21:25 Owganystanda ýaşaýan türkmenleriñ hünärmentçilik senedi | |
OWGANYSTANDA ÝAŞAÝAN TÜRKMENLERIÑ HÜNÄRMENTÇILIK SENEDI
Edebi makalalar
Owganystanda ýaşaýan türkmenler gadymdan bäri hünärmentçilik bilen meşgullanyp, gündelik durmuşda zerur bolan ähli matalary ýasaýarlar. Aýratynam halyçylyk senedi ýokary derejede ösendir. XIX asyryñ ahyrlarynda, XX asyryñ başlarynda bu haryt juda geçgin bolupdyr. Her bir pudagyñ hünärmentçileri tutuş maşgala bolup daýhançylyk ýa-da çarwaçylyk bilen hem meşgullanypdyrlar. Owganystanly türkmenleriñ arasynda ýüñ hem-de mata öndürmek giñden ýaýrandyr. Ýöne çarwa türkmenler ilki-ilkiler diñe ýüñ mata öndüripdirler, haly, palas dokapdyrlar, jorap örüpdirler. Pagta, ýüpek öndürmek bilen diñe oturymly ilat meşgullanýardy. Oturymly ýaşaýşa ilkinji bolup saryklar we ärsarylar geçipdirler. 1970-nji ýylda Hyrat welaýatyndaky türkmenleriñkide bolan E.Fransyñ maglumatlaryna görä, Şakibandaky türkmenlerem, Mamizakdaky türkmenlerem diñe öz öndüren matalaryndan egin-eşik tikinipdirler. Mauri diýlip atlandyrylýan bu türkmenleriñ däbi Owganystanda ýaşaýan beýleki türkmenleriñkiden köp parhlanýar. Olaryñ dili pars hem puştu sözlerinden doludyr. Beýleki türkmenler olary türkmen diýip ykrar edenok, dillerine-de düşünenok. Hut maurileriñ özi-hä özlerini türkmen hasaplaýar. Şunuñ ýaly maşgalalar Nançabatda-da, Hyratda-da ýaşaýar. Owganystanly türkmenler bilen Orta Aziýanyñ türkmenleriniñ meñzeş dessurlary hem yrymlary bar. Gartaşan zenanlar bir işiñ başyny tutjak bolanlarynda häli-häzire çenli dokma senediniñ piri hasaplanýan Bibi Patma sygynýarlar. Adatça maşgalanyñ gurply ýa-da gurpsuz ýaşaýandygy gelin-gyzlaryñ dakynýan şaý-sepleri bilen ölçelýär. Bu şaý-sepler nesilden-nesle geçýär. Owganystandaky türkmen gelin-gyzlary agyr hem-de uzyn bilezikleri hemişe diýen ýaly dakynýarlar, kökenli ýüzügi bolsa olar diñe baýramçylykdyr toýlarda dakynýarlar. Häzirki döwürde Demirgazyk Owganystanyñ şäherlerinde bazarlaryñ, köçeleriniñ ugrunda ýerleşen çaklañja ussahanalarda hünärmentçi türkmenleriñ işläp duranyny görmek bolýar. Ynha, Döwletabadyñ bazarynyñ ýanyndaky köçelerde ädikçi ussalaryñ ýasan zatlaryna haýran galmazlyk mümkin däl. Hasam çagalara niýetlenen naşyja köwüşler täsin. Düýe hamyndan tikilen ökjesi pessejik köwüşleriñ burny ýokaryk jaýtardylypdyr. Şonuñ ýaly-da, kiçijik sap-sary köwüşler bilen birlikde at münülende geýilýän ökjesi belent ädiklerem satuwa goýlupdyr. Owganystanda ýaşaýan türkmenleriñ özleri telpek tikinýärler, saryklar bolsa, köplenç halatda silke telpek geýýärler. Ýöne şu ýerde bir zady belläp geçmek gerek. Aprel rewolýusiýasyndan ozal owgan häkimiýetleri türkmenlere silke telpek geýmegi gadagan edipdirler. Şeýle bolansoñ, soñky onýyllygyñ içinde diñe şäherde ýaşaýan tütkmenler däl, eýsem obada ýaşaýan barjamly türkmenlerem garaköli baganadan tikilen owgan telpejigine geçipdirler. Bu telpejikleriñ mañlaý tarapy belendiräk bolup, ýeñse tarapy pesdir. Türkmenler keçe önümleri bilen meşhurdyr. Käbir maşgalalar bazara palas çykarmak bilen eklenýärler. Elbetde, keçe etmek köp wagtyñy alýan iş. Türkmenler işilen ýogyn ýüñ sapakdan ala-mula reñkli ýa-da ýüzi nagyşly palaslaram dokaýarlar. Owganystanda ýaşaýan türkmenlerin azyk üçin niýetlän önümleri işläp taýýarlaýyşlary barada-da kelam agyz aýdyp geçesiñ gelýär. Olar Harada bugdaý üweýärler, juwazda ösümlik ýagyny çykarýarlar. Harazdyr juwaz Hyrat welaýatynyñ Hojagala, Tutaçy we beýleki türkmen obalarynda bar. Owgan türkmenleriniñ egin-başy Sowet Türkmenistanynyñ günorta-gündogar raýonlarynda ýaşaýan türkmenleriñ egin-başy bilen çalymdaşdyr. Olaryñ arasynda düýpli bir tapawut duýlanok. Diýmek, goñşuçylykda ýaşaýan özbek, täjik, owgan we beýleki halklaryñ täsiri onçakly duýlanok. Dogry, türkmen däbinden çalarak çykylaýmasyna-da gabat gelinýär. Ýöne bu örän seýrekdir. Bu ýagdaý esasan aýallaryñ köýneklerinde we ýaglyklarynda duşýar. Olardaky has ýiti öwüşginleri, reñkleri has köp dürlüligini özbek ilatynyñ täsiri bilen düşündirmek mümkin. Çünki Owganystanda türkmenler bilen özbekler ýanaşyk oturýarlar. Egin-başdaky şeýleräk özgerişlikleriñ ikinji sebäbi, megerem söwdanyñ ösmegindendir. Türkmenlere şäher hünärmentlerinden - täjiklerden we özbeklerden taýýar matadyr ýaglyklary satyn almak özleri taýýarlandan has amatly düşýär. Türkmenleriñ beýleki halklardan üzñe ýaşaýan we bazar bilen kän iş salyşmaýan ýerlerinde milli egin-başlaryny ahyrynda, XX asyryñ başlarynda owgan bazarlarynyñ arzan daşary daşary ýurt matalarydyr beýleki senagat harytlary bilen doldurylmagy, şonuñ bilen birlikde senagatyñ kem-käs ösmegi owganlaryñ öz hünärmentçiligini hem pese gaçyrdy. Türkmenler bazarlardan we dükanlardan fabrikde öndürilen harytlary ýygy-ýygydan satyn almaga başladylar. Mahlasy, fabrik önümlerinden giñden peýdalanylyp ugraldy. Erkek kişilerem ýuwaş-ýuwaşdan ýewropa biçüwindäki lybasa bürenip ugradylar. Indi ýewropa biçüwindäki köýnekli, penjek-jalbarly türkmenlere köp duşmak bolýar. Hatda dondur içmegiñ ýerine palto, telpegiñ ýerine garaköli baganaly telpejikler geýip ugradylar. Indi ýeñiljek ädik bilen Ýewropadan getirilen gaýyş köwüşler geýilýär. Zenanlaram daşary ýurduñ öndürýän ýaglyklaryny atynyp ugradylar. Şeýlelik bilen daşary ýurduñ önümlerini hem-de Owganystanyñ fabrikleriniñ önümleriniñ agdyklyk etmegi netijesinde beýleki halklaryñky bilen birlikde türkmen hünärmentçileriniñ işlerine isleg azaldy. Ýöne bu zatlar halyçylyk sungatyna täsirini ýetirip bilenok. Gaýtam halyçylyk has rowaç aldy. 1978-nji ýylyñ aprel rewolýusiýasyndan soñ türkmenleriñ ýaşaýan ýerlerinde ýurduñ taryhynda ilkinji sapar haly dokaýan kooperatiwler döredilip ugraldy. Şeýlelik bilen, haly senediniñ ösüşinde özgerişlikler başlandy. Indi bazarlaryñ talaby alyjylaryñ islegi göz öñünde tutulyp, önüm öndürilýär. Bulardan başga-da şeýle öwrülişikler haly öndürmegi añsatlaşdyrmaga we çaltlandyrmaga ýardam etdi. Türkmen halysynyñ arzysy ýetik. Ol diýseñ geçgin haryt. Owganystandaky türkmen halylaryna Awtsriýa, GFR, Awstraliýa, Şweýsariýa, Belgiýa, Gollandiýa, ABŞ we başga-da beýleki ýurtlar isleg bildirýärler. Owganystanda ýaşaýan türkmenleriñ hünärmentçilik senedi barada başga-da näçe gürrüñ etseñ edip oturmaly. Bu barada söhbet geljekde-de dowam etdiriler diýip umyt edýäris. B.GURTGELDIÝEWA, TSSR YA-nyñ Ş.Batyrow adyndaky taryh institutynyñ gündogary öwreniş sektorynyñ kiçi ylmy işgäri. "Edebiýat we sungat" gazeti, 15.04.1988 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |