20:03 Ötägit! / kiçijik hekaýa | |
ÖTÄGIT!
Satiriki hekaýalar
Sagat 15.10-da buhgalter Bonke direktoryñ kabinetine kürsäp girdi: - Meniñ boýnum şeýle bir agyrýar. Tizräk keselhana gidäýmesem boljak däl öýdýän. Hiç oturyp bilemok. - Ötägit! - diýip, direktor mekirleç ýylgyrdy. - Men şu gün... - diýip, edaranyñ işgäri Mýuller içerik girdi. - Men şu gün diş doktoryna ýüz tutaýmasam, bu dişler maña... - Ötägit! - Bagyşlañ - diýip, sagat 15.19-da registrator Perpitskiý direktoryñ alkymyna dikilip bardy. Bilýäñizmi näme?.. Neme... Meniñ aýagym agyrýar. Siz maña rugsat berip bilmermisiñiz? - Ötägit! - diýip, direktor ýene syrly ýylgyrdy. Sagat 15.25-de edaranyñ ýeme bir işgäri Birze gelip, saglygynyñ örän agyr ýagdaýdadygyny "düşündirip", howlukmaç çykyp gitdi. Iñ soñky işgärem halynyñ teñdigini aýdyp, direktordan rugsat aldy. Sagat 15.32-de direktor Burhardt hem kabinetiniñ gapysyny ýapyp, howlukmaç ýola düşdi. Garawul bu zatlara nähili düşünjegini bilmedi: - Jenap direktor!.. - Hä, ýogsa-da, eger biri sorasa, direktor ýaranok diýip aýdarsyñ - diýip, Burhardt futbola alan biletini garawulyñ görerinden howatyr edýän ýaly, ony howlukmaç jübüsine dykdy. Gans RIBAU. Nemesçeden terjime eden: Osman ÖDÄÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |