12:20 Owganystan we ýok edijiler | |
OWGANYSTAN WE ÝOK EDIJILER
Publisistika
Döredijilikli düşünje bilen doññaradaş bolup galan galyplaryñ arasynda müñlerçe ýyldan bäri dowam edip gelýän garpyşyk bar. Birinjisi siwilizasiýanyñ ugrunda mümkingadar öñe gitmegi maksat edinse, beýlekisi geçmişiñ öli jümleli batgalygynda gorsanyp durýar. Şu manyda muny lakmus kagyzyna meñzetsek gowy bormuka diýýän: kişiniñ ýada jemgyýetleriñ asyl reñkini ýüze çykarýar. Häzirki wagtda jemgyýetimiziñ içine togarlanan syýasy goh-galmagallara düşünmegiñ iñ añsat ýoluny sungata bolan garaýyşlaryndan gözlemekdigini nygtap geçeliñ. Ilkinji nobatda bir zada aýratyn üns bereliñ: Siwilizasiýanyñ özeninde sungat bardyr. Elbetde, tehnologik we ykdysady gurluşyñ ähmiýetine-de üns bermän bolmaz. Emma olary sypap-sermäp umumyadamzat maşgalasynyñ içinde mynasyp ornuna goýmak wezipesi sungatyñ paýyna düşýär. Muny biz aýdamzok. Taryhyñ adamzada beren sapaklary aýdýar. • SUNGATA DUŞMANÇYLYK Şu günlerde meselelerimiziñ başynda Owganystan bar. Atlantikanyñ añyrsyndan taýýarlanan uly senariýa bilen bizi-de öz içine çeken oýun islesek-islemesek başga meseleleri-de orta çykarýar. Birinji howatyr edilmeli zadam - jemgyýetçilik gurluşymyzyñ parçalanyp, gelejege niýetlenen mekir meýilnamanyñ güýje girizilmegi. Meñ pikirimçe iñ esasysy-da Taliban terrorçylarynyñ ideologik işleri. Ýowuz dini kada-kanunlar öñe tutup hereket edýänleriñ siwilizasiýa we sungata bolan garaýyşlary nähili derejede? Talibanyñ 2001-nji ýylda Afganistan’ın gadymy Bamýan şäherindäki Buddanyñ heýkelini dinamit bilen partladyp ýok edendigi heniz ýatdan çykanok. Ýogsam bolmasa Bamýan YUNESKO-nyñ hasabyndaky Bütindünýä taryhy ýerleriniñ sanawyna giren ýer. Emma dini ynançlara ters gelýär bahanasy bilen taryhy gymmaty bolan medeni we sungat eserini ýok etmek üçin Taliban bolmak ýeterlik. Terrorçy guramanyñ ikilenç guran täze häkimiýeti döwründe-de birinji eden işlerinden biri bu gezegem ýene Bamýandaky Abdyl Aly Mazariniñ heýkelini partlatmak boldy. Şaýy hazareýleriñ dini öñbaşçysy Mazari 1996-njy ýylda talibanlar tarapyndan öldürilipdi. Ýigrimi ýyl arakesme bilen gelenden soñ edýän işlerine seredilende, olaryñ sungata bolan duşmançylygynyñ birjigem üýtgemändigi belli. Muña meñzeş waka 2017-nji ýylda Siriýanyñ gadymy Palmira şäherinde şaýat bolupdyk. Antik dünýäniñ biziñ döwrümize çenli gelip ýeten negözel binalary YŞYD tarapyndan buldozerler salnyp, ýer bilen ýegsan edilipdi. Dile düşen iñ soñky habarlaryñ birem owgan halk sazynyñ görnükli wekili Fawad Andarabiniñ öldürilmegi boldy. Çünki bu gäbazanlar üçin aýdym-sazam gadagan edilmäge degişli zatlaryñ başynda gelýär. • TÜMLÜK DÜŞÜNJE Regionymyzda bolup geçýän wakalaryñ käbiri, ine, şeýleräk. Görlüşi ýaly döredijilikli añyýetden binesip göýdük düşünjeler özlerini garşysyndakylary ýok etmek arkaly ortada tutýar. Aslynda öldürmekden we parçalamakdan başga zady bilmeýän jemgyýetij adamzat dünýäsinde nirde ýer aljagy belli. Düşünje taýdan özlerini müñlerçe ýyl owalynyñ doñup galan galyplarynyñ içinde görýän bu toparyñ sungata garşy görkezýän çemeleşmesi olaryñ heñläp giden kellesiniñ nähilidigini subut edýär. Adam hukuklary, aýratynam aýal-gyzlaryñ hak-hukugy meselesindäki garañku düşünjeleriniñ san-sajaksyz mysalyna bolsa her gün tomaşa edýärsiñiz. Ýaşaýyş formalary bilen dünýä bolan garaýyşlarynyñ jümmüşi öldürmek we ýok etmek bolansoñ, bu mahlukpisint adamlardan döredijiligi we siwilizasiýany tama etmegiñ geregi ýok ýaly. Medeniýete we sungata hormat goýmaýan jemgyýetleriñ şu döwrüñ dünýäsinde ýeriniñ bolmajagyny geçmiş bize örän aýdyñ görnüşde telim ýerde görkezýär. A. JELAL BINZET. "Cumhuriyet" gazeti, 02.10.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |