16:57 Öten agşam maña... | |
ÖTEN AGŞAM MAÑA...
Goşgular
Öten agşam maña bir zatlar boldy... Gyşyñ gara ýeli bagrym daranda. Erte aýdylmaly aýdymym öldi ~ Ýüregmiñ agzyndan päki ýörände. Ol ~ şeýle bir awundyrdy çirtende, Uçgun syçrap gitdi didelerimden. Uçutlaryñ gyrasyna eltende, Ykbalyñ haý-haýly ýodalaryndan. Gitdim. Olar meni daşdan aýlady, Saça ak düşýänçä kertip ömürden. ...Ertekiñ näbelli ýolun saýladym, Onuñ Aly Hezretleri şygyrdan! Toýunda-ýasynda ilim haladym, Owal-ahyr baglap oña kysmatym. Türkmeniñ ýurdunda güldüm, agladym, Hiç hantama bolman ýagly lukmadan. Iliñ sylap beren ýekegat donun, Bu ömrümde "şa tagtyndan" ýeg gördüm! Sözlem ~ jöwher bolsañ, ýetişiñ, süýnüñ, A ýogsa-da gara şaý degmersiñ ~ Adamlañ umydy bar bolsa sende, Senem bir öwrümde ony ödeseñ. Haýyr-sahawatdan nur bolsa sende, Kötele dyrmaşyp, it dek ýadasañ ~ Ol seniñ myradyñ, durma, tisginme, Ertekilerdäki şahly döwlerden. Aždarhalar ot sowrup gitsinler ~ Ol hiç, gorkup bolar ýata suwlardan... Gorkup bolar ýüzi ýaşyl kerepden, Onuñ adam ýuwtmak endigi bardyr. Uly ýola çykan yza seretmez, Şahyrlaryñ ýolda söndügi bardyr. Ýeriñ gadym hanasynda urundym, Ret etdim beg aşy dek taýýaryn! Näbelli ýollarda aryp-ýoruldym ~ Galanynam, iller, size goýýaryn! * * * Sen meni kesele berme, Solup-süllerer kamatyñ. Ýalaw dek kesere berme, Irden gyrkylar ganatyñ. Sen meni otlara berme, Ýandyrmazlar, bişirmezler. Bir gara ýatlara berme, Olar maña düşünmezler... Sen meni ýellere berme, Üşäp gagşamajak bolsañ, Haýasyz dillere berme, Daban ogşamajak bolsañ. Sen meni Ajaba berme, Yşk meýin içerjek bolsañ. Doñbagyr ajala berme, Çyn gül dek açyljak bolsañ... Baýram JÜTDIÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Öýlenmek / Goşgular - 09.10.2024 |
√ "Ýa suwa, ýa-da samana..." / Goşgular - 22.07.2024 |
√ Muhammet / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Nesliň göterer / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Şäher merine / Goşgular - 12.05.2024 |
√ Garajaoglanyň şygyrlarynyň täsirinden dörän şygyrlar toplumy / Goşgular - 15.10.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Ybraýym Ýusupdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |