07:24 Öwezli tentek batyr | |
ÖWEZLI TENTEK BATYR
Taryhy şahslar
Ata-babalarymyzyñ "Könesi bolmadygyñ ~ täzesi bolmaz" diýip aýdan paýhasly sözlerine görä, öz halkynyñ geçmiş ýolundan habarsyz adamyñ milli buýsanjy-da, ruhy baýlygy-da pes bolýar. Şu nukdaýnazardan halkymyzyñ geçmiş taryhyna ser salmak bilen, biz XIX asyrda türkmen topragyny goramakda batyrlyk we edermenlik görkezen, ady okyjylara ozal belli bolsa-da, ol merdana türkmen hakda heniz mälim bolmadyk käbir maglumatlary okyjylara ýetirmekçi. ■ Öwezli tentek (lakamy) batyr kim bolupdyr? Bu edermen batyr Abdysetdar Kazynyñ "Jeñnama" atly taryhy eseriniñ häzirki türkmen diline terjimesinde: Ýokdy ol zamanda onuñ dek gerçek, Günbatarly, ismi Öwezli tentek ~ diýlip taryp edilen. "Jeñnamanyñ" "Halk göreşleriniñ çeper ýazgysy" atly sözbaşysynda "Gyzylarbatly Paly mergen şanyñ pälwanyny urup öldürse, gökleñ Öwezli tentek "bire derek iki pälwanyñy iber" diýip, haýbat atyp dur" diýlip görkezilýär. Bu jümle eseriñ Garrygala söweşine (1858 ý) bagyşlanan bölümine degişlidir. Ýöne şu söweşi beýan edýän ýeke-täk taryhy çeşme bolan "Jeñnamanyñ" asyl nusgasynda: Ýok erdi zamanda şirimiz entek, Ismi-magrupaly Öwezli tentek ~ diýlen setirler-de bar. Eseriñ asyl nusgasyndaky "magrupaly" sözüniñ häzirki türkmen diline terjimesinde "günbatarly" diýlip berilmegine we ilat arasyndaky gürrüñlere salgylanmak bilen, Öwezli tentek batyr barada maglumatlary anyklaşdyryp beýan etmekçi. Öwezli batyr şol wagtky Ahalyñ günbatar tarapynda ýerleşen Gyzylarbatdan bolmaly. Muña Ahalyñ orta gürplerinde ýaşan Absysetdar Kazynyñ "...ismi-magrupaly Öwezli tentek" diýen setiri şaýatlyk edýär, çünki şol wagtda Gyzylarbat Ahalyñ günbatarsy hasap edilen. Şeýle hem professor N.W.Atamämmedowyñ redaksiýasy bilen çykarylan "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitapçada: "Patyşa Russiýasynyñ Orta Aziýa, şol sanda, türkmen topragyna hem dört tarapdan, Orenburgdan, Gazagystandan, Mañgyşlakdan, Kraanowodskiden ýörişler etmek planyny amala aşyrmaga gyssanýandygyny bilýän tekelerem agzybirlige ünsi güýçlendirýärler. Nurberdi hanyñ tagallasy bilen Orazmämmet han, Çopan Kir, Gara batyr, Sopy han, Gulbatyr serdar..., Hanmämmet atalyk, Durdy mugt, Öwezli tentek... ýaly batyrlar bir çukura tüýkürýärler" diýlip görkezilmegi hem Öwezli batyryñ Ahalda ýaşandygynyñ subutnamasydyr. Öwezli batyr XIX asyrda häzirki Gyzylarbat etrabynyñ Sarp-Zaw obalary aralygynda ýaşap geçen, ýaşlykdan gözsüz batyrlygy, edermenligi bilen tapawutlanan mergenleriñ biridir. Ol tekeleriñ togtamyş bölüminiñ tilki şahasyndan bolupdyr. Gyzylarbatda olaryñ tire gürmegini "jebeliler" (ýöne beýle at ýazgyda duş gelenok) diýip hem atlandyrýarlar. Onuñ doglan ýyly anyk bolmasa-da, aradan çykan wagty 1879-1880-nji ýyllar bolmaly, çyn ady hem Öwezmyratdyr. Türkmenistanyñ Çeperçilik akademiýasynyñ (öñki) rektory, Türkmenistanyñ halk hudožnigi Gulnazar Bekmyradowyñ añyrsynyñ hem şolara degişlidigini ýatlasak, okyjylar üçin has-da düşnükli bolsa gerek. Ol öz agasy Begnazardan (merhum) bu edermen batyr hakynda eşidendigini häzir hem ýatlaýar. Öwezli batyryñ Myrat ("tentek") atly ogly bolup, ol ömrüni demir ýolda işläp geçirip, 1943-nji ýylda Gyzylarbatda aradan çykypdyr. Onuñ gyzy Oguldurdy eje 63 ýaşynda (1998-nji ýylda), pensioner, Gyzylarbat şäherinde ýaşaýar, ogly Myrat Öwezow 1943-nji ýylda doglan, häzir (1998) Gyzylarbadyñ 3007-nji awtoulag kärhanasynda sürüji bolup işleýär. Onuñ gürrüñ bermegine görä, kakasy Myray aradan çykanyndan 3-4 aý geçeninden soñra doglupdyr, oña atasy Öwezmyradyñ (Öwezliniñ) adyny dakypdyrlar. Ol mekdepde okan ýyllarynda Öwezmyrat Öwezmyradow diýlip atlandyrylypdyr. Indi bolsa Öwezli batyryñ adynyñ yzyna "tentek" sözüniñ goşulmagy hakynda aýdalyñ. Şu çaka çenli ilat arasynda bu söze tiräniñ ady hökmünde düşünip gelenler az däl. Sebäbi gyzylarbatlylaryñ arasynda "Öwezli tentek, Sapar tentek (Öwezliniñ nesline degişli adam), pylany hem tenteklerden" diýen ýaly sözler häli-häzire çenli hem azda-kände aýdylýar. Batyryñ agtygy Oguldurdy ejäniñ öz ejesinden eşidişine görä, Öwezli dagy heniz ýaş oglanka maşgalasyndaky çagalar bilen üýşüp, agaç okarada gowurga taýýarlamakçy bolup ony oduñ üstünde goýupdyrlar. Şol barmana oduñ ýanmasy birneme güýçlenip, okara ot düşüpdir. Muña gözi düşen ejeleri: "Haý, tentekler, näme beýle edýärsiñiz! Ot güýçlenende agaç okaranyñ ýanjagyny bilmeýärsiñizmi?" diýip, gatyrganypdyr. Şundan soñra olaryñ neberesine "tentekler" lakamy galypdyr. Öwezliniñ batyrlygy "Jeñnamada" anyk görkezilýär. 1858-nji ýylda bolan Garrygala söweşinde gökleñleriñ baştutany Durdy han kömek sorap goñşy tekelere we ýomutlara ýüz tutýar. Netijede, Nurberdi hanyñ baştutanlygynda Ahaldan tekeleriñ 10 müñ atlysy we Mahmyt işanyñ ýolbaşçylygynda günbatarly ýomutlaryñ 8 müñ atlysy garrygalalylara kömege barýarlar. Ýerli ilaty halas etmäge kömege baran algyr bürgüt dek batyrlar bu söweşde edermenligiñ, gaýduwsyzlygyñ nusgasyny görkezmek bilen tapawutlanýarlar. Öwezli batyr türkmenlere hut Nurberdi hanyñ özi tarapyndan baştutanlyk edilen bu aldym-berdimli, ýeñiş gazanylan jeñden sag-aman dolanyp gelipdir diýmäge bizde doly esas bar. Muña "Türkmen hanlary we serdarlary" atly kitapçadan ýokarda getirilen mysalymyz hem güwä geçýär. Sebäbi Patyşa Russiýasynyñ türkmen topragyna harby ýörişleri Garrygalanyñ etegindäki söweşden has soñraky wakalardyr. Nurberdi hanyñ tagallasy bilen ilatyñ arasynda agzybirligiñ, asuda durmuşyñ rowaçlanmagyny üpjün etmek barada geçirilýän maslahata Orazmämmet han, Garaoglan han, Gurbanmyrat işan, Kerimberdi işan, Hanmämmet atalyk... ýaly pähim-paýhasly, il-günüñ hormatlaýan adamlary bilen birlikde Öwezli batyryñ hem çagyrylmagy onuñ halkyñ arasynda sylanýan, il bähbidini araýan adam bolanlygyndan habar berýär. Bu barada ilat arasynda aýdylyp gelinýän gürrüñler hem bar. Gyzylarbat oýundan bir baýyñ mal sürüsinden iki-üç sany adam ep-esli ownuk mallary çopandan zorluk bilen alyp, sürüp äkidipdir. Muny eşiden Öwezli batyr gelip, mal eýesine duýgudaşlyk bildirip, mallary yzyna almaklygyñ alajyny ýañzydanda, ol mallary nädip gaýtaryp aljagyny bilmeýänligini aýdypdyr. Onda Öwezli: "Baý aga, onuñ bir alajy tapylar. Ýöne siz ýanyma mallaryñyzy tanap biläýjek adamy goşsañyz bolýar" diýip, batyrgaý aýdypdyr. Öwezli batyr baýyñ çolugy bilen ýola atlanýar. Olar barmaly obalarynyñ bir çetine ýetenlerinde göze görnen uly süriniñ gapdalynda entek bu sürä goşulman, kökerilgi goýun-geçilere gözi düşen çoluk özlerine degişli mallardygyny Öwezli batyra duýdurýar. Ol hem bärden barşyna gylyjy bilen kökenleri birujundan kesip, dowarlary boşatmaga başlaýar. Bu ýagdaýy maly alyp gidenleriñ baştutanlaryna habar berenlerinde, ol: "Siziñ diýýäniñiz gözsüz batyr Öwezli tentekdir, onuñ garşysyna çykaýsañ, hökman ganjaryşmaly bolar. Şonuñ üçin ol öz ugruna gidibersin" diýipdir. Şeýlelikde, Öwezli batyr är işini bitirip, ygtyýarsyz äkidilen mallary eýesine gowşurypdyr. Öwezli diñe bir batyrlygy däl-de, eýsem pähim-paýhaslylygy, ugurtapyjylygy bilen-de tapawutlanypdyr. Il arasynda aýdylyşyna görä, Gyzylarbat galasynyñ şol wagtky hany Sopy han zerurlyk ýagdaýynda bir ýerli baýdab karzyna pul alyp, esli wagtlap yzyna gowşurmandyr. Algydar baý handan algysyny dilemegiñ ugruny tapman, bu hakda Öwezlä aýdypdyr. Bular iki tirkeşik bolup Sopy hanlara baryp, saglyk-amanlyk soraşylandan soñra Öwezli batyr öñünde goýlan bir çäýnek çaýy käsesine guýup oturan ýerinden ýuwaşlyk bilen: "Han aga, işiñiziñ ýetikligi sebäpli ýanymdaky ýoldaşym bilen algy-bergiñiI hasaplaşmaga özümiz geläýendiris. Biziñem bir çäýnek çaý içerlik wagtymyz bar, ýene-de bir iş üçin ýola düşmeli boljak" diýip, sypaýyçylykly aýdypdyr. Sopy han ýanaşyk otaga girip çykandan soñ onuñ aýaly içi pully düwünçegi emaý bilen myhmanlaryñ arasynda goýup gidipdir. Soñra algysyny üzülişen baý Öwezliniñ ugurtapyjylygyna, gerek ýerinde han bilen ýüzbe-ýüz durup meseläni çürt-kesik adalatly çözmegi başarmagyna minnetdarlyk bildiripdir. Işanberdi ANNABERDIÝEW, Serdar etrabynyñ 26-njy orta mekdebiniñ taryh mugallymy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||