tizara saklanyp, suwuň ýüzünde çaýkanjyrap, ikiýana yraň atdy. Kenara ýeterden entekler örän daşdy. Balykçy gaýygyň motoryny täzeden otlajak bolup synanyşdy. Bolmady. Ýene-de synanyşdy – bolanok. Soňky synanyşyklar-da şowsuz gutardy. «Ýandyryjylardandyr!» diýen pikir onuň kellesine geldi. Olary çykaryp, süpürişdirip, täzeden ýerinde oturtdy, bary biderek, netijesiz. Kalbyny lerzana getirip, barha güýçlenip barýan howsala bilen başa-baş göreşip, ol motoryň käbir böleklerini söküp-düzdi. Soňra-da, maňlaý derini syldy-da, Hudaýy çagyryp, motoryň ýüpünden batly dartdy – ses ýok. Nätmeli? Balykçy gaýygyň burnuny tolkunlara garşy öwrüp, gazap bilen dişini gyjady – edil gorkunç ertekidäki agzyndan ot saçýan ýedi kelleli aždarha kimin, tupan gözüň alnynda ulalyp, töweregi gaplap barýardy. Onuň kellesine oslagsyz ýerden bir howsalaly pikir aralaşdy, şonda ol gaýygyň düýbünde düňderilip ýatan boş tüňňüre bakan okduryldy. Tüňňüriň gapagyny açyp, eliniň aýasyna onuň içindäki suwuklykdan azajyk guýup gördi, şonda tasdanam onuň essi aýylypdy... Aýasyndaky ýagjymak suwuklygyň üstünde der damjalary dek suw düwmejikleri togarlanyşyp ýördüler... Arada bir gun tüňňürleriň ýanynda çagalaryň oýnap ýörşi onuň güpbe ýadyna düşdi, göwnüne bolmasa, olaryň biriniň elinde hatda tüňňüriň gapagyny-da görüpdi. Megerem, şonda çagalar boş tüňňüri suwdan dolduran bolarly… Annameredem ýangyçlydyr öýdüp, suwly tüňňüri getirip, bu taýda gizläp gidipdir. Benzinli tüňňürem bu wagt kümede önküje ýerinde joňkaryp oturandyr.... Balykçy aldawçy tüňňüri gahar-gazap bilen başyndan aýlap, şeýle bir zybyrdadyp zyňdy welin, onuň badyna tasdan gaýyk agdarylypdy. Ol näderini bilmän, töweregine garap, gaýygyň üstünde birsellem alaçsyz üwrelip durdy. Ýöne bu wagt her minut gyzyla barabardy, tizräk çykalga tapmalydy. Gara gaý äpet gara ganatlaryny galgadyp, onuň üstüne abanyp, sürnüp gelýärdi. Onsoň ol gaýygyň küreklerini ýerine ötürdi-de, bar güýç-gaýratyny gollaryna jemläp, öz depesinden iýnip gelýän eýmenç beladan sypmak üçin kenara bakan aldygyna kürekläp ugrady... 7 Jöwzaly epgek baýyrlaryň üstünde ýaýnaýan ýalpy ýazy ýeňiljek tozga başlary bilen birlikde üfläp ülkeden aşyryp goýberdi, çölüň üstüne möjegiň derisi ýapylana dönüp, töwerek garyp çal reňke geçdi. Yssy çekip-çydardan çökderdi. Deňziň üsti bilen ajy şemal öwüsýärdi. Onuň agyr ysy bardy. Adamlar janyna tara tapman kösenýärdiler: birde ylgap öýden çyksalar, birde ylgaşyp, ýene-de özlerini türkana öýlerine atýardylar. Garry-gurtularyň haly has hem teňdi, olar bu bela-beter yssyny çaý içip, ýeňjek bolýardylar, olar howanyň birden betine tutubermeginden nägile bolup, arasynda hüňürdäp görýärdiler, emma hany ondan netije?! Günüň howruna gyzyp, ýetjek derejesine ýeten çäge depeleri syrap, deňze baka süýşmäge başladylar. Olaryň ýakyp-ýandyryjy demi çabrap, gitdigiçe kenara golaýlaýardy. Çäge depeleri kenarda egnini gysyp oturan balykçylar küreniniň üstünden ätläp geçip, özüni deňze ursam, Günüň birehim gyzgynyndan gutulsam diýýäne meňzeşdi. Emma deňziň öz çekýän jebri-de az däldi. Onuňam göwnüne, alyslarda çalaryp ýatan gözýetimiň aňyrsynda enaýy salkynlyk bar ýalydy, öz kenarynda başly-barat oturan balykçylar küreniniň üstünden agdarylyp, şaglap geçip, hamana, şol salkynlyga ýetip biläýjek ýalydy. Gün öýläne sananda, töwerege ýürekgysgynç dym-dyrslyk aralaşdy. Ýerden Göge çenli aralyk abanyp gelýän nätanyş bir howpa garaşyp, elendi. Janly-jandarlar alňasak hinli hinlerine, sürenli sürenlerine özlerini atdylar. Çarlaklar sürlenişip, garalyp barýan denziň üstünden ýiti ses bilen pessaýlap uçdular, soňam nirädir bir ýitirim bolup gitdiler. Bu taýyk iki gapdaldan – gündogardan hem günbatardan abanyp duran çal gaýalar deňiz bilen gury ýeriň golaýlaşyp gelýän beýik tutluşygyna ýer arçap, gaýra-gaýra çekilýäne menzediler. Onsoň Deňiz Gury ýeriň üstüne sürnüp, hüjüme geçdi... Deňiz alyslarda bir ýerde garaşýan salkynlygyň gujagyna özüni oklap, ýakyp-ýandyryjy yssydan janyny gutarmak üçin galkyjaklap, öňe okduryldy. Ol öz öňüni gabsap ýatan kenaryny edil goç süsen ýaly jalkyldadyp süsüp, yza çekilýärdi. Indikisinde has beter güýç bilen öňe okdurylmak üçin özüni dürsemäge howlugýardy. Onuň güýji egsilerli däldi, jümmüşinden bir ýerden gelip goşulyp durdy. Adatdakysyndan aňyrrak geçmek başardanda, deňiz tenini gyzgyn çägä çawladyp, edil öjükdirilen kepjebaş deýin haşyrdap, ak köpürjik başyny galdyryp, öňe topulýardy-da, soňam derrew yza çekilýärdi, iňňildäp, öz gyrak-bujaksyz eteklerini içine dolap alýardy, ýabany haýwan kimin, ýarasyny ýalaýardy. Soňra-da indiki pursatda güýjünde baryny edip, ýaraly ýyrtyjynyň hyjuwy bilen öňünde keserip ýatan kenarlarynyň üstüne gaýtadan okdurylýardy. Darkaşygyň ýeten derejesinden çen tutsaň, Deňiz bilen Gury ýeriň dowamat döräli barýan jedeliniň ahyrsoňy kimiň haýryna çözüljegi hut şu gün belli bolmaly ýalydy. Gün ýaşmady-da, gaýnap duran gara dumanyň içinde gark bolup, gözden ýitip gitdi. Ol bu gezek öz yzynda hatda täzeden dogar diýen umydy-da goýmady. Onuň yzysüre asman çat açyp, öz ýerinde güňleç güwwüldäp hem elenip duran hüýt gara boşlugy galdyryp, böleklere bölünip, pytrap ugrady. Kenardaky adamlar bu boluşda iň elhenç bela-beterleriň alamatyny gördüler. Sakgallary gözleriniň agy bilen deňleşen gojalar-da, öz ýaşan ömürlerinde munuň kimin bela-beteri görmändiklerini boýun alyp, zeýrendiler. “Bu gije deňiz hökman myhman geler – diýip, howsala düşdüler. – Bu gije ýatmak bolmaz, ýatsak – üstümizi gapyl basdyrarys”. Hemişeki ýaly, adamlaryň ýene Aýpi hakyndaky rowaýat hem ýatlaryna düşdi... Kimdir biri geňsi hasap öwrüp, hamana, bu tupan şol rowaýatdaky Aýpiniň deniz aňyrsyndan gelen nätanyş gelmişekler bilen duşuşan wagtyna gabat gelýär diýip, welilik satdy. Şonda bireýýäm könelip, öçügsilenip giden rowaýata jan girene dönüp, adamlaryň içki galagoplugy has-da artdy. – Ýagşam bir gorkjak zadyňyzy tapdyňyz! – diýip, Rejep çişik balykçylaryň köpüsi şöwür çekmek üçin ikindin Hojadurdy uzynyň giňiş tamkepbesine ýygnananda, yrymçylaryň üstünden güldi. – Bu wagt biziň, islesek, Aýyň böwrüni hoňkartmaga-da güýjümiz ýetjek! A siz bolsa, atam döwrüniň rowaýatyny ýatlap, saňňyldaşyp otyrsyňyz. Onsuzam köreçel elektrik yşygy bu gün has ir öçensoň, tüssesi gözüňi ýaşardýan pelteli ýag çyrasynyň daşyna üýşüp, şonuň bilen mydar edip oturan balykçylary Rejep çişigiň aýdany köşeşdirmän, tersine, gaýta howsalalaryny artdyrdy. Aýyň geljekki ykbalyny howatyr eden öý eýesi ünjüli gürledi: – Aýy deşseň, inim, ol deşikden bärligine mundanam erbet ýel ursa nätjek? Ony etmek bolmaz. Ol gözsüz-batyrlyk bolar. Olar ýaly oýlanyşyksyz iş edilse, göräý welin, soň aýratynam biziňki ýaly tamkepbede ýaşaýanlara kyn bolar. Şol sebäpdenem, däninim, Rejep, sen ony beýtdirmejek bol! Sen özüň bir ýarym şäherli adam, ýoluň zol-zol paýtagta düşýändir, ol ýere baraňda, biziň pikirimizi alymlar aýt: goý, olar Aýa-Güne ýanaşmasynlar! Aý-Gün – gökde ata-baba duran zat, olara degmek nämä gerek? Aýyň aňyrsynda näme bardygyny kim bilýär, ony bilýän ýok, ony bizem bilemzok, onsoň alagada onuň böwrüni garaldaýmak bolarmy?! Näme ýerde nyşana tükenipmi? Aýa-Güne ýanaşsaň, näme bela gopjagyny öňünden nä biljek? Ony diňe gopanda bilip galarsyň, ol hem giç bolar. Şonuň üçinem ol gudratlara degmäniňden gowusy ýokdur. Sen, han ogul, alymlara şony düşündirjek bol. Çüýşeli ýag çyrasynyň daşyna aýlanyp oturan balykçylar Hojadurdy uzynyň diýenini ýürekden goldadylar. Olar birsellem asman jisimleri barada pikir alyşdylar, jedel etdiler. Emma tupan güýçlenip, oturan çalamydar tamkepbelerini elesledip ugranda, asman giňişliginden ýere dolanmasalar, olaryň dagy alajy galmady. Şondan soň asmany öz ugruna goýup, balykçylar öz güzeranlaryny gaýgy etmeli boldular. Bu tupan, megerem, balykçylaryň köpüsini tamkepbelerini täzeden gurmaly eder, ýöne hany oňa artyk serişde? Küreni tizräk bu ýerden şähere göçürjek bolýanlaryň güni geldi, balykçylara indi bu taýda durarlyk galmasa gerek. Çülpeleriň azary artsa-da, adamlar tupan sowulýança bu ýerde galmagy ýüreklerine düwdüler. Ulular gürrüňe güýmenseler, ene-atalarynyň dyzlaryny ýassanyp ýatan çagalar çyra çüýşesiniň içinde şeýtan kimin bökjekleýän, epilip-bükülip-dikelip, tukat hem birsydyrgyn tomaşa görkezýän oduň oýnuna güýmenýärdiler. Aýallar biraz yzda, öz ärleriniň arkasynda, alagaraňky ýerde hümürdeşip, derdinişip, dillerini jukguldadýardylar... Gitdigiçe güýçlenip barýan tupana döz gelip bilmän, daşky gapy birdenka jarka açyldy. Çygly howa kimdir birini gözläp ýören dek, ylgap, öýüň törüne geçdi, gödeklik edibem, ýüzugra pelteli çyrany üfläp öçürdi. Aýallar içlerini çekişdiler, oturanlaryň biri gapyny ýapmaga ylgady. Nur Tagan otluçöp çyzanda, kepbedäkiler ölügsi oduň ýagtysyna gojanyň ýüzündäki ýygyrtlaryň gündüzkiden çuňlaşyp, kölegeli çylgymlara öwrülendigini gördüler. Onuň ýüzi adatdakysyndan susdy. Çüýşedäki şeýtan towsaklap, gaýtadan öz oýnuna başlanda, adamlar ýene-de deňze gulak asdylar. Goja bolsa öz howsalasyny mälim etdi: – Her hal irgözinden gaýyklarydyr taýmyllary-ha taýynlap goýduk – şo-da bir gowy zat. Ýöne arasynda daş çykyp, barlap durmaly, myhman duýdansyz geläýmesin! Tupanyň şol güýçlenip gidip oturşydy, Hojadurdy uzynyň gözgyny külbesi oňa tap getirmän, şatyrdap elenýärdi, bu öý ýeliň indiki aşyrymynda ýerden örküni üzüp, içindäkiler bilen bile asmana uçup gidibererli görünýärdi. Oturanlar soňabaka tas gygyryp diýen ýaly gürleşmeli boldular, çünki ýel kepbäniň daşyndan aýlanyp ýörşüne, özüne kän ýerden sümelge deşik tapynyp, sykylyklaýardy. Pelteli ýag çyranyň ysgynsyz ýagtysyny-da öçürjek bolýardy, adamlaryň ýüregine dowul salyp, gazabyna tutan tebigat öz bimöçber güýjüniň öňünde janly-jandaryň alaçsyzlygyny görkezmäge çytraşýardy. Üçegiň üstüne ýapylan brezenti ýel ykdyryp sypyrany üçin şatyrdap gelen jala ýagyş hä diýmän, kepbäniň içine joralanyp ugrady. Erkekler daşaryk ylgap, brezenti öňküsi ýaly kepbäniň üstüne ýapyp, süllümmaý ezilip, yzlaryna geldiler. Tupanyň garşysyna öz güýçlerini synap görensoňlar, adamlaryň birneme gujury artan ýaly boldy, olar degişmäge-gülüşmäge synanyşdylar. Emma garaňky öýe gabalan adamlaryň hyjuwy uzaga gitmedi, sesleri peselip, tizara kepbäniň içine ýene-de tanyş susluk aralaşdy. Bu ýagdaýyň näçe wagta çekenini anyk bilýän ýokdy. Adamlar soňabaka öz alaçsyzlyklaryndan ýadap, gury töňňä meňzediler, ölügsi ýagty kepbäniň diwarlaryna indi diri adamlaryň däl-de, eýse gury töňňeleriň suratyny çekýäne meňzeşdi. Iňňildemekden, aglamakdan ýadan uşaklar, usurgap, bireýýäm uka gitdiler. Tebigy belanyň nämedigine näbelet çagalar ulularyň bu ýüregedüşgünçligi tükedip, nämüçin daşaryny ýagtyltmagyň ugruna çykmaýandyklaryna hiç düşünip bilenokdylar. Ýetginjekleriň özlerine göwünleri ýetýärdi, şonuň üçinem olar öz eneleriniň hem gyz doganlarynyň gözleriniň öňünde edil ulular dek köpmanyly görünmäge çalyşýardylar. Ululardan hiç biri kirpigini kirpigine gatanokdy. Gulaklaryny gerip, güwwüldini diňleşip otyrdylar. Deňiz aç ýyrtyjy kimin, çaltlyk bilen öz kenarlaryny gemirýärdi. Emma tebigatyň hyjuwy ýetjek derejesine ýetende, deňziň güwwüldisi hem asmanyň gübürdisi göz açyp-ýumasy salymlyk köşeşip, birdenkä bu haý-haýly gijäniň tümlüginiň çür depesine ýüregiňi paralap, iniňi tikenekledýän aýal nalasynyň atylyp çykmagy üçin az wagtlyk dymdy. – Anname-ere-ee-et!.. Kepbedäkileriň süýr depesinden gaýnag suw guýlana döndi, oturan ýerlerinde doňup galdylar. Soňam, akyllaryna aýlanyp, duran-duran ýerden daşaryk, çagbaly ýagşyň hem tupanyň astyna – deňze garşy okduryldylar. Aýal sesi kenaryň üstünde pelesaň urýardy. Ol töwerekde üznüksiz gaýtalanyp, edil tupanyň özi bolup köwsarlaýardy. Ol ses her gezek gaýtadan ýanlananda, adamlar irde-giçde deňze çykyp, soňra-da yzyna gaýdyp gelmedik, gark bolan balykçylaryň ozal unudylan, uzak ýyllar boýy ýatdan çykarylan atlaryny eşitdiler durdular. Aýbäbegiň ýanyna ylgap gelenlerinde, onuň üstünde oturan gara daşy ýaly birçak dilden galyp, huk bolanlygyny gördüler. Ýel onuň saçlaryny penjeläp-penjeläp alýardy, ol bolsa, rehimsiz gijäniň ýüregini oýaryp, indem deňziň güwwüldisi bilen asmanyň gübürdisini diňläp, iki bükülip otyrdy. Balykçylar gijelikde Käbe enäni ýatdan çykarandyklaryny bilip, içlerini tutdular. Agtaryp, ony hem kenardan tapdylar. Kempir ezilen towuga dönüp, edil ysytma tutýan dek galdyraýardy. Garryny-da, Aýbäbegi-de öz külbelerine eltdiler. Ganaty gyrlyp, öz sürüsinden galan ýaraly guşlary ýatladýan agyr haldaky zenanlary görmek balykçylaryň derdine dert goşdy. Olar deňziň öňünde özleriniň näme ýazyklarynyň bardygyny bilenokdylar, şonuň üçinem, hiç zada düşünmeýändiklerini boýun alyp, eginlerini gysýardylar. Adamlaryň çekýän ejiri diňe jahan ýagtylansoň ýeňledi. Güwwüldiden ýaňa gapylara gelen gulaklary az-azdan açylyşyp, küreniň ýaşaýjylary dura-bara ýene adaty sesleri eşidip ugradylar. Şonda olar gijeki tupanyň ýatyşyp, gündizligiň gelendigini gördüler. Tamkepbelerinden ätiýaçly çykyp, ikirjiňlenişip, bir-birden deňziň kenaryna ýöneldiler. Deňziň halys ysgyny gaçyp, agzyny ak köpürjik edip, ýuwaşjadan sojap ýatyrdy, ol öz kenarlaryny ýabany pişik kimin dyrnaçaklap, ahmyrly ses edýärdi. Lagşan köne taýmylyň öňki ýerinde ýoklugyny gören adamlar: deňiz ony öýüne äkidipdir diýşip, deňiz ýakasynda ýaşaýanlaryň däbine görä, yrym etdiler. Birek-birege bimany gep atyşyp, adamlar kenarda ep-esli eglendiler. Gün süýr depelerini gaýnadyp ugranda, balykçylar öýli-öýlerine dargadylar. Soňra-da bu ýerden bir günde başbitin göterilmek üçin, goş-golaňlaryny düwüşdirip, sessiz-üýnsüz taýynlyk görmäge başladylar... Soňy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -5: romanyñ dowamy - 14.09.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |