II.
Dünýäni bilmän ýatan Gregor iňrik garalanda oýandy. Kimdir biri turuzmasa-da, ukusyny ymykly alyp, nepesini durlan Gregoryň özem biraz gijiräk oýanardy welin, onuň göwnüne bolmasa, özüni ogrynça basylýan aýagyň çybşyldysy we eýwana çykylýan işigiň seresapja ýapylyşynyň sesi oýaran ýaly boldy. Şu pille tramwaýyň ölügsije yşyklary birde Gregoryň otagynyň ýokary çetini, birde hem duldaky öý goşlarynyň depesini ýagtyldyp gitse-de, Gregoryň bagyrtlap ýatan ýerinde tümlük höküm sürýärdi. Nämeleriň bolup geçendigini seljermek üçin ol assyrynlyk bilen aýak üstüne galyp, bähbitli tarapyny indi-indi aňyp ugran duýgur murtjagazlary bilen töweregini sermenekledi-de, ýuwaşjadan gapa tarap süýşenekledi. Onuň göwresiniň çep tarapy tutuşlygyna uzap gidýän, syzlap agyrýan ýara dönüpdi, şoňa görä-de ol aýaklarynyň iki hatarynda-da agsap ýöreýärdi. Ir säherki bolup geçen wakalar zerarly agyr şikes ýeten aýajygy – diňe ýekejesine şikes ýetenine haýran galaýmaly – mejalsyz
Ol özüniň bu ýere nämä üçin gelendigine diňe gapa ýetensoň düşündi; onyl datly tagamyň ysy tamşandyrypdy. Ol ýerde içi süýtli, ýüzünde ak çöregiň owuntyklary ýüzüşip ýören, ýalpaňja jam durdy. Ol begenjinden ýaňa birgeňsi ýyrşardy, çünki onuň häzirki ajygyşy ir säherdäkiniň çeni-çaky däldi, ýalakly jama nebsewürlik bilen topulyp, eňegini tas gözüne çenli diýen ýaly süýde batyrdy. Emma dessine-de lapykeç halda yza tesdi; muňa onuň diňe bir çep göwresiniň yza berýänligi sebäp bolman, – ol diňe tutuş göwresi sazlaşykly hereket edeninde iýmitlenip bilýärdi – eýsem ol özüniň hemişeki iň eý görýän içgisiniň (elbetde bu nahary onuň nämäni halaýanlygyndan habarly gyz jigisi goýandyr) şu pursatdaky tagamyny halamady, onsoň ol süýtli ýalakdan kynlyk bilen ýüzüni öwrüp, otagyň törüne baka süýrendi.
Gregor işigiň yşyndan jyklap, myhman otagda gaz ojagynyň ýakylgy duranyny gördi, emma, adatça, günüň şu çaglary kakasy öýlänki çykýan gazetleri ejesine, käýarym hem gyz jigisine-de, batly sesi bilen okap berýän bolsa, häzir ol ýerden ses-seda eşidilmeýärdi. Gyz jigisiniň hemişe gürrüň berýän, ýazan hatlarynda hem ýatlaýan bu endigi, belki, indi unudylyberendir. Näme üçindir daş-töwerek juda ümsümdi, ýogsam öýde adam-gara ýogam däldi. “Gör meniň maşgalam nähili asuda durmuşda ýaşaýar” diýip, Gregor içini hümletdi we tümlüge tiňkesini dikip, öz ýanyndan ata-enesi we gyz dogany üçin şular ýaly ajaýyp öýde ýaşamaklyga şert döredip bilenligine buýsandy. Ýöne indi bu imi-salalygyň, bol-telkiligiň soňy birden eýmençlik bilen gutaraýsa nädip bolar? Şu zeýilli agyr oýlardan saplanmak üçin Gregor her näme-de bolsa hereket etmegi müwassa bildi we otagyň içinde iki ýana süýrenjiremäge durdy.
Soňy gelmeýän gijeleriň birinde goňşy otaga çykylýan işik, soňra beýleki işik çalaja açyldy-da, derrewem yzyna ýapyldy; megerem kimdir biri içeri girmek islän borly, emma näme üçindir pikiren dändi. Gregor şol ýaýdanjaň myhmany eýdip-beýdip otaga salmagy ýa-da, iň bolmanynda, onuň kimdigini anyklamagy niýetläp, myhman otagyň gapysynyň çat maňlaýynda sägindi; emma gapy gaýtadan açylmady, diňe Gregoryň irikgä bolup durany galdy. Irden, gapylaryň gurulgy duran mahaly, onuň ýanyna hemme kişi girermendi, indi ol bir gapyny özi açansoň, beýlekileriniň bolsa, megerem, uzakly günüň dowamynda açylgy duranlygyna garamazdan, hiç kim gelibermeýärdi, üstesine-de açarlar gapylaryň daş ýüzünden asylgy durdy.
Myhman otagyň yşyklary gije ýarymdan agansoň öçürildi, ine indi onuň ene-atasynyň we gyz doganynyň henizem oýadyklary aýan boldy, çünki edil häzir olaryň üçüsiniň hem daraklygyna basyp, sodalyk bilen daşlaşyşlaryny aýyl-saýyl eşidip bolýardy. Elbetde, indiden soň Gregoryň ýanyna daňdana çenli hiç kimiň gelmejegi mesaňa-mälimdi; onsoň onuň öz gelejegini täzeden oýlap-ölçermäge ýeterlik wagty bardy. Juda beýik, eýýäm bäş ýyl bäri ýaşap ýören otagynda ýer bagyrtlap ýatmaga mejbur bolan Gregory, sebäbine anyk düşünmese-de, gorky basmarlap ugrady – onsoň ol birdenkä yzyna öwrülip, haýa-şerimi ýatdan çykaryp, diwanyň aşagyna haýdady, bu ýerde ýagyrnysyny küýkertmeli bolýandygyna, kellesini hiç-hili gozgadyp bilmeýşine, göwresini diwanyň aşagyna doly ýerleşdirip bolmaýşyna gynanýandygyna garamazdan, ol özüni oňat duýdy.
Bu ýerde Gregor açlygyndan ýaňa bütin gijäni oýaly-ukuly geçirdi, belli bir derejede ünji-alada bilen gowuşgynsyzja umyt hem onuň gözüne çiş kakylana dönderip, ol özüniň şu wagtky mejbury halynda hossarlarynyň başyna salan külpetini ýeňilleşdirmek üçin häzirlikçe özüni örän rahat alyp barmaga, sabyr-takatly bolmaga borçludygy hakyndaky netijä geldi.
Säher bilen – heniz daň hem doly saz beräýmändi – Gregor üçin özüniň ýap-ýaňy gelen kararynyň dogrulygyny barlamaga mümkinçilik döredi, çünki entek doly geýinmäge-de ýetişmedik gyz jigisi eýwana çykylýan işigi açyp, howsala bilen içeri garady. Ol birbada Gregory görmedi – eý, Hudaý, ol şu taýlarda bolaýmaly ahbetin, uçup gidibem-ä bilmeli däl –, birdenem onuň diwanyň aşagyndadygyny görüp, zähresi ýarylara geldi-de, özüne erk edip bilmän, işigi jarkyldadyp ýapdy. Emma öz hereketine ökünen borly, dessine gapyny täzeden açdy-da, hamala agyr ýatan hassanyň ýa-da düýbünden nätanyş biriniň ýanyna barýan ýaly, daraklygyna basyp, içeri ätledi. Gregor boýnuny diwanyň erňegine çenli süýndürip, uýasyny synlamaga durdy. Süýde eňek urulmandygyny görse dagy, muňa Gregoryň ajykmanlygynyň däl-de, eýsem onuň göwnünden turaýjak iýmite garaşanlygynyň sebäp bolandygyny aňmazmy-ka? Eger gyz jigisi özünden bilmese, Gregor öz islegini aňlatmakçy bolanyndan ajyndan ölenini gowy görerdi, emma şonda-da onuň diwanyň aşagyndan atylyp çykyp, gyz jigisiniň aýagyna ýykylaýasy, haýsydyr bir tagamlyrak iýmit getirmegini haýyş edäýesi geldi. Gyz jigisi bolsa daşyna biraz süýt syçran, emma dolyja duran jama haýran galmak bilen seretdi-de, ur-tut jamy ýerden göterip, has dogrusy ýalaňaç eli bilen däl-de, bir bölek esgi bilen erňeginden tutup, daşary çykardy. Süýtli ýalagyň deregine näme getiriljegine sabyrsyzlyk bilen garaşýan Gregoryň beýnisinde dürli pikirler at saldy. Emma mähriban uýasynyň indiki uzatjak hödür-keremi Gregoryň kellesine ýatsa-tursa geljek däldi. Onuň haýsy tagamy halaýanlygyny anyklamak üçin uýasy dürli-dümen getirip, köne gazetiň üstünde düzüşdirdi. Olaryň arasynda çüýräp ugran gök-önümlerem, agşamky nahardan galan, üsti ak bulamakly, bölek-büçek süňklerem, bir-iki çümmük kişmiş bilen badamyň maňzy, iki gün mundan ozal Gregoryň iýer ýaly däl diýip yglan eden peýniri, bir döwüm gataňsy çörek, üstüne mesge çalnan çörek we ýene-de mesge çalnyp, duzlanan çörek ýatyrdy. Mundan başga-da ol içini suwdan dolduryp, belki indi öz dogany üçin hemişelik niýetlän jamyny goýdy. Öz öňünde Gregoryň hiç zat iýmejegini bilip, ol sypaýyçylyk etdi, howlukmaç halda otagy boşatdy we Gregoryň özüni göwnüniň isleýşi ýaly alyp barybermelidigini aňlatmak üçin, gapynyň daşyndan asylgy açary hem towlady. Nahara tarap ýönelen Gregoryň aýajyklary gyrbyldaşdylar. Ýaralary hem doly gutulyşan ýaly, göwresinde yza duýulmaýardy, ol özüniň bir aý gowrak mundan ozal barmagyny pyçak bilen çalaja kesdirişini we öňküsi gün hem şol ýaranyň yza berşini ýatlap, haýran galdy. “Indi meniň duýgurlygym peseläýdimikän?” – diýip oýlanan Gregor beýleki naharlara garanyňda göwnüne has ýaran peýnire açgözlük bilen ýapyşdy. Ol gözlerine ýaş aýlap, ilki peýniri, soňra gök-önümleri we bulamagy yzly-yzyna, lezzet bilen symyşlady; terje tagamlar oňa asla ýaramady, hat-da olaryň ysyny hem halaman, ozalky iýmekçi bolan tagamlaryny biraz gapdala-da süýşürdi. Ol eýýäm geregini edinipdi we uýasy Gregoryň yza çekilmegine wagt bolanlygyny yşarat edýän şekilde işigiň açaryny haýaljakdan towlanynda, ol iýip-içen ýerinden gozganman, ýaltalyk bilen gerinjiräp ýatyrdy. Irkilenligine garamazdan, ol bu sese tisginip, dessine diwanyň aşagyna sümüldi. Gyz jigisi otagdan çykyp gidinçä geçen gysgajyk möhletiň içinde hem diwanyň aşagynda öz janyna dözüp ýatmak oňa ýeňil düşmedi, çünki ol agyr nahardan soň göwresiniň biraz tokarlanandygy sebäpli bu dar ýerde zordan demini alýardy. Sojap, gözlerini tegeläp ýatyşyna Gregor özüniň hiç zatdan habarsyz jigisiniň sübse bilen diňe galak-gaçaklary däl-de, eýsem el degrilmedik naharlary hem, hamala derde ýaramaýan şekilde, bir ýere üýşürip, hemmesini bir bedrejige gapgaryp, üstüne-de gapajyk ýapyp, alyp gidişini synlady. Uýasy yzyna öwrülerine mähetdel Gregor diwanyň aşagyndan çykdy-da, gerinjiräp, gägirmäge durdy.
Şol günden soň Gregory her gün şu zeýilli iýmitlenmäge başlady – ertirligini ene-atasynyň we öýdeniçer gyzyň ýatan wagty edinerdi, ikinji gezek öýleden soň garbanardy, çünki onuň ene-atasy süýr günortan ymyzganardy, öýdeniçer gyzy bolsa uýasy her dürli ýumuş bilen bir ýerlere ugradardy. Elbet-de olaryň hiç birisi hem Gregoryň açlykdan ölenini islänokdylar, ýöne Gregoryň iýmitlenişini jikme-jik bilmeklik belki olara has agyr degerdi, belki-de onuň uýasy ozal hem ýeterlik jebir çeken hossarlaryny iň bolmanynda bu kinniwanja jepadan halas etmekçi bolandyr.
Şol gün guşlukda lukmandyr açarçy ussanyň nähili bahana bilen öýden çykarylyp goýberilendigini Gregor bilip bilmedi, çünki oňa hiç kim düşünmese-de, onuň özüniň başgalara düşünýänligi baradaky pikir hiç kimiň, şol sanda gyz jigisiniňem kellesine gelmändi, şoňa görä-de ol öz otagyna gelen uýasynyň käýarym uludan demini alyp, keramatly pirlerden doga-dileg edişini diňlemek bilen çäklenmeli bolýardy. Diňe aradan esli salym geçip, uýasy hem bu ýagdaýa öwrenişip başlanynda – doly öwrenişme barada-ha asla gürrüňem bolup biljek däldi –, Gregoram käýarym gowy niýet bilen aýdylan bellikleri gapyp almaga durdy. Haçanda Gregor naharyny soňky owuntygyna çenli iýeninde, ol “Bu günki nahar-ha onuň göwnünden turaýdy öýdýän” diýerdi, tersine bolan mahaly hem – beýle ýagdaýyň gaýtalanmasy gitdigiçe ýygjamlaýardy – uýasy görgülijik gynanç bilen: “Ýene-de iýilmän galypdyr” diýerdi.
Gregor ähli zatdan bihabar galdyrylýandygy üçin goňşy otagdaky gep-gürrüňe-de gulagyny gabardardy, onsoň hyşy-wyşy eşidildigi bes, ylgap baryp, tutuş göwresi bilen şol gapa ýelmeşerdi. Ilki badalar onuň özi barada kelam agyz dil ýarylmazdy. Eýýäm iki gün bäri saçak başynda diňe mundan beýläk nähili hereket etmelidigi baradaky geňeş gidýärdi; ýöne iýip-içilmeýän wagtlar hem üýtgeşik gürrüňiň başy gozgalmazdy, ýogsa öýde maşgala agzalarynyň azyndan ikisi galardy, çünki hiç kim öýde ýeke galmak islemezdi, jaýy taşlap gidibermegem hatarlydy. Öýdeniçer gyz hem ilkinji günden başlap – bolup geçen wakalar barada onuň nä derejede habarlydygy belli däldi – ejesiniň dyzyna çöküp, özüni işden boşatmagyny haýyş edipdi, çärýek sagatdan soňam ýarym-ýaş bolup, işden boşadylanyna iň uly ýagşylyk hökmünde minnetdarlyk bildirip, özünden talap edilmese-de, hiç kimiň ýanynda ýeke agyz dil ýarmajagyna ant içip, awy ýalady.
Mundan beýläk nahar-şamyň aladasy gyz jigisi bilen ejesiniň boýnuna düşdi; ýöne munuň ullakan bir azary ýokdy, çünki bu öýde oýup-opuryp garbanyp barýanam ýokdy. Gregor öz hossarlarynyň biri-birini nahar başyna çagyranynda “Ýok, sag bol, men dok” ýa-da şuňa meňzeşden başga jogap berilýänini eşitmeýärdi. Bu öýde üýtgeşik bir içilip barýan zat hem ýokdy. Köplenç onuň gyz jigisi kakasy arpa suwuny içmekçi bolsa, alyp gelmäge ýaltanmaýanlygyny ýaňzydardy, kakasyndan jogap eşitmänsoň bolsa, onuň şübhesini ýatyrmak üçin, bu ýumuşa öýdeniçeri ugradyp biljeginem aýdardy, emma kakasy “Ýok” diýip, çürt-kesik jogap berensoň, bu baradaky gürrüň gaýdyp gozgalmazdy.
Kakasy eýýäm ilkinji günüň dowamynda maşgaladaky emläk gatnaşyklary, aýaly bilen gyzyna-da ülüşden näme paý düşýändigi baradaky matlabyny aýdyň düşündirdi. Ol birnäçe gezek saçagyň başyndan turup, maşgala sandygyndan özüniň bäş ýyl mundan ozal tozan kärhanasyndan halas eden hasap-hesip kagyzymydyr, haýsydyr bir bellikli depderçesini alyp geldi. Onuň çylşyrymly gulpy açyp, gözlän zadyny tapyp alansoň, ýene-de açary yzyna towlaýşy aýyl-saýyl eşidilýärdi. Kakasynyň düşündirmesi Gregor üçin bimarlyga düşeli bäri eşiden ilkinji hoş habarlarynyň biridi. Ol öz kakasynyň kärhanasyndan hiç zat galan däldir öýdüpdi, kakasy hem onuň pikiriniň ýalňyşdygyny düşündirjek bolmandy, ýöne Gregoryň özem bu barada sowal berip görmändi. Onuň bar aladasy maşgalasyny göwnüçökgünlige iteren bu söwda şowsuzlygynyň tizräk unudylmasydy. Şoňa görä-de ol üýtgeşik hyjuw bilen işe girişipdi we tas bir-iki günüň içinde haýsydyr bir kinniwanja gullukçydan pul gazanmagyň başgaçarak mümkinçiliklerine eýe bolan uly dellala öwrülip, başarnygyny dessine nagt pula geçirip, haýran galmadan ýaňa depeleri gök dirän maşgala agzalarynyň öňüne oklardy. Ol döwürler juda üýtgeşik, hiç haçan gaýtalanmajak döwürlerdi, ýogsa Gregor ýeterlik derejede gazanç edip, tutuş maşgalasynyň keşigini çekmegi soň-soňlaram başarypdy. Gazanylan puly minnetdarlyk bilen kabul etmeklige onuň maşgalasam, Gregoryň özem bireýýäm öwrenişipdi, ol öz gazanjyny gypynç etmän, lükgeligi bilen çykarardy, ýöne soňabakan maşgala agzalarynyň arasynda mähremlik ýetmeýän ýalydy.
Her näme-de bolsa gyz jigisi Gregora ýakyn durardy; şoňa görä-de ol özünden tapawutlylykda sazy söýýän we wiolinany ezberlik bilen çalmagy başarýan jigisini harajatyna garamazdan, her edip-hesip edip, indiki ýyl konserwatoriýa ýerleşdirmekligi meýilleşdirýärdi. Gregor özüniň gysga wagtlaýyn şäherde galan pursatlary gyz jigisi bilen gürrüňdeşlik geçirip, konserwatoriýaly gürrüňi gozgardy, ýöne her gezegem bu maksat ham-hyýal bolup galardy, emma olaryň ene-atasy bu gürrüňiň agzalmasyny hem halamazdylar; Gregoryň welin konserwatoriýaly meýil küýünden çykmazdy we bu şatlykly habary baýramçylykda – Ysa pygamberiň doglan gününiň öň ýanyndaky agşam dabaraly ýagdaýda yglan etmekçidi.
Ör-boýuna galyp, gapa ýelmeşäýjek bolup gep diňläp durşuna onuň kellesine bolgusyz pikirler gelýärdi. Umumy ýadawlykdan ýaňa ol käýarym hiç zat diňläbem bilmän, boýnuny aşak sallap, kellesini gapa urdurýardy-da, dessine ýokary göterýärdi, çünki onuň sähelçe çybşyldysy hem goňşy otagdakylara eşidilip, hemmeleri dymmaga mejbur edýärdi. Soň kakasy, megerem gapa tarap ýüzüni öwrüp, “Ýene näme hokga çykarýarkan?” diýerdi we şondan soňra arasy üzülen gürrüňiň yzy ýene dowam etdirilerdi.
Gregor indi ähli zada göz ýetirip ugrady – çünki, bir tarapdan, kakasynyň bu işlerden daşlaşanyna esli wagt geçenligi, ikinji tarapdan bolsa, ejesiniň bir aýdylanyna dessine düşünmeýänligi sebäpli ol öz düşündirişlerini zol-zol gaýtalaýardy –, maşgalanyň başyna inen betbagtçylyga garamazdan, irräk döwürden galan az-owlak süýşürintgä el degrilmändir we bu aralykda goýumlardan gelýän girdejileriň mukdaram biraz ýokarlanypdyr. Mundan başga-da Gregoryň her aýda öýe getiren gazanjy – ol özüne sowalgalyk üçin bary-ýogy bäş-üç gulden galdyrardy – , doly harçlanylman, uly bolmadyk sermaýa öwürlipdi. Işigiň aňyrsynda duran Gregor bu garaşylmadyk aýawlylyga begenip, aýak aldygyna başyny atýardy. Aslynda Gregor bu tygşytlanan serişde bilen kakasynyň hojaýynyna bergisiniň belli bir bölegini üzüp, häzirki işinden dynjak şo-ol arzyly gününi has-da ýakynlaşdyryp bilerdi, emma kakasynyň matlabynyň has maksadaýykdygyna şübhe ýokdy.
Bujagaz sermaýanyň goýumyndan gelýän girdeji maşgalany eklemäge asla ýeterlik däldi; bu çeşmejik maşgalany ähtimal bir ýyl, aňry gitse iki ýyl dolandyrmaga ýetjekdi. Toplananja serişdäniň başy gozgalmaly däldi, aslyýetinde gara gün üçin galdyrylmalydy; gündelik sowalga üçin bolsa gazanjyň ugruna çykylmalydy. Tut ýaly sagat hem bolsa, kakasy eýýäm gartaşypdy we soňky bäş ýylyň dowamynda ýatan çöpi hem gozgamansoň, özüne bolan ynamyny ýitiripdi; ol özüniň jebir-jepaly, şowsuzlykdan doly durmuşyndaky ilkinji dynç alşyna öwrülen bäş ýylynyň içinde semreme kemini goýmandy, şoňa görä-de zordan hereket edýärdi. Indi, megerem, öýüň içindäki gezime-de zordan ýaraýan, demigysmadan ejir çekip, günaşadan açyk penjiräniň öňündäki diwana geçip ýatýan garry ejesem gazanjyň ugruna çykmaly bolar? Belki, onuň şu güne çenli kaşaň geýinmekden, uzakly gün ýatmakdan, hojalyk işine kömekleşen bolmakdan, käýarym oýun oýnamakdan, esasn-da skripka çalmakdan başga zady başarmaýan, heniz agzyndan süýt ysy gitmedik, bary-ýogy on ýedi ýaşly uýasy hem pul gazanmalydyr? Gürrüň eklenjiň zerurlygyna syryganynda utanç we gynanç duýgusyndan ýüzi lap-lap gyzýan Gregor işikden itinerdi-de, gapynyň ýanyndaky deri ýüzüne deri çekilen sowuk diwanyň üstüne özüni oklardy.
Köplenç ol uzak gijelerini şol ýerde geçirerdi, ymyzganybam bilmän, esli sagatlap deriniň üstünde gozganman ýatardy. Käýarymam azabyndan gaçman, oturgyjy penjiräniň alkymyna süýşürerdi-de, ony söýget edinip, penjiräniň erňegine dyrmaşyp çykardy-da, megerem, halas ediji ýatlamalara gark bolup, penjireden daşary garardy. Hakykatda bolsa onuň biraz uzakda ýerlereşen zatlary saýgarmasy gün-günden kynlaşýardy; jaýyň gabat garşysynda ýerleşýän, Gregoryň her gezek gözi düşeninde gargaýan hassahanasy indi asla göze ilenokdy, eger ol özüniň ümsümje, emma hakyky şäher köçesi bolan Şarlotten köçesinde ýaşaýandygyny anyk bilmedik bolsa, ol penjireden öz öňünde açylýan, çal asman bilen çal zeminiň biri-birine utgaşyp gidýän birsydyrgyn şekiline uç-gyraksyz çöllükdir öýderdi. Oturgyjyň penjiräniň ýanynda duranlygyny ikije gezek görmek hem onuň üşüklije uýasyna ýeterlik bolupdy, indi ol her gezek otagy syryp-süpürensoň oturgyjy ýene-de penjiräniň etegine süýşürerdi we Gregor uýasy bilen gürleşip, özüne edilýän ýagşylyk üçin alkyş aýdyp bilsedi, onda ol jigisiniň edýän hyzmatlaryny ýeňil kabul edip biljekdi; emma ol häzirki ýagdaýynda jebir çekýärdi. Gyz jigisi bu ýagdaýyň döreden ebeteýsizligini başardygyndan ýaşyrmaga çalyşýardy we, aradan wagt geçdigiçe, bu wezipe oňa hasam ýeňil başardýardy, emma wagtyň geçmegi bilen Gregoryňam ähli zada aňy ýetip ugrapdy. Indi onuň gapydan girmesi hem Gregor üçin aýylganç bir waka öwrülýärdi. Uýasy içeri ätläninden işigi ýapyp, Gregoryň otagyna bimährem gözüň düşmezliginiň aladasyny ederdi, penjirä tarap atylyp barşyna-da, hamana demigip barýan ýaly, ellerini bulaýlardy, howanyň sowuklygyna garamazdan, açyk penjiräniň öňünde bir sellem durardy we uludan demini alardy. Ol özüniň ylgawlamasy, goh-galmagaly bilen günde iki sapar Gregoryň zähresini ýarara getirerdi; şol pursatlary Gregor diwanyň aşagynda sazanaklap geçirerdi we uýasy otagyň penjiresini açman oňup bilenliginde agasyny şu derejede gorkmakdan halas edip biljekdigine anyk göz ýetirýärdi.
Bir gezek, bu aralykda Gregoryň näbelli jandara öwrülen gününden bäri eýýäm bir aý aşypdy we uýasyna Gregoryň daş sypatyna geňirgenmäge üýtgeşik bir esasam galmandy, gyz jigisi adatdakysyndan az-kem irräk aýlanyp, Gregoryň eýmenç halda doňup galyşyna, penjireden daşary garap durşuna gabat geldi. Eger uýasy otaga girmedik bolsady, Gregor üçin garaşylmadyk ýagdaý asla döremezdi, çünki onuň germesatan bolup durşy uýasyna penjiräni göni baryp açaýmaga päsgelçilik berýärdi; emma uýasy otaga girmekden-ä geçen, eýsem atylyp çykyp, gapynam daşyndan gulplady; kesesinden ýat adam synlap duranlygynda dagy, Gregor uýasyny gabawa düşürip, tike-tike etmekçi bolandyr diýip pikir etmäge-de ýaltanmazdy. Elbet-de Gregor dessine diwanyň aşagyna sümüldi, emma uýasynyň gelerine günortana çenli garaşmaly boldy, olam bu gezek adatdakylaryndan has biynjalyk görünýärdi. Gregor entegem öz sypatyny uýasynyň keşdi çekmeýänligine we owal-ahyram çekmejekligine, diwanyň aşagyndan çykyp duran göwresiniň sähelçe bölegini göreninde-de, ümdüzine tutdurman durmak üçin gyz jigisiniň özüne zor salmaly bolýandygyna düşündi. Öz sypatyny uýasynyň göreçlerinden gizlemek üçin Gregor günleriň birinde – bu iş üçin ol dört sagat wagtyny sarp etdi – zygyrdan dokalan körpeçäni arkasy bilen diwanyň aşagyna çekip, hatda gyz jigisi eglip seredäýeninde-de görünmez ýaly, üstüni örtdi. Eger körpeçäniň geregi ýokdur öýtse, jigisi ony aýrybam biljekdigi mesaňa-mälimdi, sebäbi ol bu ýere Gregoryň öz göwresini gizlemegi üçin getirilip goýulmandy; emma uýasy körpeçäni şol durşyna galdyrdy. Gregor bu täzeligiň uýasyna nähili ýaranlygyny bilmek üçin kellesi bilen körpeçäniň bir çetini çalaja serpeninde, göwnüne bolmasa, uýasynyň alkyşly nazaryna gözi ilen ýaly boldy.
Soňky iki hepdäniň dowamynda ogullarynyň ýanyna baryp görmäge Gregoryň ene-atasynyň bogny ysmady, ol indi köplenç öz ene-atasynyň şu çaka çenli gaharlaryny getirip gelen, işýakmaz saýan gyzlarynyň häzirki işini oňlap, öwgüsini ýetirişlerini eşidýärdi. Indi kakasy bilen ejesiniň ikisem gyzlary Gregoryň otagyny tertipläp çykynça daş işikde garaşyp durýardylar, ol görgülijik hem gapydan çykan dessine otagyň içiniň ýagdaýynyň nähilidigi, Gregoryň näme iýendigi, bu gezek özüni nähili alyp barandygy we onuň tabynyň öňkligine galandygy ýa-da birneme bäri bakyşyp ugrandygy barada jikme-jik, änigini-şänigini galdyrman gürrüň bermelidi. Ejesi-hä Gregory mümkingadar tizräk görmekçidi, emma kakasy bilen uýasy ony dürli bahana bilen pälinden gaýtarmaga çalyşýardylar, getirilýän delilleri ünsli diňleýän Gregor bolsa olaryň aýdýanlaryny öz ýanyndan makullap otyrdy. Soňra welin enäni tutaklap saklamaly boldy, ahyrsoňy ol: “Goýberiň meni Gregoryň ýanyna, ol meniň garamaňlaý perzendim ahbetin! Öz jigerbendimiň ýanyna baraýmalydygyma düşüneňizokmy?” – diýip tupan turzanynda, Gregor öz ýanyndan onuň otaga goýberilmesiniň, goý, elbet-de her gün bolmasyn, hepdede bir gezek gelmesiniň, belki, gowulyga bolmagynyň hem ähtimallygy barada oýlandy; merdemsiligine garamazdan, heniz çagalykdan doly saýlanmadyk, şoňa görä-de agyr borjy boýnuna alan uýasyna garanyňda, garabagyr ene ähli zada has gowy düşünjekdi.
Gregoryň öz käbesini görmek arzuwy tizara hasyl boldy. Ene-atasynyň aladasyny edip, ol gündizlerine penjiräniň golaýynda görünmek islemedi, iki-üç inedördül metrlik dar-dartaň ýerde bolsa ýazylyp-ýaýylyp agynara mümkinçilik ýokdy, güýlünjiräp ýatmaklyga bolsa gijelerine-de karar edip baranokdy, özüne uzadylýan naharam tiz wagtdan ýüregine düşüpdi, şunlukda ol özüni güýmemek üçin diwarlaryň we üçegiň ýüzünden eýläk-beýläk süýrenmegi endik edindi. Esasanam ol ýerde ýatanyndan üçekden sallanyp durmagy gowy görýärdi; dem almagam ýeňildi; tutuş göwre ýeňiljek çaýkanýardy, täze güýmenjesinden lezzet alyp, ýokardan sallanyp ýörşüne Gregor käýarym özüni aşaklygyna goýberip, ýere patylap düşerdi. Emma indi ol öňkülerine garanyňda öz bedenine erk edişini kämilleşdiripdi we şular ýaly beýiklikden gaçaýan halatynda hem özüne çigit ýaly zeper ýetirmeýärdi. Uýasy Gegoryň özüne täze güýmenje tapynandygyny dessine aňdy – çünki ol süýrenen ýerinde öz dabanyndaky ýelimiň yzyny galdyrýardy – we Gregoryň täze güýmenjesi üçin meýdançany giňeltmek isläp, päsgel berýän öý goşlaryny, ilkinji nobatda sandyk bilen hat-petek ýazylýan stoly otagdan çykarmagy ýüregine düwdi. Ýöne onuň ýeke özi bu agyr işiň hötdesinden gelip bilmedi; kakasyny kömege çagyrmaga bolsa bogny ysmady; hyzmatkär gyzyň hem kömek etmejegi göz-görteledi, çünki bu bary-ýogy on alty ýaşyndaky gyzjagaz öňki aşpeziň işden boşadylany bäri has ekezlenensirese-de, aşhananyň içinden kiltläp oturmaga we diňe aýratyn ýagdaýlarda açmaga rugsat berilmegini haýyş edipdi; şeýlelikde gyz jigisiniň kakasy öýde ýok mahaly ejesini kömege çagyrmakdan başga alajy galmady. Begençli ene aňyrdan ala-ýaz bolup gelse-de, Gregoryň işigine golaýlanyndan dilini ýuwdana döndi. Ilki gyz jigisi otagyň içiniň ýerbe-ýerdigini barlap, diňe şondan soňra ejesini otaga saldy. Gregor haýdaşlap, zygyrdan dokalan körpeçäni öňküsindenem beter ýygyrt atdyryp, ýene üstüne çekdi we, göräýmäge, otagyň içinde diwanyň üstüne tötänden oklanaýan körpeçeden başga üýtgeşik zat bara meňzemeýärdi. Gregor bu gezeklikçe biz matanyň aşagyndan yşyklamakdan saklandy; ol häzir ejesini görmekden el çekip, her niçigeme bolsa onuň ahyrsoňy öz otagyna gelenine şükür etdi. “Gelibersene, ol görnenogam” diýen gyz jigisi, megerem, ejesiniň elinden idýärdi. Gregor indi iki naçaryň agyr sandygy ýerinden gozgaýyşlaryny we ejesiniň ýüküň esasy agramyny öz üstüne alan gyzyna seresap bolmaklygy tabşyryşyny eşitdi. Iş uzaga çekdi. Çärýek sagatdan soň sandygy ýerinden gozgamanyňdan gowusy ýokdugyny bellän ejesi, birinjiden, onuň juda agyrdygyny we kakalarynyň gaýdyp gelerine çenli süýşürip ýetişmejekdiklerni, otagyň orruk-ortarasyndaky sandygyň bolsa Gregora süýşeneklemäge päsgelçilik döretjekdigini, ikinjiden bolsa, öý-goşlaryny aýyrmaklygyň Gregora ýamanlykmy ýa-da ýagşylyk bolýanyny bilmeýänligini aýtdy. Onuň göwnüne bu zatlar Gregora ýaramajak ýaly bolup durdy; boş diwarlara garap oturmagyň özem ene ýüregini paralaýan bolsa, näme üçin Gregorda şular ýaly duýgy oýanmasyn, çünki ol bu öý-goşlara bireýýäm ysnyşypdy we boş otagyň içinde özüni ýalňyz duýar ahyryn. “Şeýle dälmi?” – diýip, Gregoryň öz sesini eşitse-de, näme diýilýänligine düşenmeýänligine birjigem ikirjiňlenmeýän, Gregoryň oturan ýerinden düýbünden bihabar ene assaja pyşyrdap, pikirini jemledi: “Öý-goşlaryny aýyrmaklyk biziň umytdan düşenligimiziň we onuň ýeke özüni doňýüreklilik bilen taşlaýanlygymyzyň alamaty dälmi? Meniň pikirimçe, biz otagy öňki ýagdaýynda saklamaklyga çalyşsak iň gowusy bolarmykan öýdýän, çünki Gregor aramyza dolanyp geleninde ähli zadyň üýtgemänligini görüp, bolup geçen wakalary ýadyndan has tiz çykarar.”
Ejesiniň aýdanlaryna diň salan Gregor öz maşgalasyndaky birsyhly durmuş bilen baglylykda birek-biregiň arasynda pikir alyşmagyň ýetmezçiligi zerarly, soňky iki aýyň dowamynda aklyndan azaşan bolmagynyň hem ähtimaldygyna göz ýetirdi, çünki ol otagy boşatmaklyk barada özünde oslagsyz dörän islege başgaça düşündiriş berip bilenokdy. Hakykatdan hem ol islän tarapyna päsgelçiliksiz süýrenip, şol bir wagtyň özünde-de tiz wagryň içinde ynsanlyk geçmişini büs-bütin ýadyndan çykaryp bileri ýaly, miras düşen öý-goşlary arkaly ähli amatlyklar döredilen, göze yssy görünýän otagyny tep-tekiz gowaga öwürmegi küýsäýdimikän? Dogrudan hem ol eýýäm ähli zady unutmak derejesine golaýlapdy, ony diňe esli wagt eşitmedik käbesiniň sesi tisgindirip, huşuna getiripdi. Indi ýekeje zat ýerinden gozgalmaly däldi, ähli goş-golam öňki duran ýerinde galdyrylmalydy; Gregoryň häzirki ýagdaýynda öý goşlarynyň teselli beriji täsiri juda zerurdy; öýüň içindäki goşlar bolgusyz süýrenip ýörmeklige päsgelçilik döretse-de, munuň zelelden peýdasy köpdi.
Ýöne, gynansak-da, onuň uýasy başga pikirdedi; Gregoryň hal-ýagdaýy barada ene-atasy bilen geçirýän gepleşiklerinde baş bilermene öwrülýän we esassyz bolmadyk bu ýagdaý bilen halys öwrenişen uýasy üçin ejesiniň beren maslahaty häzirem diňe öz pikir edişi ýaly diňe sandyk bilen iş stoluny çykaryp oňaýman, eýsem öý goşlarynyň ählisini – şonsuz oňup bolmaýan diwandan galanyny – otagdan çykarmagyň tarapdaryna öwrülmegine ýeterlik delil boldy. Şeýle tutanýerlilik diňe bir çaga keçjallygy ýa-da soňky döwürler garaşylmadyk ýagdaýda, kynlyk bilen gazanylan öz-özüňe ynam arkaly döremändi; ol hakykatdanam Gregor üçin süýrenmäge giňişlik gerekligine göz ýetiripdi, öý goşlary bolsa, ähli zatdan görnüşi ýaly, hiç-hili derde ýaranokdy. Belki-de bu ýerde şu ýaşdaky gyzjagazlara mahsus bolan, özüňi ykrar etdirmek üçin dörän ýekeje mümkinçiligi hem sypdyrmazlyk höwesi Gretany, soňundan has artyk hyzmat görkezmek üçin, agasynyň ýagdaýyny ilki ozalkysyndanam beterleşdirmäge imrikdirendir. Çünki Gregoryň ýalňyz özüniň höküm sürýän, ýalaňaç diwarly otagyna girmäge Gretadan başga hiç kimiň bogny ysjak däldi.
Şunlukda ol öz gelen kararyny üýtgetmäge ejesine-de ýol bermedi, bu otagda nähilidir bir gorky basmarlaýan ene bolsa dilini ýuwdana dönüp, öz gyzyna sandygy çykarmakda güýjüniň ýetdiginden kömekleşmäge durdy. Aslyýetinde Gregor sandyksyz hem oňňut edip biljekdi, ýöne iş stoly welin ozalky ýerinde galmalydy. Eneli-gyz hykylap-çokulap, sandygy otagdan alyp çykdylaram welin, Gregor kellesini diwanyň aşagyndan çykardy-da, öz eserdeňligini ýitirmejek bolup, daş-töweregini synlamaga durdy. Emma, içiňi ýakaýyn diýen ýaly, goňşy otagdaky Greta sandygy ýerindenem gozgap bilmän, bir eýlesine, bir beýlesine geçip kösenýärkä, otaga ilkinji bolup ejesi dolanyp geldi. Gregoryň sypaty heniz oglunyň daş keşbine öwrenişmedik enäniň ýüregini ýarara getirjekdi, şol sebäpden haýýaty göçen Gregor gyssanmaç halda götinjekläp, diwanyň aňry başyna çekilse-de, körpeçäniň gyrasynyň biraz serpilmesiniň öňüni alyp bilmedi. Şujagaz säwligiň özi hem ejesiniň ünsüni çekmäge ýeterlik boldy. Ol sakga durup, biraz säginensoň, Gretanyň ýanyna dolandy.
Gregor özüne üýtgeşik bir hadysanyň bolup geçmeýändigini, bary-ýogy bir-iki sany öý goşunyň otagdan çykarylýandygyny gaýta-gaýta ynandyrsa-da, eneli-gyzyň iki ýana gatnamasynyň, olaryň hyk-çoklarynyň, öý goşlarynyň ýere sürtülmesinden döreýän jygyldynyň çar tarapdan ýetip gelýän aýylganç zenzelä öwrülýänligini duýdy; onsoň ol kellesi bilen aýajyklaryny göwresiniň içine ýygryp oturyşyna, bu goh-galmagala mundan artyk çydap bilmejekligini boýun almaga mejbur boldy. Eneli-gyz onuň otagyny boşatdy; gözüne yssy görnen zatlarynyň ählisine eýe çykdylar; içinde byçgy we beýleki gurallar saklanýan sandyk eýýäm çykarylypdy; häzir bolsa onuň söwda institutynyň talyby, ondan öň hünärmentçilik mekdebiniň, hatda sekizýyllyk başlangyç mekdebiň okuwçysy hökmünde öý işlerini ýerine ýetiren, aýaklary ýere çümüp giden ýazuw stoluny sogrup almaga synanyşýardylar, – häzir ejesi bilen uýasynyň päl-niýetiniň düzüwligini seljermäge-de Gregoryň wagty ýokdy, hatda olaryň bardygyny hem ýadyndan çykarypdy, çünki ýadawlykdan ýaňa seslerini çykarman işleýän eneli-gyzyň diňe aýaklarynyň tarpyldysyndan başga ses-seda eşidilmeýärdi.
Şonuň üçin ol diwanyň aşagyndan çykyp – aýallar goňşy otagda demlerini dürsemek üçin ýazuw stoluna ýaplanyp durdylar –, haýsy zadyny ilkinji nobatda halas etjegini bilmänsoň, atylyp barýan ugruny dört gezek üýtgetdi, birdenem onuň nazary näzijek perden tikilen lybasly zenanyň ýalaň diwardan asylgy, göze dürtülip duran suratyna gözi düşüp, haýdanmaç süýrenjiräp bardy-da, suratyň ýüzündäki aýna bagryny basdy, sowuk aýna bolsa onuň tutuş göwresini saklap, gyzgynly garnyna-da hoş ýakdy. Gregoryň öz göwresi bilen gizläp duran bu suratyny-ha hiç kim almasa gerek. Ol eneli-gyzyň dolanyp gelşini synlamak üçin ýüzüni myhman otagyň işigine tarap öwürdi.
Olar uzak dynç alybam durman, eýýäm yzlaryna dolanypdylar; Greta goluny ejesiniň bilinden geçirip, ony tas götergiläp diýen ýaly gelýärdi; “Hawa, indi nämäni alarys?” – diýip, Greta töweregine göz aýlanynda onuň nazary diwaryň ýüzündäki Gregoryň nazary bilen kaklyşdy. Öz ýanynda diňe ejesiniň duranlygy sebäpli sowukganlylygyny saklan gyz, ejesiniň ünsüni töweregi synlamakdan başga ýana sowmak üçin, başyny oňa tarap egdi-de: “Belki biz bir sellem myhman otaga dolanarys?” – diýip, sesini sandyradyp, hiç bir oýlanyşmazdan teklip etdi. Gretanyň niýetiniň ilki ejesini gyra sowup, soňundanam özüni diwaryň ýüzünden aýyrmakdygy Gregora aýandy. Hany, synanyşybam bir görsün! Ol üstünde oturan suratyny bererli Emma Gretanyň aýdanlary enäni has beter biynjalyk etdi, ol bir gyra çekilip, diwara ýelmenýän güllüje kagyzyň ýüzündäki äpet goňur tegmile gözi düşeninden, onuň hakykatdanam öz ogludygyna heniz doly göz ýetirmändigine garamazdan, hamala nämäniň-nämedigine göz ýetiren ýaly gyryk sesi bilen: “Eý Hudaý, eý Hudaý!” – diýip, hamala dünýe malyndan tamasyny üzen dek gollaryny serip, diwanyň üstüne ýykyldy-da, saňsar bolup ýatdy. “Wah, sen Gregor!” – diýen uýasy ýumrugyny düwüp, agasyna otlukly nazaryny aýlady. Bu jümle onuň öwrülmesinden bäri uýasynyň özüne niýetläp aýdan ilkinji sözleridi. Ol ejesini huşuna getirmek üçin goňşy otagdaky haýsydyr bir aşgara tarap okduryldy; Gregoryňam öz ejesine kömekleşesi geldi – suraty halas etmäge heran-haçan hem ýetişip boljakdy –; emma ol aýnanyň ýüzüne juda pugta ýelmeşipdi we özüni boşatmak üçin güýç görkezmeli boldy; hamala öňküleri deýin gyz jigisine maslahat berip biläýjek ýaly, olam goňşy otaga tarap ylgady, emma hiç zada goşulman, jigisiniň arkasyndan seredip durmaga mejbur boldy; bir topar çüýşejikleriň arasyny dörjeleşdiren gyz yzyna öwrüleninde zähresi ýarylara gelip, elindäki çüýşejikleriň birini ýere gaçyrdy; çym-pytrak döwülen çüýşäniň gyýygy Gregoryň ýüzüne zeper ýetirdi, haýsydyr bir ýiti ysly derman bolsa onuň ýüzünden syrykdy; Greta ýaýdanjyrap durman, ellerine sygan çüýşejiklerini alyp, ejesiniň ýanyna ylgady; işigi aýagynyň kömegi bilen ýapdy. Gregor indi öz günäsi zerarly ölüm howpuny salan ejesiniň ýanyna baryp bilmeýärdi; onuň işigi açmaga-da haky ýokdy, çünki ol ejesine em edýän uýasyny hem gorkuzmak islemeýärdi; onuň indi garaşaýmakdan başga alajy galmandy; özüni günäkärläp, puşeýman edýän Gregor eýläk-beýläk süýrenjiremäge başlady, ol bir ýerde durup bilmän diwarlaryň ýüzünden, öý goşlarynyň üstünden süýrendi, üçegiň ýüzünden sallandy, çabalanyp ýörüşine tutuş otag pyrlanmaga durdy we ahyrsoňy başy aýlanyp, ullakan stoluň orruk-ortarasyna patylap gaçdy.
Mejalsyz halda stoluň üstünde ýazylyp ýatan Gregor birhaýukdan özüne geleninde, daş töwerekden ses-seda eşidilmeýärdi, belki munuň özi gowulygyň alamatydyr. Şol pursat gapynyň jaňy kakyldy. Öýdeniçer gyz aşhananyň işigini içinden gulplap oturany üçin gapyny açmaga, elbet-de, Greta gitmeli boldy. Bu gelen kakalarydy. “Näme boldy?” diýen sowal onuň ilkinji jümlesi boldy; Gyzynyň sypatyndan ol ähli zady aňan borly. Gretanyň sesi basyk çykdy, megerem ol ýüzüni kakasynyň kükreginde gizländir: “Ejem özünden gitdi, ýöne häzir onuň ýagdaýy oňat. Gregoram bolmajysyny boldy.” “Men ondan oňlulyga garaşmaýardym” – diýip, kakasy zeýrençli gürledi, – “men näçe käkelesemem, siz zenanlar gulak asaýmaýaňyz-da”. Kakasynyň Gretanyň ýetiren gysgajyk habaryny terse çekip, ogly bir bolmasyz iş goparandyr öýdenligi Gregora aýan boldy. Şonuň üçinem ol kakasyny nähilidir bir tär bilen köşeşdirmelidigini bilýärdi, emma bolan işleri düşündirmäge onuň wagtam, mümkinçiligem ýokdy. Şunlukda ol – kakasy eýwana gadam basanyndan oglunyň diňe öz otagyna girmek isleýänine göz ýetireri we ony kowup oturman, diňe gapyny açyp bermegiň ýetikdigine, onuňam şobada öz otagyna sümüljekdigine düşüneri ýaly – öz otagynyň işigine okdurylyp bardy-da, işige gysmyljyrady. Emma kakasynyň bujagaz inçe hereketleri aňarlyk keýpi ýokdy. Sekiden içeri ätlän dessine “Hä-ä!” diýip, birgeňsi arlan kakasynyň sesinde gahar gatyşykly heşelle duýulýardy. Gregor kellesini işikden yzyna çekip, ýüzüni kakasyna tarap öwürdi. Ol hiç haçan hem kakasyny häzirki sypatda göz öňüne getirmändi; dogrusy, ol soňky döwürler süýrenjiräp ýörşi bilen bu öýüň içinde bolup geçýän wakalara başyny galdyrmandy hem-de özüniň her tüýsli kabul edilerine kaýyl bolupdy. Muňa garamazdan, her niçik-de bolsa, ol onuň kakasy ahbetin!? Bu adam birçaklar Gregor iş saparyna ugranynda ýadawlykdan ýaňa düşeginden galyp bilmeýän; sapardan gaýdyp gelen agşamlary bolsa, ogluny ýatyş geýiminde kürsiniň üstünde oturşyna, mejalsyz halda garşylan, begenjini beýan etmek üçin diňe gollaryny galgadyp oňan; ýylyň dowamynda bary-ýogy bir-iki sany dynç gününde ýa-da uly bir baýramçylyklarda bilelikde çykylýan seýrek gezelençlerinde köneje possunyna dolanyp, hasasyna seresaplyk bilen söýenip, özi sebäpli haýaljakdan gadam urýan Gregor bilen aýalynyň arasyna girip, olaryň şonsuzam haýal ýöreýişlerine garamazdan, has-da haýalrak ýörän we haçanda bir zatlar aýtjak bolanynda togtara gelip, özüne söýget bolan ýoldaşlaryny daşyna aýlan şo-ol bir adam dälmi eýsem? Häzir bolsa ol dim-dik durdy; şindi onuň egninde bank edarasynyň gullukçylarynyňky ýaly altyn ilikli, kaşaň biçüwli mawy lybas bardy; onuň köýneginiň beýik we dik ýakasynyň üstaşyry ýagjymak, ikinji alkym çykyp durdy; güri gaşlarynyň astyndan garaýan nazary hiç zady ünsden düşürerli däldi, janlydy; hemişeki buýur-bulaşyk, çal saçlar göle ýalan dek ýylmanylyp, aşaklygyna daralypdy. Ol özüniň zer hatly başgabyny – megerem haýsydyr bir banka degişli ýazgy bolsa gerek – otagyň ol çetindäki diwanyň üstüne gaýdyryp, uzyn lybasynyň syýlaryny yza serpip, ellerini jalbarynyň kisesine saldy-da, gamaşyp duran ýüzi bilen Gregoryň üstüne ýöneldi. Megerem, näme hyýala münenligini onuň özem bilmeýän bolarly; ol aýaklaryny adatdakylardan has ýokary galdyrdy we Gregor onuň äpet ädiginiň ökjesine geň galyp seretdi. Emma ol agzyna suw alan ýaly bolup durmady, çünki özüniň täze durmuşunyň ilkinji günlerinden bäri kakasynyň özüne gazaply garaýanlygyny bilýärdi. Şoňa görä-de ol kakasyndan gaçyp ugrady, kakasy säginse, ol hem aýak çekdi, kakasy sähel gozgandygy hem bes, ýene öňe okduryldy. Gaçalak-kowalaklap ýörüşlerine ataly-ogul otagyň içine birnäçe gezek aýlanyp çykdylar, ýöne üýtgeýän zat bolmady, olaryň haýaljak hereketi kowdy-gaçda meňzäbem barmaýardy. Şol sebäplem Gregor häzirlikçe ýeriň ýüzünde galmaklygy makul bildi, bardy-geldi diwara ýa-da üçege dyrmaşaýsa-da, kakasynyň öz hereketlerini biedepligiň aňry başy saýaryndan çekindi. Emma Gregor özüniň hatda şujagaz gaçha-kowluga hem uzak çydap bilmejekdigini boýnuna aldy; çünki kakasy her sapar bir ädim ädeninde, ol sansyz hereketleri ýerine ýetirmeli bolýardy. Ozalam öwerlik öýkeniniň ýoklugy sebäpli Gregoryň eýýäm demi-demine ýetmejek bolýardy. Çygynjyrap, bat almak üçin bar bolan güýjüni bir ýere toplaýarka onuň gözleri zordan açylýardy; onuň beýnisi doňup, halas bolmagyň ýazzyny bermekden başga hili täri bardyr hem öýtmeýärdi we agaçdan haşamlanyp, ýüzi ýiti uçly çişlerden doly öý goşlary söýelen diwarlaryň gaçybatalga bolup biljegini ýatdan çykarara gelipdi – birdenkä onuň ýanjagazyna, ýeňiljek zyňylan nämedir bir zat patylap düşdi-de, bir gapdala tigirlenip gitdi.Ýere gaçan alma ekeni; onuň yzysüre ikinjisem gelip düşdi; Gregor gorkujygyndan doňup galdy; gaçyp gutulara ýer galmandy, çünki kakasy onuň üstüne ir-iýmiş ýagdyrmagy niýet edinipdi. Ol tekjede duran miweli jamdan kisesini dolduryp, ol diýen çenenip hem durman, alma yzyna alma zyňmaga başlapdy. Kinniwanja gyzyl almalar tow berlen ýaly tigirlenişip, biri-birlerine degýärdiler. Gowuşgynsyzja zyňylan almalaryň biri Gregoryň ýagyrnysyna degse-de, hiç bir zeper ýetirmezden, aňrylygyna togurlanyp gitdi. Emma onuň yzyndan zyňylan ikinji alma Gregoryň arkasyna hütüläp degdi; duýdansyz urgy zerarly dörän güýçli agyryny syzan Gregor, hamala ýerini üýtgedeni bilen ýatyşaýjak ýaly, süýrenjiremesini dowam etdirmek isledi; emma ol özüni ýere çüýlenen ýaly duýdy we huşuny ýitirip, sözüň doly manysynda ýere ýazyldy. Ol iň soňky pursatda öz otagynyň işiginiň jarka açylyşyny, bagyrýan uýasyndan öňürtilän ejesiniň içki geýimde atylyp gelşini – ejesi özünden gideninde uýasy onuň arkaýyn dem alyp bileri ýaly üstki egin-eşiklerini çykarypdy, – soňundanam onuň kakasyna tarap haýdap barşyna ýolugra egninden gaçyran köýneklerine çolaşyp, kakasynyň üstüne ýykylyşyny we bir göwrä öwrülip, kakasyny gujaklaýşyny görüp ýetişdi – şondan soň Gregoryň gözi diýen etmän ugrady – ejesi aýasy açyk ellerini kakasynyň ýeňsesinden geçirip, Gregora haýpynyň gelmegini sorady.
dowamy bar...
Frans KAFKA.
Mistika we fantastika