14:14 Aýpi hakynda rowaýat / romanyñ dowamy | |
3.
Romanlar
Adamlaryň hiç biri oňa artykmaç gep atanokdy, olam – adamlara. Bir kürende ýaşasalaram, olar edil dürli jelegaýyň ýaşaýjysyna meňzeýärdiler, aralarynda ýer çat açyp, olam giňelip, çuňalyp gidip oturan ýalydy, indi o tarapdan bu tarapa aňsat geçip boljaga meňzänokdy, töwekgellik edip, ilki ädim ätseň, ýüzüň alynmajagyna kepil ýokdy. Annamerediň özi hem bu çukuryň giňelip hem çuňalyp barmasyndan az ätiýaç edenokdy, her ugra, bu adamlar onuň ata-baba kürendeşleri, ýöwsellikden, ýaýdanjaňlykdan başga olaryň näme günäsi bar? Belki, hemmesi onuň göwnünedir? Belki, Aýbäbegiňki dogrudyr, aslynda adamlaryň oňa ýamanlygy ýokdur, ýagşylygy bardyr. Belki, olar asla ýöwselem däldirler-de, diňe ätiýaçlydyrlar? Ätiýaçlylygyň kime näme zyýany bar? Belki, Annamerede-de ätiýaçlylyk zyýan etmez? ”Aý, ýok – diýip, soňam Annameret öz-özüne garşy çykdy. – Ätiýaçlyk bilen ýöwselligiň arasynda ýol uzak. Bulaňky ýöwsellik. Iň erbedi, indi ýöwseller köplük, onsoň olar öz ýöwselliklerini, gerek bolsa, batyrlyk diýibem görkezip bilerler. Köplük bolsaň, nädeňde bolman dur? Annameret ýeke galdy, şonuň üçinem onuň dogry sözem ýalňyş bolup görünýär. Eger-de onuň diýeni bolsa, onda küren oba dilini birikdirip, bu taýdan şähere göçmekden boýun towlamaly. Gerek bolsa, olar bu işe mazalyja garşylyk görkezmeli. Dogduk obalaryndan göçürjek bolup, olaryň üstüne goşun sürmejekleri belli. Ýa süräýerlermikä? Sürseler, sürenlerini göräýmeli bor-da, uruşmak hökmanmy, ýumrugyňy düwüp, öňlerinde duranyň nämä degmeýär?! Şonda ýumrugyň barlygyny-ha görerler-dä. Göçmeli bolsa, ilki soňuna çenli gidişip, halys çykalga galmasa, şonda göçülse-de bolar. Bular bolsa, iki sany sypal şlýapaly emeldary görseler, eýýäm goşlaryny düwüşdirip, hekgerişip, üstünde garga ýaly taýyn bolşup otyrlar, ”hüşt!” diýseň, al-asmana galkjaklar”. Mämmet Badalynyň ikinji ogly-da şäherden gelinlik tapanmyş, onuň geljekki gudasynyň uly wezipesi barmyş, ol hatda ýylda dört-bäş gezek Moskwa-da baryp-gelýärmiş. Onuň bilen guda bolansoň, öň göçermen bolmasa-da, Mämmet Badalynyňam indi saly gowşady, gudasynyň abraýyny dökmejek bolýandyr, şeýlemikä? Üns berip görseň, durmuşda bu adamlaryň hersiniň öz ownujak bähbitjikleri bar, olar küreniň däl-de, şol şahsy bähbitleriniň yzynda. Ýok-ýok, gepletseň, muny hiç biri-de boýun almaz, aljak gümany barmy, ýöne düýbüni dörseň welin, lapyň keç bolar. Uly zat görjeksiň, emma görjegiň – kiçi zat bolup çykar. Eger bu adamlaryň küreniň geljeginden ýüz öwürmegi üçin düýpli bir bähbitleri bar bolsa, onda Annameredem olaryňka düşünjek, emma edil häzir görýäni – örän ýönekeý hem ownuk bähbitjikler. Ine, şoňa-da Annamerediň jany ýanýar. Käşgi olaryň şol şahsy bähbitleri ata-baba küreniňi, öz mährem kenaryňy taşlap gideniňe degýän bolsady?! Annameret Mämmet Badalynyň kiçi oglunyň toýunda adamlar bilen egri oturyp, dogry gürleşmegi ýüregine düwdi. Onuň toýy bulamak niýeti ýokdy, ýöne kürendeşleri bilen gürleşip, içini sowadasy gelýärdi. Balykçylaryň inçekeselliler üçin guruljak profilaktiki sanatoriý üçin öz kürenleriniň ýerini meýletin berýändikleri telewizordan, radiodan dabaraly aýdylansoň, bu hakda küreniň ýaşulularyny gürledensoňlar, indi göçürmegem uzaga çekmese gerek. Obanyň üstüne hiç hili goşun gelesi ýok, ony Annameret gaty gowy bilýär, bu taýda üstüne goşun sürer ýaly kim bar? Bu adamlaryň sussuny basmak üçin häzirki edilýän işlerem daş ýany bilen ýeterlik: öň her hepdede gelýän iýmit awtolawkasy indi hepdaşa gelýär, guýy suwy ýetmänsoň, ”süýji suwdanam dadyp görüň” diýlip, ozal aýda bir gezek küreniň howzuna Bakuwdan parom bilen gelýän süýji suwdan guýup giderdiler, bu ýyl ony kesdiler, hepdede üç gezek şäher bilen arada gatnaýan awtobus gatnawyny bary-ýogy bir gezege getirip goýdular. Ine, saňa gerek bolsa – ”öz islegiňe görä” bolýan geň-enaýy täsinlikler! Bu özgerişleriň her biri Annamerediň degnasyna degýär, kürendeşleriniň boýnyboşlugy bolsa, onuň hasam kejebesini daraldýar. Ýöne ähli gahar-gazabyny içine salmasa-da, başga dagy çäresi ýok, onoň obada içini hümledip gezip, diňe deňze çykanda, dünýäsi giňeýär. Küren bolsa indi başga zatdan geçen, ata-baba ýurt ýerde boljak iň soňky durmuş toýuna taýynlanýar. Entek ol toýuň sähedem bellenenok, ýöne adamlaryň duşuşanlarynda naýbaşy gürrüňi şol, Mämmet Badalynyň oglunyň şäherli gelinligi, onuň dädesiniň wezipesi. Ol gyz owadanmyş, okuwlymyş, baýmyş, atasynyň gowy işi barmyş. Garaz, adamlar biri-birinden eşidenlerini agyzlaryny şapbyldadyp, gaýtalap, ugursyz zady pişe edinýärler, ata-baba ýerleri elinden alynjak bolup dur, ol welin, hamana, piňlerine-de däl. Adamlaryň bu bolşuny keseden synlap, Annameret olara geň galýar: öýlenýän biri, onuň daşyndan dabara edýän – başga biri. Görsene, bu dünýäniň gurluşyny. Ýeri, ol gyz nähili bolanda, size azary ýetýärmi diýsene? Bar, aýdaly, onuň gözleri çaşy eken-dä, Mämmet Badalynyň ogly ony söýen bolsa, boldugydyr-da, size näme?! Elbetde, häzir onuň gözleri çaşy bolup çykmandyr, owadan eken diýeli, dädesem emeldar, ýöne munuň, heý, küreni saklamak üçin jinnek ýaly nepi degjekmi? ”Ýok” diýip, Annameret öz soragyna özi ilgezik jogap berdi. Soňam öz gepini özi düzetdi: ”Wah, parhy bar-da, bu gudaçylygyň gaýta küreniň ykbalyna zyýany ýetjek, ana, Mämmet Badalynyň şähere göçjekleň arasyna sessiz-üýnsüz goşulyp gidibermegi şol geljekki garyndaşlygyň ”peýdasy” dälmi nä? Mämmet Badalynyňky düşnükli, ýöne beýlekilere näme diýjek? Küreniň şu wagtky bolşy agyr derde uçranyň ölmezinden öň özüne zor salyp, soňky gezek ýylgyrjak bolşuna meňzänokmy? Aňyrlary eňşäp dursa-da, adamlar ýok ýerden şadyýanlyk satjak bolýarlar. Beýdip, olar Annameredi-hä ynandyryp bilmezler. Özlerini-de. Onda kimi ynandyrjak bolýarlar? Belki, öz ellerinden ata-baba ýurtlaryny gaňryp alýan wezipelileri ynandyryp, şat etjek bolýandyrlar, olar özlerini erbet duýmasynlar, günäli saýmasynlar diýýändirler? Nä olaň birden gynançdan ýurekleri ýarylaýar öýdýärmikäler? Wah, günüňize ýanaýyn! Soňam ol bu pikiriniň biçeme däldigini oýlady, dogrudanam, Mämmet Badalynyň täze gudasy wezipeli bolsa, küreniň işini gaýtaryp ýören emeldarlaryňam bu toýa gelmegi ahmaldyr. Elbetde, olar toýda hökman görnerler. Emeldarlaryň arasynda ýaranjaňlyk, wezipeparazlyk adaty zat, şoň üçinem Mämmet adalynyň gudasynyň wezipesi özleriniňkiden uly bolsa, olar hökman sürlenişip, bu toýa gelerler. Öňde duran bu höwessiz hem aşa emeli duşuşygy ýatlanda, Annamerediň aňyrsy bärsine geldi. Nädip ol birgiden ýasama ýüzleriň arasynda gezip, ýasama ýylgyryşlara bütin bir gün çydar? Onuň üçin bu ullakan jeza bolmazmy? Toýda gerekmejek hokga çykaraýmagyndan gorkup, Aýbäbek şu wagtdan oňa ýalbarýar, ile görä bolgunyň, adam bilen işiň bolmasyn diýýär, öňňe wagt oňlamasa-da, hatda şol gün onuň deňze gitmegine-de garşy däl. Balykçynyň öz biçäre aýalyna ýüregi awady. Elbetde, ol özüni saklajak bolup synanyşar, emma başartmasa, nähak ýerden onuň göwnüne degseler, üstüne sürünseler, soňuny kim görüp gelipdir, onda, goý, her kim özünden görsün. 4. Salkyn bilen küreniň garagörnüm aralygyndaky giňişlige çykan adamlar düzde gazan ataryp, damak bişirip, haly-kilim ýazyp, şäherden gelmeli gelnalyjyny bu düzlükde garşylamak üçin toýa ulaşdylar. Gün guşlukdan agýança, bu märekä, göräýmäge, myhman-da, gelnalyjy-da ýetmezçilik edýäne meňzemedi, adamlaryň dabarasam, şatlygam, begenjem daş ýany bilen ýeterlikdi. Her kim özüne tabşyrylan ýumşy kem-köstsüz bitirjek bolup, gara başyna gaýdy. Ýogsa nä, titije şäher myhamnlarynyň öňünde duraýmak ýeňil işmi? Biliňi berk guşap, ertirden agşama ugurlarynda durman ylgaňda, olary razy edip yzyna gaýtarsaňam, kaýyl gelersiň. Şeýdip, adamlar öz şatlyk-aladalaryna gümra bolup, güni ertir guşlukdan agdyrdylar. Şondan soň welin, olar şäherden gelmeli gelnalyjyny küýsäp başladylar. Wagt geçdigiçe-de, olar şäheriň ýoluna barha ýygy hem ýiti garaýardylar. Çünki gelnalyjy şäher ýolundan, hut şäherden gelmelidi. Mämmet Badaly bu gün ogluny öýerýärdi. Dogrusy, onuň ogly eýýäm öýlenipdi, toý düýn gije şäherde, restoranda geçipdi, ýöne dädesi ”Ýatjak otagyňyza gelniňi obanyň üstünden geçirmeseň, razy däl” diýip aýak diränsoň, ogly bilen gelni bialaç boýun bolupdylar. Bu razyçylygyň olara aňsat ýetdirmändigini Mämmet Badaly düýn restoranda ogly bilen gelniniň, soňam ol ikisiniň gyzyň ene-atasy bilen arasyndaky dowamly hem gyzgyn pyşyrdylardan bilipdi. Gelnalyjynyň oba gelmäge o diýen göwünjeň däldigini küreniň adamlaram bu gün aňdylar. Sebäbi olar gözlerini şäheriň ýoluna dikip, halys uzak oturmaly boldular: ilki gün guşluk boldy, soň guşlukdan agdy, indem, ynha, wagt günortana golaýlady… Şonuň üçinem adamlar, indi assyrynlyk bilen biri-biriniň ýüzüne garanjaklaşyp, gepsiz-üýnsüz ümmüldeşip, öz çaklaryny birek-birege ýetirjek bolýarlar: gelermikäler ýa gelmezmikäler? Gelmän durubermeseler ýagşydyr-ow… Arzyly gelnalyjy geler ýerde gelmese, görnetin gijä galsa, başga nämäni güman etjek. Gün gyzdygyça, mähelle Mämmet Badala has ýygy-ýygydan duýgudaşlyk bilen garaýardy, toý eýesiniň ýüzüne göz aýlasaň, gelnalyjynyň gijä galmagynyň ony nähili ynjalykdan gaçyrýanlygyny görmezlik mümkin däldi. Gün depä galdygyça onuň ir ertirki şadyýanlygy azalyp, deregine ýüzüni gitdigiçe ünji-alada eýeleýärdi. Onuň özüne-de, obadaşlaryna-da ýüreginiň awaýan bolmagy ahmal. Sebäbi olary bala-çagalary bilen kürenden çykaryp, bu giňişlige getiren Mämmet Badaly, onsoň gelnalyjy gelmese, ýüňsakgal boljak kim? Elbetde, toý eýesi. Ýöne küreniň adamlaryna-da ýüregiň awarça bar, sebäbi olaram bu toýy näçe diýseň küýsediler. Sebäbi bu toýuň köne ýurtda tutuljak iň soňky toýdugyny hemme bilýärler. Obada garaşylan bolsa, belki, Mämmet Badaly özüni häzirkisi ýaly müýnli duýmasa-da duýmazdy. Ýöne bu şerti düýn şäherde ogly bilen gelni onuň boýnuna goýupdylar: biz kürene girip, o taýdaky egba jaýlary öz ýakyn dostlarymyza görkezibem, olary güldüribem biljek däl. Durnanyň aýagynyň üstünde duran ýaly agaç jaýlaryň içine salyp, ”eneňiziň-ataňyzyň ýaşaýşy şumy?” diýdirenimizden, toý etmän oňaýjak… Elbetde, Mämmet Badaly ilki gaharlanjagam boldy, ýogsa nä, öz öýüne at dakylsa, göwnüýetmezçilik edilse, kimiň gahary gelmez? Emma ýaşlaryň howsala düşmeginde bir syryň bardygyny ata bolup, syzmazlygam mümkin däl. Bular ýöne ýerden kejeleşýän däldir diýip, ogly bilen gelni ile bildirmän jedelleşýärkäler, ol içini gepletdi. Diýmek, ene-atalarynyň ýaşaýşynyň pesligini her öňýetene görkezesleri gelýän däldir, görkezseler, öz durmuşlaryna zeleli ýetjekdir. Onsoň neneň olaryň diýýäni bilen ylalaşmajak? Neneň olara ”hä” diýmejek? Bu ýagdaýyň düýbüne düşünseň, ”Ýaşlar bagtly bolsalar bolýar. Galany: däbem, dessuram, gadymdan gelýän ýörelge-de gümüne gitsin!” diýäýesiň gelip dur. Emma Mämmet Badalyny gününe goýmaýan zat diňe bir däp-dessuram däl, şu günüň hem ertiriň aladasy. Eger ogly bilen gelni toý güni ene-atasynyň, garry öýüň bosagasyndan ätlemeseler, ertirki gün olardan önen agtyk-çowluklary nähili bor? Olar öz ene-atasyndan bütinleý ýüz öwürmezlermi? Hawa, balykçylaryň küreni köne, öýlerem köne, egba, bu öýlerde şäherdäki ýaly lowurdap duran gymmatbaha agaçdan ýasalan öý goşlaram, zynatam ýok, ýöne bu öýlerde mähir, balykçylaryň açyk ýüregi bar. Olar, eýse arkaba-arka şu agaç öýlerde ýaşap, häzirki güne ýetmedilermi nä? Ata-baba çekip gelýän agyr zähmetleri güzeranlaryny ýeňilleşdirip, olary zynatly ýaşaýşa, ”depseň yranmaz” döwlete, kaşaň öýe ýetirip bilmedik bolsa, onda bu balykçylaryň günäsimi? Hamana, birnäçe ýyl mundan ozal şu öýlerden, şu kürenden çykyp gitmedik ýaly, onuň ogly nämüçin bu hakykaty bilmedik bolýar? Bu meselede nämüçin gelniniň tarapyny tutýar? Eger häzirden beýtse, ýumuş oglanyna öwrülse, munuň soňy nämä barar? Soň onuň özbaşdak pikir etmäge ukyby bolarmy ýa ”heleýguly” bolar gidibiýrmi? Ýok, Mämmet Badaly öz ogullarynyň beýle ejizlemegini islänok. Käwagt töweregine göz aýlap, köpüň arasynda henizem şäher tarapdan gelmeli gelnalyjynyň ýoluna garap duran toý eýesiniň pikirleri gahar bilen paýhasyň arasynda agyp-dönýärdi. Gahary joşuberende, elbetde, ol özüniňkini dogry tapýardy: bolsa bolupdyr-da şäherli gyz, bolsa bolupdyr-da onuň boýdaşlary şäherli! Nämüçin olar öýlenýän ýigidiň ata-enesiniň ýaşaýan kürenine gelmeli däl?! Nämüçin olar öýlenýän ýigidiň önüp-ösen agaç külbesiniň gapysyndan garamaly däl? Hany, bu ýerde edep-terbiýe, özüňden ula sylag-hormat? Ekläp-saklap, çagany adam eden ene-ata garaýyş şeýle bolmalymy? Özüni oňaran güni, ese-boýa galan güni çaga özüni ekläp-saklan, adam eden ene-atasyny depip gidibermelimi? Görsene muny, biziň öýmüz gapymyzdan garardan garypmyş! Hawa, ol, belki şeýledir, biz garypdyrys. Ýöne bu kürende öz erkine garyp ýaşaýan barmy? Kimiň zynata çümesi, durmuşyň hözürini görüp, ýag iýip, ýüpek geýip, ýaşasy gelenok? Kimiň özüne göwni ýetenok? Balykçylaram özlerini hiç kimden pes görenoklar ahyryn, olaryň gaýratam, düşünjesem, işeňňirligem hiç kimiňkiden pes däl. Ilden yza galaslaram gelenok, ýöne agyr zähmet olary eljiretmese, diňe ölmez-ödi berip oňdursa, olar nätmeli: aglamaly-eňremelimi, ähli işlerini taşlap, ömürlerini arza-şikaýat bilen geçirmelimi? Näme etmeli? Belki, sülgüniň jüýjesi ýaly, dogduk küreni taşlap, pytrap gitmelidir? Ýok, beýle zat bolmaz, ne Mämmet Badalynyň, ne beýlekileriň muňa ynsaby çatar. Bu kürende öz öýüni aňsatlyk bilen taşlap gitjek ýok, Annameret olar barada şeýle pikir edende, gaty ýalňyşýar. Mämmet Badaly Annamerediň özlerine gitdigiçe gyýa garaýandygyny görüp ýör, ýöne oňa nädip ýüregini açjagyny bilenok. Ol kimiňkiň dogrudygyny bilýär, emma Annamerediň ýanyna goşulyp, hökümet bilen ekjeşip, deňizden birugsat balyk awlamana-da çaky ýok, indi ýaşy gaýdyşdy. Eger Annamerediň ýaşynda bolan bolsady, onda, meger, tüýs boýun egmejekleň biri hut özi bolardy. Haýp, ol indi iliň ýaşulusy bolup otyr, elden-aýakdan çykybermek oňa mynasyp däl; hiç kimden gorkmasa-da, çekinmese-de, onuň edip biljek işi bar, edip bilmejek işi bar. Öz ekläp-saklan ogluna-da ol bu günki gün çakyndan artyk gaty-gaýrym zat diýip bilmez, onuň özüni diňlär, raýyna garar. Eger ogly ýaş gelniniň göwnüni görmek üçin öz dogduk küreninden gaça durmaga utanmasa, bu onuň öz işi, ýöne atasy onuň bu ädimini oňlabam, goldabam baranok. Häzir ýaz aýy hem meýdan durşuna gül-gülälek bolmadyk bolsa, atasy öz oglunyň gelnalyjysyny obanyň daşynda, takyr meýdanda garşylap, onuň durmuş toýuny ýalazy meýdanda sowup goýbermäge eger-eger kaýyl bolmazdy. Edil bu ugurda eglişige gitmegi – obanyň daşynyň içinden has gözelligi boldy. Bu alaňlaryň arasynda toý saçagynyň ýazylmagy, ýaşlaryň bu giňişlikde şatlyk-şagalaňa ugraşmasy şeýle tebigy görünýär. Howa gyzsa-da, entek gül-gülälekleň hemmesi uçanok, entejik göz aldara ot-çöp ýeterlik! Hamana, bu çaka çenli toý eýesiniň öz-özi bilen ylalaşyga gelmegine garaşyp duran ýaly gözýetimde gelnalyjynyň tozany göründi. Tozanyň başga zadyň däl-de, hut garaşylýan gelnalyjynyňkydygyna obanyň garagörnüminde garaşyp duranlaryň hiç birinde zerre güman galmady. Uzakdanam bolsa, tozanyň tutumlydygy bildirýärdi. Balykçylaryň kürenine hatar tutup, gelnalyjydan başga kim gelsin? Dynç alyş güni bu taýyk topar tutup, başlyklaň gelmejegi açyk. Mämmet Badala pikirini jemlemäge wagt bolmady. Töweregindäki ýaş-ýeleňler onýança: – Gelnalyjy! Gelýäler-ä-gelýäler! – diýşip, belentden belent alaňa dyrmaşyp, şowhun turuzdylar. Ýaşy-garrysy ýok, balykçylaryň hemmesi, hamana, birnäçe sagatlap güne jyzyrdap garaşmadyk ýaly şatlyga ulaşyp, janlanyp gidiberdiler. – Düşekler azlyk eder-ow, tozan ýaman uludan turýar! Bäş-üç sany haly-palas, ýene birneme suw getiriläýse näderkä? Çäýnek-käse-de kemlik edäýmesedir-ow – diýşip, toýuň beýemçileri süýji aladalara meçew berdiler. – Gelen batlaryna öýlenýänleriň öňüne nahar äbermelidir, olary bir minudam garaşdyrmak bolmaz! – Özümiz welin, garaşmadyk-da… – diýip, meýletin nobatçy ulagyň eýesi Rejep hüňürdejek boldy. Emma onuň hüňürdisini töwerek-daşdan çykan sesler basdy: – Biziň garaşanymyz hiç, ýigit bilen gelin garaşmasa bolar! Seňem dädeň öýlenen günüň özüni gaýgy eden däldir! – Aý, biz-ä şo zatlaň näjüre bolup geçenem ýadymyzda ýok – diýip, Rejep ýeňse berip ugrady. – Hi-wi, oglan, ýadyňa düşmese, onça kemi bolan däldir-dä, ýogsa düşerdi – diýip, gelin-gyzlaň arasyndan onuň dilewar keýwanysynyň jedirdisi çykdy. Mähelle gelniň gepine gülüşdi. Toýuň beýemçileri, gelnalyjynyň tozanyndan çen tutup, eglenmän, kürenden ýene birneme gap-gaç, suw getirmeli etdiler: – Oturgyç-beýlekem alaýyň bolmasa, kimiň gapysynda görseňiz, şäherli adamlardyr, aýbogdaşyny gurup, ýerde oturyp bilmezler, olara stol-stul gerekdir! Rejep, kömekçilerini ýanyna alyp, salymyny bermän, oba ýöneldi. Olary gözleri bilen ugradyp durşuna Amanweli: – Aý, diýseňem-ä… – diýip, ädehedine görä dyzyna şapbat urdy, – diýseňem-ä… – Näme ýöne ”diýseňem-ä” diýip dursuň, aýt-da aýtjak bolsaň! Amanweli loh-loh güldi. – Aýdaýjak welin, Mämmet däde elindäki susagyny aýlap salarmyka diýýän, gudasy-da indi bu gelýänler onuň. Hojadurdy uzyn Mämmediň arkasyndan gelip, degşip, onuň ellerini tutdy. – Mämmet dädeňi özüm tutýan, ynha, aýdyber indi, millet eşitsin näme diýjek bolýanyňy! Amanweli, ätiýajy elden bermän, gazanyň başyndan gaýrarak çekildi-de, balykçylaryň köne degişmesini gaýtalady: – Aýtsam, bäş gün şäherli bolany bilen, olaň nä arasynda özümiz ýaly çomur barmy? Hemmesem düýnki g…ti pohly çarwadyr-da! Hojadurdy uzyn ha-ha-haýlap, toý eýesiniň ellerini goýberdi. Mämmet Badaly, naharyň duzuny dadyp durşuna, degişmä degişme bilen jogap gaýtardy: – Beý diýme-daýt, Amanweli, meň gudalaryma! Alagada saňa-da “g…ti agaçly” diýer welin, oturansyň-da onsoň lak bolup! Hojadurdy uzyn burnuna salyp, hoňňuldady: – Diýseler – diňlemesek alajymyz bolmaz, nä ýalanmy: ata-baba otyrýerimiziň agaja ýelmeşeni?! Ömür günümiz taýmylyň üstünde geçipdir. Çarwalaň, ony diýse, haky bar. Olaryň garasy ýitip-ýitmänkä-de, şäher tarapdan gelýän tozan depeleriň arasyndan öwrülip-aýlanyp, märekäniň garşysyndan çykyp, sozanguýruk bolup, dogry bärligine gaýtdy. Depede duran ýaşulularyň biri: – Bäh, tüweleme, bular-a 10-12 maşyn bar, az-küş däl. Palawymyz gyltyzrak bolaýmasa-da biridir – diýip, howslalasyny bildirdi. – Aýtdymam-la welin, Mämmet, özüň-dä, 15-20 adamdan artyk gelesi ýok diýip, bizi arkaýyn eden. Bular-a 15-20-iň çaky däl! – Hany, entek suw görmän, tamman çykaryberme, bular şäherden geregini edinip gelen bolsa bildiňmi?! Gelsinler bakaly, onsoň görübiýris, gyzyl balykdan bukup goýanymyz ýok däl çişlige-beýlekä diýip, şondan ýene bir gazan palawy ataraýdyk-da, biş-düşi az görsek! – diýip, aşpez ýaşuly hatarlanyp, bugaryşyp duran toý gazanlaryna göz aýlap, arkaýyn gürledi. Şol barmana-da bir kiçeňräk ýük maşyny ilden ozup geldi-de, beýleräkde saklandy. Onuň içinden çykan iki sany ýaş ýigit ýaşululardan “Gudalaryň stoluny nirede gursak bolar?” diýip sorady. Ýer görkezilen dessine-de, olar stol-stullary ýazylgy haly-kilimleriň bir çetinde dikdiler. Onýança-da gelnalyjy topbagy bilen sozanguýruk bolup, bu taýyk gelip ýetdi. – Essalawmaleýkim, ýaşulular! – diýip, durmuşa çykýan gyzyň dädesi Borjak Nurbatow öz täze garyndaşyndan baslap, küreniň ýaşululary bilen elleşip çykdy. Gudanyň ýany bilen gelen şäherli myhmanlar hem onuň hereketini, gylyny gyşartman gaýtalap, epeýlik bilen elleşip çykdylar. Arzyly myhmanlar düz ýerde gurlan kaşaň stoluň başyna geçensoňlar, toý eýesidir onuň ýakyn dostlaryndan hem birnäçe adama olaryň ýanyndan ýer ýetdi. Olar gelnalyjy maşynlaryň keýpihon “düýdüldisiniň” astynda hal-ahwal soraşdylar. Ulaglardan paýraşyp düşen ýaşlar bolsa, salamdan-helikden bizar, aýaklaryny ýere basan batlaryna ugrybir tansa başladylar. – Küşt! Küşt! Küştdepdi! – diýip, ýigitlariň biri bar güýji bilen zowladyp gygyrdy. Borjak Nurbatow epeý gürledi: – Toýy dabaralandyrmak üçin ýanymyz bilen çeper höwesjeňlerem getirendiris. Goý, oglan-uşagy güýmesinler! Ýogsa, bu taýda günde-günaşa gulagyňyzyň posuny açyp duranam ýokdur… – Hak aýdýaň! – diýip, Hojadurdy uzyn toý eýesinden öňürdip jogap berdi. – Bular ýaly zat görmänimize-de indi telim ýyl bolandyr, halys ýöne daşymyzy gabap goýdular-a biziň… Toý güni zeýrenji artykmaç hasap eden Nur Tagan, Mämmet Badala gezek bermän, aýdylan gepi dogry ugra burmaga çalyşdy. – Şuny gaty oňarypsyňyz, toýuň görki – aýdym-saz. Özümizem bäş-üç sany ýaş-ýeleňi taýynladyk, ynha, goşulyşyp hezil bererler welin, tüýs bolar-da duruberer. Mämmet Badaly gudasynyň hormatyny ýetirdi: – ”Döwlet ile geler bolsa, Bagşy bilen ozan geler!” diýilmänmi nä, geldiňiz – döwletimiz artdy. Tamada ýigit şäherden getirilen buzly gapyrjaklardan şampan şerabyny çykaryp, bulgurlary stoluň üstüne örtülen owadan saçagyň üstünde çalasynlyk bilen düzüşdirip çykdy. Ýaş çatynjalar stoluň başyndaky ýerlerini eýelänsoňlar, bulgurlar doldurylyp, tost göterilip, öýlenýänleriň şanyna süýji sözler aýdylyp, giň düzlükdäki toý dabarasy dem saýyn gyzyşdy gitdi. Toý märekesi duran-duran ýerden saçak başyna düzüldi. Ýöne ýaş-ýeleňleriň saçak başynda uzak oturmaga takady ýetmedi, aýdym-saz olary gününe goýanokdy. Gyrmyzy donly, bezemen çabytly çeper höwesjeňler ýigit bilen gelni aralaryna alansoňlar, küştdepdiniň aýlawy hasam giňelip, düzlüge ýaň saldy. Alkymynyň garyndan-a, Doýman goşa naryndan. Öz ýarymyň saçlarynyň Öpsem her bir taryndan! Küşt, küşt, küştdepdi! Haý, haý, haý, haý, küştdepdi! Şäherden getirilen ir-iýmişler howa ýagtylaly bäri düzde ojak gazyp, gazan ataryp, taýynlanan dürli damaklaryň üstüni ýetirip, täsin bolçulygy döretdi. Soňky döwürde iýmitden eljiredilmedik kürenliler bu bolçulyga agyzlaryny öweldişip galsalar nädersiň! Balykçylaryň ençemesinde bu gün ”Şäher ýaşaýşy-da biçeme däl ýaly-la – diýen düşünje döredi. – Tizräk şähere aşylsa, belki, olar ata-baba görmediklerini görerler?..” Küreniň ýaşlarynyň şäherliler bilen gatylyp-garylansoňlar, uly ýaşlylar-da olardan kem galmadylar, olaram ikiden-ýekeden orta çykdylar. Tansa goşulmadyklary-da gapdaldan gykuwyny ýetirdiler. Ýarym gelýär gör diýib-ä, Atyň ýuwaş sür diýip, Tutsam akja goşardan-a, Birje posa ber diýip! Haý ald-eeý, jan ald-eeý! Şol garagöz janym aldy! Küşt, küşt, küştdepdi! Alma biter, nar biter-eeý, Dürli miwe zor biter, Gözleri gamhor ol ýaryň Gaşlary owsun atar. Küşt, küşt, küştdepdi! Haý, haý, haý, haý, küştdepdi! Toýuň şowhuny şeýle bir ýokary galdy welin, sähel salymdan tamadanyň bokurdagy gyrlyp, dili diýen etmän bazzyldap ugrady. Gep tapmasa-da, ”dogzy-da walla!” diýip, uzyn saçlaryny daraklaýardy. Gün günortadan agansoň, Borjak Nurbatow, gudasyndan ötünç sorap, ýany bilen getiren arzyly myhmanlaryny-da alyp, şähere gaýtdy. Şondan soň tamada özüni has hem arkaýyn duýdy. Ol indi özüni toýuň ýeke-täk beýemçisi diýip hasap etdi. Bu bolşa Mämmet Badaly ýylgyrdy: aragyň etdirýän oýny-da... Hawa-da, indi türkmeniň araksyz geçýän toýy barmy nä? Bu ilde indi balykçylaryňky ýaly arakdan-şerapdan özüni saklap ýören küreni tapaýmak aňsat däl. ”Goňşyň kör bolsa – gözüňi gyparak!” diýipdirler, depelerinde duranlaryň ählisi bu düzgüni alyp göterseler, edara başlyklarynyň şonsuz güni geçmese, görgüsi ýaman ýaşlara näme galýar – diňe göreldesine eýeribermek galýar-da. Ýöne myhmanlary bir meýdan öz ugurlaryna kowansoň, ol her halda toýuň gidişine goşulmagyň wagty geldi diýip hasaplady. Ol oglunyň ýanyna baryp, onuň gulagyna pyşyrdady: – Arak-şerap indi boldy ediläýse näderkä? Oglanlaň halys kellesi göçüp barýan ýaly-la… – Degme, däde, işiň bolmasyn, myhman göwünleri bardyr, keýp etsinler! Bular, islese, içişip, öküzem ýykyp bilerler. Öküz näçe suw içse, bulaň arasynda arakdan şonçany içip biljek gerçekler bardyr, hudaý kessin, ynanaý! Mämmet Badaly başyny ýaýkady. – Aý, ýok, küreniň gözüniň alnynda beýle zad-a bolmaz, çaga-çuga bar, aýal-gyzlar… Özüňem görýäň. – Däde, baý, gaýgyçyl bolupsyň-aý! Näme meň dostlam şu taýdan özlerine gelin gözlär öýdýäňmi? Bulaň göwnünden turaýmak kyndyr, gyz diýeniň edil… ol töweregine garanjaklap, deňeşdirere nusga gözledi, ine, şu meniň gelnim Gülbibi ýaly bolmaly! Gülbibi näz bilen owsunyp, oglanyň ýaňagyndan öpdi. – Dilleriňe döneýin! Mämmet Badaly ejap edip, birneme gaýra çekildi. Emma gelniň ýigidi öpenini gören şäherli ýaşlar ýerli-ýerden: – Posa! Posa! Posa! – diýşip, gopgun turuzdylar. Ana, nädersiň onsoň, yzy näz-kereşmä, ýigit bilen gelniň hakyky öpüşmesine ýazaýsa! Kürenlileriň bu sözi ozal eşidenleri-hä ýylgyryşdylar, eşitmediklerem, ör boýlaryna galan ýigit bilen gelniň dodaklarynyň ykjam tapyşandygyny görüp, agyzlaryny açdylar. Öýlenýänleriň dodaklary tapyşanda, çuwalgyzlar ”hih, hi-wi!” edişip, gyzaran ýüzlerini sowsalar, uşaklar ylgaşyp baryp, bu hereketi aşa hezil görüp, has golaýdan synlap, ”urra!” diýşip, çapak çaldylar. Oturanlaryň biri stoluň başyndan turup, ýene-de ”küştdepdi-ii!” diýip gygyrdy. Keýpi kök mähelle şol bada stollaryň başyndan turup, derrew ýene bir gyrada küstdepdiniň aýtymyny döretdi. Ana, onsoň tüweleýläp ugran tans sazynyň bady ýene al-asmana galdy. Şäherli oglan-gyzlar ulaglaryň ýanyna ylgaşyp baryp, eginlerine gyrmyz don, başlaryna silkme telpek geýip, yzlaryna dolanyp gelensoňlar-a, bu gözelligi diňe filme surata düşüribermek galdy. Gap duldaky gandymyz-a Nogul-eý bolar-eý, işalla! Kerem janyň ilkisi, gel, Ogul-a bolar-eeý, işalla-a! By sanawajy eşiden Mämmet Badalynyň göwni göterildi. Ol gapdalynda duran Bally çolakdyr Nur Tagana ýüzlenip: – Sakgaldaşlar, şulaňkam bolman durjak däl-haw! – diýip, sesine bat berdi. Küşt, küşt, küştdepdi! Haý, haý, haý, haý, küştdepdi! Bir çetde motory işledilip goýlan ýük maşynyndan uzalyp gelýän simlere çatylan ses gataldyjylar düzlügi ýaňlandyryp, toýa näçe diýseň şowhun berýärdi. – Bolar, işalla – diýip, Bally çolak onuň bilen bir hörpden gopdy. – Eginlerindäki lybaslaryny dagyn görýäňmi, edil ýöne bile biten ýaly. Obaly gyzlardan küştdepdä öňden taýynlanan Bagty baryp, aýdymçynyň elinden mikrofony aldy-da, ýanyndaky oglan bilen ses goşup, köne heňe tutdy: Düýe gelýär ýataga, Boýny doly otaga, Aý, gyz, saňa aşyk men, Janym bolsun sadaga! Şäherden gelen çeper höwesjeň mikrofony derrew yzyna kakyp alyp, özüniňkini dowam etdi: Gyz ýaňagy ot alar-heý, Ýanar söýgiň oduna, Kerem janyň butlary-heý Deger gyzyň buduna! Küşt, küşt, küştdepdi! Ýaşulular, hamana, öz agyzlaryndan ýakmaz zat çykan ýaly ýüzlerini sapajak-supajak etdiler. Aýdymçy ýigit bolsa tamadanyň haýyşy boýunça ýörite bildiriş etdi: – Adamlar! “Balyk ýüzmedik suw” diňe içmek däl, içine başak urup, gulaçlap ýüzseňizem ýetjek! Kim öýlenýänleň saglygyna götermek islese, stoluň başyna gatnabersin! Biziň şöhratly tamadamyz “balyk ýüzmedik suwdan” tans edip ýörkä datjaklaryňam gözleginde-eee! Şondan soň üstüne doly bulgurlar düzülen eli owadan mejimeli tamada ýigit küşt depýänleriň daşynda tersine tans edip, aýlanyp ýörşüne, isleg bildirenlere yzly-yzyna içgi paýlady. – Ähem-ühem – edip, Mämmet Badaly ardynjyrady. – Hawa-da… bulara, däninim, goýam diýip boljak däl-dä… Arkalaryndan gelen Gutly onýança: – Bolýa-daýt, Mämmet däde, gyzyň dädesi çydasa, size näme, goý, olar utansyn! – diýip, içgiliň degişmesini etdi. Mämmet Badaly oňa sowukganlylyk bilen jogap gaýtardy: – Gyzyň dädesi eýýäm şäherde otyr, men bu taýda, bu toýuň abraýam, biabraýçylygam meň boýnuma, han ogul. Nur Tagan Gutlynyň keýpiniň köklügini ýüzünden aňyp, Mämmet Badala basalyk berdi: – Ýok, ony edip bolmaz, sakgaldaş. Toýçulykdyr-da, çydamasak bolmaz. Her kimiň bir ýagdaýy bolýar, ol ýigidiň ”balyk ýüzmedik suwa” eňegini köpräk basýanyny görýän, ýöne myhman hatyrasyny saklaly, hany entek öte geçibem barýan zatlary ýok, darykma. Şatlyk-şagalaň birnäçe sagat dowam etdi, myhmanlaryňam, küreniň ýaş-ýeleňleriniňem armany galmady, olar biri-birinden gylaw alyp, toý tansynyň şowhunyny dik ýokary göterdiler. Aýak ýeterde başga oba bolanlygynda, bu toýuň şowhuny o taýynam örüzerdi, emma balykçylaryň küreni bu jelegaýda ýeke-täk bolansoň, toý gidip durka keseden gelip, oňa goşulan bolmady. Içgä ýykgyn edýänler soňa-baka tans etmek beýle-de dursun, aýak üstünde durmaga zordan ýaradylar. Tamada ýigit welin, şonda-da hödür-keremini goýmady. – “Balyk ýüzmedik su-uuw”! – diýip, ol adamlaryň arasynda irmän-arman, aýlandy ýördi. – ”Balyk ýüzmedik suwam” gurasyn – bizem… – diýip, Mämmet Badaly şoňa-baka halys darygyp, hüňürdedi. – Uruşda şonuň bilen başymyzy aýlanlaram ýeterlik, dynç günümiz onuň ejiri nä görgi? – ol, haraý isläp, ýene Nur Taganyň ýüzüne garady. – Her hüjümden öň ”narkom paýogy” diýip, guýup bererler, ana, şony başyňa çekersiň welin, soň öleniňem bilmersiň, galanyňam, okuň astyna süsdürilip barýansyň. Nijema ýigitler gitd-ä şeýdip… Garrygaladan bir oglan bardy, neresse gyzyl ýaly oglandy. ”Mämmet, şuny sen içsen-e, ölmäge taýyn, ýöne niräk ylgaýanymy bir görüp öleýin” diýerdi neresse. ”Şuny içsem, soň ýolumy göremok, ýöne çak bilen iliň ugruna eňip barýan. Meni arak alandan, goý, ok alsyn – diýerdi. Ýöne her gezegem, töweregindäkilerden utanyp, burnuny tutup, awulyk ýuwdan ýaly özüne berleni ýuwdardy. Ahyram şol başyna ýetdi neressäň: il aşak ýatanda, oka pitiwa etmän, ýeke özi gitdi öňe “ur-ra!” diýip, durmalydygynam bilmedi, ýatmalydygynam, iliň yza çekileninem bilmedi. Sondan soň men onuň ne dirisini gördüm, ne-de ölüsini. Nur Tagan başyny ýaýkady. – Içmän ýören adam üçin awy-da bu, kelläni doňdurandyr. – Berlende, doňdursyn diýlip berilýä-de ol! Ýogsa, kim çagba ýaly ýagýan okuň aşagyna ylgajak?! – diýip, urşa gatnaşan balykçylaryň biri Hojadurdy uzyn olaryň arkasyndan geldi. – Bu köşekleňem häli kellesi doňandyr, zat diýiji bolaýmaň, tansy taşlap, özüňizi iş edinäýmesinler. Entegem gelniň uýat ýerini agzamasalar, şükür ediň-de oturyň. – Şony diýsene… – Nur Tagan biynjalyk seslendi. Nur Tagan Hojadurdy uzynyň ýaňky sözüne sakgaldaşynyň gatyja gaharynyň gelendigini aňlady. Ýöne toý güni birewiň göwnüne degmekden hudaý saklasyn. Ýakmaz söz aýdaýanlarynda-da, öte hetden aşmasalar, küşt depýänlere-de zat diýip bolmaz. Olaryň hemmesem öýlenýän ýigidiň ýa gelniň ýakyn dostlary, boýdaşlary, onsoň, ýeri, nädip olaryň göwnüne degjek? Göýä Nur Taganyň içindäki gopýan harasady aňan ýaly Hojadurdy uzyn öz sözüni ýuwmarlaýan äheňde seslendi: – Jähenneme gitsin-le, Mämmet, özlerine ýarasa – bize-de bolar-da. Küreniň gelin-gyzlaram indiden eýläk bu zatlardan ýa sakladar, ýa saklatmaz, hä diýmän, topuň bilen, ine, şularyň arasyna barmaly. Onsoň bularyň haýsy bir sanawajyny gaty görüp, haýsy bir çylkasyz sözüne gaharyňy getirjek. Sakgaldaş, indi bize hemmesine kaýyl geläýmekden başga çäre galaýdymyka? Mämmet Badaly tutuk jogap berdi: – Ýok, men-ä galandyr öýdemok. ”Küşt” depip ýören ýigitleriň biri ýerde ýatyp, towlanyp, täsin bir tansa başlady. Muny gören ýaşuly-ýaşkiçi şoňa tarap eňilip, onuň ýagyrnysyny ýere degrer-degirmez ortada çalasynlyk bilen pyrlanyşyna tomaşa etdiler. – Bu nähili tans boldugy, küştdepd-ä däl bu – diýip, Rejep palawdan göjän garnyny sypalady. – Muňa ”breýek” diýýäler, agam! – diýip, ýetginjekleriň biri keýpihon güldi. – Siziň düşünjek zadyňyz däl! Bu küstdepdiden hezilräk, bu bütin dünýäde meşhur. Küştdepdi diňe türkmeniň tansy, şoň üçinem ony Türkmenistandan başga ýerde hiç kim bilenok. Şäherde küştdepdiden breýk has ýörgünli. – Şeý diýsene, han ogul – diýip, Nur Tagan kinaýaly gürledi. – Türkmeniňki bolsa, türkmeniňki bor-da, nä sen ”ilde ýok” diýip, öz zadyňy zyňjak-da gidiberjekmi? Ýol uzakdyr, iru-giç özüňkiňem gerek ýeri bor. Sizem ahyr bir gün amanat zatlardan irersiňiz-ä! Ýaş ýigit ýaşulularyň ýanyndan tiz göterildi. Ol ýüzüniň ugruna tans edýänleriň arasyna kürsäp urup, il bilen deň aýlanyp ugrady. Hojadurdy uzyn oňa barmagyny çommaldyp, güldi. – Haý, doňuzjyk! Gör, oň bolaýşyny! Dagysyna biljek däl, ýöne iň bärkisi şu düz ýerde-hä küştdepdiniň döwi rüstem! – Bireýkmi ýa ikeýkmi, ony biljek däl, ýöne küştdepdi ýaly uzakçyla däl eken. Ýüpek haly-ýorgança, gel, Toý gününde düzgündir, Girseň ýaryň goýnuna, wah, Gyz gujagy gyzgyndyr! Heýýa-heýýa, gep şeýle, Türkmeniň küsdüni dep şeýle! Küşt, küşt, küştdepdi! Onýança stoluň üstünden arak daşap, tans edýänlere indiki öwrümden içgi paýlap ýören tamada ylgap baryp, aýdymçynyň elinden mikrofony gaňryp aldy-da: – Aşagrak düş-ä, how, çak boldy! Satanynyň arasy gyzgyndyr diýsene! Bu çylkasyz gepi eşiden Nur Tagan Mämmet Badalynyň gulagyna gygyrdy: – Bulary indi abraý bilen ugradaly, sakgaldaş! Ýogsa, bular ýene birsalymdan git diýseňem gitmezler, has beter oýun taparlar. – Aý, hawa-da, geldiler – gördük, indi sag-aman gidenlerinem göreli! Iň çatak ýeri – biz beýdip agzymyzy öweldişip dursak, gyz-gelinlerem, uşaklaram agyzlaryny açyşyp durlar. Toýy gurnan, bulary kürene çagyryp getiren özümiz, diýmek, däninim, indi öňlerinden çykmalam özümiz bolýas galyberýäs. Şeýdip, küreniň ýaşululary kelte maslahatdan soň, şäherlileri sag-aman, abraý bilen yzlaryna ugratmaly etdiler. Mazaly, günem aşak sallandy, indi bulary yzlaryna dolamak heňe gelmänem duranokdy. Myhmanlary ugradanlarynda, Nur Tagan bilen Mämmet Badaly tansçy ýigitleriň hem gyzlaryň egnindäki ketenileriniň, gyrmyz donlarynyň, hamana, seçelenip duran başlaryndaky silkme ak telpekleriniň hakyky däldigini görüp, haýran galdylar. – Bu nämüçin beýle? – diýip, Mämmet Badaly sorady. – Bular ketenem däl, gyrmyz donam, silkme telpegem, kagyz ýaly-la bular. – Bize hakykysy ne derkar? – diýip, tansçy ýigitleriň biri göwnühoş güldi. Hakyksyny güýä iýdirmän saklamak gara görgi, a bulara it degjek gümany ýok, islän ýeriňe taşla-da git. Bize bularyň daşky görnüşi gerek, galan zadyny başymyza ýapalymy?! – Jaý gürrüň, size indi, inim, haýsy bolanda näme, hakykysy bolmasa bor! – diýip, ýaşulularam ýaňsa alyp gülüşdiler. – Hakyky zatdan ägä boluň, oňa ýanaşsaň, borjy bardyr! Ýigidem kem galarly däl: – Hakyky bolmanda nä, halka ýaraýamy – boldy şol! Indi bu çakda özüňiz ýaly hemme zadyň düýbüni dörjäp ýören kän däl. Biz bulary geýip, bütin welaýata aýlanyp ýörüs, emma hiç kim bize igenenok. Märekä hakykat däl, oýun gerek, näme siz şunça ýaşap, şonam bileňzokmy? – Bilýäs – diýip, Mämmet Badaly ýigidi köşeşdirdi. – Heý, bilmerismi? Hemmesinem bilýäs, ýöne muny boýun alyp bilemzok, ana biziň betbagtlygymyz şonda, ogul. – Ýaşuly! – diýip, çeper höwesjeňleriň tansçysy gygyrdy. – Size bu gün betbagtlyk hakynda gürrüň etmek nämä gerek. Bu gün sizden bagtly adam ýok, siz hut Borjak Nurbatow bilen ýakyn garyndaş bolduňyz! Üstesine-de, siz toý eýesi, şoň üçinem, hany, galan araklardan bulgurlary dolduryp, Kerem bilen Gülbibiň saglygyna götereliň! Mämmet Badaly ony ugruna süren ýaly edip, öz pikirini aýdyp galdy: – Aýdýanyň gaty dogry, ogul, ýöne biz bir çet kürende ýaşap ýören yzagalak adamlar, şonuň üçribem ýakyn garyndaş diýip, heniz-henizem aga-inä, öz gandüşer bajylarymyza, daýy-ýegene diýýäris. Galan garyndaşlaryňam hormaty şolarça bardyr welin, onda-da guda biz üçin birneme daşkyrak bolýar. – Ýaşuly, ýalňyşýaňyz! Il-ä siziňki ýaly guda tapanok, a siz bolsa… Aý, bolýa-da, o bolmanam ýaşululara gep düşündirjek bolsaň, saçyň agarar-laý! – Dogry-da walla, özüňçe baru-ýok şäherliden gep çekip! – diýip, Nur Tagan, ýeňsesini tüňňerdip, daşlaşyp barýan ýigidiň yzyndan çyny bilen güldi. Şäherli myhmanlara toýdan hoşal bolmazlyga sebäp galmady, olara başdan-aýak dik durup hyzmat edildi, olaram düz ýerde tans edip, keýpden çykdylar, kemini goýmadylar, küreniň ýaşlaryna öz hünärlerini görkezdiler. Küreniň ýaşlarynyň olara gözigidijilik bilen garaýyşlaryndan bu sapagyň ýerde ýatmajagy bes-bellidi. Olar öz şäherli duşdaşlarynyň ýekeje hereketini-de gözden salmadylar, her ugra olar bilen deň deprenişdiler. Myhmanlary ugradyp, toýuň yzyny ýygnaşdyryp ýörkäler, Mämmet Badaly eline düşen ýarpy çüýse aragy başaşak tutup, takyr ýere döküp oturyşyna, içini gepletdi: ”balyk ýüzmedik suw diý-de goýaý…”, älhepis, munuň durudygyny, päliňi bozagadin birnemejik dadaýsaň, şu wagtam edil ýöne hüjüme eňibermeli etjek. – Dadaý bolmasa, könäni ýatla-da – diýip, Rejep gapdaldan garnyny selkildedip güldi. Mämmet Badaly başyny ýaýkady. – Ýok, men muny datmaýyn, datsam, ”Garry oýnasa – gaý turarlary” bolaýmasyn. Bu adamlar ozal, däninim, narkom paýogyny kän dadandyr. Her kimiň öz bir endikli gylygy bar, bu zährimardan dadan günümiz, biziňki ýene yzy hüjüm bilen gutarar. | |
|
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda - 07.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap: roman - 24.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |