HÖKÜM
Alabahar. Dynç gününiň guşluk çagydy. Ýaş söwdagär Georg Bendeman derýanyň kenarynda hatara düzülen, biri-birinden diňe boýy hem reňki boýunça tapawutlanýan pessejik jaýlaryň biriniň aşaky gatyndaky iş otagynda otyrdy. Ol uzak ülkede ýaşaýan ýaşlyk dostuna ýazyp bolan hatyny epläp, äwmezlik bilen bukja saldy, tirseklerini stola diräp, penjireden derýany, köprini, aňyrky kenardaky ýaşyl öwsüp ugran baýry synlamaga durdy.
Dostunyň bu ýurtdaky durmuşyndan närazy bolup, birnäçe ýyl mundan ozal Russiýa tarap yza çekilişini ýatlady. Soňky wagtlar dogduk mekana gelmesini seýrekleden dosty Peterburgda söwda-satyk bilen meşgullanyp, ilkibada işleriniň şowlandygyny aýdan bolsa, indi söwdanyň ýüzüniň gaýdanlygyndan zeýrenýärdi. Ýat ýurtda ser-sepil bolup alakjasa-da, goruny giňeltmegi başarmadyk dosty göze gelüwli ýüzüni sakgala basdyransoň, onuň sargylt ýüzi agyr derde uçranyňka meňzeýärdi. Öz gürrüňinden çen tutsaň, töweregindäki watandaşlarynyň hiç biri bilen garyşyp-gatyşmaýan, ýerli millet bilen hem zoraýakdan gatnaşýan syrma sallaha öwrülip giden bolarlydy.
Şunuň ýaly hötjet adama diňe gynanç bildirip oňaýmasaň, başga näme ýazyp bolar, kömek goluny uzadyp hem boljak däl ahyryn. Belki, oňa yzyna dolanyp gelmegi, öňki dostlary bilen gatnaşyklaryny dikeldip, ähli meselede şolaryň kömegine bil baglamagy maslahat bermelidir? Munuň üçin hiç hili bökdençlik ýok ahyryn! Ýöne oňa beýle maslahaty nähili aýtjak: «Dost şu çaka çenli eden synanyşyklaryň paşmadyk bolsa, goşuňy arkaňa daňdajyk, öýüňe dolanaý» diýjekmi? «Ulalyp oňalmadyk çaga ýaly ― düşünýän zadyň ýok, gowusy, obada galyp, üstünlik gazanmagy başaran, ähli zada göz ýetirýän dostlaryň yzyna düş-de geziber! Barybir, il-günüň dilini ýygyp bolmaz, aýdar goýarlar-da!» diýjekmi? Bu sözleri näçe sypaýyçylyk bilen aýtsaň, şonça-da çetini gyzdyrdygyň bolmazmy? Belki, ony öýüne dolanmaklyga asla yryp bolmaz, çünki ol indi öz ilindäki ýagdaýlara düýbünden düşünýän däldir, şonuň üçinem berilýän akyla has-da kejigip, dostlaryndan gitdigiçe daşlaşýandyr? Belki, dostlarynyň maslahatyna eýerip, yzyna dolanyp geleninden, bilkastlaýyn bolmasa-da, özüçe baryň-ýoguň geňeş-salasy bilen kiçelip gezeninden häzirkisi ýaly ýat ýurtda dost-ýarsyz, il-günsüz oňňut edeni ibalyrak bolar? Şu ýagdaýda onuň işleriniň öz ilinde ümzügi ileri boljagyna hem ynam ýokdy.
Şonuň üçin, eger hat-petek alyşmak isläýen ýagdaýyňda-da, özüň barada daşgyn bir tanşyňa ýazanyň ýaly, hiç bir zatdan gypynç etmän, ähli jikme-jikleri habar bermek nädogry bolardy. Dostunyň öz ýurduna gelip görmänine indi üç ýyldan hem gowrak wagt geçipdi. Ol muny Russiýadaky syýasy ýagdaýlaryň durnuksyzlygy bilen düşündirýärdi. Dünýäniň çar künjünde ruslaryň ýüzlerçe müňüsi syýahat edip ýören hem bolsa, onuň aýdýanlaryna ynansaň, bu ýagdaýlar ady-sory tanalmaýan telekeçiniň az salymlyk gözden ýitmesine-de mümkinçilik bermeýän bolarlydy.
Soňky üç ýylyň içinde Georgyň durmuşynda köp zatlar özgeripdi. Iki ýyl mundan ozal Georgyň ejesiniň aradan çykandygy, şondan bäri Georgyň garryja kakasy bilen bilelikde söwda edýändigi baradaky habary eşiden Peterburgdaky dosty munuň özüne juda agyr degendigini aýdyp, nähili hem bolsa gynanç bildiripdi.
Şondan bäri Georg söwda-satyk işlerini yhlas bilen ýöredýärdi. Belki, Georgyň kakasy ýanýoldaşy aýatda bar wagty diňe öz diýenini gögertmegi isländir, oglunyň etsem-petsemine päsgel berendir, belki, ejesiniň aradan çykmagy henizem söwdadan çekilmedik kakasynyň elini sowadandyr, ýa-da olaryň bagty çüwendir? Ýöne näme sebäp bolsa-da, soňky iki ýylyň içinde olaryň işi garaşylmadyk derejede oňyn ýola düşdi: işgärleriň sanyny iki esse artdyrmaly boldy, girdejiniň mukdary bäş esse köpeldi, hatda indiden beýläk işleriň has şowlajagyna hem şübhelenmese boljakdy.
Alysdaky dostunyň bolsa bu üýtgeşmelerden habary ýokdy. Gynanç bildirip ýazan soňky hatynda ol Georgy Russiýa göçüp gelmäge yrjak bolup, onuň ýöredýän telekeçiligi üçin Peterburgda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny tekrarlaýardy. Onuň getirýän sanlary Georgyň girdejisi bilen deňeşdirer ýaly däldi, juda azdy. Ýöne öz söwdasynyň şowlaýşy barada Georgyň hiç zat ýazasy gelenokdy, sebäbi şunça gijikdirip, işleriň gidişi barada indiden soň ýazan bolmak gelşiksizdi.
Şoňa görä-de Georg öz dostuna ähmiýetsiz, bolarbolgusyzja wakalar barada ýazyp oňaýýardy, şeýle wakalary bolsa, eliň boş wagty pikirlenip otursaň, isledigiňçe taslamak bolýardy. Ol dostunyň soňky döwürlerde öz ýurduny göz öňüne getirişine gatnaşmak, bu şekili üýtgetmek islemeýärdi. Bir gezek hem şeýle waka bolup geçdi: Georg özüniň dürli döwürlerde ýazan, biri-birinden arasy açyk hatlarynyň üçüsinde- de bir oglanyň bir gyz bilen adaglaşandygybarada ýazaýypdy welin, dosty birden bu täzelik bilen gyzyklanmaga durdy.
Georg özüniň baý maşgaladan hanym Frida Brandenfeld bilen golaýda adaglaşandygyny habar bereninden, şular ýaly bolar-bolgusyz täzelikleri ýazanyny gowy görýärdi. Ol aram-aram dosty bilen alyşýan hatlary barada gelinligine gürrüň bererdi. Şeýle gürrüňdeşlikleriň birinde gelinligi nägileligini bildirdi:
― Onda ol biziň toýumyza gelenok-da? Ýöne ähli dostlaryň bilen tanyşmaga meňem hakym bar ahyryn.
― Dostumy biynjalyk edesim gelenok ― diýip, Georg jogap berdi. ― Maňa dogry düşün: ol biziň toýumyza gelerem, iň bolmanynda, men gelermikän-ä diýýän, ýöne ol kemsinip, özüni betbagt saýar öýdýän. Belki-de, ol maňa göriplik eder, yzyna ýalňyz özüniň dolanmaly bolýanyna kemsiner. «Ýalňyz» diýen sözüň manysyna düşünýäňmi beri?
― Hawa, ýöne ol biziň toýumyz barada başgalardan eşitmezmi?
― Şonuň garşysyna-ha görüp biljek çäräm ýok. Ýöne oň özüni alyp barşy bilen-ä, haý, näbileýin-dä.
― Eger dostlaryň barysy şo zeýilli bolsa, onda öýlenjek bolmalam däl ekeniň-dä.
― Dogrusy, bu zatlara ikimizem günäkär. Ýöne men zeýrenýän däldirin.
Otlukly posalaryň derdinden demini sojap alýan gelinligi zordan dillendi:
― Maňa-ha bu zatlar agyr degýär.
Georg dostuna ähli zat hakda bolşy ýaly ýazmagyň o diýen aýylganç däldigi barada oýlandy. «Meň bar bolup bilşim şu. Goý, ol-da meni bolşum ýaly kabul etsin» ― diýen gutarnykly karara geldi. «Men dostlugyň hatyrasy üçin häsiýetimi üýtgedip bilmen-ä».
Ol, hakykatdanam, dynç güni ir bilen dostuna ýazan giňişleýin hatynda özüniň adaglaşandygy barada gysgaça habar berdi: «Iň ýakymly täzeligi men hatymyň soňuna aýap goýdum. Men gurply maşgaladan hanym Frida Brandenfeld bilen adagly boldum. Sen ony tanamarsyň. Olar biziň şäherimize sen gideniňden birnäçe ýyl soň göçüp geldiler. Gelinligim barada arkaýynçylykda gürrüň bererin, häzirlikçe bolsa ikimiziň aramyzdaky gatnaşygyň üýtgändigini aýdaýyn ― öňler seniň ýöne dostuň bar bolsa, indi bagtly dostuň bardyr. Mundan başga-da saňa häzirlikçe dogaýy salam ugradýan, gelejekde özi hem saňa hat ýazjak gelinligim hem tizara seniň iň ygtybarly dostuňa öwrüler. Munuň özi hem sallah üçin helem-hüjük zat däldir. Seniň gelmegiňi kynlaşdyrýan ýagdaýlardan habarym bar, ýöne biziň toýumyz ähli bahanalary gyra syrmak üçin ýeterlik dälmi? Her niçik hem bolsa, ýagdaýyňa seret, göwün islegiňe görä bol».
Georg stoluň başyndan turman, hatyny elinde pyrlap, esli salym penjirä garap oturdy. Köçeden geçip barýan tanşynyň salamyna-da aljyraňňy ýylgyryş bilen jogap berdi.
Ol ahyryn haty jübüsine saldy, gysgajyk däliz bilen kakasynyň indi birnäçe aý bäri girip görmedik otagyna tarap ýöneldi. Ýöriteläp görüşmegiň üýtgeşik bir zerurlygam ýokdy, sebäbi dükany bilelikde ýöredýän ataly-ogul günortanlyk nahary-da bir wagtda edinýärdi, agşamlyk şamynyň gamyny bolsa olaryň hersiniň özi iýýärdi. Dostlary ýa-da gelinligi bilen duşuşmadyk halatlary, beýle ýagdaý soňky döwürler has ýygjamlaşypdy, umumy myhman otagynda ataly-ogluň hersi öz gazetine güýmenip, bile seýrek oturýardylar.
Georg şular ýaly güneşli, sergin säherde hem kakasynyň ýatyş otagynyň garaňkyrap duranyna geň galdy. Diýmek, otagy garaňkyradýan darajyk howlynyň aňyr ýüzündäki diwar bolmaly. Ejesini ýatladyp duran dürli goşlardan doly çüňkde, penjiräniň öňünde oturan kakasy gazeti keseräk tutup, kütelişen gözlerine dynç bermäge synanyşyp otyrdy. Stoluň üstünde ir-ertirden bäri duran, entek ýygnanylmadyk ertirlik nahar el degrilene meňzänokdy.
― Hä-ä, Georg, bu asyl senmidiň? ― diýip, kakasy ogluna tarap ýöneldi. Goja ýörände agyr haladynyň öňi açylyp, etekleri galgaýardy. Georg içinden kakasynyň entegem daýawdygyny belläp, oňa habar gatdy:
― Bäri gözedürtme garaňky eken-le.
― Hawa, dogry aýdýaň ― garaňky.
― Penjiränem ýapaýdyňmy?
― Meň üçin-ä şoň ýapyk durany kem däl.
― Daşaryň howasy-ha maýyl ekeni ― diýip, öňki aýdanlarynyň üstüni ýetiren Georg dyzyny epdi.
Kakasy stoluň üstündäki gap-gaçlary ýygnap, bir tarapda goýdy.
― Aslyýetinde men toý sähedimiziň bellenendigini Peterburgdaky dostuma-da habar berendigimi aýtmaga geldim ― diýip, Georg kakasynyň hereketlerini synlamaga durdy. Ýazan hatyny jübüsinden çykarjak ýaly etdi-de, ony ýene-de dessine yzyna saldy.
― Peterburga diýdiňmi? ― diýip, kakasy sorady.
― Dostuma ― diýip, jogap beren Georg kakasyna dikanlap seretdi, içinden bolsa: «Dükanda ol düýbünden başga, bärde bolsa gollaryny gowşuryp, juda jaýlaşykly otyr» diýip oýlandy.
Kakasy bu sözi ýanjap gürledi:
― Hä-ä, dostuňa ― diýip.
― Ilkibaşda adaglaşanym barada agzamajak bolanymy özüň bilýäň-ä, kaka. Diňe dostumy alada edýänim sebäpli şeýtjekdim. Onuň häsiýetiniň agyrdygyny özüň bilýäň. Häzirki özüni alyp barşy bilen biziň toýumyz barada başgalardan eşidäýmegi gümana bolsa-da, menden bir eşitmesin diýýärdim.
― Indi pikiriňi üýtgetdiňmi? ― diýip, kakasy penjiräniň öňünde gazetini, onuň üstünden bolsa äýnegini goýup, üstüni eli bilen örtdi.
― Hawa, indi pikirimi üýtgetdim. «Eger ol hakyky dostum bolsa, meniň begenjime şärik bolmalydyr» diýen karara geldim. Ýöne haty ugratmazymdan öň şony saňa aýdaýaýyn diýdim.
― Gulak as, Georg ― diýip, dişsiz agzyny giňden açan goja sözüni dowam etdirdi. ― Sen meniň ýanyma maslahata geldiň. Munuň özi gowy zat. Ýöne, sen maňa hakykaty doly aýtmasaň, gowulygyň alamaty däldir. Men häzir dürli gepiň başyny agyrtmakçy bolamok. Ejeň aradan çykaly bäri bolup geçýän işler maňza batarlyk däl. Belki, bu işleriň netijesi pikir edişimizden has ir aýan bolar. Biziň şereketimizde men käbir zatlary aňşyryp ýetişemok, belki, menden hiç zady ýaşyrýan däl bolmaklary hem mümkin ― şeýle zatlar barada pikir edesim-de gelenok, ýöne indi öňküligim ýok, huşum kütelişipdir, ähli zady eşrepi ýaly saklamak başartmajak bolýar. Birinjiden, munuň özi kanuny zat, ikinjiden bolsa, ejeň aradan çykmagy maňa has agyr degdi. Seniň hatyň barada gürrüňi gozgamaly boldukmy, meni aldamakçy bolaýmagyn. Bu owunjak mesele gara şaýa hem degenok, şoňa görä-de ýalan sözleýji bolma. Dogrudan-da, seniň Peterburgda dostuň barmy?
Georg boz-ýaz bolup ýerinden laňňa turdy:
― Dostly gürrüňi goýalyň-la. Müň dostum hem kakamyň ornuny tutup bilmez. Bilýäňmi, men näme barada pikir edýän? Sen özüňi aýaňok. Ýöne garranyňy boýnuňa almak gerek. Dükanda men sensiz bir ädim hem ädip bilmen, ony özüňem örän gowy bilýäň, ýöne söwda saglygyňa zeper ýetirjek bolsa, onda men ertiriň özünde dükany ýaparyn. Bolmaza beýle zat. Biz seniň durmuşyňy başgaça gurnarys. Myhman otagyň içi ýap-ýagty bolsa-da, sen garaňkyda busup otyrsyň. Ertirki nahardan geregiňi edinmegiň deregine, çala tamşanyp oňaýýaň. Arassa howa janyňa şypa boljak wagty penjireleri ýapyp otyrsyň. Ýok, kaka! Men lukman çagyrjak, ikimiz onuň aýdan-diýeni bilen bolarys. Biz otaglarymyzyçalşarys, sen-ä köçä bakýan otaga geçersiň, men bolsa bärik. Sen hiç hili üýtgeşmäni duýmarsyň, ähli goşlaryňy özümiz bolşy ýaly geçireris. Bulara entek ýetişeris, oňa çenli sen düşege geç-de, dynjyňy al. Gel, men çalşyrynmagyňa kömekleşeýin, ynha, sen görersiň, meň şony başarýandygymy. Belki, meň otagyma edil şu wagt geçmek isleýänsiň? Şeýle bolsa, meniň ýerime geçäý, şeýtsek has-da dogry bolar.
Georg çal başyny aşak salan kakasynyň alkymyna bardy.
― Georg ― diýip, kakasy ýüzüni galdyrman ýuwaşja sesi bilen ogluny has golaýyna çagyrdy.
Atasynyň öňünde dyza çöken Georg onuň ýadawlykdan argyn göreçleriniň özüne garaýanyny gördi.
― Seniň Peterburgda dostuň ýok ahyryn. Sen hemişe-de oýun ederdiň, indi saklanyp bilmän, meň bilenem oýun edýäň öýdýän. Seniň Peterburgda nähili dostuň bolup bilýär! Men-ä şoňa ynanyp biljek däl.
― Oňatja ýadyňa düşür, kaka ― diýip, Georg gurpdan galan kakasyny oturgyçdan galdyryp, onuň haladyny çykardy. ― Şol dostumyň myhmançylyga gelip-gidenine üç ýyl dolup barýar. Ony halamaýanlygyň hem ýadyma düşýär. Men onuň eýýäm gaýdandygyny saňa azyndan iki gezek aýdypdym, şol wagt ol meniň otagymda otyrdy. Dostumyň özboluşly häsiýetini halamanlygyňy bilýärdim. Ýöne käwagt sen onuň bilen içgin söhbetdeşligem ederdiň. Dostum bilen gürleşip, aýdanlaryny diňläp, baş atyşyň meni begendirerdi. Ýadyňa düşýän bolsa, ol saňa rus rewolýusiýasy barada täsin wakalary gürrüň beripdi. Mysal üçin, dostum saňa öz işleri boýunça Kiýewe sapara barşyny, ol ýerde märekäniň içinden bir ruhanynyň eýwança çykyp, pyçak bilen hajyň şekili çekilen aýasyny görkezip, gan sarkyp duran elini asmana göterip, köpçülige ýüzlenişini gürrüň beripdi. Seniň özüň hem bu wakany häli-şindi her geleniň ýanynda ýatlardyň.
Georg öz gürrüňiniň arasynda kakasyny täzeden oturdyp, onuň nah geýiminiň üstünden geýen trikotaž jalbaryny, jorabyny çykarmaga ýetişdi. Garagäz bolan içki geýime gözi düşen Georg kakasyna ideg etmändigine ökündi. Onuň eşiklerini näçe wagtdan çalyşýandygyna gözegçilik etmek, elbetde, Georgyň borjudy. Ol gelinligi bilen kakasynyň geljegi barada kelam agyz dil ýarmandylar, sebäbi sesini çykarman ýören kakalary köne jaýda galar öýdýärdiler. Ýöne indi ol kakasyny öz ýany bilen täze aljak jaýlaryna göçürmegi ýüregine düwdi. Kakasy barada etjek aladalarynyň, belki, indi gijigen bolmagy hem ähtimaldy.
Georg kakasyny göterip, düşegine geçirdi. Birdenem, onuň öz boýnundaky sagadynyň zynjyryny oýnap oturyşyny görende, Georgyň depe saçy düýrügip gitdi. Ol zynjyrdan berk ýapyşan kakasyny düşekde ýatyryp bilmedi. Ýöne ýerine geçensoň goja dessine özüne geldi, üstüni ýapyp, ýorganyny bokurdagyna çenli ýokary çekdi-de, ogluna-da mähir bilen garady.
― Ýadyňa düşdi gerek? ― diýip, Georg kakasynyň göwnüni götermek üçin başyny atdy.
― Üstümi gowy basyrdyňmy? ― diýip, kakasy hamala aýagynyň gowy basyrylanyny görmeýän ýaly sorady.
― Düşege geçeniňi özüňem kem göreňok gerek? ― diýip, Georg ýorganyň ýapylyşyny barlady.
― Üstümi gowy basyrdyňmy? ― diýip, ýene-de şol soragyny gaýtalan kakasy jogap berlerine sabyrsyzlyk bilen garaşdy.
― Arkaýyn bol, gatyk basyran ýaly basyrdym.
― Ýok! ― diýip gygyran kakasy üstündäki ýorganyny bir gapdala serpip, atylyp turup, örboýuna dikeldi. Bir eli bilen perde ildirilýän erňekden ýapyşdy. ― Meniň üstümi hemişelik ýapmak isleýäniňi bilmän duramok, han ogul. Ýöne men entek per bermen. Güýç-gurbatdan galsam-da, seniň bilen bil tutuşmagy başararyn. Men seniň dostuňy gaty gowy tanaýan. Şonuň ýaly oglum bolsa, gowy bolardy. Ine, şonuň üçinem sen ony ýyllarboýy aldap gezdiň. Başga näme üçin bolsun? Meniň oňa nebsim agyran däldir öýdýäňmi? Sen öz iş otagyňda işigi gulplap oturýaň, başlygyň hamala işi köpmüşin ― ýanyna girmek bolmaýarmyşyn. Bularyň ählisini sen Russiýadaky dostuňa ikiýüzlülik bilen ýazýan hatlaryňa päsgel berilmezligi üçin edýärdiň. Ýöne ogluny aýnada gören ýaly görmek üçin ata akyl öwretmegiň hajaty ýok. Sen ataňy eýerläp münseňem, ol demini çykarman oturar derejede üstün çykandyryn, indi toý tutubermelidirin öýtdüňmi!
Üstünden gaýnag suw guýlana dönen Georg kakasyna seretdi. Kakasynyň birdenkä ýadyna düşüren Peterburgdaky dostunyň şekili Georgyň göz öňünde janlandy. Georg onuň Russiýada azaşyp ýörendigini gördi. Onuň şekili talanyp, içi boşap galan dükanyň işiginde ör boýuna galdy. Ol döwük-ýenjik tekjeleriň, aýak astyna atylan harytlaryň, goparylyp taşlanan gözenegiň arasynda durdy. Näme üçin ol beýle uzaga gitdikä?!
― Ýok, sen maňa seret! ― diýip, kakasy haýkyrdy. Dessine düşege tarap atylan Georg ýarym ýolda aýak çekdi.
― Ol haram tula köýneginiň etegini, ine, şeýdip galdyrdy ― diýip, gyryk sesi bilen heňkirýän kakasy bu şekili görkezmek üçin haladyny ýokary çermäninde, onuň budundaky uruş ýyllaryndan galan tyg yzy göründi. ― Ol tula etegini eýdip galdyrdy, şeýdip galdyrdy, garaz, seni öz guluna ― mumly ýüplügine öwürdi. Senem indi öz keýpiňi özüň görüp, hiç kimiň azary degmez ýaly, ejeň hatyrasyny unutdyň, dostuňa ikilik etdiň, kakaň demini çykarmazlygy üçin ― düşege süsňediň. Ýeri onsoň, gymyldamaz ýaly bolduňmy?
Ol hiç zatdan ýapyşman duran ýerinden aýaklaryny silkeledi. Ähli zada gözi açylan dek, ýüzüne nur çaýyldy.
Kakasyndan daşrakda duranyny kem görmedik Georg çüňke gysyldy. Ol eýýäm kakasynyň öz üstüne topularyndan ätiýaç edip, onuň ähli hereketini gözden salmazlygyň gamyny iýip goýupdy. Ýöne, hemişe bolşy ýaly, bu gezek hem ol öz gelen netijesini dessine ýadyndan çykardy.
― Ýöne dostuň aldanan däldir! ― diýen kakasy aýdanlaryny tassyklaýan terzde başam barmagyny iki ýana gezdirdi. ― Meniň hut özüm onuň şu ýerdäki wekilidim.
― Masgarabaz!
Bu sözi dilinden sypdyran Georg dilini dişlese-de, indi giçdi. Üstesine dilini dişlänliginiň yzasy endamyna ýaýrap, gözleri hanasyndan çykara gelipdi. Ol agyra çydaman, aşak oturdy.
― Ýogsam näme, sahna gurup, oýun oýnadym! Masgarabazçylyk görkezdim! Gör, nähili gowy söz! Dul galan betbagt kakaňa başga edere iş galdymy? Hany, aýt, özi hem häzirlikçe atasyna sarpa goýýan ogullygyňa galyp, aýt, şu garaňky tünekde meniň ýaly sandan galan, kümsük işgärler tarapyndan aldawa salnan garry näme iş edip biler? Öz dogmam bolsa meniň taýynlan geleşiklerime gol çekip, ýere-göge sygman gezdi, hamala halal ýaşaýan ýaly, atasyna pitjiň atdy! Öz emer-damarymy söýgüläsim gelmeýändir öýtdüňmi? Eýsem men dälmi seni öndürip-ösdürip, kemala getiren?
«Häzir ol öňe egler ― » öýden, Georgyň beýnisinde: « ― Wah, ýykylyp, boýnuny oňurdaýmazmyka!» diýen pikir at salyp geçdi.
Kakasy egilse-de, ýykylman saklandy. Georgyň özüne tarap okdurylar öýden tamasy çykmadyk goja täzeden dikeldi.
― Duran ýeriňden butnama! Golaýlaşma maňa, seniň gerek ýeriň ýok! Sen ataň ýanyna barmaga gaýratyň bardyr, ýöne islemeýäniň üçin gelmeýändirin öýdýäňmi? Gaty ýalňyşýaň! Men entek saňa garanyňda has gujurlydyryn. Belki, ýeke özümiň ejiz gelmegim mümkin, ýöne seniň ejeň maňa öz güýjüni goýup gitdi. Dostuň bilen hem dil tapyşdyk, indi seniň ähli müşderileriň meniň jübimde, ine, şu ýerde!
«Gör-le muny, ýatyş köýneginiň hem kisesi barmyşyn!» Şu jümläniň özi hem kakasyny uly ile peçan etmäge ýeterlikdigi baradaky pikir kellesinde aýlansa-da, Georg bu matlabyny dessine unutdy.
― Gelinligiňi goltuklap, öňümden çykyjy bolaýmagyn! Araňyzy üzüp goýbererin welin, näme bolup geçenine düşünmänjik galarsyň.
Kakasynyň aýdýanlaryna ynanmadyk Georg agzyny-burnuny towlaşdyryp pitjiň atdy. Goja özüniň gara çynydygyny tassyklaýan şekilde Georga bakan başyny atdy.
― Meniň ýanyma gelip, toý tutmakçydygyň barada dostuňa habar bermelimi-dälmi diýip geňeşen bolmaň näme? Onuň eýýäm ähli zatdan habary bar ahyryn, pekge! Sen menden galam-kagyzy ýygşyrmagy unudanyňda, men oňa bar zady bolşy ýaly ýazypdym. Ähli zady seniň özüňden ýüz esse gowy bilýäni üçin ol şunça ýyllap gelmekçi hem bolanok. Seniň ýazan hatlaryňy okaman, çep eli bilen mynçgalap otyrka, onuň sag elinde meniň hatlarym bardy!
Uly heşelle kakyp, ellerini asmana geren goja: « ― Ol ähli zady senden müň esse gowy bilýä!― » diýip gygyrdy.
Georg kakasynyň içini ýakmak üçin jan çekip: « ― On müň esse!» diýip, gygyrsa-da, onuň şol sözlerinde ýaňsy alamaty duýulmady.
― Şu sowal bilen geleriňe men ýyllarboýy garaşyp gezdim! Meniň başga aladam bolup biler öýdýädiňmi? Men gazet okaýandyr öýdüpmidiň? Me, al! ― diýip, goja nähilidir bir ýol bilen düşegiň astyna düşen gazeti Georgyň öňüne oklady. Könelişip giden gazetiň ady Georg üçin nätanyşdy.
― Ahyryn şu karara gelinçäň, sen näçe wagt ýöwselläp gezdiň! Ejeň pahyr oglunyň bagtyna guwanyp bilmän aradan çykdy, dostuň öz Russiýasynda sermenekläp ýör, onuň saralyp-solanyna indi üç ýyl boldy, meniň ýagdaýymy-da görüp dursuň. Garagyň gapyk däl ahyryn!
― Diýmek, sen yzyma düşüp, ysyrganyp ýörüpsiňdä?! ― diýip, Georg sesine bat berdi.
Kakasy nebsiagyryjylyk bilen, burnuna salybrak söz gatdy:
― Bu sözleri sen öň aýtmalydyň. Häzir bolsa, ýeri däl. Gojanyň soňky sözleri pert ýaňlandy:
― Indi seniň özüňden başga-da adamyň bardygyna gözüň ýetendir, ozallar-ha diňe özüňi bilýärdiň! Göräýmäge sen günäsiz oglanjykdyň, ýöne aslyýetinde şeýtana sapak beren adamdyň! Şonuň üçin hem bilip goý: men seni gark bolup ölmäge höküm edýärin! Öz yzynda kakasynyň düşege gürpüldäp ýykylan sesi otagdan atylyp çykan Georgyň gulagynda ýaňlandy durdy. Basgançakdan aşaklygyna hasanaklap barýan Georg irgözinden jaýy syryp-süpürmek üçin ýokarylygyna barýan hyzmatkär aýalyň üstaşyry depenekläp geçip gitdi. Ol aýal «Eý, Hudaý» diýip, öňlügi bilen ýüzüni ýapynça, Georg eýýäm allowarradan çykyp gidipdi. Gapydan atylyp çykan Georg köçäniň ugry bilen tasap barşyna derýa ýetdi. Ol köpriniň üstündäki germewe açlykdan aňkasy aşanyň özüne uzadylan nany tutaklaýşy ýaly ýapyşdy. Ýetginjek döwürleri gimnastikada gazanýan üstünlikleri bilen ene-atasynyň guwanjyna öwrülen Georg aňsatlyk bilen germewiň beýleki tarapyna böküp geçdi. Ol ysgyny gaçan elleri bilen germewe ýapyşyp durşuna özüniň suwa gaçanyndaky pagşyldy sesini basjak awtobusyň gelerine garaşdy. Ol: «Käbäm enem, kyblam atam, men sizi hemişe-de söýüpdim» diýip, ýuwaşja gygyrdy-da, elini gowşadyp özüni aşaklygyna goýberdi. Şol wagt köpriniň üstünde hereket köpelip, ötegçileriň yzy üzülmeýän akymy geçip durdy.
Frans KAFKA.
Nemes dilinden terjime eden Ahmet HAŞAÝEW.
Hekaýalar