22:29 Päli mergen | |
MERGENLERIÑ MERGENI: PÄLI MERGEN
Taryhy şahslar
• Päli mergen kim bolupdyr? Abdysetdar Kazynyñ meşhur "Jeñnama" poemasynda: "Biziñ pälwan, ady Paly mergendi, Gyzylarbat diýaryndan gelgendi" - - diýen setirler bar. Şu setirlerden ugur alyp biz Paly mergeniñ şahsyýetini anyklamaga we anyklan zatlarymyzy siziñ bilen paýlaşmaga çalyşdyk. Eýsem, Paly mergen kim bolupdyr? Geliñ, bilelikde bu soraga jogap tapalyñ. Taryhy hakykaty beýan edýän "Jeñnamada" tarypy ýetirilen bu pälwan gyzylarbatly Päli mergendir. Ol XIX asyrda ýaşap geçenem bolsa, doglan we aradan çykan ýyllary barada hiç hili maglumat saklanyp galmandyr. Şeýle-de bolsa ýaşuly mugallym Işanberdi Annaberdiýew Päli mergeniñ neberelerinden bolan, ýagny onuñ agtygy Gurtmyrat Nobatow bilen söhbetdeş bolup, birnäçe gymmatly maglumatlary anyklamagy başarypdyr. Päli mergen Gyzylarbat (häzirki Serdar) etrabynda ýaşan tekeleriñ mökrüp tiresinden bolupdyr we gum eteklerinde, Pürnüwar jülgesinde ýaşap, maldarçylyk, ekin-tikin bilen meşgullanypdyr. Päli mergeniñ kakasynyñ adyna Çopan diýipdirler. Çopan aganyñ Päli, Agyl, Ata pyçak, Bagybek, Pyhy atly bäş ogly bolupdyr. Päli mergeniñ ýemrelilerden alan birinji aýalyndan Nobat, Hojanyýaz we Tugun atly üç ogly bolupdyr. Nohurlylardan alan aýalyndan bolsa Şirmämmet, Orazmämmet, Baýmämmet, Çarymämmet, Hanmämmet, Annamämmet atly alty ogly bolupdyr. Häzirki wagtda onuñ nebereleriniñ aglabasy Serdar şäherinde ýaşaýarlar. Bu gürrüñleri bize ýetiren Gurtmyrat aganyñ özi bolsa Päli mergeniñ Nobat atly oglundan bolupdyr. • "Gursagy arslanly-şirli türkmensiñ!" 1858-nji ýylda Eýran şasy Nasreddiniñ buýrugy bilen onuñ Büjnürtdäki dikmesi Japarguly hanyñ serkerdeliginde ilki Garrygalany, soñra Ahaly basyp almaga gelen talañçylara garşy türkmen tire-taýpalary agzybirlik bilen aýaga galýarlar. Şol söweşe Nurberdi hanyñ çagyryşy esasynda Gyzylarbatdan Päli mergen hem gatnaşmak bilen, batyrlygyñ we edermenligiñ ajaýyp nusgasyny görkezýär. Söweş başlamanka türkmen batyry Öwezli basybalyjylara ýüzlenip, başa-baş söweşe adam çagyrýar. Gyjalata çydaman orta çykan eýranly pälwany Öwezlä-de ýetirmän, atyny debsiledip baran Päli mergen depesinden gylyç inderip, iki bölüp taşlaýar. Şeýdibem, bu edermen gerçek ikitaraplaýyn söweşiñ başyny başlamak bilen teke, ýomut, gökleñ taýpalarynyñ birleşen güýçleriniñ hataryndaky ýigitleriñ söweşjeñlik ruhuny belende göterýär, olaryñ bu aýgytlaýjy göreşde ýeñiş gazanmagyna badalga bolýar. Söweşden sag-aman dolanyp gelen mergen maşgalasynyñ arasynda bolup, ömrüniñ ahyrky ýyllaryna çenli hojalyk işleri bilen meşgul bolupdyr. • "Iliniñ söýesi merdana ärler!" Päli mergen öz ýaşaýan Gyzylarbat sebitlerinde ilatyñ asudalygyny üpjün etmekde, halky alamançylardan goramakda öz janyny gaýgyrmaýan pälwanlardan bolupdyr. Bir gezek Garrygala söweşiniñ öñ ýanlarynda höjük tiresiniñ baýy Hudaýberdi höjügiñ iki süri malyny alamançylar sürüp alyp gidýär. Muny eşiden Päli mergen tüpeñini egnine atyp, atyna atlanyp, ýanyna-da dostlaryndan birki sanysyny we baýyñ ogullarynyñ birini alýar-da, Gyzylarbadyñ Janahyr obasyndan dag tarapa - günorta günbatarlygyna ugraýar. Ertesi dañynyñ ümüş-tamyşlygynda dowarlaryñ sesi eşdilip ugraýar. Päli mergen ýanyndaky ýoldaşlaryna: "Siz atlaryñyzy süriniñ öñünden gabatlap sürüñ-de, "Haý, Päli mergen! Alamançylar bärden barýarlar! Olary diri tutmalymy ýa-da atmalymy?!" - diýip, gygyrmagy tabşyrýar. Kowguçylaryñ "Päli mergen" sesini eşidip, balagyna zörleden alamançylar sürüleri taşlap, gaçyp başlaýarlar, gaçyp baryşlaryna-da seýregräkden yzlaryna ok atýarlar. Atylan oklaryñ biri Hudaýberdi baýyñ oglunyñ atyna degýär. Ýöne olar başbitin sag-aman yzlaryna dolanýarlar. Sürüler tükel eýesine gowşurylýar. Il içine Hudaýberdi baýyñ atyna Päli mergeniñ atan oky degipdir diýip göripçilikli ýalan gürrüñ ýaýraýar. Baýyñ maşgalasy muña gulak gabartmalydyram öýtmeýärler. Gaýtam höjügiñ aýaly: "Ol-a Hudaýberdiniñ aty eken, bardy-geldi Päliniñ atan oky tötänlikde oglumyzyñ özüne degäýende-de, il içinde mertebesi belent tutulýan bu adamyñ günäsini geçerdik" - diýip, är işini bitiren Päliniñ üstüni halat-serpaýdan doldurypdyrlar. • Guşuñ gözünden uran mergen Päli mergen mahal-mahal öwezalamanlara hem gidip-geler eken. Bardy-geldi yzlaryndan kowgy geläýen ýagdaýynda hem ol atyñ üstünde oturan ýerinden tüpeñini sag gerşinde goýup, sähelçe yzyna garap mäşäni gysyp goýberende, atan okunyñ birem boş geçmändir. Ol biçak mergen bolupdyr. Ýaş nesillerimiziñ watansöýüjilik ruhuny oýarmak üçin Päli mergen ýaly milli şahsyýetlerimizi öwrenmek biziñ öñümizde durýan mukaddes borçdur. Päli mergeniñ eziz ruhy bizden şat bolsun! Işanberdi ANNABERDIÝEW, Serdar şäheriniñ ýaşaýjysy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |