02:21 Frans Kafkanyñ "Kilit" romany hakynda gysgaça | |
Dünýä belli asly ýewreý nemes ýazyjysy Frans Kafkanyñ "KILIT" romany hakynda gysgaça
Edebiýaty öwreniş
(Eseriñ nemes dilindäki orginal ady: "Das Schloss", rusça: "Замок", türkçe: "Şato"). Eseriñ baş gahrymany "K" ady bilen beýan edilýän gahrymandyr. "K" näbelli sebäpler bilen obany dolandyrýan syrly ketdeleriñ arasyna goşulmagyñ höwesinde gezýär. Roman tamamlanmanka Kafka aradan çykanam bolsa, ýazyjy bu eserini "K"-niñ şol obada ölmegi bilen soñlamak isläpdir. Eserde käte gümürtik, käte real däl we adatdan daşary mazmuny bilen adamlaryñ biri-birlerine kesekileşmegini, býurokratiýany, bir adamyñ sistema garşy hemişelik başyny dik tutmaga çalyşmagyny, käte sistema bolan öýkesine ýeñilip, ýetibilmejek arzuw-hyýallaryna tarap bihuda we umytsyz çykalga tapjak boluşyny ussatlyk bilen beýan edilýär. Roman ilkinji gezek 1926-njy ýylda neşir edilýär. Kafka bu eserini 27.01.1922-nji ýylda Çehoslowakiýada ýazyp başlapdyr. Romanyñ baş gahrymany "K" obalylar tarapyndan kese ýerli biri hökmünde görülýär. Býurokratiýany aşyp geçmek we ýokary çinli Klamm bilen görüşmek maksady eseriñ içinden eriş-argaç bolup geçýär. Frida Klammyñ göwni ýetýän barmenleriniñ biri. Ol romanyñ köp ýerinde "K"-nyñ adaglysy bolup çykyş edýär. Ýöne ol "K"-nyñ özüne bolan perwaýsyzlygyna we durmuşa bolan sowuk-salalygyna gynanýar. Ahyrsoñy bolsa "K"-dan daşlaşýar. Gans bolsa aýaly Gardena tarapyndan ýaltalykda we "K-na aşa mylakatly çemeleşmekde aýyplanýar. Gardena traktir hojaýynyñ aýalydyr. Şol sanda ol Klamm bilenem wagtyny hoş geçirýär. Frida onuñ dertdeşidir we "K"-na ynamsyzlyk bilen garaýar. Barnabas "kilit" tarapyndan "K" bilen aragatnaşygy ýola goýmak üçin ýörite bellenen poçtalýondyr. "K" ony "kilide" baryp ýetýänçä ulanmak isleýär. Ol bu maksadyna ýakynlaşdygyça has anyk maglumatlara duş gelip başlaýar... Roman dünýä dilleriniñ birnäçesine terjime edildi. Şol sanda rus dilinde hem birnäçe gezek neşir edildi. 1988-nji ýylda R.Ý.Raýt-Kowalýowanyñ, G.Notkinanyñ eden aýry-aýry terjimeleri rus dilinde terjime edildi. 1989-njy, 1990-njy ýyllarda bu eser rus dilinde gaýtadan neşir edildi. Şeýle hem bu roman dürli ýurtlarda birnäçe gezek ekranlaşdyryldy. 1968-nji ýylda nemes režissýory Rudolf Nolt, 1986-njy ýylda finlandiýaly režissýor Ý.Pakkaswirt, 1990-njy ýylda gruzin režissýory D.Janelidze, 1994-nji ýylda rus režissýory A.Balabanow, 2016-njy ýylda rus režissýory K.Seliwerstow tarapyndan "Kilit" ady bilen birnäçe gezek kinofilmler surata düşürildi. Eser 2008-nji ýylda rus teatrlarynyñ birinde hem sahnalaşdyrylypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |