07:55 Otdaky Ybraýymyñ aýdymy | |
OTDAKY YBRAÝYMYÑ AÝDYMY
Goşgular
Alagarañkylygyñ ganly göçünde başga bir adam bar. Ýeriñ ýaşyl bolmagyny islärdi yşky iñ owadan gyzlara gelşer. Onuñ gözünde bu däldi olar ýalam gadyrsyz peşgeş topraga we daşa ýaraşjak. Ne adam! Ne adam! Diýýärdi kalba ýaraşan yşkyñ ýedi gyljy bilen gana bulaşyp galmak kekirtlewüge ýaraşan iñ owadan atlary sözlemek. Ine, şeýle yşkdy demirdagyñ şiri adam ýazgydynyñ ganly meýdanyndan Okkessirme geçdi. Bir polat synaly: Ölüminiñ syry yşk takdyry hem ýalñyzlyk gamydy. * * * "Ah, gamly Ispendiýar! Seniñ üçin gowsy gözleriñi ýummak! " "Şeýle dälmi; Biri ýetmezmi nä ýazgydymy ýazmaga? Ýalnyz bolan men etmedim perýat! Gömülmäge razy boldum men. Bir sesdim men - şekiller içinde bir şekil - we bir many tapdym. Men bardym we men boldum; ne bir gül gunçasy ne bir kök sürgüni ne tokaýdaky bir nahal Misli gök ýüzünüñ sejde eden halkyñ şehit adamy ýaly. * * * Däldim men başy öñde biçäre bir guljagaz we meniñ jennetim ytagat we açyk göwünliligiñ ýodasy däldi. Başga hudaý gereklidi maña çäresizlik azygyna boýun egmän bir gula gelişjek. we başga bir hudaý döretdim." * * * Haýp! Demirdagyñ şiri! Sen bardyñ we dag deýin düşmezden ýere iñlemezden, kararly ölüpdiñ. Emma ne hudaý, ne şeýtan. Seniñ ýazgydyñy başgalaryñ çokunýan bir buty ýazdy. Başgalaryñ çokunan bir buty. • AHMET ŞAMLU Eýran şygryýetiniñ täze akymynyñ başyny başlaýjy meşhur şahyr Ahmet Şamlunyñ eserleri şwed, iñlis, ýapon, fransuz, nemes, rus, ispan, ermeni, niderland, rumyn, fin, kürt, türk dillerine terjime edildi. Kaka tarapdan asly kabully bolan Ahmediñ ejesiniñ asly kawkazlydyr. Kakasy harby gullukçy bolansoñ şahyryñ çagalygy Eýranyñ dürli ýerlerinde geçipdir. Başlangyç bilimi Haşda, Zahidanda, Maşatda, Birjentde alan şahyr liseýi Birjentde, Maşatda, Gorganda, Tähranda okapdyr. Ikinji jahan urşy ýyllarynda kakasy žandarma tarapyndan Türkmensähra ugradylýar. Türkmensähralylaryñ durmuşy we türkmenler bilen tanyşlygy onuñ döredijiligine başgaça täsir edýär. Onuñ "Abaýynyñ ýüreginiñ ýarasyndan" şygyry Ryza şa Pehlewä garşy göreşen türkmen rewolýusioner mugallymyñ atylyşyny gürrüñ berýär. Şahyryñ bu eseri eýran poeziýasynyñ iñ gowy nusgalarynyñ biri bolup durýar. Ýaranlary nägilelik bildirendigi üçin şahyr Tähranda tussag edilipdir, ilki Tähranyñ türmesinde ýatan şahyry soñ Reştdäki sowet türmesine ugradypdyrlar. Muhammet Musaddyk wakasynda-da yzarlanan şahyr ilki gaçanam bolsa tussag astyna alynypdyr. Şahyryñ birnäçe eseri-de şonda ýitipdir. | |
|
√ Aýşy-eşret çagynda / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ölmeli bolsam / Goşgular - 07.12.2024 |
√ Eý, bagtyň asmanyna uçanlara bat beren... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Быть блондинкой... / Goşgular - 26.07.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ Hijri-zulmydan niçe kim, eýlesem men dat oňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |