14:13 Aýpi hakynda rowaýat / gysga roman | |
AÝPI HAKYNDA ROWAÝAT
Romanlar
”Aýpi hakynda rowaýat” Hazar deňziniň ýakasynda gadymdan mekan tutan türkmen balykçylarynyň kyn güzeranyndan gürrüň berýär. Eseriň gahrymanlarynyň başyna öz ata-baba ýurtlaryny ýitirmek howpy abanýar. Elbetde, bu zulum meýletinlik hökmünde gurnalýar. Sebäbi häkimiýetler balykçylaryň ellerinden olaryň mekanyny goh-galmagalsyz almaga dyrjaşýarlar. Emma küreniň iň gujurly balykçysy olaryň garşysyna çykýar. Eseriň gahrymanlarynyň arasyndaky gatnaşyklar tebigy güýçleriň özara müdimilik gapma-garşylygynyň we mistiki güýçleriň goşulmagy bilen dura-bara has-da ýitileşýär. Hazaryň ýakasyndaky hak-hukuksyz türkmen balykçylaryna bagyşlanýar “Meniň ygtyýarym berme pelege!” Magtymguly, XVIII asyr. 1. Deňziň kenaryndan taýak atymda kowçum bolup oturan küreniň orta gürpündäki pessejik tamkepbeden düwdenekläp çykan sekiz-dokuz ýaşlaryndaky horja, garaýagyz oglanjyk, edil atýalman ýaly towsaklap, entek ukudan oýanyp ýetişmedik darajyk hem egrem-bugram köçeleri öz ýitije sesi bilen tisgindirdi: – Bekre! Bekre alan, bekre! Oglanjygyň elinde içi balykly örme sebet bardy. «Bekre! Bekre!» diýip, ol biri-birine edil ekiztaýy ýaly meňzeş görnüksiz tamkepbeleriň arasy bilen daşlaşyp barsa-da, ýitije sesi welin, entegem öz öýleriniň üstünde köwsarlaýardy. Görnüşine görä, hut şu ses hem tamkepbäniň eýwanynda gijeki awdan gelip, daňdanyň süýji ukusyna ýaňyja oraşan balykçyny ukudan oýaryp, ynjalykdan gaçyran borly. Ol güýzüň howasyna bulanyp ugran deňizde şöwür çeken ýadaw gözlerini gerjeşdirip, kynlyk bilen açdy-da, töweregine närazy garanjaklady. Golaýda aýalyny görmänsoň, bokurdagyna bat berdi: – Aýbäbek! Oňa ses beren bolmady. Gapynyň irimçik matadan edilen ýagdyr gum siňen eňsisi şol öňküsi ýaly tamkepbäniň gamyş diwaryna çygşyldap urlup, deňiz tolkunlarynyň endigan güwwüldisine gamyşyň pessaý sesini goşmaga ymtylýardy. Balykçynyň argyn gulaklaryna bu wagt öz öýünde ýatyp, armazak deňziň çagalykdan öwrenşikli müdümi güwwüldisini diňlemek ýakymlydy, häzir bilniksizden bu lezzeti öz elinden alýandyklary üçin ol hemme zatdan beter nägile boldy. – Aýbäbek! – diýip, ol eýwanyň yşlaryndan düşýän ýiti gün şöhlesinden ýüzüni ikiýana sowup, gaçyryp, gaýtadan gygyrdy. Içki jaýdan saçy endigan daralan owadan, kiçeňräk aýal kellesi göründi. – Ýatyber, men bar – diýip, ol dyzyna dökülip duran gara saçlaryny dagdan darak bilen aşaklygyna darap durşuna seslendi. – Näme gerek? – Şol köpeý ogluna öwredip bolanokmy, küreni godukladyp ýörme diýip! Barybersin her gapydan aýratyn, näme göçi geçýärmişmi! – Häzirjek… – aýal içki otaga sümüldi. Başyna öýmesini atynyp, daşaryk ýumlugyp barşyna çalarak hüňürdedi: – Göçümiziň geçýäni ýalanmy? Geçmänem duranok… Uly il göçüp, seniňem göçülen ýurtda täk özüň galsaň, göçüň geçdigi bolar-da şol. Aýal çykyp gidensoň, öýe ümsümlik aralaşyp, balykçy ýene-de gözlerini ýumdy. Aýbäbegiň ýakymly dury sesi bolsa tizara köçäniň aňry tarapyndan çykdy. – Babajan! Baba, gel, oglum, bäri! Gel, birzat aýdaýyn!.. Oglanjygyň ýitije sesi şobada tapba kesildi... Az salymdan yzyna dolanyp gelen aýal eňsini şagyrdadyp, öýe girdi. Deňinden geçiberjek bolanda, aýak sesinden onuň öz golaýyna gelendigini duýan äri, gözlerini açmazdan, elini uzatdy-da, ýaş aýalyň bilinden dolap aldy. Aýbäbegiň iki çaga dogursa-da entek gyz näzikligini, çeýeligini ýitirmedik inçe bili balykçynyň güýçli gujagyna düşdi. Garşylygyna bakman, äri ony aňsatlyk bilen aşagyna çekdi. – Beýtmesene, Annameret! Beýtme… Bäbek oýanaýmasyn-la bir... – Oýanasy ýok. Egin-de-çigin bolup duran balykçy ýokaryk omzap, çepiksije aýalynyň üstüne öz agyr labyryny atdy. – Goňşy-golam gelse nätjek? Hany, goýbersene, oglan! – aýaly onuň elinden sypjak bolup dyzady... – Gelibem bir görsünler! Goňşulaň daň bilen bularda näme işi bar, gabry gazylypmy olaň bularda? – Bu oglanyň diýýänini… Gonşy – gonşy bor-da, gelesi gelse, nämüçin gelmesin? – aýaly ýene-de balykçynyň bürgüdiňki ýaly güýçli penjelerinden sypjak boldy, haslap, gyzgyn demi bilen äriniň ýalaňaç eginlerini çirkizdi... – Duldegşir goňşularyňa ”bize gelmäň, biziň gapymyzdan garamaň!” diýjekmi? – Gelmesinler! Maňa şolaryň geleni gerek däl! Olar menden ahyr almytyny alarlar... Aýaly howsala düşdi. – Bolşuň näteňed-ä, oglan! Beýder ýaly, olar bize näme ýamanlyk edenmişler? – Etmese – ederler, entek ýetişen däldirler. Ynha, bir amaty gelsin, şonda gözüň görer, garaşyber. Soňky döwürde olar meň bilen salamy zordan alyşýalar, hamana, men olaň tutan balygyny alan ýa gaýygyny gark eden ýaly… – Ýok garany sürtmesene, oglan, ile. Olaň duşmançylygy ýog-a bize. Öz ýanyňdan özüň ýöne... – Hany, bes et! Men olaň soňky döwürde nämäniň küýündedigini bilýän, hemmesine belet. Bilýäňmi, olar ysyrganyşyp, meniň awda ele düşerime garaşýandyrlar, şonda, baý, heşelle kakarlar-a! Şonda olara öz ýöwselliklerini aklamaga näçe diýseň, sebäp tapylar. Aýbäbek onuň bilen ylalaşmady. – Sen halys ”was-was” boljak. Näme sen olar deňizden irendir öýdýäňmi! Kimiň deňze çykasy gelmez? Ýöne ýol bermeseler, il görgüli nätsin? Gudrat hökümetiň elinde, adamlarda näme gudrat bar? Boýun bolmasaňam, bolarsyň. Şu kürende boýun egmedik bir sen… Gije-gündiz seniň yzyňda gorkup, titräp oturanam men biçäre. Annameret aýalynyň sözlerine az-owlak diňşirgense-de, öz eňegine tutdy. – Adamlarda nämüçin gudrat bolmaly däl, beterem bar, ýöne gudratyňy görkezmek üçin gaýrat gerek, oň üçin iru-giç diliňi ýarmaly! Gorkmasaň, gudratlysyň-da! Emma ýokardan näme buýruk gelse, ”lepbeý” diýip otursaň, kim seniň barlygyňy bilsin? Kim seniň ýagdaýyň bilen gyzyklansyn, pikiriňi alga alsyn? Öz hakyny talap edip bilmedikdenem bir adam bolarmy? Aýbäbek, entek gyzyşybermänkä, adaty aýal ätiýaçlygy bilen ärini köşeşdirjek boldy. – Diliňi ýarsaň, soň onuň yzynyň nämä barjagyny kim bilýär? Ýakaňdan tutup, eleslediberseler, çagalaryňdan, öýüňden-öwzaryňdan aýryp, gözüňi Sibirden açsalar nätjek? Ozal bu obadan ýitirim edilen gytmy? Adamlaryň gözleriniň ody alnan, şoň üçin dymýalar. Annameret bu howsala bilen ylalaşmady. – Diliňi ýarmak üçin ilki ony birikdirmeli. Dogry pikiri bileleşip diýmäni öwrenmeli, diňe şonda sözüň ýer kerter, ýogsa näme, aýdarsyň – goýarsyň. Ýekäniň çaňy çykjakmy? Bir adam diňe görelde görkezip biler, emma bir özi hemme zady üýtgedip bilmez. Adama dil hem düşünje berlipdir, nämüçin ol şolary öz ýerinde ulanmaly däl? Gep şuňa gelende, aýaly ýene-de köneki ahmyryny ýüze çykarman durup bilmedi. – Ah, Annameret, öz wagtynda gedemlik edip, ýokary okuwyňy taşlamadyk bolsaň, bu çaka çenli senem şäherdäki edaralaryň birinde hojaýyn bolup oturardyň, kelläňe sypal şlýapa geýip, salkyn kabinetden girip-çykardyň. Menem, çagajyklaňam beýdip, jokrama Günüň astynda kösenip ýörmeli bolmazdyk, oňa derek salkyn tamda ýaşardyk. – Ikimiziň salkyn tamdan girip-çykanymyz bilen dünýe düzelýärmi, hä? – Düzelmände, bu taýda indi näme iş bitirip boljak? Hemmesi biderek. Adamlara balyk awlamak gadagan edilensoň, bu kenarda indi näme gyzyk galdy? ”Göç” diýlen ýere ümsümje göçeniň gowy dälmi nä? Balykçynyň sesinde gyjalat eşidildi. – Adamlaryň ýöwselligi bizi şu ýagdaýa salan. Öz öýüňi goramak üçin akyl bilen gaýrat bile gerek. Olaň birden biri kem bolsa, beýlekisinden ne peýda? Biziň ata-babalarymyz bu kenary gorapmy – gorapdyr, biz nämüçin onsoň goramaly däl? Aýpi hakyndaky rowaýat ýöne ýerden çykan däldir. Kesekiniň ýerine, emlägine göz dikýänler ozalam bolupdyr, indem bar. Ýöne ozal olardan gorkman goranypdyrlar, indi gorkuşyp otyrlar. – Indi döwür başga – diýip, aýaly ynamsyz seslendi. Annameret kinaýaly gepledi: – Şol döwür bilen bu döwrüň arasynda näme tapawut bar? Öz ojagyňy goramasaň, her haçanam oňa tokunjak tapylar, döwrüň bularda näme işi bar? Aýbäbek aýal paýhasyna tutdy: – Indi gadymy döwür ýok, dil birikdirip, näme edeýin diýseň, ediberer ýaly: döwlet bar, hökümet, kanun... Olardan gaçyp gitjek ýeriň nire? Onsoňam her kim özüni gaýgy edenok… Annameret sesini gataltdy: – Onda kimi gaýgy edýär? Elbetde, özlerini gaýgy edýändirler, ýogsa başga kişi üçin beýle ýöwsellemek nämä gerek? Aýbölek ”ýesirlikden” boşajak bolup ýene bir gezek synanyşyp gördi, emma bu netije bermänsoň, ýüzüni kese sowup, öz nägileligini bildirdi: – Adamlar öz maşgalasyny, çagalaryny gaýgy edýärler, şonuň üçin olar ätiýaçly. Seniň üçin bolsa, biziň barymyz-ýogumyz des-deň. Äri gaharlanyp ugranyny bildirip, gapdala agdy, aýasyny alkymynyň aşagyna tirsekläp, ynjyly gürledi: – Maşgalasyny, çagalaryny alada edinýän adam öz obasyny taşlarmy? Seniň diýýäniň näme? Bular edil öli balyk ýaly akymyň ugruna akýarlar! Gaýgylary – gara başlary! Gorkaklar… Bu kürende iki-ýeke öz hem daşkyrak garyndaşlarynyň bardygyny ýatlan Aýbäbegiň sesi öýkeli çykdy: – Şularda gorkak ýok. Sen barmak çommaldyp, kime ”sen gorkak” diýip biljek, kimi tanaňok? – Balykçy bolup, derýa girip bilmeseň – gorkak boldugyň bor-da! Bulaň hemmesi ata-baba hünärini taşlady. Balykçymyň – suwda gez, gury ýerde nä körüň bar?! Aýbäbek öte geçip, äriniň öňküdenem beter gaharyny getirmekden çekinip, ýuwaşady. – Adamlar alaçsyz… – Alaçsyz borsuň-da, diliňi birikdirip bilmeseň, öz aýtjak pikiriňden entek aýtmankaň gorkup ýörseň. – Bilemok… – diýip, aýaly sesini gataltman, dowam etdi: – ýöne bularyň hiç birinde saňa ýamanlyk ýok. Balykçy uludan demini aldy. – Sen ýalňyşýaň, bular meni halamaz, bagyşlabam bilmezler. Men bulaň öz başarmaýan işlerini başarýan, onsoň nämüçin olar meni halasynlar? Ele düşen günüm – hemmesi belli bolar. Meniň eýýäm jerimäm kekirdekden, ele düşsem, indi maňa diňe demir gözenek garaşýar. Şonda meniň arkamy aljak tapylar öýdýäňmi? Ähli toýlarynda palawy gyzyl balykdan bişirýändiklerini asyl ýatlamazlar, görersiň. Özlerine zyýan berjek zady ýatlap nätsinler?! Ärini deňizden alyp galyp bilmejegini aňsa-da, çemi gelende, Aýbäbek synanyşyk etmesini goýanokdy, bu wagtam ol ärini yrjak boldy. – Seniňki telek diýýän ýok, ýeke çykaňsoň, goňşular seni gark alar öýdüp gorkýalar… – Araky güýçli çabga guýan gijesi ýadyňdamy? Sen ony Aýpiň depesinde geçiripdiň öýdýän, ýadyňdamy? Äri göwünli-göwünsiz jogap berdi: – Bolanda näme ýadymda? – Ana, şonda Gutly özünden bilip, bize kömege geldi. Ýogsa, Babajan ikimiz eýgerjekmi jaýyň üstüne çykyp, şol agyr brezenti ýapmagy, hijem eýgermezdik, güýç ýeter ýalymy oňa? Tünegimiziň ýagdaýynam-a özüň görýäň... – Eýgermän näme... Kynçylyk adamyny ýykanok, gorkaklyk ýykýar. Kynçylykda adamyň eti gataýar, ýüregi sarlanýar. Kynçylygyň nämedigini men senden gowy bilýän. Aýaly ýene öýkeli gürledi: – Men nä saňa bileňok diýýänmi? Goňşulaň saňa ýamanlygynyň ýokdugyny aýtjak bolýan, olar seni ýazgaryp duranoklar. Bar aýyplary – deňze çykyp bilmeýändikleri, ýöne sen ony ýamanlyga ýorma. Adamlar halys ýadadylar, öňki işlerinden, ozalky yrsgallaryndan tamalaryny üzdüler, şoňa düşün. Annameret öwhüldedi: – Kim ýadanok, ýöne ýadadym diýip, ata-babaň hünärini taşlamak bolmaz-a! – Wah, Annameret, Annameret! Senem bir mugyra gelseň il ýaly, etmesiz işi etmeseň, şu pişäňi taşlasaň, menem öýümiň töründe aýagymy uzadyp otursam arkaýyn. Heý, şundanam bir gün bormy… Uly iliň kaýyl gelenine senem kaýyl gelseň, bizem ile meňzesek. Seniň gözsüz batyrlygyň agramy gelip-gelip, maňa düşýär, sen şony bileňok. Annameret aýalyndan närazylygyny bildirip, gözlerini alartdy. – Bilýän. Ýöne meň duran ýerimde senem durarsyň. Deňze girmäge gaýrat gerek. Bu nalajedeýinlerde gaýrat galdymy, olar sençe ýok. Indi olar deňze dolanaýyn diýselerem, dolanyp bilmeseler gerek. Bile gidäýselerem, aýaga çolaşmakdan başga iş bitirmezler. Arada maňa ”çapaga gideli” diýýär gaýraky goňşy… – Amanwelimi? – diýip, aýaly janlandy. – Ana, gördüňmi, diýdim-ä, men olaň deňzi küýseýändigini! Äri ýüzüni çytyp, dodaklaryny kinaýaly gyşartdy. – Bir kemim şolar bilen çapaga gitmekdi! Sen olaryň ýanyna Babajany goş… Tüýs şolara ýoldaş bolaýjak! Ýyllap derýa girmedik adamlardan hem bir balykçy bolarmy! Olaryň indi Babajandan parhy nä: dalak ýaly bulut görseler, galdyraşyp ugraýalar, sähelçe şemal öwüsse-de, torlaryny ýygnaşyp, gara başagaý. Bekräň gerşi ýaly tolkun geläýse-hä – gutardygy! Aýaly ýene-de ätiýaçlyragada garşy çykjak bolup gördi. – Deňizden gorkmaly ýerem az däl, şulaňky dogry bolaýmasyn? Deňziň güýji güýçmi nä, oýun eder ýalymy? Sen bolsa mydama ýeke gidýäň, gyssanan ýeriňde kim seň dadyňa ýetişjek? Arman, çagalar bilen çörňeşip otyryn, ýogsa, senden galmazdym. Beýdip ýörme-de, senem il ýaly kaýyl gel, aç ölüp baramzok, il deňinde bir işjagaz edin-de, gatna-da ýör-dä. Annameret birden gaharlanyp gygyrdy: – Men awçymy ýa dälmi! Men çarwamy ýa balykçy! Adam öz ata-baba gelýän kärini ýöredip bilmese, nähili bor?! Adamyň öz göwün söýen hünäri bolup biler-ä! Bilermi ýa ýok? – Ýuwaşrak-la, oglan, goňşulaň ýüregini ýaraýma, bazar güni bolansoň, millet ýatandyr, indi öňki ýaly däl, adamlar bazar güni dynç, işden boş. – Soňra aýaly onuň jogabyny berdi: – Hawa-da, bolsa bolýandyr, ýöne men häzir başga zadyň gürrüňini edýän… Indi bu obada kiçi gaýyga janyny ynanyp, gije derýa girjek ýok. Şularda basym ikimizden başga adam galmaz. Uly il indi göçmäge boýun boldy, Käbe ene näme, şolam göçürseler, göçjek diýip otyr, ýogsa biri galsa, şularda şol galmaly. Aýalynyň soňky aýdany Annamerediň halys janyna degdi, ol edil kimdir biri dabanyna temen sünjen dek, gygyrmana-da ýaraman, iňňildedi… Aýalyny sessiz-üýnsüz gujagyndan goýberip, soňam ony alarladyp ugrady: – Gitseler, gümündenem aňryk gitsinler! Ugrasynlar edil şu wagt! Senem gümüňi çek! Men galjak şularda, men şulardan hiç ýere gitjek däl, öldürselerm gitmen! Şulary meň göbek ganymyň daman ýeri, hon-ha, hol depäň aňyrsynda ata-babalarymyň mazarlary ýatyr. Men olary taşlap, bulardan nirä göterilmeli? Dädem-de, dädemiň dädesi-de şularda guma garylyp ýatyr, babam-da, babamyň babasy-da – ýedi arkam! Men olary taşlap, nirä gideýin?! Şulary – meň kenarym, meň topragym, meň derýam! Top süýrän gelse-de, gitmen! Edil gapyrgasyny uşadaryn kim giderjek bolsa, janyndan iren geläýsin! Ol beýlesine agdarylyp, sesini kesdi, demini sojap aldy. Biraz sowaşansoň, pessaý äheňde gürledi: – Eňek atyp ýatyrka, dädem maňa şeý diýipdi: «Şu deňzi, şu kenary taşlap gitmegin. Biz çarwa däldiris, çomurdyrys, balykçydyrys. Menem, meniň dädemem, dädemiň dädesem şularda balyk awlap, güzeran aýlapdyrlar, diýmek, senem, seniň çagalaryňam balykçy bolarlar”. – Balykçynyň gussaly sesini aýalynyň ýuwaşja horkuldysy bozdy, ýöne Annameret sähelçe sägindi-de, ýene dowam etdi: – Maňa şu kenar dädemden miras galdy. Eger men şundan el ýuwsam, onda tüwmaýak galaryn, eşidýäňmi – tüwmaýak! Häzir welin, meniň mertebäm bar, iň bolmanda, öz gözümiň öňünde! Öz kenarymda ýaşaýarkam, öz ýerime eýekäm, entek öz kenarym barka, men adam. Şoň üçribem, giden gtsin, meň şu taýdan başga gitmäge ýerim ýok. Men galýan. Ol aýalynyň hemişekisi ýaly ýene sessiz aglaýanyny bilip, oňa tarap öwrüldi-de, ony gaýtadan gujagyna aldy, berdaşly aýalary bilen onuň öl ýaňaklaryny dözümli syldy. – Ah, Annameret, bu zatlaň yzy nämä bararka… Oňňullyk bilen gutarsady käşgi… Onda men hemmesine çydaryn, ýöne men gaty gorkýan, edil süňňüm bir erbetlik syzýan ýaly… Öten agşam sen dolanyp gelmersiň öýdüp gorkdum, düýşümde ýene gara basypdyr. Soňky döwürde kirpigim çatylsa – gara basýar. Balykçy aýalyny has-da berk gujaklady, ony deňziň ysy ornap giden döşüne gysyp, köşeşdirmäge girişdi. – Düýşi azrak görerler. Eglensem-de, men ýene yzyma gelýän ahyry. Her gezegem şeýle, ýene-de şeýle bolar. Ondan beýlesinem, özüň bilýäň, suw küýzesi suwda synýandyr, gury ýerde däl... Ol bu gezek has-da üýtgeşik güýç bilen aýalyny bagryna basdy. Çepiksi aýal balykçynyň güýçli gujagynda edil buluda giren Aý ýaly ýiteňkirläp, ýassygyň üstünde onuň diňe uzyn gara saçlary görünýärdi. Balykçynyň deňiz suwuna hem Gün nuruna bekän berdaşly egnine basylan gyzgyn aýal dodaklarynda, dilinde deňziň şorumtyk tagamy galdy... 2. Gün iki deňlenende köneden oturymly balykçylar küreniniň erkek göbeklilerinden birnäçesi deňziň gyrasynda, çägeli kenarda, atam döwründen bäri ýatan warak ýelkenli gaminiň ýanynda ýygnandylar. Olaryň ýüzleri salykdy, kagyzdan çilim dolanyp, ajy temmäkini üznüksiz burugsadýardylar. Soňky ýyllarda gutulgysyz ýakynlaşyp gelýän hadysa indi olaryň ýakasyndan ebşitlap tutdy – haýal etmän, şähere göçmeli diýen buýruk geldi. O taýda olara betondan gurlan täze öýler garaşýardy. Kürenden eýýäm göçüp gidenlerem bardy. Göçüp gidenler täze ýere öwrenişip, o taýda täzeçe ýaşap başlapdylar, kenarda galanlar bolsa, entegem haýsydyr bir inçejik umyt bilen ýaşaýardylar – belki, bu gezegem birnäçe ýyl mundan ozalkysy ýaly, ýokarlarda bir ýerde pikirlerinden dänerler. Şonuň üçinem göçmäge gyssanman, bilgeşli haýal-ýagallyga salýardylar. Bu üýtgeşiklikleriň başy, dogrusy, ýakymly zatlardan, hatda buşluk habaryndan başlanypdy. Birnäçe ýyl mundan öň bu taýda barlag işlerini geçiren lukman alymlar “Bu kenar duranja bir ozon ýatagy eken!” diýen netijä geldiler. Olar: “Deňziň hem-de dag gerişleriniň dowamly çaknyşyp durmagy sebäpli bu taýda howanyň ionlaşmagy örän ýokary derejede – diýdiler. – Beýle howada halys umytyz saýylýan hassalary-da aýak üstüne galdyrsa boljak. Bu taýda, meselem, inçekesellileri bejerer ýaly kurort açsaň, onda bu kenaryň belli bahasy bolmaz. Şondan soň ozal aýda-ýylda bolaýmasa, keseden adam gelmeýän çola ýer bolan bujagaz kürene paýtagtdan atly-abraýly komissiýalar dökülip başladylar. Alymlar öz ýanlary bilen dürli gurallary getirip, ýerli ýagdaýlary içgin öwrendiler, näçe diýseň jedel etdiler, her dürli planlary düzdüler. Küreniň balykçylary bu ýagdaýy synlap, başda donlaryna sygmajak boldular. Görsene, asyl olar nesilme-nesil saglyk üçin şeýle ýaramly, örän täsin ýerde ýaşap ýören bolsalar nätjek! Kän wagt geçmänkä-de bu taýyk gurluşyk materiallaryny daşap başladylar. Äpet maşynlara tirkäp, aşagy tigirli birnäçe agaç öýleri-de, tigirdedip getirdiler. Ol öýlerde gurluşykçylar ýaşamaly diýdiler. Küreniň çagalary şol bada ol öýleriň daşyny aldylar: tarkyldadyp, uruşdyryp, agaç öýjagazlaryň berkligini, özleriçe, barlap gördüler, täzeje reňkiň ysyny geňirgäp, ysgaşdyrybam gördüler. Has kiçiräk, üme-çüme düşmez körpeleriň arasynda-ha hatda dillerini degrip, tigirli öýleriň tagamyny dadyp görenleri-de tapyldy. Ekabyrrak oglanlar ilkinji günlerde tigirli öýleriň depesine dyrmaşyp çykyp, uzak wagtlap deňze garap oturardylar, tä garaňky gatlyşýança nämedir bir zatlar barada tükeniksiz jedel hem öz ýaşlaryna görä, arzuw ederdiler. Olaryň düşünişiçe, bu kenar, uzaklaşman, arzyly mekana öwrülmelidi, durmuş ösmelidi. Eger açlyk hem garaňky olary göçme öýleriň depesinden kowup düşürmese, olar bu hakda gije-gündiz göwün ýüwürtmäne-de taýyndylar. Emma oglan-uşagyňam, ulularyňam begenji uzaga çekmedi. Başlanan öwrülişikleriň soňy olar üçin ýakymsyz ugra ýazdy. Ýogsa, ilkibaşda olar “bu taýda kaşaň kurort guruljak bolsa, bize-de deňli-derejeli kerpiç jaýlary gurup bererler” diýip, öz ýanlaryndan göwün ýüwürdipdiler. Ýöne basym «Bu taýda kurort guruljak bolsa, obany nätmeli bolarka?» diýen keçjal sorag keserdi. Wakanyň gussaly tarapy diňe şonda özüni bildirdi. Sebäbi bu mesele, balykçylaryň garaşyşy ýaly däl-de, düýbünden başgaça çözüldi: bu obanyň gelejegi ýok, balykçylara indi balyk tutmak gadagan, olar öňi-soňy uzaklara gatnap işleýärler, goý, täze iş ýerlerine şäherden gatnabersinler diýip, çürt-kesik etdiler oturyberdiler. Şonda balykçylaryň şatlygy bir demde uçup, onuň ýerini gussa hem aljyraňňylyk eýeledi: nätmeli? nirä ylgamaly? kime ýüz tutmaly? kime dadyňy ýetirmeli? Soňra kurortyň gurluşygy birdenkä öz-özünden togtady, balykçylary birki ýyllap öz erklerine goýdular. Ozaldan göz öňünde tutulmansoň, gurluşyga serişde tapylmandyr. Emma birnäçe aý mundan ozal hemme zat ýene-de täzeden başlandy. Görnüşine görä, bu gezek hemmesi öňküden has çynlakaýdy: ilaty o taýdan tiz göçürmeli, gurluşyga aýakbagy bolmasynlar diýen buýruk geldi... Balykçylar bu gün ýarym asyr mundan ozal Orsýetiň uzak demirgazykdaky paýtagtyna çenli müňlerçe menzil ýüzüp, uly şöhrat gazanan, soňra-da, döwür üýtgäp, hamana möwrütini ötüren oýunjak kimin, kenara oklanan köne warak taýmylyň çüýreşen böwrüne ýaplanyşyp, kän oturdylar. Ilki hiç kimden ses-seda çykmady, sebäbi bu kenarda adamlar eýýäm, göräýmäge, hemme zat hakynda gürleşip ýetişipdiler. Balykçylaryň indi biri-birine aýtmaga täze sözi-de, teklibi-de galmandy, şonuň üçinem aralarynda artykmaç gep-gürrüňem ýokdy, her kes öz ownuk-uşak işi bilen gümrady. Bu gezegem wagty bilen olaryň arasyndan gürrüň açmaga döwtalap kişi tapylmady. Ahyrsoňy goja balykçy Nur Tagan gepbaşy hökmünde şol öňki öwrenişikli pikiri orta atdy: – Hawa-da, adamlar, meniň çakym çak bolsa, indi biz hiç zady üýtgedip bilmeris. Bize başartjak iş bar, başartmajak iş bar. Bu taýdan göçmeli bolarys. Ata-baba ýurdumyz elden gitjek, ýöne alajyň nä? Menem ertirde-birigünde gidip, şäherden özüme berilýän jaýy görüp gaýdaýsam diýýän. Meniň bilen gitjegiň bar bolsa, ertir irden hat gatnadýan maşyna çykyň. – Ol az wagt oýlanansoň, öňki aýdanlarynyň üstüni ýetirdi: – Beýdişip ýörmäliň-le, düýp-teýkaryna garasaň, biziň köpümiziň çagalarymyz öňräkden bäri şäherde ýaşap ýörler. Şondan soň keýpsiz gürrüň usullyk bilen gyzyşyp ugrady. Görnüşine görä, bu pikir adamlaryň köpüsine ynjalyk bermeýän bolarly. Nur Taganyň sakgaldaşy Mämmet Badaly onuň bilen ugurdaş gopdy, çünki onuň hem iki oglunyň ikisi-de şäherdedi. Okadylar-dokadylar, şäherliniň hünärini edindiler-de, şo taýda labyr taşladylar. Ulusy şol ýerde öýli-işikli boldy, kiçisiniňem kürene dolansam diýen hyýaly ýok. – Ähem-ühem... kehe.... – edip, ardynjyrap, ol gürruňe başlamazdan öňürti bokurdagyny arçady. – Seniň aýdýanyň jaý gürrüň, sakgaldaş. Bize-de indi öz çagalarymyzyň golaýyna aşmaga çen boldy. Meniň özümem bu hakda öten gije çirim etmän, oýlanyp çykdym. Öňki agşamam pikir etdim. Nädip pikir etmejek? Hany, aýdyň, haýsy biriňiz bu hakda kelle döweňzok? Meniň birje zat küýüme gelýär, bizsiz, men-ä şäherde, däninim, agtyk-çowluklarymyz halys ýitibem gidermikäler diýýän. Dogrusy, biz-ä eýýäm çagalarymyzyň gepine-de düşünip baramzok, onsoň agtyk-çowluklaň nähili boljagyny özüňiz oýlanyberiň! Ýiter olar, ýitmese alajy bolmaz. Meniň beý diýmämiň sebäbi bar, adamlar. Gözümiň görýän zadyndan netije çykarjak bolýan. Hernäçe hekgerselerem, ýanlarynda biz bolmasak, şolaryň ýagdaýy öwerlik dälmikän diýjek bolýan. Ýüzleri bir jüre salyk görünýär şolaň. Ogullam gelen mahaly kempir ikimiz şolaryň boluşlaryny görüp, haýranlar galýas. Olaryň içlerini hümledip oturyşlarynyň sebäbine düşünmänjik geçýäs, zaluwatlar eger-eger gepläýseler nädersiň. Şu gidişlerine gitseler, olar men-ä, walla, geplşmänem ýatdan çykararlarmykan diýýän! Şäherden däl-de, şolar-a edil ýöne adam-garasyz çöllükden gelene ýaly. Oturandyrlar töweregine gözlerini höwlendirip, jyňklaryny çykarman. Eger walla, öz öýüňde özüňe girere deşik tapaňok, şolaryň bolşuny görüp. Uly oglumdan: «Siziň, oglum, ertirden agşama dymyp oturmaňyz näme, agzyňyza suw alan ýaly?» diýip sorasam, ol maňa: «Däde, biz öz içki dünýämiz bilen gümra» diýýär. Men nä olaň «içki dünýäsine» düşünip durunmy, şonuň üçinem, ýene: «Aý, oglum, belki, size öz içiňizde ýaşamak hezildir, başga gürrüňdeşem gerek däldir, ýöne biz gürrüňdeş küseýäs. Siz dymsaňyz, biz, garrylar, kim bilen gürleşmeli? Kim bilen pikir alyşmaly? Siz biz bilen gepleşmeseňiz, erte öz çagalaryňyz, otüki biziň agtyklarymyz, siz bilen gepleşmese – munuň soňy nähili bolarka?” diýip soraýan. Olam: «Hemmesi olaryň tellektine» bagly bolar» diýýär. Hojadurdy uzyn bu gepe düşünmän, biynjalyk gobsundy: – Nämesine diýdiň, sakgaldaş? – Tellektine – diýip, Mämmet Badaly oňa ýörite gaýtalap berdi. – Şeý diýdi-dä, men näbileýin onuň näme diýjek bolýanyny. Kellesi sypal şlýapaly ýaş balykçy, saklanyp bilmän, pyňkyryp goýberdi. Soňam gojanyň sözüni düzetdi: – «Intellektine» diýen bolaýmasyn, Mämmet aga? Goja balykçy ugrybir ylalaşdy: – Aý, hawa-da, şolar ýaly bir zad-a diýdi, belki şeý diýendir. Heý, bulaň tapyp ýören sözlerine sered-ä! Gaýtalajak bolsaň, diliň döwüljek! Eger walla, gepläýselerem, biz ýal-a düşünmek kyn. Agyzlaryndan çykýan sözleri gör-ä bularyň! Eýse, akyllylygyň alamatymy şol? Aşa köp akyldandyr-a öýdemok men-ä şony, gaýta akylyň ýabygorlulygyndan bolaýmasadyr. Äý, gepiň keltesi, şu zatlaň hemmesem biziň ýanlarynda däldigimizden bolýan zatmyka diýýän, başga nämeden bolsun? Bizsiz, olaryň şäherde bal güne batmandygy görnüp dur. Biz, garrylar, şäherde gaty gerek ekenik. Onda-da nähili gerek! Ata-babalardan dowam edip gelýän inçejik ýodamyzyň gömülmezligi, çagalarymyzyň öz ene dilini ýitirmezligi üçin biz şo taýda gerek. Ýogsa, olar nädip hem ylymly-bilimli, hem däninim, adamkärçilikli bolup ýetişsinler? Görýän welin, biz olary öz höwürtgesinden juda ir uçuryp goýberipdiris. Ýogsa, munuň ýaly kynçylyga uçramazdylar. Öten-geçenlerden öz öwrenen zatlarymyzyň olara üçden birini-de öwredip bilmändiris. Bu biziň günämiz. Telewizor, kitaplar olara ýaramaz zat öwredesi ýok-la, ýöne bizden almaly göreldesini özgäniň olara berip bilmejegi-de hak. Bu kyn işi iru-giç ýene-de özümiz etmeli bolarys, başga hiç kes ony başarmaz. – Gaty jaý gürrüň, aýdyşyňdanam beter! – diýip, Hojadurdy uzyn dyzyna galyberdi. – Men olaryň telewizor diýýän zatlaryny gördüm! Aý, ol bir ýöne gudrat-la! Gaty üýtgeşik zat-haw! Näme göresiň gelse, görkezip dur: tomsuň güni gar görjekmi – baş üstüne! Gyşyň güni jokrama yssyny görjekmi – olam bar. Çakyňdan gyzykly. Goltugyňa alyp gidibermelije gutudyr welin, emma içinde agyr mähelle ýerleşýär: böküşip ýöreni haýsy, tans edýäni haýsy, kellesinde ýöräp ýörenlerem bar. Biri aýdym aýdýar, biri saz çalýar, biri ot ýuwudýar, ýene biri gyzyl-gyran gülüşdirip otyr – hoşuňa gelsin! Gyzykly diý-de goýaý ýöne, asyl gözüňi aýrasyň gelenok. Garşysynda çökseň, tä şol towlawajyny towlaýançalar, oturansyň onsoň irikgä bolup, işiňden-derdiňden bizar. Emma welin, näme diýseňizem, men-ä şol telewizorda bu töwerekleriň suratyny görmedim. Dogrusy, men-ä biziň şu dünýäde barlygymyz-ýoklugymyz des-deň eken diýip gaýtdym şäherden. Olam hiç diýseň, telewizory görýänler oňa gulak asýanlaram, ondan gürleýänleriňem köpüsi ýaşlaň özleri. Şunça gözümi diksemem, men-ä şo taýda däninim, sakgaly torba ýaly goja kişileriň ýaş-ýeleňlere öwüt berip oturanlaryny ýa bolmasa, atasynyň eline kündükden suw akydyp duran edeplije çagany gören däldirin. Bu onsoň näme boldugy? Şol onsoň men-ä ”Düýnki serçe bu günki serçä jik-jik öwreder” diýleni bolýarmyka diýýän. Ana-da, seniň terbiýäň-dä onsoň, şeýder-şeýder-de, gidibiýr aňryk! Yzyndan ýetibilseň, ýet-dä göreýin soň! Biziň bolsa olara nepagamyz degenok, bu taýda çola kenary saklaşyp ýatyrys, hil bir iş edýän ýaly. – Meniňem aýdýanym şol-da – diýip, Mämmet Badaly zeýrendi – tizrak şähere göçenimizden gowusy ýokdur, agtyk-çowluklaň ýanragynda bolalyň, belki, peýdamyz deger. Agtyklarymyz bizsiz ösmesinler. Ýogsa, olar soň özleriniň kimdiginem bilmezler, ata-babalary hakda-ha gürrüňem ýok. Şonuň ýaly bolup ösen çagalardan soň näme tama etjek? Olaryň biziň kellämize gelmejek ýalňyşlary etmegi ahmal. Sebäbi ulusy-kiçisi ertir-agşam telewizoryň öňünde. Olar telewizordan tälim alýarlar, şonuň üçinem olaryň terbiýesi biziňkiden tapawutlanyp gidip otyr. Aýdaly, şol gutuda ýeriň aňry ujunda bir öýüň ýananyny görkezseler – içlerini çekişip, içegelerini üzjekler, oňa gynanýarlar, emma gonşusy telim aýdan bäri hassa ýatandyr welin, ondan habarlary ýok, onuň bilen işleri-de ýok, ýogsa duldegşir ýaşaýandyrlar welin... Birnäçe ýyl bäri şähere gatnap, institutda gaýybana okap ýören ýaş balykçy Gutly sypal şlýapasyny düzedişdirip, gürrüňe goşuldy: – Demir-beton diwar radio tolkunlaryny-ha ibaly geçirenok. Diýmek, duýgy tolkunlaryna-da böwet bolýandyr-da. – Wah, size oýun gerek-dä! – diýip, Hojadurdy uzyn burnuna salyp, hüňürdedi. – Emma adamyny adam edýän zadyň duýgudaşlykdygyny unudýaňyz. Şonsuz, biziň haýwandan näme tapawudymyz bolsun? Eşik geýýänimizmi? Ony ata-da, ite-de geýdirip bolýar-a! Mämmet Badaly arasy üzülen sözüni dowam edip, gysgajyk jemledi: – Ana, onsoň bu şol “içki dünýämiz” diýilýän zat bolýar-da. Hojadurdy uzyn ýene sorag berdi: – Sakgaldaş diýýän-ä, «o dünýä» diýip eşidýäs, bu dünýäsini görüp ýörüs. Ýöne, walla, olaň «içki dünýämiz» diýýäni nähili zatka? Niredekä özi ol? Gaty daryşganlyk ýer-ä däldir-dä?.. Mämmet Badalydan öňürdip, bu soraga Gutly jogap berdi. Tegelek ýüzüne gelşip duran myssa ýylgyrmasyny edende, onuň, adatdakysy ýaly, hökman bir zat suňşurjakdygy bellidi, çak edilişi ýaly-da boldy. – Hojadurdy aga, olaň «içki dünýämiz» diýýänleri ”o dünýe” bilen şu dünýäniň ediljek orruk ortasynda ýerleşýär! Balykçylar hezil edip gülüşdiler. Soňra adamlar ýomak atyşmaga aýlanyşdylar. Ýek-ýarym agzy gowşagyň üstünden düşüp, çetine degdiler. Birsellem özlerini ünjä goýýan göçe-göçli meseläni unudyp, dilleriniň keýpini gördüler. Ýöne birsalym ýatlamanyň bilen başyňda duran alada öz-özünden sowulaýýarmy? Ondan nirä gaçyp gitjek, ol öz çözgüdine garaşýar, isleseň-islemeseňem, ol hakynda pikirlenmeli bolýar. Elbetde, onsoň gürrüň ýene aýlanyp-dolanyp, ahyrsoňy öňküje hanasyna dolanyp bardy: balykçylar, üzlem-saplamragam bolsa, haçan göçmäge hyýallanýandyklaryny ilkinji gezek özara geňeşip, daşlaryna çykaryp ugradylar. – «Gämiçiniň jany bir» diýlipdir, adamlar, göçüljek bolsa, eran-da-tozan bolşup ýörmäýliň, belli bir güni saýlaýlyň-da, şol gün deňje göterileliň – diýip, Hojadurdy uzyn öz pikirini aýtdy. – Käbe ene-de ahyr razylyk beren ýaly – diýip, Rejep çişik ullakan gözlerini daşyna aýlap, şu gün günortan aýalyndan eşiden täzeligini oturanlara habar berdi. – Oňa berilýän jaýy-da görüp, «bolýar» edip gaýdylsa, erbed-ä bolmazdy. – Onuňam, heý, gürrüňi bolarmy? – diýip, oturanlar ýerli-ýerden makulladylar. – Käbe enäniň bularda goýlup gidilmejegi çyn, ol biziň öz garybymyz, Aýa uçsagam, ýanymyzdan goýmarys. Bally çolagyň sesi ýuwaşdan gussaly çykdy: – Görgüsi ýaman, teý Amantagan dädeden umydyny üzüp bilenok-da... – ol endigine görä, çolak eli bilen ýüzüni syldy. Bally çolak sag eliniň iki barmagyny Ikinji jahan urşunyň soňunda, Europanyň ortasynda goýup gelipdir. Adamlar ony näçe sylasalaram, ýüzüne ”Bally däde” diýselerem, ýeňsesinden ”Bally çolak” diýýärler. Ol öz lakamyny bilse-de, kürendeşlerinden göwün-kine edip duranok, ”Onuň ýaly ganly jeňden barmagyňy berip sypsaň, kaýyl geläýmeli, özüm-ä şoňa kaýyl” diýýär. Bu adam ähli gaharyny uruş meýdanynda goýup gaýdan ýaly, durmuşda asyl hiç zada gaharlanmalydyr öýdenok, kimdir birine gahary geläýende-de, ”häki etme!” diýýär-de, öz ýoluna gidýär, hiç kim bilen agyz deňäp, ekjeşip duranok. Garyndaşy bolmasa-da, ol bu kürende Käbe enä gündelik garaşyk edýänleň biri, şonuň üçinem onuň ýagdaýyna belet. – Häk, görgüli, şol garaşyp ýör-dä ärine. Geler öýdýär, jesedini görmesem, ynanjak däl diýýär. Deňizde tupan tursa, ýatman, gijesi bilen kenarda aýlanyp ýör: tupanda ýiten tupanda-da gaýdyp geler diýýär... Ýöne derýa oň jesedini bermedi-dä, özi bermese, diläp alyp bolýarmy nä. Rejep deňze tiňkesini dikip, çak urdy: – Hany göreýin welin, Amantagan dädäniň ýiten gaýyndan bäri azyndan ýigrimi ýyla-ha geçendir, känrägem bolaýmasa. – Bardyr-bardyr… – diýip, Bally çolak onuňkyny howlukmaç tassyklady. – Ýöne Käbe ýeňňemiz ýyl geçdigiçe-de, gaýta äriniň gaýdyp geljegine beter ynanýan ýaly. Kenardan aýrylmasa, onuň göwni teselli tapýar. Ol asyl öýe syganok, şäherde güni nähili geçerkä diýdirýär. Şularda jebrini çekip dynaýarmyka öýdüpdik-dä welin... Ýat ýerde eňräp ötmeli boljak-da garrymyz. Ýöne, nätjekdä, her kes maňlaýdakyny görmeli, gidere ýeriň nire, pelek başyňa salsa. Rejep uruş weteranynyň ýüzüne geňirgenip garady-da, şeýle diýdi: – Pelegiňkä düşnükli welin, pelekden bärde-de adamyň ýagysy gyt däl, Bally däde. Hökümet janam pelekden pes düşenok, näme ygtyýaryň bolsa, eliňden almaga taýyn. Amanweli kinaýaly suňşurdy: – Aý, näme, hökümetem şu zamanyň pelegidir-dä, edenine däl diýip bolmasa. Gutly şlýapasyny eline alyp, ony mynjyradaýjak boldy, sesi-de adatdakysyndan çasly çykdy: – Aý-how, şu gadymykylar-a pelekdenem gorkup durmandyrlar, şoňa-da garşy çykypdyrlar, gaty degnalaryna degende. – Her döwür – bir döwür… – diýip, bu küreniň iň garrysy, goja Nur Tagan ajy ýylgyrdy. – Bolmanda-da, ygtyýaryňy sak goramasaň, ony ýa pelek alar, ýa ýeneki… – Nur Tagan däde, pelegiň nämejik, onuň bilen urşmak aňsat, ol gözüňe görnenok, al-da töweregiňe gylyjyňy aýlaber! Hökümet pelek ýaly däl, ol gözüňe görnüp dur, çykyp gör, hany, diýeninden, gözüň näme göräýýärkä! Gutly okaýan kitaplarynyň dilinde gürledi: – Adam öz hakyny gorasa, hemme kişä-de peýdaly: özüne-de, hökümete-de, belki, pelege-de biçeme däldir. Bally çolak oglanlaryň gürrüňini gökden ýere düşürdi: – Adam ýöne ejizlemesin diýsene, ejizlese, kelebiniň ujunam ýitirýän eken, Käbe ýeňňemiziň Aýpiden haraý isläp, şony kömege çagyryp oturanynam gördüm… ”Ýitigim deňziň düýbünde bolsa, ondan maňa habar getir” diýýär bende. Hojadurdy uzyn bu gepe gaty geň galdy, onuň sesi ünjüli çykdy: – Aýpiden balykça näme delalat? Il-ä, deňze çyksa, onuň adyny tutmajak bolup gara heläk, zyýanlykly ruh diýip… Kim ondan ýagşy habar hantama. Biz-ä entek şu ýaşymyza oňa ýykylany görmändigem, eşitmändigem. Ol bir betbagt öten bende, betbagtyň betbagta näme delalaty ýetsin? Mämmet Badalynyň selçeň gaşlary çytyldy, ol Hojadurdy uzyna igenerli göründi. – Aý, häli görseň, şol bendäňem iliňkiden artyk ýazygy ýokdur-la, ýöne bu adamlar biriniň üstünden düşmesin, düşseler, hezil bermzler, eýgilik tamasyny etme. Sowgat berilse, ondan ýüz öwürjek barmy? Haýsy biriň ondan ýüz öwrersiň? Bally çolak: – Bu adamlaň janyny alan häki – diýýäňmi – diýip, endigine görä, sag barmaklaryny ýüzüne ýetirdi. – Näme ”häki” diýip, Hojadurdy uzyn onuň gepiniň düýbüne nokat basmak isledi. Bally çolak oňa darykman jogap berdi: – Sowgat diýýän, sowgatdan boýun gaçyrmak kyndyr, kimem bolsaň. – Boýun gaçyrmaly zatdan boýun gaçyrmasaň, soňunyň biabraýçylygam bar-da, ony nätjek onsoň? Gepiň gysgasy, gowam bolsa, erbedem bolsa, günälem bolsa, günäsizem bolsa, uly iliň ätiýaç edýän ruhundan ätiýaç etmek aýyp däl – diýip, Hojadurdy uzyn öz pikirini jemledi. – Aýpiden alamat görüp, entek işi şowuna düşen bar diýip eşidemok, muňa hemmäňizem belet. Ol betbagtlygyň nyşany. Mämmet Badaly kän kejeleşip oturmaga meýilli däldigini bildirip, bu çekeleşigi pelsepe bilen jemlemekçi boldy: – Bu, däninim, başga zatdanam bolup biler: adamlara duşman gerek. Duşman tapylmasa, onda millet iki gözüniň birini duşman tutunmaga-da taýyn. Bu şu günem şeýle, öňem, Aýpiň ýaşan döwründe-de, şeýle bolandyr-da, başga nähili bolsun? Gutly: – Dogry aýdýaňyz, Mämmet aga! – diýip, ony göwünjeň goldady. – Adamlarda bir täsin gylyk bar, olar öz gorkularyny kimdir birine ýöňkeýäler-de, şondanam özlerine duşman ýasanýarlar. Aýpi – biziň gorkymyz, öz-özümizden gorkymyz! Ol ruhy döredenem adamlaryň özüdir, häli görseň, aňyrsynda diri adamam ýokdur, toslama rowaýatmyka diýýän. Hojadurdy uzynyň bu sözden göwni suw içmedi, muny onuň burnuna salyp gürläninden bilibermelidi. – Ýaş bolýaň-daýt, ogul! “Ot ýanmasa, tüsse çykmaz” diýilmänmi nä? Nesilden nesle geçip gelen bolsa, näme üçrüp ol aslynda bolmaly dälmiş, özem bolandyr, monjugam, keseki leşgerem. Duşman diýilýän zadyň nä şahy bardyr öýdýäňizmi, ol nä ”bö!” diýip gelýämi aňyrdan gelende? Üstüňe sürnüp gelse, duşman bor-da. Ony biz geçen urşda öz gözümiz bilen görüp gaýtmadykmy nä?! Şonda biziň üstümize sürnüp gelen duşman däl-de, kimdi eýse? Bary zady ýöne gülala-güllük edýäňiz goýaýýaňyz. – Ýeri, bolýar, sakgaldaş, geçeni – geçdi bileli, indi o zatlary ýatlap, ýaş oglanlaň howuny basyp oturma – diýip, Mämmet Badaly gürrüňi başga ýana sowmaga synanyşdy. Hojadurdy uzyn: – Men bulaň howuny basjak bolamok, ýöne sapak almaly zatlarynyň bardygyny aýtjak bolýan. – Aljak sapagyny bular alyp oturandyr, tymsala düşünmek üçin artykmaç akyl däl, düşbi gulak gerek. – Ol, gögüni garap, az salym böwrüne diň saldy. Howanyň öwzaýynyň bozulyp, deňziň üstünde ygym-sagym bulut görünmegi oňa öz aralarynda töwekgel balykçynyň kemterligini ýatlatdy. – Hany, aýdyp oturyň, Annameretden nä habar? Ol haçana çenli bizden öýkeläp gezjekkä? – Onuň näme edip-näme goýup ýöreninden biz-ä habarsyz, belki ýaş oglanlar bilýändir. – diýip, Nur Tagan töwregine göz aýlady. Emma oturanlaryň hiç biri bu soraga anyk jogap berip bilmedi. Hojadurdy uzyn: – Özi görünmese, görüp bolýamy bu adamlary – diýip, nägile hüňürdedi. Onda goja balykçy Nur Tagan: – Bizden gaçalak edýäni-hä çyn, ýöne bir günde göçüljekdigini oňa-da ýetirmek gerek. Ol bizden öýkelese-de, biz ondan öýkelämzok. Göçjek bolýanymyzy aýtmak – biziň adamçylyk borjumyz, öz pikirimizi aýtsak, onuňam pikirini bilerdik – diýdi. Rejep Annameredi günäkärlejek bolýan ýaly äheňde: – Onuň asyl biz bilen gürleşesi gelmese nädersiň?! – diýip janykdy. – Nähili bolanda-da, şu adamlardan arasyny üzmeli däl-dä, biziň oňa ýamanlygymyz ýog-a. Ýöne Gutly welin, Nur Tagany goldady: – Ol birki günlükde meniň ýanyma gelip gitdi. – Hawa... näme diýdi onsoň? – adamlar ýerli-ýerden gyzyklandylar. – Ol nädýär, göçmekçimi? Göwnüni bölüpmi ýa ýok? Gutly başyny ýaýkady. – Ýok. Ol kes-kelläm «göçmerin» diýýär. Maňa-da «göçme senem» diýip ýalbardy. «Hämmämizem galalyň – diýýär. – Täze baran ýeriňizden bir zat gurjak diýseler, siz nä erte ondanam aňryk göçjekmi? Beýtseňiz, bir günden bir gün Sibirden çykarsyňyz” diýýär. Ol maňa: ”Bu obada göçmeli däldigine bir adam düşünjek bolsa, sen düşünmeli, özüňem paýtagtda okap ýörsüň” diýip, kän ýalbardy. – Oňam aýdýanynyň jany bar, ýöne bizde-de günä ýok, bu taýdan öz erkine göçjek bolýan barmy?! – diýip, Rejep zeýrenini duýman galdy. – Beýle zerur bolsa, ol kurorty şulardan bäş-üç kilometr beýleräkdenem gurup bolar-a? Nä, şony hökman şulardan guraýmalymydy? Ýogsa-da, bize beýleräkden täze küren tutunar ýaly ýer bersinler-dä! Häzirki edişleri gaty häki bolýar! Bizden soraman-etmän, ata-baba kürenimizi elimizden aljaklar. Sypal şlýapaly ýaş balykçy kinaýaly güldi. – ”Aljaklar” diýip, gümansyratmasana, arka, aldylar diýsene! Mundan beter näme, daşymzy çyzyklab-a goýdular. – Sen nireler-de gezýäň? – diýip, Hojadurdy uzyn Rejebiň al-petinden aldy. – Anha, sakgaldaş ikimiz soradyg-a o hakda araky gelen komissiýadan. Olar kes-kelläm bolanok diýýäler, hamana, şol kurort hökman şu taýdan gurulmalymyş. «Bolanok, hökman göçäýmeli, borsuňyz, öňi-soňy size indi balyk tutmak gadagan, nirede ýaşaňyzda näme?!” diýýär gaýta olar. – Aý, garaz, balyk bilen adam ekenik-dä, bilmän ýörüpdiris – diýip, Nur Tagan tutuk seslendi. – Gabaryşan bolubam ýörüs, hondanbärsi bolşup, şu gezeg-ä gözümize basaýdylar öýdýän kimdigimizi: ilki-ä elimizden ata-baba hünärimizi aldylar, indem ata-baba ýurt ýerimizi alýalar, jaýymyzy ýykjaklar. Etjek alajyňam ýok ýa barmy? Inçekeselliler bilen gatyşyp-garyşyp ýaşamajagymyzam-a belli, ony etdirmezler. Ýa meniňki nädogrymy? Biz bir sagat adam, şähere öwrenişer gideris-dä. ”Gerek – deregi ýykar” diýleni çyn bolup çykdy, ýöne derek bolup ýykylýasmy ýa biderek, ony Hudaý bilýä… Deňziň hüwdä meňzeş güwwüldisine diň salyp, adamlar birmeýdan dymşyp oturdylar. Adamlaryň iki jahan owarrasydygy kesesindenem görünýärdi, olar deňziň kenaryny taşlamaly, öz hünärlerinden, ata-baba ýurtlaryndan hemişelik aýrylmaly. Eýse, indi olaryň güni nähili geçer? Şähere göçmeli pursatlary ýakynlaşdygyça, öňde garaşyp duran ýitgi janlaryna şonça-da çuň batýardy, özleriniň deňiz ýakasynyň ogullarydygyna olar has beter gowy düşünýärdiler, şonça-da olaryň deňze mähirleri artýardy. Özlerini ata-baba aç-hor etmän ekläp gelen, gujurly edip ösdüren, çagalykdan bäri, belki-de ondanam irräkden – entek ene garnyndakalar endigan güwwüldisi bilen hüwdülän, öz aýdymy bilen gulaklaryny gandyran, endigan güwwüldi bilen ukladyp, soňam ýene-de şol mylaýym güwwüldi bilen oýaran deňze söz bilen beýan ederden has çuň söýgi, baglanyşyk duýýardylar. Hoşlaşyk pursaty golaýladygyça-da, bu duýgy güýçlenip gidip otyrdy. Olar muny biri-biriniň öňünde, hatda öz öňlerinde boýun almakdan-da çekinseler-de, hut şeýle pursatlarda Annamerediň diýýäniniň öz ýüreklerinde-de bardygyny, bu meselede özleriniň ol kakabaş balykçy bilen raýdaşdyklaryny, sessiz-üýnsüz pikirdeşdiklerini bilýärdiler. Käşgi, olaram edil Annameret ýaly edilen teklibe boýun bolman, şähere göçmekden kes-kelläm boýun gaçyryp bilsediler, onda, belki, hemme zat başgaça bolsa-da bolardy. Ýöne olar, dogrudanam, tüýs iki jahan owarrasy! Suwuň gyrasynda ornaşan Gutly taýmyla ýaplanyp oturanlara garşy öwrüldi: – Bizden öňküleň hemmesi balyk awlap gelipdirler. Şulardaky balyklaryň gylygyny, näwagt haýsy balygy awlap bolýandygyny bizden gowy bilýän ýok. Emma biziň bilimimiz, tejribämiz birdenkä bigerek boldy duruberdi, men şoňa haýran. – Bigerekdir-dä, elbetde... – diýip, oňa duşdaşy Amanweli jogap gaýtardy. – Bize derek bir enjam oýlap taparlar – wessalam! Ana, şol seniň ýaňky diýýän zatlaryňy bizdenem has gowy biler. Robotlar adamlardan işeňňir hem adamçylykly. Olaryň adamlaryňky ýaly açgözlük etjek gümanam ýok: tut diýleni tutar, ýükle diýlenini ýüklär. Emma adamda gara nebis bar, adam öz hakyna jür däl, şonuň üçinem ol durmaly ýerinde duranok. Gutly ony ýaňsylady: – Roboty ýasan gara nebisli bolsa nätjek? Şonda robot-da nebisjeň bolup çykar-da! Nä şony edip bilmez diýjek bolýarmyň? Amanweli berdaşly elleri bilen ýerden bir gysym çägäni aldy-da, ony ol aýasyndan beýlekisine gezekleşdirip akdyrdy, göräýmäge, ilki biraz haýallajak ýaly etse-de, sag dulugynda oglanlykdan galan ýara yzyny dyrmalap, endigine görä, dyzyna şapbat urdy, ýeň bermedi: – Bilýäňmi näme, her zat diýseňem, robotlar tebigata adamlar ýaly zyýan ýetirip bilmezler. Sebäbi olar ýaşamak üçin däl-de, diňe belli bir işi etmek üçin döredilýär. Gutly şlýapasynyň eteginden tutup, hezil edinip güldi. – Bärden gaýdýaň, arka! Robotlaryň biri-birini ýasajak döwri geler diýen çaklama-da bar. Şonda sen olaryň özünden nähili nesil galdyrjagyny näbiljek? Gürrüňiň ýene-de özleriniň näbelet ugra gönükmeginden çekinen gojalar biri-birine gabak astyndan garadylar. – Eger siziň şo diýýän tilsimadyňyz deňziň balygyny bir günde tutup, kenarda balykdan harman ýasaýanam bolsa, adamça bolup bilmez! – goja Nur Tagan azajyk gatyrganyp, hyýalbentlige urup, ýerden aýaklaryny üzüp barýan oglanlaryň badyny aldy. – Bir ýola men tordan çykaran balygymyň gözlerini gördüm-de, ony yzyna, deňze oklap goýberdim. Sebäbi men ol balygyň gözlerinde gussa gördüm. Hany, siziň şol tilsimadyňyz balygyň gözlerine seredip, onuň işbil taşlamakçy bolýandygyny aňsyn-da, göreýin! Ýok, siziň ol tilsimadyňyz ony diňe semiz balykdyr öýder. Muňa näme diýersiňiz? Wah, oglanlar, oglanlar! Siziň akylyňyza-huşuňyza sözüm ýok... O bolmanam, şeýle-de bolmaly, siz bizden has okuwly, onsoň, elbetde, köprägem bilmeli. Siziň okamak mümkinçiligiňizem başga hili, siziň ýaşyňyzda biz aý-günleri, dogrusy, bir döwüm çörege zar bolup geçirdik, çörek atly – biz pyýada bolduk, uruş yzyna uruş turdy, ýetde-gütdelik, garaz, aýdyp nätjek, onsuzam hemmesi düşnükli: indi döwür başga, dowran başga! Ýöne welin, men bir zada düşünemok... Siziň şu bilimliligiňizden gelýän peýdany göremok. Siziňem bolşuňyz bizden parhly däl, eliňizden artykmaç iş gelenok. Bizden beter diýseňem boljak. Aşa boýnyboş-la siz: biri ýeňsänizden südürlese, gaty görmäň welin, men-ä siz kimiň nämüçin itenini soraman, hatda yzyňyza-da gaňrylman, baryp bir çukura gapgarylýançaňyz gider oturarmykaňyz diýýän. Günüňize ýanaýyn siziň, akyldarlar! Siziň ähli okanyňyz, öwreneniňiz, hamana, biziň durmuşymyza dahylly däl ýaly-la? Hamana, okan okuwyňyzyň durmuş bilen galtaşygy ýok ýaly-la! – goja balykçy gepiniň arasyny ýolup, üfläp, agaç müşdügini temmäkiniň külünden arassalady, ony iküç öwre dyzyna kakdy. Onsoň ýene sözüni dowam etdi: – Haçana çenli bize degişli kanunlar şularda, ynha, şu oturan ýerimizde (ol aýagy bilen ýeri depip görkezdi) däl-de, eýse biziň gözümiziň ýetmeýän ýerlerinde düzülmeli? Haçana çenli olary şu topragyň däp-dessurlaryny bilýänler däl-de, başgalar düzmeli? Topraga hormaty bolmadyk adam diňe içýakgyç kanunlary oýlap tapar. Göwnüme bolmasa, birentek kanunlar diňe adamlaryň içini ýakmak üçin tapylýan ýaly-la? Sizem şol uzakdaky okumyşlaryň ýaşynda, bilimiňizem şolaňkydan pes däl, emma eliňizden gelýän zat ýok, sizde erk ýok. Siziň alan bilimiňiz, sowadyňyz işlänok. Ondan ne ile, ne-de özüňize peýda bar: okaýaňyz – okan zadyňyz okan ýeriňizde-de galýar. Siz – peýdasyz perişdeler! Biz garrylaryňky düşnükli, biziň indi köpümiz ötüp, azymyz galypdyr. Bu-da bir adalatlylyk: dünýä iýndiňmi, ýaşadyňmy, ýagşy-ýamany gördüňmi, çekmeli ejiriňi çekip, çagalaryňy sana goşduňmy – onsoň, bir görseň, eýýäm ýola şaýlanybermelisiň. Size welin, meniň diýjek sözüm: sowatly emelsizden, edenli bisowat ýagşydyr, şony bilip goýuň. Goja Nur Tagan dymdy. Ýaş balykçy arassa çägäniň üstünde arkan düşüp, dik depesine, göge garady. Asmanda-da edil ýerdäki ýaly uç-gyraksyz göm-gök deňiz çyrpynýardy. Gök çüýşe deňiz... Belentlikden haýallyk bilen ygyp barýan bulutlar oňa asman deňzindäki dynçlyk adalary bolup göründiler. Ol adalar bir ýerde durman, uzaklara, arzuwly kenara ýüzüp barýardylar. Gutlynyň asmandaky adalaryň birinde ýaşap, ýerdäki aladalardan gutulasy geldi. Ýaş balykçy asman deňzini gözleri bilen o çetinden beýleki çetine barýança uzak wagtlap gulaçlady. Şonuň üçinem onuň başy çalaja aýlanyp, hamana, ýerden örki üzülene döndi. Ol ýassanyp ýatan çägeli kenarynyň ýuwaşjadan yraň atyp ugrandygyny, töweregiň tüssä öwrülip, ýuwaş-ýuwaşdan gözden gaýyp bolup barýandygyny syzdy... | |
|
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 22: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -11: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |