22:06 Derýa | |
DERÝA
Goşgular
Derýa owsun atýa, Çyrpynýar derýa. Sürünýär ikiýan bar ýaly ary. Derýaň towlanjyrap akýan suwlary Ogşap otyr iki sany kenary. Urunýar, Kenaryn ýykyp bilenok, Akdygyça barha in alyp barýa. Sürünýär, Hanadan çykyp bilenok, Kenarlary bolsa giňelip barýar. • GYZ Sen şeýle owadan, owadan gyzdyň, Meniň geljegimdiň, Hemem geçmişim. Göremde göwnüme ýaranňy syzdyň Meniňem öňünde ýokdy etmişim... Bu günde... Aýralyk mukamyn ýazýar. Gör, nirädir, Gidiberdiň ýönelip Ýok sen, ýok ýanymda, ýapraklar ýagýar, Gidiberdiň, gitdiň dünýämi bölüp. "Edebiýat we sungat" gazeti, 27.08.1982 ý. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |