19:39 Öwrülme -3 / soñy | |
III.
Mistika we fantastika
Agyr düşen ýara Gregora bir aýdan gowrak yza ýamanyny berdi – hiç kim ony çykarmaga milt edip bilmänsoň etiň içine çümüp, dürterip galan alma Gregoryň, häzirki elhenç we işdäňi kesýän halyna garamazdan, henizem maşgala agzasydygyny, oňa duşman hökmünde garaman, eýsem maşgala borjuňy berjaý etmelidigini, keşdiň çekmese-de, dişiňi gysyp çydamalydygyny kakasyna hem ýatladyp durdy. Öz ýarasy zerarly hereket etmek ukybyny, megerem, ömürlik ýitiren Gregor edil häzirem garry maýyp ýaly otagyň o çetinden bu çetine barynça esli wagt sarp etmeli bolýardy – üçekden sallanyp süýrenmek barada-ha asla pikirem etmeli däldi –, ýagdaýynyň ýaramazlaşmagyna derek welin, onuň pikirine görä, mynasyp baýrak bilen sylaglanylypdy, çünki agşamlaryna Gregoryň eýýäm bir-iki sagat öňünden nazaryny aýyrman oturýan myhman otagynyň işigi açyk goýulýardy-da, ol öz otagyndaky tümlügiň içinden hiç kime görünmän, ýatan ýerinden yşyk düşýän saçagyň başynda jemlenen hossarlarynyň ählisini synlap, olaryň gürrüňlerini belli bir derejede rugsatly, ýagny öňkülere garanyňda has üýtgeşik halda diňläp bilýärdi. Dogrusy, bu gürrüňler Gregoryň gussa bilen ýadyna salan, ýadaw göwresini çyg düşekçä oklaýan myhmanhanasynyň kiçijik otaglaryndaky ýaly birwagtky janly söhbetdeşliklere düýbünden çalym edenokdy. Özara gürrüňdeşlikler indi köplenç örän ümsüm geçýärdi. Kakasy agşamky nahardan soň dessine öz oturgyjynda irkilerdi; ejesi bilen uýasy birek-biregi ümsüm bolmaklyga çagyrardylar; ejesi çyranyň ýagtysyna büküdip oturşyna egin-eşik dükany üçin geýim-gejim tikerdi; satyjy bolup işe ýerleşen uýasy, belki soňra oňaýlyrak işe ýerleşer ýaly, agşamlaryna çalt ýazuw tärini we fransuz dilini öwrenýärdi. Kä halatlar kakasy oýanyp, hamana özüniň ymyzganyp galanynam bilmeýän ýaly, ejesine: “Munuňam şo-ol tikin tikip oturşydyr!” – diýerdi-de, ýene uka giderdi, ejesi bilen gyz jigisem bir-biriniň ýüzüne bakyp, gowuşsyzgynsyzja ýylgyryşardylar. Kakasy iş lybasyny öýünde-de çykarmakdan keçjallyk bilen boýun gaçyrardy; hamana öz gullugyna hemişe taýyn bolup, hojaýynynyň buýrugyna garaşýan ýaly, ýatyş geýimi elýeterde asylgy dursa-da, egnindäki eşikleri bilen ýatybererdi. Şoňa görä-de, ejesiniň we uýasynyň tagallasyna garamazdan, ilki bada hem iňňeden çykma bolmadyk, köneje iş lybasy gara-gäz bolupdy, Gregor hem gojanyň tagaşyksyz otursa-da, egninden çykarmaýan, tegmil üstüne tegmil düşen, yzygider arassalanyp durulýan altyn ilikli lybasyny uzakly agşamy bilen synlardy. Sagadyň dili onuň üstüne ýeteninde ejesi ýuwaşlyk bilen kakasyny oýaryp, bu ýerde arkaýyn ýatyp bolmajagyny aýdyp, düşege geçmäge yrjak bolardy, çünki daňdan altyda işe gitmeli kakasy ukusyny almalydy. Emma gulluga duraly bäri hötjetligi çykan kakasy entek saçagyň başyndan turmakçy däldigini aýdardy-da, ýene-de uklap galardy we ony öz oturgyjyndan düşegine geçirmek itiň gününi görkezerdi. Ejesi bilen uýasy näçe çytraşsalar-da, ol pesinden çärýek sagatlap gözleri ýumuk halda kellesini ýaýkap, ýerindenem gozganmazdy. Ejesi golundan tutup, gulagyna mähirli sözler aýdardy, uýasy hem ejesine kömekleşmek üçin öý işlerini gyra goýardy, ýöne kakasyna welin bularyň jiç birisem täsir etmezdi. Ol has-da gysmyljyrap, oturan oturgyjynyň içine öňküdenem beter çöker giderdi. Ahyrsoňy ejesi bilen gyz jigisi goltugyna girensoňlar, ol gabaklaryny galdyraryp, eneli-gyzyň ýüzüne gezekleşdirip serederdi-de: “E-eh, durmuş, durmuş. Meniňem ýaşymyň soňunda dynç aljak bolşum, ine, şeýle-dä” diýerdi. Iki naçary söýget edinip, hamana öz göwresine güýji ýetmeýän ýaly, zordan ýerinden galardy, goltugyndan gop berdirip, özüni işige çenli ugratdyrardy, ýoluny özbaşdak dowam etdirmekçi bolanynda hem başyny atyp, öz işleri bilen bolubermelidiklerini aýdardy, ýöne ýene ýerine geçjek bolanynda ejesi tikin esbaplaryny, uýasam elindäki galamyny taşlap, kömege ýetişmek üçin kakasynyň yzyndan ylgardylar. Derdi-aladasy ýetik maşgalada, juda zerurlyk çykaýmasa, Gregoryň daşyny gallap oturmaga kimiň wagty bolsun? Hojalygyň çykdajysy ozalkysyndanam çäklendirilipdi; hyzmatkär gyz hem işinden boşadylypdy; onuň deregine iň agyr işleri ýerine ýetirmek üçin işe alnan irimçik süňkli, mapraç, çal saçlary hüžžerip duran hyzmatkär aýal ir ertirlerine we agşamaralar gelerdi; galan işleri ejesiniň özi tikin-çatynyň gapdalyndan ederdi. Hatda eneli-gyzyň toý-baýramçylyklarda höwes edip dakynan şaý-sepleri hem satylypdy, bu habar Gregoryň gulagyna agşamlaryna geçirilýän maşgala maslahatynda ýetipdi. Emma maşgalanyň iň uly ünjüsi häzirki ýagdaýda bu uly jaýdan başga ýere göçüp bolmaýanlygydy, çünki Gregory göçürmekligiň täri tapylmaýardy. Ýöne maşgalany başga ýere göçmekden saklaýan sebäbiň özi bilen bagly däldigine Gregoryň akly çatýardy, onuň göwresi sygaýjak gutynyň bir-iki ýerinden deşik deşip, arkaýyn göçürip boljakdy; Maşgalany başga ýere göçmekden doly umytsyzlyk bilen şular ýaly betbagtçylygyň tanyş-bilişleriň garyndaşlardyr arasynda hiç-kimiň başyna inmänligi hakdaky pikir saklaýardy. Onuň maşgalasy durmuşyň inderen ähli kötegine dözüp, öz borjuny artykmajy bilen berjaý edýärdi, kakasy kiçijik bank işgärlerine ertirlik naharyny daşaýardy, ejesi janyny aýaman, keseki adamlaryň geýim-gejimini tikýärdi, gyz jigisi müşderileriň göwnüni görjek bolup, dükanyň içinde at saldyryp ylgaýardy, emma mundan artyga olaryň güýji ýetenokdy. Ejesi bilen uýasy kakasyny düşege geçirenlerinden soň, işlerini gyra süýşürip, birek-birege golaý süýşüp, ýaňaklaryny birek-biregiňkä degşirip oturandy welin, Gregoryň arkasyndaky ýara täzeden yza bermäge başlardy; ejesi hem Gregoryň otagyna tarap elini uzadyp: “Ho-ol işigem ýapaý-da, Greta” diýerdi, onsoň Gregoryň otagy tümlüge bürenerdi, eneli-gyzam şumjaryşyp ýa-da düýbünden gözýaş dökmän, ortadaky saçaga tiňkelerini dikişip oturardylar. Gregor gijesini-gündizini çirim etmän diýen ýaly geçirerdi. Kähalatlar ol işik indiki gezek açyldygy bolýar, öňkülerim ýaly maşgalanyň ähli keşigini öz üstüme alaryn diýip oýlardy; bir sellemden soň indi ýadyndan çykyşan hojaýynydyr ynamdar wekil, jerçilerdir iş öwrenýän şägirtler, şo-ol bihepbe hyzmatkär oglanjyk, beýleki edaralardaky iki-üç sany dosty, oba myhmansaraýynyň hyzmatkär gyzjagazy onuň huşuna aýlandy, özüniň gara çyny bilen, ýöne çekine-çekine söz aýdyp ugran gyzy – başgaby dükanyndaky satjy gyz ýadyna düşüp ugrady – bu sudurlaryň hemmesi nätanyş hem-de bireýýäm ýatdan çykyşan adamlar bilen gatym-garymlykda janlandy, emma olar Gregora we onuň maşgalasyna kömek ederden juda alysdadylar, şonuň üçinem olaryň sudurynyň tizräk gaýyp bolany kemem däldi. Mundan soň welin onuň öz maşgalasynyň aladasyny edere keýpi bolmady, özüne ideg edilişine jany ýandy, özüniň näme küýseýänini anyk bilmese-de, iýmit saklanýan ammara girip, ajykmaýanam bolsa, göwün islän zadyny alyp gaýtmaga hyýallandy. Agasynyň göwnüni görmek barada birjigem pikirlenmeýän gyz jigisi ir bilen we günortan, işe ugramazyndan öň howlukmaç halda Gregoryň otagyna girerdi-de, galak-gaçak nahary aýagynyň ujy bilen itekläp goýbererdi, agşamara bolsa bu naharyň çala dadylandygyna – munuň özi köplenç gaýatalanýan ýagdaýdy – ýa-da el degrilmän goýulandygyna garamazdan, sübse bilen daşary syrardy. Ol indi otagy diňe agşamlaryna arassalardy, özi hem ýüzleýje geçer gidiberedi. Diwarlaryň ýüzi çyr-çyrşakdy, her ýerräkde hapa-hupa üýşmegi ýatyrdy. Ilkibada Gregor gyz jigisi otaga giren mahaly özüniň nägileligini bildirmek üçin iň bir hapa çüňke dykylyp durardy. Ýöne Gregor şol ýerde hepdeläp dursa-da, uýasy düzeljege meňzänokdy; Gregoryň görýän zir-zibilini olam görmän duranokdy, ýöne ony aýyraýyn diýen niýeti ýokdy. Gregoryň otagyny syryp-süpürmek diňe öz üstüne atylan uýasynda ozal duýulmadyk, ýöne indi tutuş maşgala ýokuşan öýkeleklik göze ilýärdi. Bir gün ejesi Gregoryň otagyna birnäçe bedre suwy pagşyldadyp, ymykly arassalamaga girişdi – munça suwa myrryhy atlanan Gregor bolsa öz ýanyndan hum ýaly çişip, diwanyň üstünde serlip ýatdy – ýöne onuň bu hereketi ejesiniň piňine-de däldi. Agşamara Gregoryň otagyndaky üýtgeşmäni gören gyz jigisi gaty görüp, myhman otaga atylyp bardy-da, ejesiniň boýnuny burup durmasyna seretmän, ýarym-ýaş bolup, nadaralyga başlady – oturgyjynda oturan kakasynyň, elbetde, zähresi ýarylara geldi – haýrana galan ata-ene bolsa bu tomaşany esli wagtlap seslerini çykarman synlap durdular; soňra kakasy Gregoryň otagyny gyz jigisine arassalatmanlygy üçin sag tarapda oturan ejesine käýýäp ugrady; çep tarapda duran uýasy bolsa çirkin ses edip, ejesine şol otagy dagy-duwara arassalamazlygy sargaýardy; ejesi gahar-gazapdan ýaňa titir-titir edýän kakasyny ýatylýan otaga geçirmäge synanşýardy; uýasy sojap durşuna, kiçijik ýumruklary bilen stoly ýençýärdi; Gregor bu goh-galmagaly özüne görkezmezlik üçin işigi ýapmak barada hiç kimiň pikirlenmeýşine gaharlanyp, haşşyldap durdy. Eger işden ýadap gelýän uýasy Gregora ozalkylary ýaly ideg etmek islemese-de, ejesi içeri ätlemeli däldi, çünki Gregor şonsuzam idegsiz galmazdy. Iindi bu öýde hyzmatkär aýal hem bardy. Özüniň irimçikligi bilen durmuşyň iň agyr günlerini ýeňip geçen dul aýal Gregora seňrigini ýygyrmaýardy. Bir gün atdanlykda öz işigini açan aýala gözi düşen Gregor aljyrap, hiç kim kowalamasa-da iki ýana elewredi, soňam aýak çekdi. Ol aýal gollaryny döşüniň üstüne gowşuryp, haýran galmakdan ýaňa doňup galdy. Şondan soň ol aýal ir säher we agşamara Gregoryň otagynyň işigini çalaja açyp, içerä jyklap görmegi endige öwürdi. Ilkibadalar ol mylaýymdyr saýan sözleri bilen habar gatyp, Gregory ýanyna hem çagyrardy: “Gel, hany bäri, garry tomzak!” ýa-da “Bu garry tomzaga bir baksaňyzlaň!” Bular ýaly lak atylmasyna Gregor asla jogap bermezdi, hamana gapy açylmadyk ýaly, ýerindenem gozganmazdy. Hyzmatkär aýala islän çagy gelip, Gregora azar berip ýörmesiniň deregine her gün onuň otagyny syryp-süpürmek tabşyrylan bolsa, has göwnejaý bolardy! Bir gün irden – güýçli ýagýan ýagşyň damjalary, belki munuň özi ýetip gelýän ýazyň nyşanydyr, penjirä köwsarlap urýardy – Gregor hyzmatkär aýalyň gep urşuna gaharlanyp, topuljak bolýan şekilde haýaljakdan ýüzüni oňa tarap öwürdi. Hyzmatkär aýal eýmenmeden-ä elli bizar, gaýtam işige ýakyn oturgyçlaryň birini ýokary galdyryp, agzyny açyp garaşmaga durdy, onuň açyk galan agzyny elindäki oturgyjy Gregoryň ýagyrnysyna ýelmänsoň ýummakçydygy terzinden bellidi. “Hä-ä, golaý gelmäge bognuň ysmadymy?” – diýip, heşelle kakan hyzmatkär aýal elindäki oturgyjy äwmezlik bilen, diňe Gregor yzyna dönenden soň, ozalky alan ýerinde goýdy. Gregor indi tas hiç zat iýmeýärdi. Käwagt taýýar naharyň gapdalyndan tötänden geçeninde bir dişlem agzyna atyp, agyz boşlugynda sagatlap saklardy-da, köplenjem yzyna tüýkürerdi. Ilki-ilkiler Gregor öz işdäsiniň ýoklugyny otagyň häzirki ýagdaýyna bolan gynanjy sebäp bolýandyr öýderdi, ýogsam hut öz otagyndaky üýtgeşmelere ol bireýýäm öwrenişipdi. Nirede goýjaklaryny bilmedik goşlaryny Gregoryň otagyna taşlap gitmek endige öwrülipdi, çünki jaýyň bir otagy üç sany müşderä kireýine berlensoň, gerekmejek goş-golam tapylyp durdy. Salyhatly müşderiler – işigiň yşyndan jyklan Gregor olaryň üçüsiniňem peşeneli sakgallarynyň bardygyny görüpdi – arassaçylygy ünsden düşürmeýärdiler we diňe bir öz otaglarynda däl-de, eýsem öz kireýine oturan jaýlarynyň ähli künjünde, esasan-da aşhananyň içinde arassaçylygyň höküm sürmegini talap edýärdiler. Derde ýaramaýan, hususan-da hapa goş-golamlary halamaýardylar, mundan başga-da olar öz ulanjak goşlaryny ýanlary bilen alyp gelipdiler. Şonuň üçin öý goşlary artykmaçlyk edýärdi, olary satuwa çykaryp bolmasa-da, zyňyp goýbermäge-de gözüň gyýar ýaly däldi. Onsoň olaryň barysy Gregoryň otagyna göç edipdi. Küldanam, hemişe aşhanada durmaly zibil bedre-de indi bu ýerdedi. Günüňe ýandygym hyzmatkär aýalam hemişe işlisiräp, edil häzir gerek bolmadyk zatlary eliniň tersi bilen Gregoryň otagyna zyňar gidibererdi; her näme-de bolsa Gregor diňe zyňylmaly goşy hem-de ony tutup duran eli görüp galýardy. Belki ol aýal, mümkinçilik bolan halatynda, paty-putylary bir-birden yzyna alyp gitmekligi ýa-da hemmesini üýşürip, daşary çykarmaklygy göz öňünde tutandyr diýseňem, olaryň hiç birisem taşlanyp gidilen ýerinden gozgalmandy, onsoň özüne süýrenmäge ýer goýulmadyk Gregor öler ýaly ýadasa-da, mejalsyzlykdan ýaňa sagatlap gymyldap bilmese-de, olary ilki itek-çomak, soňra gitdigiçe artýan höwes bilen süýşürmedik bolsa, bu goşlar ozalky ýerinden asla-da butnamazdy. Kireýine oturýan jenaplar agşam naharyny käýarym myhman otagynda edinensoňlar, bu otagyň gapysy agşamlaryna ýapyk durardy, emma munuň özi Gregora päsgel bermeýärdi, çünki ol işigiň açyk galdyrylan agşamlary hem peýdalanjak bolup durmazdy-da, maşgalasyna aňdyrmazdan, öz otagynyň iň garaňky çünküne geçip ýatardy. Bir gezek welin hyzmatkär aýal myhman otagyň gapysyny birneme açyk galdyrdy; hatda agşamara kireýine oturýanlar gelip, çyrany ýakanlarynda hem işik açyklygyna galdy. Ýaşaýjylar ozallar Gregoryň kakasydyr ejesi bilen bile oturyp nahar edinen saçagynyň başyna tegelenip, öňlüklerini ýazyşyp, ellerine pyçak-dürtgüç aldylar. Şol wagt hem ejesi içi etli jamy göterip, gapynyň agzynda peýda boldy, onuň yzysüre ýeralmadan tümmeklenen tabagy alyp, gyz jigisi girdi. Bugaryp duran naharyň ysy janyňy alyp gelýärdi. Kireýine ýaşaýan jenaplar, hamana tagamyň datlydygyny ýa-da göni yzyna ugradaýmalydygyny duzuny datmazdan öň kesgitlejek bolýan ýaly, öňlerinde goýlan tagamyň üstüne eglişdiler, olaryň ortada oturany we beýleki ikisiniň arasynda ýaşulysy jamyň içindäki etden bir bölegini kesip aldy. Onuň ýüzündäki kanagatlanmany gören eneli-gyz hem uludan demlerini alyp, ýylgyrmaga başladylar. Maşgalanyň agzalary aşhanada garbanýardy. Muňa garamazdan, maşgalabaşy aşhana girmezinden öň bu otaga gelerdi-de, kellesindäki başgabyny eline alyp, olaryň öňünde başyny egerdi we saçagyň daşyndan aýlanyp giderdi. Kireýine ýaşaýanlaryň ählisi ýerinden turup, sakallarynyň aşagyndan bir zatlar samyrdardylar. Otagyň içinde ýeke özleri galanlarynda hem ýene sessiz-üýnsiz garbanmaga durardylar. Her gezek olar nahar iýenlerinde, hamana Gregora iýmitlenmek üçin ýiti dişiň gerekdigini, iň ajaýyp kentlewük bilenem hiç zady çeýnäp bolmaýandygyny görmezmekçi bolýan ýaly, dişlerini sesli çarhlamalary Gregory hasam geň galdyrardy. “Menem aňryma bir zatjagaz atardym” – diýip, Gregor içini hümletdi, – “emma olaryň öňündäkini-hä işdäm almaz. Bäý, bularyň symyşlaýyşlaryny, men bolsam bärde ajymdan öljek!” Şol agşam – esli wagt bäri saz guralynyň owazyny eşidendigi Gregoryň ýadyna düşmedi – aşhanadan skripkanyň sesi ýaňlandy. Kireýine oturýan jenaplar agşamlyk naharyny bireýýäm iýip bolupdylar, olaryň ortadakysy gazet çykaryp, gapdalyndakylaryň hersine bir sahypasyny berdi, onsoň olar oturgyja ýaplanyşyp, bilelikde çilim çekmäge we gazet okamaga durdylar. Skripkanyň sesine ünsleri bölünen jenaplar ýerlerinden turup, daraklygyna basyşyp, eýwanyň gapysyna tarap ýöneldiler we işigiň agzynda bir-birlerine dykylyşyp, aýak çekdiler. Olaryň sesi eýýäm aşhana eşidilen bolarly, çünki kakasy: “Jenaplara päsgel berýän-ä däldir-dä? Häziriň özünde bes edäýsin?” – diýdi. “Ýok, gaýtam tersine” – diýip, olaryň ortakysy dillendi – “belki gyzjagazyňyz özüni has rahat duýar ýaly, biziň otagymyzda çalmakçydyr?” “Baş üstüne”- diýip, kakasy hamana özi sazanda ýaly jogap berdi. Kireýine ýaşaýanlar myhman otaga çekilip, gyzjagazyň gelerine garaşdylar. Hä diýmän kakasy nota goýulýan esbaby, ejesi notaly ýazgyny, uýasy hem skripkasyny alyp, otaga girdiler. Gyz jigisi howlukman saz guralyny düzmäge durdy; ozal hiç-haçan otaglaryny kireýine berip görmedik we myhmanlaryna çendenaşa ýarymsaklyk edýän ene-atanyň öz oturgyçlaryna geçip oturmaga-da bogunlary ysmady. Kakasy sag elini penjeginiň iki iliginiň arasyna dykyp, gapa söýenip durdy; ejesi bolsa kireýine ýaşaýanlaryň biriniň hödürlän oturgyjyny ýerinden gozgamaga-da milt etmän, atdanlykda otagyň burçuna süýşürilen ýerinde üstüne çökdi. Uýasy saz çalmaga başlady; ejesi bilen kakasy hem öz oturan ýerlerinden öz gyzlarynyň elleriniň hereketini sypdyrman yzarlaýardylar. Sazyň owazyna maýyl bolan Gregor öňe omzap, eýýäm myhman otaga kellesini sokupdy. Soňky döwürlerde ol özüniň töweregine üns bermeýänine geň galybam durmaýardy; ozallar bolsa ol özüniň töwerek-daşyna goýýan sylag-hormatyna guwanardy. Ýöne edil häzir oňa gizlenmäge has ulurak esas bardy, çünki onuň otagynyň içini tutan, sähelçe gymyldy bolsa asmana göterilýän tozan onuň öz üstünem gömüpdi; ol arkasyna, böwürlerine ýelmeşdiren gyl-gymyryny, galan-gaçan naharyň galyndylaryny özi bilen süýräp ýördi. Indi ol ähli zada şeýle bir biperwaý garaýardy welin, ozalkylary ýaly her günde birnäçe gezek halynyň üstünde agynap, endamyny tämizlejegem bolmaýardy. Häzirki ýagdaýyna garamazdan, ol ter-tämiz ýeriň ýüzünden ep-eslije aralygy hiç bir gypynçsyz süýşenekläp geçdi. Emma oňa üns beren tapylmady. Maşgalanyň bar ünsi saza gönügipdi; ellerini kisesine sokan jenaplar bolsa uýasynyň çalýan sazynyň notalaryna göz gezdirip biler ýaly, nota goýulýan esbabyň arkasyna aýlandylar – munuň özi, megerem, gyz jigisine päsgel beren bolsa gerek – özara pyşyrdaşyp, başlaryny aşak salşyp, penjirä tarap çekildiler we şol ýerde hem maşgalabaşynyň aladaly nazary astynda galyberdiler. Olaryň sypaty skripkanyň şirin owsazyna diň salmak tamalary ödelmedigiňkä we özleriniň gymmatly wagtyny diňe sypaýyçylyk üçin sarp edýäniňkä meňzeýärdi. Esasanam olaryň agyz hem burun boşlugyndan çilim tüssesini burum-burum edip goýberişleri gahar-gazabyň ýetjek derejesine ýetenligini görkezýärdi. Ýöne, muňa garamazdan, gyz jigisiniň çalýan sazy ajaýypdy. Ol ýüzüni gyra sowup, gamgyn halda notanyň setirlerini nazaryndan sypdyrman yzarlaýardy. Gregor ýene biraz öňe süýşüp, mümkin boldugyndan öz nazary uýasynyňky bilen kaklyşary ýaly, kellesini ýere goýdy. Eýsem haýsydyr bir haýwan saza şu derejede melul bolup bilermi? Onuň göwnüne bolmasa, haýsydyr bir üýtgeşik lezzete ýol salgy berilýän ýalydy. Ol uýasynyň ýanyna baryp, köýneginiň eteginden çekägeden, skripkasy bilen öz otagyna çagyrýandygyny düşündirmegi ýüregine düwdi, çünki bu ýerdäkileriň içinde çalynýan saza Gregoryňky ýaly baha berip biljegi ýokdy. Ol uýasyny öz otagyndan hiç haçan, iň bolmanynda heniz özi dirikän, goýbermekçi däldi; mahluklyga öwrüleni bäri giren eýmenç sypaty hem ilkinji gezek özüniň peýdasyny bermelidi; ol öz otagynyň ähli ötügine bur wagtda ýetişip, zabt edýän hüjümçileriň zarbalaryny yzyna serpikdirmäge taýyndy; ýöne uýasy hem onuň ýanynda zor bilen däl-de, meýletin galmalydy; ol öz agasynyň ýanynda diwanyň üstünde oturyp, gulagyny germelidi, eger şu derde ýolukmadyk bolsa, hiç kimiň garşylygyna garamazdan, agasynyň özüni konserwatoriýa ýerleşdirmekligi göz öňünde tutandygyny we muny Ysa pygamberiň doglan gününde – bu baýramçylyk bireýýäm geçäýdem öýdýän? – hemmeleriň öňünde yglan etmekçi bolandygyny diňlemelidi. Bu zeýilli iç dökmeden soň uýasy tolgunmadan ýaň ýarym-ýaş bolmalydy, Gregor bolsa boýy onuň egnine ýetinçä dikelip, dükana işe gireli bäri ýaglyk oranmaýan uýasynyň boýnundan ogşardy. “Jenap Zamza!” – diýip, ýaşaýjylaryň ortada durany kakasyna ýüzlendi-de, mundan başga ýeke sözem gaçyrman, süýem barmagy bilen öňe süýrenip gelýän Gregory görkezdi. Skripkanyň sesi tapba kesildi, ýaňky jenap ýoldaşlarynyň ýüzüne ýyrşaryp durşuna başyny ýaýkady-da, nazaryny ýene-de Gregora dikdi. Kakasy Gregory kowup çykaranyndan, ýaşaýjylary köşeşdirenini has wajyp saýsa-da, olar känbir tolgunýana meňzänokdylar, gaýtam Gregor olar üçin skripkadan has täsindi. Kireýine ýaşaýanlary öz otaglaryna ugratmak we şol bir wagtyň özünde-de tutuş göwresi bilen bimährem nazarlary Gregordan sowmak islän kakasy atylyp baryp, gollaryny galgadyp, germesatan boldy. Kakasynyň hereketleri sebäp boldumy ýa-da Gregor ýaly goňşularynyň bardygy diňe şu wagt aýan boldumy – belli däl, birdenkä olar gaharlanyşyp başladylar. Olar öý eýesiniň häziriň özünde düşündiriş bermegini talap etdiler, gollaryny serip, sakallaryny desseläp tutan bolşup, ahyrsoňyn äwmezlik bilen öz otaglaryna çekildiler. Duýdansyz sahnadan aňka-taňkalyga düşen uýasy bu aralykda eýýäm özüne gelip ýetişipdi; mejalsyz halda sallanan ellerinde skripkadyr näzederini saklap durşuna, hamana saz çalmasyny henizem dowam edýän dek, esli wagtlap notanyň ýüzüne tiňkesini dikip oturansoň, birdenkä silkinip turdy-da, elindäki guralyny demigysmadan ýaňa oturgyjynyň üstünde sojap dem alýan ejesiniň gujagyna goýdy we kireýine oturýanlaryň kakasynyň zoruna çydaman, haýdaşlap ýetip barýan goňşy otagyna tarap ylgady. Uýasynyň çalaň elleriniň astynda ýorgan-düşekçeleriň asmana galgap, ýene tertip bilen ýazylyşyny görmek bolýardy. Ýaşaýjylar öz otagyna ýetip-ýetmänkäler, ol düşekleri ýazdym edip, otagdan çykdy. Ýene-de hötjetligi tutan kakasy myhmana goýulýan hormat-sylagam unudana meňzeýärdi. Eýýäm işigiň agzyna ýetenleriň ortanjysy aýagy bilen ýeri tarpyldadynça, olaryň ýeňsesinden durman itekleýän kakasy togtamady. “Maňa öz gelen netijämi aýtmaga puryja beriň” – diýip, bir elini ýokary göteren ýaşaýjy nazary bilen Gregoryň ejesidir uýasyny gözledi, – “bu öýüň içinde we maşgalaňyzda höküm sürýän hapysalyk sebäpli –şu ýerde ol gazap bilen ýere tüýkürdi – mundan beýläk bu otagda ýaşamakdan boýun gaçyrýan. Meniň şu çaka çenli ýaşan günlerime-de gara şaýy hem tölemejegim ikuçsyzdyr, gaýtam Siziň garşyňyza, çypbakaý çynym, juda berk esaslandyrylan delil bilen şikaýat etmek barada hem oýlanmakçydyryn.” Ol sesini kesip, hamana haýsydyr bir zada garaşýan ýaly, göni öňe seretdi. Onuň ýoldaşlaram bir heňden gopdular: “Bizem eger-eger eglenmekçi däldiris.” Şundan soň ol işigiň tutawajyndan tutup, gapyny zarp bilen ýapyp goýberdi. Kakasy entirekläp, elleri bilen sermenjiräp tapan kürsüsiniň üstüne özüni goýberdi; göräýmäge, onuň ýatyşy adaty günlerdäkiden tapawutlanmaýardy, emma şalkyldap ýatan kellesini güýçli silkelemesi onuň düýbünden uklamandygyny görkezýärdi. Gregor bolsa kireýine oturýanlaryň gözüne ilen ýerinde ümsümje ýatyrdy. Meýliniň başa barmaýşyna bolan ahmyrdan, belki-de açlyk zerarly essiniň aýylmasyndan ýaňa onuň gozganmaga-da mejaly ýokdy. Ol hä diýmän, öz üstüne uly heşelle bilen eňterilip gaýdyljagyna jinnek ýalyjagam ikirjiňlenmänsoň, howatyrlanma bilen garaşmaga durdy. Ejesiniň sandyraýan barmaklarynyň arasyndan ýere gaçyran skripkasynyň çykaran geň-enaýy sesem Gregory ürküzip bilmedi. “Hormatly ene-atalar“ – diýen uýasy öz giriş sözüne basym bermek üçin stoly ýumruklady, – “biziň bu bolşumyz düýbünden bolmaýar. Eger siziň aklyňyz çatmaýan bolsa, onda meniňki çatýar. Meniň bu ýigrenji haýwana doganymyň ady bilen ýüzlenesim gelenok, şol sebäplem meniň tekloibim şeýle: her etmeli, hesip etmeli welin, biz bu jandardan dynmaga çalyşmaly. Biz oňa ideg baryny etdik, dişimizi gyjap çydadyk, elimizden geleninem aýamadyk, indi bolsa, meniň pikirimçe, hiç kim bizi günäkärläp bilmese gerek.” “Ol müň kerem mamla” – diýip, kakasy içini hümletdi. Entegem demini sojap alýan ejesi gözlerini däli çebişiňki ýaly tegeläp, agzyna ýetiren ýumrugyna üsgürinjiräp başlady. Uýasy ejesiniň ýanyna ylgap baryp, maňlaýyna elini goýdy. Kakasy gyz jigisiniň sözlerinden soň bir hyýala münen bolarly, kireýine oturýanlaryň agşamlyk naharyndan galan jamlaryň arasynda dim-dik bolup, başgabyny elinde tigirläp oturyşyna, aram-aram häliden bäri sesini çykarmadyk Gregora bakýardy. “Biz mundan dynmagyň ugryna çykmaly” – diýen uýasy diňe kakasyna ýüzlendi, çünki ejesi üsgülewükden ýaňa ýeke sözi hem eşidenokdy, – “ýogsam, ine görersiňiz, ol siziň ikiňiziňem ganyňyza galar! Biziňki ýaly depäňden gum sowrup işläniňden soň, öýdäki soňsuz jebir-süteme çydamak mümkin däl. Meniň-ä sabyr käsäm püre-pür boldy.” Şondan soň ol möňňürmäge durdy welin, onuň gözýaşy ejesiniň ýüzünem suw-sil etdi, onsoň ol öz käbesiniň ýüzünem ýetişibildiginden süpürmäge başlady. “Wah, balam, biz näme edeli?” – diýip, kakasy gyzyna duýgudaşlyk bildirdi. Bokurdagy dolan uýasy özüniň hälki ynamlylygyny ýitirip, näme diýjeginem bilmänsoň, diňe eginlerini gysyp oňaýdy. “Eger ol bize düşünýän bolsady” diýip, kakasy ýarym sorag hökmünde gürledi; uýasy bolsa hamsygyp oturyşyna eli bilen yşarat edip, bu barada pikirem etmeli däldigini düşündirdi. “Eger ol bize düşünýän bolsady,” – diýen jümläni ýene bir ýola gaýtalan kakasy gözlerini ýumup, başlaryna inen bu belanyň asla bolup bilmejek zatdygy barada gyzynyň pikiri bilen ylalaşdy, – “onda, belki, onuň bilen bir ylalaşyga gelip bolardy. Emma welin –” “Goý, ol gümüni çeksin” – diýip, gyz jigisi gygyrdy, – “bu biziň soňky çykalgamyz, kaka. Sen diňe bu jandaryň Gregordygy baradaky pikirden saplanjak bolmaly. Şu bolgusyz pikire häzire çenli ynanyp gezdik, ine, şolam biziň aňrybaş betbagtçylygymyz. Bu haýwan nireden Gregor bolsun? Eger ol hakykatdanam Gregor bolýan bolsa, onda ol adamlar bilen şular ýaly haýwanyň bile ýaşap bilmejekligine göz ýetirerdi-de, bireýýäm öýden çykyp giderdi. Men-ä – dogansyz, sizem ogulsyz galardyňyz, emma durmuşumyzy dowam etdirip, ony diňe ýagşylykda ýatlardyk. Bu ýigrenji haýwan bizi yzarlap ýörşüne, kireýine oturýan jenaplaram gaçyp gitmäge mejbur edýär, megerem, tutuş jaýy ýeke özi eýelesem, bizi köçä kowsam diýýändir. Bäriňe bir baksana, kaka” – diýip, ol birdenkä çirkin ses bilen gygyrdy, – “ol ýene-de öňki heňine başlandyr!” Gregor üçin düýbünden düşnüksiz bolan gorky zerarly gyz jigisi hat-da ejesiniň ýanynda-da aýak çekmän, gaýta onuň oturgyjyny bilgeşleýin itekläp, hamana Gregoryň ýanyna golaýlanyndan, ejesini pida etmäge taýyndygyny görkezjek bolýan ýaly, kakasynyň arkasyna bukuldy, bu hereketlere öjügip ýerinden galan kakasy hem öz gyzyny goraýan şekilde ellerini daldalap, onuň öňüni böwetledi. Kimdir birini, onda-da öz jigisini gorkuzmak niýeti Gregoryň oýuna-da gelmändi. Ol diňe öz otagyna çekilmek üçin öwrülmäge başlapdy we häzirki ejirli halyna kellesini ençeme gezek ýokary göterip, ýene ýere urmaly bolandygyna garamazdan, onuň öz göwresine kellesi bilen kömekleşişine haýran galaýmalydy. Ol biraz säginip, daş-töweregini synlamaga durdy. Ähli zatdan görnüşi ýaly, onuň ýagşy niýetine düşünäýdiler öýdýän; ýaňky dörän gorky hem sähel salymlyk howatyrdy. Indi olaryň ählisi seslerini çykarman, Gregora gam-gussaly nazar bilen bakýardylar. Ejesi oturgyjynda aýaklaryny uzyn salyp, biri-birine gysmyljyradyp otyrdy, ýadawlykdan ýaňa gabaklary zordan açylýardy; ataly-gyz bileje otyrdylar, gyz jigisi elini kakasynyň boýnundan geçiripdi. “Iindi-hä yzyma öwrüläýsem boljak öýdýän” – diýip oýlanan Gregor işe girişdi. Ol özüne dynç bermänem bilenokdy, häli-şindi durup, demini dürseýärdi. Ýogsam ony gyssaýan ýokdy, öz erkine goýlupdy. Yzyna doly öwrülensoň, ol dessine öz otagyna tarap süýrenjiräp ugrady. Ol öz otagyna çenli aralygyň juda uzaklygyna geň galdy we biraz wagt mundan ozal mejalsyz halda özüniň şunça aralygy emgenmän geçip bilenligine haýranlar galdy. Diňe öňe süýşmäge çalyşýan Gregor hossarlarynyň oklaýan sözleriniň, gatýan habarlarynyň özi üçin hiç hili päsgel döretmeýşine hem üns bermedi. Işigiň bosagasyna ýetensoň, ol boýnunyň gatap ugranyny duýup, kellesini doly bolmasa-da, biraz yzyna öwürdi we yzynda üýtgeşikligiň bolmandygyny, diňe gyz jigisiniň ýerinden turandygyny görüp ýetişdi. Onuň soňky nazary doly uka giden ejesinde eglendi. Gregor otagynyň içine girip-girmänkä, yzyndaky işik howul-haralykda ýapyldy-da, daşyndan kiltlenildi. Ýeňsesinde gopan galmagala zähresi ýarylara gelen Gregoryň aýaklary sandyraklady. Etek alty – ýeň ýedi bolup howlugýan onuň gyz jigisidi. Ol agasynyň giderine takatsyzlyk bilen ör turup garaşypdyr, dessine-de pişik basyşy bilen öňe okdurylypdyr – Gregor bolsa onuň aýak sesinem eşitmändir. Uýasy işigiň daşyndan açary towlap durşuna: “Ahyryn-a ugradandyrys!” diýip, çasly ses bilen ene-atasyna buşlady. “Ýeri, indiki masgaraçylyk?” – diýip, öz-özüne sowal beren Gregor tümlügiň içinde töweregini garanjaklady. Tiz wagtdan ol özüniň ýerindenen gozganyp bilmeýändigine göz ýetirdi. Ol geň galmady, has dogrusy özüniň häli-häzire çenli şu inçejik aýajyklary bilen hereket edendigine ynanyp bilmedi. Herhal ol özüni belli bir derejede oňat duýardy. Onuň endam-jany syzlasa-da, göwnüne bolmasa, ähli agyry ýuwaş-ýuwaşdan peselişip, tutuşlaýyn aýrylyşyp barýana meňzeýärdi. Ol indi öz ýagyrnysyndaky çüýrän almanam we onuň töweregindäki çaň basyp, eýýäm azyp ugran ýaranam duýanokdy. Ol mähir bilen öz maşgalasyny ýatlady. Hüw-hak diýip öýýden çykyp gitmek pikiri onuň öz hyýalynda-da ýok däldi, hatda gyz jigisiniňkidenem has aýgytlydy. Ol diňdäki sagadyň daňdan üçüň zaňyny kakaryna çenli bolar-bolgusyz ham-hyýala çümüp oturdy. Ol penjiräniň aňyrsynda howanyň ýagtylyp ugranynam görüp ýetişdi. Şondan soň onuň kellesi biygtyýar aşak sallanyp, burunlary bilen içine soran iň soňky nepesi ýuwaşlyk bilen göwreden çykdy. Ir bilen işine gelen hyzmatkär aýal – onuň usullyrak bolmagyny näçe ýola haýyş etseler-de, netije bermeýärdi, hasyrdap ýörşüne ýene öňünden çykan gapyny bar güýji bilen patyladyp ýapardy-da, tutuş jaýda ukyňy alara mümkinçilik galdyrmazdy – adatdakysy ýaly Gregoryň otagyna sümülip çyksa-da, hiç bir üýtgeşiklik syzmady. Ol ilkibada ýerde butnaman ýatan Gregor öýkelänsireýändir öýtdi; asla-ha ondan hiç bir oňlulyga garaşmaýardy. Gapynyň agzynda durup, eline tötänden ilen uzyn sübse bilen Gregoryň gyjygyny tutdurmaga synanyşdy. Niýeti paşmansoň gaharlanyp, sübsesi bilen Gregoryň böwrüne dürtgüledi, garşylyk görkezmeýän Gregory ýeňillik bilen ýerinden süýşürmegi başaransoň, çiňerilip seretmäge başlady. Nämäniň nämedigine aňy ýetensoň bolsa, gözlerini petredip öwhüldedi, emma uzak eglenmän, ýatylýan otagyň gapysyny jarkyldadyp açdy-da, garaňky otagyň içine sesiniň ýetdiginden gygyrdy: “Seretseňizläň, ol öläýipdir; asyl gymyldaýynam diýenok!” Öz düşeklerinde dim-dik bolup oturan är-aýala hyzmatkär aýalyň getiren şum habaryndan aýňalaýmak bada-bat başartmady, olaryň aňy diňe esli salymdan aýlanmaga durdy. Şondan soý är-aýal hasanaklaşyp, ýatan düşekleriniň hersi bir tarapyndan aýak üstüne galdylar. Jenap Zamza ýorgany egnine atdy, hanym Zamza bolsa ýatyş geýimi bilen daşary çykdy; şu sypatda olar Gregoryň otagyna girdiler. Bu iki aralykda öz otagy kireýine berlen Gretanyň ýatyp-turýan myhman otagynyň işigem açyldy; egni bir laý eşikli Greta asla ýatana meňzenokdy, hatda reňki-peti gaçyk ýüzem onuň şöwür çekendigini görkezýärdi. Özi barlap ýa-da hatda barlaman hem oglunyň ölüdigine göz ýetirip bilýänem bolsa, hanym Zamza: “Ölüpmi?” – diýip, hyzmatkär zenana soragly nazaryny aýlady. “Menem şony aýdýan-da” – diýen hyzmatkär aýal subutnama hökmünde Gregoryň jesedini eslije aralyga gyra süýşürip görkezdi. Hanym Zamza sübsä ýapyşmak isleýän dek öňe egildi, ýöne ýene saklandy. “Iindi biz Hudaýa alkyş aýdyp bileris” – diýip, jenap Zamza çokunmaga durdy, ýanyndaky üç aýal hem onuň hereketlerini gaýtalady. Jesetden gözüni aýyrman duran Greta: “Görüň ol nähili horlanypdyr. Ol esli wagtdan bäri hiç zat datmandy. Otagyna uzadylan tagamlaryň başy bozulman, getirilişi ýaly hem yzyna alnyp çykylýardy.” Hakykatdan-da Gregoryň göwresi gurap, hepbige dönüpdi, munuň şeýledigine diňe indi göz ýetirmek bolýardy, çünki ol öz aýajyklarynyň üstüne galyp bilmeýärdi we onuň göwresini synlamaga päsgel döretjek zat ýokdy. “Ýör, Greta, biziň ýanymyza sowlup geçäý” – diýip, hanym Zamza ajy ýylgyryş bilen teklip etdi, Greta-da jesede tarap nazar aýlamazdan, ýatyş otaglaryna ýönelen ene-atasynyň yzyna eýerdi. Hyzmatkär işigi ýapyp, penjiräni giňden açdy. Heniz aladaňdandygyna garamazdan, howanyň sereňligi ýitişip, az-kem mylaýymlyk aralaşypdy. Eýýäm mart aýy aýaklanyp ýördi. Öz otaglaryndan çykan kireýine ýaşaýjylaram geň galyp, saçagyň üstünde goýlan ertirlik naharlaryny gözlediler; emma hiç kimiň ýadyna nahar-şor düşmändi. Olaryň ortanjysy gaşlaryny bürüşdirip: “Hany biziň ertirligimiz?” – diýip, hyzmatkär aýala ýüzlendi. Ol bolsa barmagyny agzyna tutup, sessizje başyny atyp, jenaplaryň öz yzyna düşmegini we Gregoryň otagyna baryp görmegini yşarat bilen düşündirdi. Olar görkezilen ýere geldiler, ellerini saralyp giden penjekleriniň kisesine salyp, eýýäm ýagtylyşan otagdaky Gregoryň jesediniň daşyna döwre gurap durdylar. Birdenkä ýatyş otagynyň işigi açyldy-da, bir eli bilen aýalyny, beýlekisi bilenem gyzyny goltuklap duran, egni gulluk lybasly jenap Zamza peýda boldy. Olaryň üçüsiniňem gözýaş dökendigi görnüp durdy; Greta aram-aram ýüzüni kakasynyň egnine bukýardy. “Häziriň özünde meniň jaýymy boşadyň!” – diýip, kakasy iki naçaram golundan sypdyrman durşuna gapyny görkezdi. Keýpine sogan dogralan jenaplaryň ortanjysy “Bu näme diýdigiňiz bolýar?” – diýip, it ýylgyrşy bilen sorady. Beýleki ikisi bolsa ellerini arkalaryna tutup, hamana hä diýmän barybir öz peýdalaryna gutarjak dawanyň turaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýan ýaly, yzyny üzmän ellerini owkalaýardylar. “Edil eşidişiňiz ýaly!” diýip, jenap Zamza gyzydyr aýaly bilen deň gadam urup, kireýine ýaşaýanlaryň üstüne ýöneldi. Ortaky jenap ähli ahwalaty täzeden seljerýän ýaly, ýerinden gozganman, aşak bakyp durdy. “Onuň ýaly bolsa, gidibermeli borus” – diýip, ol başyny ýokary göterdi-de, duýdansyz ylalaşygy üçinem rugsat soraýan şekilde jenap Zamzanyň ýüzüne seretdi. Jenap Zamza birnäçe gezek gözlerini petredip, başyny atdy. Soňra üçleriň ortanjysy epeý-epeý basyp, hakykatdan hem eýwana ýöneldi; indi ellerini owkalamagy bes eden beýleki ikisem jenap Zamza eýwana özlerinden öňürti baryp, öňbaşçylary bilen arany böwetlär öýdüp, çykalga tarap patanaklap ugradylar. Eýwandaky asylgyçdan başgaplaryny alyp, pişeklerini gutusyndan çykaran jenaplar sessiz-üýnsüz başlaryny egişip, jaýy boşatdylar. Birdenkä peýda bolan düşnüksiz müňkürlik jenap Zamzany ýanyndaky zenanlary bilen daşary çykmaga mejbur etdi; olar basgançagyň tutalwajyna söýenip, ýaňky üçleriň uzyn basgançakdan, haýaljakdanam bolsa, aşak düşüşlerini, jaýyň her gatyndaky ýörite basgançagyň aýlawynda gözden ýitip, ýene birhaýukdan peýda boluşlaryny synladylar; olar näçe aşak düşdükleriçe, Zamzalaryň maşgalasynyň olara bolan gyzyklanmasy gaçdy, diňe olaryň öňlerinden çykan gassabyň kömekçisi depesinde göterip gelýän ýükli gaby bilen hekgerip, ýokarylygyna geçip gaýdanynda jenap Zamza öz maşgalasy bilen duran ýerlerini taşlap, eginlerinden daş aýrylan dek ýeňillik bilen dem alyp, öýe girdiler. Olar bu güni diňe dynç alyp, gezelenje çykmaklygy ýüreklerine düwüpdiler; olar bu günki dynç alyşlyk diňe bir halal gazanylan rugsat bolman, eýsem olaryň ählisi üçin örän zerur dynçlykdy. Şonuň üçinem olaryň ählisi iş stolunyň başyna geçip, işden rugsat almak üçin jenap Zamza öz müdirligine, hanym Zamza öz iş berijisine, Greta bolsa öz başlygynyň adyna arza ýazdylar. Arza ýazyşlyk wagty hyzmatkär aýal gelip, irdenki işleri tamamlandygyny we öýüne gaýdýanlygyny duýdurdy. Arza ýazýanlaryň hiç birisi hem ünsüni bölmän, diňe başyny atyp oňdy, ýöne hyzmatkär aýal henizem oýkanjyrap duransoň, olaryň gaharlary gelip, ýüzlerini galdyrdylar. “Ýeri, näme boldy?” – diýip, jenap Zamza sorady. Hamana öý eýeleri üçin haýsydyr haýsydyr bir hoş habary getiren ýaly, işigiň agzynda ýyrşaryp duran hyzmatkär diňe jikme-jik soralan halatynda dil ýararmakçydy. Onuň başgabyndaky gapdala çalaja gyşaran düýeguşuň ýelejigi işe başlan gününden bäri hem jenap Zamzanyň ýüregine düşen bolsa, häzir çar tarapa ülpüldeýärdi. “Aslynda Siz näme isleýärsiňiz?” – diýip, hyzmatkär aýalyň has köpräk hormat goýýan hanym Zamzasy sorady. “Hawa” – diýip, ýyrşanaklaýan hyzmatkär aýal birbada gürläbem bilmedi, – “Umuman, ho-ol ýerdäki zady nädip aýyrmalydygy barada kelläňizem agyrdyp oturmaň. Men eýýäm ähli zady ýerbe-ýer edendirin.” Hanym Zamza bilen Greta, hamana hatlarynyň yzyny ýazmakçylardan bolup, öňündäki kagyzlarynyň üstüne egildiler; hyzmatkäriň jikme-jik gürrüňe başlamakçy bolanyny aňan jenap Zamza elini galdyryp, sesini kesmekligi buýurdy. Ähli zadyň ekedini-nokadyny goýman aýtmaga rugsat berilmedik aýal birdenkä howlukmaçlygyny ýadyna salyp, öýkesini gizlejegem bolman: “Hemmäňiz sag oturyň!” – diýdi-de, pyrra yzyna öwrülip, gapyny jarkyldadyp ýapyp, öýden çykyp gitdi. “Şu gün agşam ony işden boşadaryn” – diýen jenap Zamzany ne aýaly, ne-de gyzy goldady, çünki hyzmatkär aýalyň hereketi olaryň ölüp ýetäýen ümsümligini harama çykarana meňzedi. Eneli-gyz ýerlerinden turup, penjiräniň öňüne bardylar, şol ýerde hem birek-biregi gujaklaşyp durdylar. Ýumşak kürsüde ornaşan jenap Zamza olara tarap öwrülip, sesini çykarman az salym olary synlap oturdy. Soňundanam: “Hany, indi bäri geliň. Öten-geçeni unudyň-da, meniň aýtjak sözüme-de bir üns beriň” – diýdi. Eneli-gyz gulak asyp, dessine onuň ýanyna haýdadylar, oňa höre-köşe edip, tiz wagtdan hem öz ýazýan hatlaryny tamamladylar. Soňra olar üç tirkeşik bolup, esli aý bäri çykman oturan öýlerinden çykyp, depesi şahly otlynyň – tramwaýyň biline mündüler-de, şäheriň daşyna gezelenje ugradylar. Çogly Gün öz çyrazlaryny üç ýolagçyň ýeke özleriniň münüp barýan ulagyna sahylyk bilen eçilýärdi. Olar öz oturgyçlarynda jaýdar ornaşyp, gelejek barada söhbet etdiler, seredip otursalar, olaryň öňünde diňe gowulyk ýatyrdy, çünki olaryň üçüsiniňem heniz öz aralarynda biri-birlerine gürrüň beribem ýetişmedik täze iş orunlary ähli babatda oňuşmazçe däldi, esasan-da, bu iş orunlarynyň gelejegi bardy. Häzirki hal-ahwallarynyň has-da ilerleşmesi üçin, elbetde, täze jaýa göçmeklik oňyn täsirini ýetirerdi; olar Gregoryň saýlap beren, häzirki ýaşap oturan jaýlarynyň deregine kiçeňräkden amatlyja, ýöne has oňaýly ýerde ýerleşen, ykjamja jaýa göçmekçidiler. Gümür-ýamyr edip oturyşlaryna gyzlarynyň gitdigiçe alçak häsiýete eýe bolşuny synlan är-aýalyň ikisem bir wagtda ýüzüne pudur sepip agardan Gretanyň, soňky döwürlerdäki ünji-aladalara garamazdan, owadandan göze gelüwli maşgala öwrülip barýandygyna göz ýetirdiler. Seslerini peseldip, diňe göreçler bilen düşünişip ugran är-aýal öz gyzlaryny durmuşa çykarmak üçin saýhally ýigidiň gözlegine çykmaga wagtyň gelendigi hakda oýlandylar. Ahyrky ýetilmeli menzile baranlarynda öz gyzlarynyň ilkinji bolup ýerinden galkmasy we ýaş bedenini gerinjiretmesi ata-enäniň ýagşy niýet-arzuwlarynyň tassyknamasyna öwrüldi. Nemesçeden terjime eden: Ahmet HAŞAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |