09:07 Ýagşylygy ýaran edinmegi ündäp, ýaman işlere böwet bolmagyň sünnetleri | |
ÝAGŞYLYGY ÝARAN EDINMEGI ÜNDÄP, ÝAMAN IŞLERE BÖWET BOLMAGYŇ SÜNNETLERI
Pedagogika we edep-terbiýe
Geçen bölümde ýagşy işleri ýaran edinip, bidüzgünçiliklere päsgel bermegiň şertlerini gören bolsak, bu bölümde onuň sünnetlerini öwreneliň. Birinji sünnet: Ilki bilen özüňi terbiýeläp, nebsiňi günä işlerden saklamaly. Özgelere nesihat edýän zadyňy ilki bilen özüňiziň ýerine ýetirmegiňiz sünnetdir. Bir hökümdar: «Öz etmeýän işiňi ile nesihat bermek, oksuz ýaýa, ýagynsyz buluda, miwesiz baga meňzär» diýipdir. Rowaýat edilmegine görä, Allatagala bir gezek Isa pygambere: «Eý, Isa! Ilki bilen özüňe nesihat et. Eger nesihatyňy özüň berjaý edip bilseň, ony özgelere-de nesihat ber. Eger-de ony özüň berjaý edip bilmeseň, özgelere-de nesihat etme» diýipdir. HEKAÝaT Buharaly Abu Hafs Yrakdan ylym öwrenip, watany Buhara gaýdyp gelipdir. Adamlar jem bolup, ondan wagyz-nesihat sorapdyrlar. Mundan soň Abu Hafs orta çykyp, wagyz-nesihat etmekçi bolupdyr. Şol pursat aýaly oňa: – Eý, şyhym, öwrenen zatlaryňa özüň amal edýärmiň? – diýip sorapdyr. Abu Hafs aýalyna garap: – Eý, hatyn! Sen maňa ýiti ok atdyň – diýip, garaşyp oturan märekäni gaşyna çagyrypdyr-da: – Adamlar! Alym meniň öýümde eken. Entek meniň ol alymdan öwrenmeli köp zatlarym bar. Siz maslahat etmegiňizi dowam ediň – diýip, halky yzyna gaýtarypdyr. Mundan soň Abu Hafs üç ýyllap öwrenen zatlaryna amal edipdir. Üç ýyldan soň halk ondan ýene-de wagyz-nesihat sorapdyrlar. Abu Hafs ýene-de orta çykyp, wagyz-nesihat etmekçi bolupdyr. Şonda aýaly: – Eý şyhym! Öwrenen zatlaryňy amal etdiňmi? diýip sorapdyr. Abu Hafs: – Aglabasy bilen amal etdim – diýip jogap beripdir. Aýaly: – Gara nebsiňe haý diýip bilmedik pursatyň boldumy? – diýip sorapdyr. Mundan soň Abu Hafs bir salym pikirlenip oturypdyr-da: – Yraga gitmezimden öň Samarkandyň derwezesinden çykyp, gezelenç edip ýör, ýolda bakjadan gaçan bir miwäni alyp iýipdim. Mundan başga zat edenim ýadyma düşmeýär – diýip jogap beripdir. Aýaly oňa: – Sen ilki bilen ol bakjanyň eýesinden razyçylyk al, soň wagyz-nesihat edip bilersiň – diýipdir. Mundan soň Abu Hafs ýerinden turup, bakjanyň eýesiniň gözlegine çykypdyr. Sorag-ideg edip, bir otparaz adamynyň bakjasyna baryp ýetipdir. Otparazdan soraşman iýen miwesiniň razyçylygyny sorapdyr. Otparaz razy bolmandyr. Abu Hafs oňa on akja hödürläpdir. Otparaz ýene-de razy bolmandyr. Abu Hafs oňa on müň akja teklip edipdir. Otparaz muňa geň galyp, töweregindäki adamlara: «Munuň maşgalasy nähilikä, gidip göreliň» diýip, ýanyndakylar bilen öýlerine gelipdirler. Gelip onuň maşgalasy bilen tanşypdyrlar. Olar haýran galyp: «Dininiň talaplaryny berjaý etmek höwe¬sinde ujypsyzja borjy üçin on müň akja bermek, muňa ýeňil düşmez. Ýöne munuň uýýan dini hak din bolmaly» diýipdir. Otparaz ýetmiş kişi bolup gaýdyp gelip, musulmançylygy kabul edipdir. Abu Hafs mundan soň: – Aýalymyň aýdanlary dogry eken. Bir mesele üçin öwrenen zadyma amal etdim. Onuň ýetmiş adama peýdasy degdi – diýipdir. Soňra bolsa wagyz-nesihata başlapdyr. Ilkinji wagyz-nesihatynda ylmy bilen amal edýän adam hakynda, ýagny aýdýan zatlaryňa ilki bilen özüňiň amal etmegiň peýdasy hakynda durup, başyndan geçiren wakasyny aýdypdyr. Ahmet ibn Aşraf aýdýar: – Günlerde bir gün Abu Hafs bilen gidip barýarkam, yzymyzdan bir adam gelip, agyr günde agyz beklemegiň sogaby hakda sorady. Abu Hafs oňa jogap bermän, geçip gitdi. Esli wagtdan soň men¬den: – Pylan wagt ýolda menden zat soran adamy tanaýarmyň? – diýip sorady. Men oňa: – Hawa tanaýaryn – diýip jogap berdim. Abu Hafs: – Şu wagt ony getirip bilmezmiň? – diýip sorady. Men ony gidip getirdim. Abu Hafs oňa agyr günde agyz beklemegiň üstünlüklerini aýtdy. Soňra men ondan: – Pylan wagt bu adama näme üçin jogap bermediň? – diýip soradym. Abu Hafs maňa: – Şol günler men entek beýle şertde agyz bekläp görmändim. Şonuň üçin hem men oňa jogap bermegi özüme laýyk görmedim. Öz etmedik zadymy ile nähili nesihat bereýin. Eger-de men şol wagt oňa peýdasy bolmaz diýen bolsam ýalňyşardym. Sebäbi men ony tejribe edip gördüm. Onuň maňa peýdasy degdi, oňa hem peýdasy deger – diýip jogap berdi. HEKAÝAT Ybrahym Edhemiň halypasy Şakyk Balhy ýagşyzadalaryň biridir. Ol ýigitlik çaglarynda öýlerinde ýeke ýaşar eken. Günlerde bir gün dostlary bilen gidip barýarka, ýol ugrundaky otparazlaryň ybadathanasyna barypdyrlar. Şakyk Balhy dostlaryna garap: – Geliň, içine girip göreliň – diýipdir. Içeri girip görseler, owadan, görmegeý bir ýigit oda çokunýar eken. Şakyk oturan ýigide garap: – Eý, ýigit, şu gözel syratyň bilen oda çokunyp, kyýamat güni magşarda gözel syratyňy oda ýakmagy özüňe mynasyp görýärmiň? – diýipdir. Muny eşiden otparaz ýigit ýerinden turup, Şakyk Balhynyň ýüzüne bir şarpyk çalypdyr. Şakyk ýalňyşyna düşünip, sesini çykarman, yzyna çykyp gidipdir. Soňra toba edip, kämil çykansoň, bir gün şägirtlerini ýanyna alyp, ýene-de otparazlaryň şol ybadathanasyna gelipdir. Ybadathananyň gapysyna gelip şägirtlerine: – Eý, şägirtler! Bu ybadathananyň içine girip otparazlaryň ýagdaýyny göreliň. Munuň bilen Allatagalanyň özü¬mize nesip eden dogry ýoluna şükür edeliň – diýipdir. Içeri girseler ýaşy gartaşan bir adam oda çokunyp oturan eken. Şakyk oňa garap: – Eý, ýaşuly! Dünýä oduna çokunyp, şunuň ýaly gözel keşbiňi kyýamat günündäki oda atmagy özüňe mynasyp görýärmiň – diýipdir. Ýaşuly: – Eý, Şakyk, sen maňa yslamy düşündir – diýipdir. Şakyk oňa yslam dininiň taglymatlaryny düşündiripdir. Mundan soň ýaşuly Şakykyň aýdanlaryna tabyn bolup, onuň şägirtleriniň hataryna giripdir. Bu wakadan esli wagt geçensoň, Şakyk ol ýaşuludan: – Bir gezek bu ybadathana gelenimizde ýaş ýigit bar eken. Onuň bilen aramyzda şeýle-şeýle wakalar boldy. Siz şol ýigidi tanaýardyňyzmy? – diýip sorapdyr. Ýaşuly oňa: – Şol ýigit mendim – diýip jogap beripdir. Şakyk ýene-de ondan: – Şol wagtlar hem musulmançylygy düşündiripdik, emma sen kabul etmegiň ýerine, bizi urup goýberdiň. Musulmançylygy kabul etmegiňe indi näme sebäp boldy – diýip sorapdyr. Ýaşuly oňa garap: – Eý, şyhym, şol wagtlar sen nejisdiň. Nejis zat nejisi päkläp bilmez. Soňra sen arassalandyň, seniň arassalygyň meniň nejisligimi päkledi. Şol wagtlar sende men-menlik diýen ýüzügaralyk bardy. Gara zat garany hergiz agartmaz. Häzir bolsa seniň ýüzüň nurana. Seniň nuranalygyň meniň garalygymy aýyrdy. Şol wagtlar seniň düşündirişiň dil ýüzündendi, aýdýan zatlaryňa özüň amal etmezdiň. Şonuň üçin hem maňa nesihatyň peýda bermeýärdi. Häzir bolsa öz amal edýän zatlaryňy nesi¬hat edýärsiň. Edýän nesihatlaryň açyk-aýdyň bolup, onuň maňa hem peýdasy degdi – diýip jogap beripdir. Ikinji sünnet: Ýagşylygy ýaran edinmegi wesýet edip, ýaman işlere päsgel bermek isleýän adam men-menlik etmeli däldir. Ol adam kiçigöwünli bolup, gaharlanmaly däl, öwütlerini mylaýymlyk bilen aýtmaly. Ilki pikirlenip, soňra öwüt-nesihat etmeli. Meselem, nesihat edýän adam alym, garşysyndaky nadan bolsa, öz-özüne: «Ol bilmän günä edýär, men bilmegime garamazdan, nije günäler etdim» diýmelidir. Eger garşysyndaky adam köp bilýän bolsa, onda: «Beterin¬den saklasyn» diýmelidir. Özi ýaş, garşysyndaky ýaşuly bolsa: «Ol musulmançylygy menden gowy bilýändir. Mundan başga-da ýaşulular Allatagalanyň hormatyna mynasypdyrlar» diýmeli. Eger nesihatçy adam ýaşuly, garşysyndaky ýaş ýigit bolsa: «Ol entek däli ganly ýigit-dä, Allatagala oňa ynsaplylygy hem-de toba etmegi nesip etsin» diýmelidir. Eger-de nesihatçy adam päk niýetli, garşysyndaky päli ýaman bolsa: «Nije adamlar iman edip, soňra ýüz dönderdi, nijeler bolsa toba edip, ýagşy¬zadalaryň hataryna girdi. Nije kapyr mu¬sul-mançylygy kabul edip, arassa we päk mömin boldy, nije musulman bolsa, Alla saklasyn, kapyr boldy» diýen ýaly sözler bilen özüni köşeşdirmelidir. Soňra päk niýet bilen wagyz-nesihat etmelidir. Allatagalanyň razyçylygy üçin edilýän işe şahsy bähbit – gara nebis garyşmaly däldir. Hezreti Aly bir gezek bir kapyr pälwan bilen söweşipdir. Ahyry kapyry ýykyp, üstüne münüp, öldürmekçi bolupdyr. Kapyr pälwan şol pursat hezreti Alynyň ýüzüne tüýküripdir. Mundan soň hezreti Aly kapyryň üstünden turup, gylyjy gynyna salyp gidiberipdir. Kapyr hezreti Alynyň yzyndan garap: «Eý, Aly! Ertirden bäri biri-birimizi öldürjek bolup söweşdik. Meni öldürmäge pursat tapdyň, şol pursat ýüzüňe tüýkürdim. Näme üçin meni öldürmeýärsiň» diýip sorapdyr. Hezreti Aly oňa: «Seni ilkibaşda Allanyň duşmany bolmagyň sebäpli öldürmekçidim. Ýüzüme tüýküreniňden soň gaharym geldi, seni arymy almak üçin öldürýän ýaly boldum. Allanyň razyçylygy üçin başlan işime gara nebsim garyşdy. Şonuň üçin hem seni öldürmekden ýüz dönderdim» diýip jogap beripdir. Mundan soň kapyryň kalbynda yslam nury peýda bolup, musulmançylygy kabul edipdir. Ynsan ogly kähalatlarda gorkmasa nesihaty kabul etmeýär. Bu ýagdaýda ony «Seni şeýle-şeýle ederin» diýip gorkuzmak gerek. Şunuň ýaly ýagdaýda gorky bilen dogry ýola düşýän adamlar hem bolýar. Käbir adamlar nazy-nygmata ýa-da pula tabyn bolýarlar. Her hili ýagdaýda-da ýoldan azaşan adamy göwnüni tapyp, ony dogry ýola gönükdirmek gerek. Bu babatda Resulalla şeýle diýipdir: «Azan adamy dogry ýola salmak, külli ynsu-jynsyň tagat-ybadatlaryndan hem bähbitlidir». HEKAÝAT Beni Ysraýyl zamanasynda, bir welaýatda täsin bag bar eken. Adamlar şol baga çokunar ekenler. Namazhon bir adam adamlaryň Alladan özge zatlara çokunýandyklaryny görüp: «Rahat oturmak ýaraşmaz. Gowusy, bagy ýykaýyn» diýip, eline paltany alypdyr-da, agajy çapmak üçin ýola çykypdyr. Şol wagt şeýtan ol adamynyň yzyndan gelip: «Men bu agaç bilen ençeme adamlary özüme tabyn etdim. Ony çapmaga gitme, ýogsa seni heläk ederin» diýipdir. Namazhon adam: «Çapjak» diýipdir. Mundan soň şeýtan onuň bilen ýekme-ýek göreşipdir. Namazhon adam şeýtany göterip, ýere pylçapdyr. Şeýtanyň ýüregi agzyna gelipdir. Şol pursat şeýtan namazhon adama garap: «Maňa kerem et, agajy kesmeseň her gün pylança baýlyk bereýin» diýipdir. Namazhon adam onuň teklip eden baýlyk¬laryna maýyl bolup, yzyna dönüpdir. Mundan soň namazhon adamyň namazlygynyň aşagyndan her gün baýlyk çykmaga başlapdyr. Birnäçe günden baýlygyň yzy kesilipdir. Namazhon adamyň muňa gahary gelip, eline paltany alyp, agajy kesmek üçin ýola düşüpdir. Şeýtan yzyndan ýetip, onuň bilen göreşipdir. Şeýtan bu gezek namazhon adamdan dogumlanyp, gazap bilen: «Yzyňa git. Ýogsa seni öldürerin» diýipdir. Şeýtanyň haýbatyna geň galan namazhon adam, oňa: «Geçen gezek sen maňa boýun bolupdyň, bu gezek men saňa boýun boldum. Munuň sebäbi nämekä?» diýip sorapdyr. Onda şeýtan: «Geçen gezek sen Allanyň haky üçin gazaplanyp, meni boýun egdiripdiň. Bu gezek bolsa dünýä baýlygy üçin gazaplananyň sebäpli seni boýun egdirdim. Sebäbi bu ýere Allanyň haky üçin gelmegiň ýerine, sen şahsy bähbidiň bolan dünýäni arzuw edip geldiň. Yzyňa git, ýogsa öldürin» diýipdir. Mundan soň namazhon adam ant içip, yzyna gaýdypdyr. Üçünji sünnet: Ýagşylygy ýaran edinip, ýaman işlere päsgel bermek isleýän adam güler ýüzli, her bir adamynyň ýagdaýyna düşünip, hereket etmelidir. Bu babatda hezreti pygamberimiz şeýle diýýär: «Bäş wagt namaz okamak meniň borjum bolşy ýaly, halka güler ýüz bermek hem borjumdyr». Hezreti Aly şeýle diýipdir: «Üç sünneti – Allatagalanyň, pygamberleriň we ýagşyzadalaryň sünnetlerini berjaý etmeýän adam, hiç bir zat işlemedik ýaly bolar». Allatagalanyň sünneti – adamlaryň aýyplaryny görüp, ony ýüzlerine aýtmazlyk hem-de aýyplary sebäpli hyzmatkärleriň iýmitlerini kemeltmezlikdir. Adam ogluna gelişýän häsiýetleriň biri hem il öňünde kişiniň aýyplaryny paş etmezlikdir. Kyýamat güni Allatagala onuň aýbyny açmaz ýaly, ol hem özgeleriň aýbyny açmazlygy özüne endik edinmelidir. Hat-da haýr-u şer işleri ýazýan perişdeler şeýle häsiýetli adamlaryň aýyplaryny örterler. Pygamberleriň sünneti – adamlaryň ýagdaýlaryna görä aralaşmakdyr. Ynsan ogly her bir adamynyň aýratyn, özboluşly häsiýetini ünsden düşürmeli däldir. Esasy maksat adamy dogry ýola gönükdürip, ony bu ugurda terbiýelemekdir. Adama ýaranjaklyk edip, betniýetler ýaly doňuzdyr maýmynlara ýaraşýan ýaramazlygy maksat edinmeli däldir. Ýagşyzada – welileriň sünneti kynçylyklara we zorluklara sabyr edip çydamakdyr. Nije ýagşyzada dana erenler betniýetli adamlaryň zorluklaryna garşylyk görkezmän, sabyr edipdirler. Ol adamlar belki-de, şol häsiýetleriniň netijesine belent mertebelere ýetendirler. Ýagşylyga ýagşylyk, ýamanlyga ýagşylyk etmelidir. HEKAÝAT Bir gezek Fuzaýyl ibn Yýaz metjitde ybadat edip otyrka, gapydan bir adam girip, yzda duran bir näçe ýüz altyny ogurlap, torbasyna salypdyr. Soňra bir salym oturyp, torbasyny ýadyndan çykaryp gidipdir. Ertesi gün ýadyna düşüp, metjide gelipdir. Seretse goýan ýerinde torbasy ýok. Ol adam Fuzaýylyň ýakasyndan tutup: «Eý, ikiýüzli ogry, sen metjitde ybadat eden bolup, bu ýere gelen adamlaryň zatlaryny ogurlaýarsyň» diýipdir. Fuzaýyl ondan: «Näçe baýlygyňy ýitirdiň» diýip sorapdyr. Ol adam: «Pylança ýüz altynym gitdi» diýip jogap beripdir. Mundan soň Fuzaýyl metjitden daş çykyp, ýakyn tanyşlarynyň birinden talap edilýän altynlary karz alyp beripdir. Soňra ýene-de ybadat etmegi dowam edipdir. Ol adam ogry diýip ýakasyndan tutan adamsynyň ogry däl-de, Ybraýym Edhemiň halypasy Fuzaýyldygyny aňyp, eden ýalňyşyna göz ýetiripdir. Soňra Fuzaýylyň şägirt-lerinden on sanysyny jemläp, alan baýlyklaryny Fuzaýylyň öňünde goýupdyr. Mundan soň Fuzaýyl: «Ikiýüzli ogry diýip ýakamy tutan mahalyň Allatagalanyň meni öňkümden bir dereje belende göterendigini aňdym» diýipdir. Ol adam hakyny halal etdirip, alan altynlaryny sowgat hökmünde gaýtarypdyr. Ýöne Fuzaýyl onuň altynlaryny almandyr. Allatagalanyň buýruklaryny, pygamberleriň sünnetlerini, şeýle hem ýagşyzadalaryň dostlugyny berjaý etmek isleýän her bir adam ýokarda bellenen üç sünnete üns bermelidir. Ylaýta-da, ýagşylygy ýaran edinmegi ündäp, ýaman işlere päsgel berýän adamlaryň bu üç sünneti göwünjeň berjaý etmekleri örän zerurdyr. Şunuň bilen baglylykda Gurhany Kerimde şeýle diýilýär: «Şonda Biz olara (iki) ilçini iberenimizde, ol ikisini ýalançy hasap edenlerinden soň, üçünji (ilçi) bilen berkitdik». HEKAÝAT Isa pygamber Antakyýa ilatyna dini wagyz etmek maksady bilen iki sany wekil ýollapdyr. Bu iki adam şähere girip, neçjaryň ýanyna barypdyrlar. Neçjar olara garap: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorapdyr. Olar: «Biz Isanyň egindeşleri, ol bizi Antakyýa ilatyna din wagyz edip, olary dogry ýola gönükdirmek üçin ýollady» diýip¬dirler. Neçjar olardan: «Siziň hak – dogry ýoldadygyňyzy subut edýän tutarykly deli¬liňiz barmy?» diýip sorapdyr. Olar: «Elbet-de» diýip, jogap beripdirler. Neçjar: «Siziň nähili deliliňiz bar?» diýip sorapdyr. Olar: «Biz Allanyň gudraty bilen ölüni dirildýäris, körüň gözüni aç¬ýarys, hassany sagaldýarys» diýip jogap beripdirler. Şol wagtlar neçjaryň iki ýyllap hassa ýatan ogly bar eken. Neçjar ol ýigitlere garap: «Beýle bolsa siz şu oglany sagaldyň» diýipdir. Olar ussanyň hassa ýatan ogluny sagaldypdyrlar. Muny gören neçjar olaryň ündeýän dinini kabul edipdir. Mundan başga-da köp sanly adamlar olardan şypa tapyp, iman getiripdirler. Olar din wagyz edip ýörkäler düşünişmezlik ýüze çykyp, neçjar öldürilipdir. Mundan soň wagyz-nesihat üçin gelen iki ýigit tussag edilip, zyndana atylypdyr. Bu wakany eşiden Isa egindeşleriniň ýaşy ulularyndan birini – Şemguny olaryň yzyndan goýberipdir. Şemgun gelensoň, dini wagyz etjek bolup ýörmän, ilki bilen ol ýeriň at-abraýly hem-de wezipeli adamlary bilen tanşypdyr. Adamkärçiligi bilen olara özüni aldyrypdyr. Hat-da akyl-paýhasly kämil adamyň ülkesine gelendigi patyşa hem ýetipdir. Bu habary eşiden patyşa onuň bilen duşuşmak isläpdir. Ony patyşa bilen duşuşdyrypdyrlar. Şemgun patyşa bilen duşuşyp, pikir alşypdyr. Hat-da ol patyşa bilen buthana hem gidip görüpdir. Patyşa buta sežde eden wagty Şemgun hem sežde edipdir. Ýöne ol patyşanyňkydan tapawutlylykda niýetini buta däl-de Alla baglap, eliniň üstüne sežde edipdir. Günlerde bir gün Şemgun pursat tapyp, patyşadan: «Eşidişime görä pylan wagt iki sany ýigit gelip: «Butlara çokunmak nädogrudyr. Asmany ýaradan Hakdyr. Geliň, batyl butlara çokunmagy goýbolsun edip, Hak Taňra iman ede¬liň» diýenlerinde, siz olary tutup zyndana atypsyňyz. Eger-de diri bolsalar, olar bilen söhbet edip bolarmyka?» diýip sorapdyr. Patyşa tussagdakylary getirmegi buý¬ruk beripdir, olary getiripdirler. Gelenlerinden soň Şemgun olara garap: «Siz kimler bolarsyňyz?» diýip sorapdyr. Olar: «Biz Isanyň egindeşleri, hak dini wagyz edýäris» diýip jogap beripdirler. Şemgun olardan: «Siziň wagyz edýän diniňiziň hakdygyny nireden bileli?» diýip sorapdyr. Olar: «Patyşa isleýän zadyny dilesin» diýipdirler. Mundan soň patyşa buýruk beripdir. Aňyrdan dogabitdi kör oglany getiripdirler. Tussag edilen iki ýigit oglan üçin doga-dileg edipdirler. Şemgun hem olaryň edýän dileglerine öwran-öwran «Ämin» diýipdir. Şeýlelik bilen kör ogla¬nyň gözleri açylypdyr. Şemgun başyny egip patyşadan: «Butlar hem şunuň ýaly edip bilýärmikä?» diýip sorapdyr. Patyşa Şemguna garap: «Senden gizläre zadym ýok, olar ýagşydan ýamandan hiç zat etmeýärler» diýip jogap beripdir. Şemgun patyşanyň özüne beren jogabyndan onuň çokunýan zadyndan göwnüniň hoşal däldigini aňypdyr. Soňra ýene-de tussag edilen ýigitlere öwrülip: «Mundan başga nämä güýjüňiz ýetýär?» diýip sorapdyr. Olar: «Ölüni direldýäris» diýipdirler. Patyşa buýruk beripdir. Ölenine ýedi gün bolan bir merhumy getiripdirler. Tussag edilen ýigitler merhuma doga-dileg edipdirler. Şemgun hem syr bildirmän, içinden «Ämin» diýipdir. Allanyň gudraty bilen merhum dirilip: «Alladan özge taňrynyň ýokdugyna, Isanyň Allanyň hak resulydygyna güwä geçýärin» diýip, soňra-da: «Eý, kowum-gardaşlarym, men buta çokunmagym sebäpli ýedi günden bäri ýedi dowzahda ýanýaryn. Şu wagt bolsa şu görmegeý ýigitleriň Alladan dileg etmekleri sebäpli gökleriň gapysy açyldy. Eý, patyşahym, Isa hem-de şu iki ýigidiň dileg etmekleri we ýanyňyzdaky adamynyň «Ämin»» diýmegi sebäpli Allatagala maňa jan berip, ýanyňyza iberdi. Geliň, iman ediň, ýogsa siz hem meniň ýaly ebedi heläk bolarsyňyz» diýipdir. Mundan soň patyşa we onuň töweregindäki birnäçe adam iman getiripdirler. Jebraýyl perişde iman getirmedik adamlaryň hemmesini heläk edipdir. Käbir rowaýatlarda aýdylmagyna görä patyşa hem iman getirmän, heläk bolupdyr. Bu hekaýatyň aýdylmagynyň maksady Şemgunyň mylaýymlyk bilen ugurtapyjylygyny beýan etmekden ybaratdyr. HEKAÝAT Mansur ibn Ammar bazar ýolunda gezelenç edip ýörkä, owadan bir aýala gözi düşüp, oňa: «Gel, yzyma düş, saňa iki dirhem bereýin» diýipdir. Aýal onuň yzyna düşüp ýöräpdir. Mansur yzyna garanjaklap, ýene-de aýala: «Meniň yzym bilen gel, saňa dört dirhem bereýin» diýipdir. Aýal Mansuryň yzyna düşüp, onuň bilen bile gidipdir. Ahyrsoňy Mansuryň bakjasyna baryp ýetipdirler. Mundan soň Mansur namaz okamaga başlapdyr. Onuň namazy uzaga çekipdir. Aýal garaşmakdan ýaňa ýadap: «Eý, adam, meni bu ýere näme üçin getirdiň, gel, ýogsa giderin» diýipdir. Mansur aýala garap: «Bir mesele ýüze çykdy» diýipdir. Aýal ondan: «Näme meseläň bar» diýip sorapdyr. Mansur: «Bir adamynyň başga biri bilen öňden tanyşlygy bolup, ýanlarynda edýän işlerini görýän iki sany şaýatlary bar bolsa ýagdaýlary niçik bolar?» diýipdir. Aýal: «Öz haklaryny alarlar» diýipdir. Mansur: «Iki sany şaýatdan daşgary iki sany aklawjy bolsa nähili?» diýipdir. Aýal: «Bolubersin» diýipdir. Mansur: «Bu işi kazy biler» diýipdir. Aýal: «Kazy bilse ýaman bolar. Ýöne kazynyň ýanynda şaýatlar hem-de aklawjylaryň bolmagy şertdir» diýipdir. Mansur: «Men olaryň görmezligine nähili çäre görüp bilerin» diýipdir. Muny eşiden aýal alňasap ýerinden turup: «Olar nirede?» diýip sorapdyr. Mansur: «Olaryň ikisi meniň egnimde, ikisi bolsa siziň egniňizde otyr. Allatagala Gurhany Kerimde olar bilen baglanyşykly «Elbetde, siziň egniňizde eden her bir amalyňyzy ýazyp durýan beýikler (perişdeler) bardyr. Olar siziň edýän işleriňizi bilerler» diýip aýdýar» diýip jogap beripdir. Aýal muňa geňirgenip: «Hany, kazy nirede?» diýip sorapdyr. Mansur: «Kazy Allatagalanyň özüdir. Ol her bir zady görýär. Munuň bilen baglanyşykly Gurhany Kerimde: «Allatagalanyň görýändigini bilmezmisiňiz?» diýilýär» diýip jogap beripdir. Mundan soň aýalyň oýy-pikiri Allatagalany görmek bolupdyr. Ol şeýle päk niýet bilen myradyna ýetip, ahyrynda bu ugurda jan beripdir. Görüň, ugurtapyjy adam zynahor aýaly neneňsi dogry ýola gönükdirip, ony belent mertebä ýetiripdir. HEKAÝAT Baýezit Bistamy bir gezek Haktagala doga we mynajat eden wagty: «Eý, Rebbim, maňa jennetdäki goňşymy tanatsaň» diýipdir. Oňa Allatagalanyň gudraty bilen ylham gelip: «Seniň jennetdäki goňşyň pylan ýerde ýaşaýan garaýagyz bende bolmaly» diýip owaz eşidilipdir. Mundan soň Baýezit onuň gözlegine çykyp, ýaşaýan şäherine baryp ýetipdir. Şähere girip, ol adamy sorapdyr. Adamlar oňa: «Seniň özüň päk göwünli adama meňzeýärsiň. Ýöne soraýan adamyň ikiýüzli, mynapyk adam. Sen ol adamy näme etjek bolýarsyň» diýipdirler. Baýezit bolsa: «Entek maňa onuň nirededigini bir aýdyň, göreli» diýipdir. Adamlar oňa: «Ol günäkär adamlar bilen şerap alyp, pylan ýere gitdi» diýip, jogap beripdirler. Baýezit olaryň salgy beren ýerlerine baryp görse, adamlaryň aýdyşlary ýaly kyrk bolup oturan ekenler. Olaryň arasynda salgy berlen bendesi hem bar eken. Muny gören Baýezit: «Wah! Mynajatymdan soň peýda bolan ylham Alla tarapyn däl-de, şeýtan tarapyn ekenow» diýip, içini gepledip yzyna dönüpdir. Ony görüp oturan garaýagyz bende: «Eý, Baýezit, näme üçin gelşiň ýaly yzyňa gidiberdiň» diýip seslenipdir. Baýezit bu sesi eşidip, ol bendäniň hak ýoldadygyny aňypdyr-da, yzyna dönüp, olaryň ýanyna barypdyr. Garaýagyz bende ýanyndaky oturan adamlara garap: «Tanyş boluň, bu adam alymlaryň soltany Baýezitdir» diýip tanyşdyrypdyr. Şerap içip oturan adamlar Baýezidiň öňünde dyza çöküp, toba edipdirler. Baýezit ol bendä garap: «Seniň özüň hak ýolda ýöreýän Allanyň söýgüli bendesi, ýöne ýanyňdakylar günäkär adamlar. Sen bu günäkär adamlaryň arasynda näme işleýärsiň?!» diýip sorapdyr. Garaýagyz bende: «Eý, Baýezit, jennede ýalňyz gitmek mertlik däl. Bu görýänleriň öň segsen adamdy. Olaryň kyrk sanysynyň ugruny tapyp, toba etdirdim. Häzirki gün olaryň hemmesi ybadat etmek bilen meşgul bolýarlar. Bu görýän kyrk adamynyň hem göwünlerini tapyp, toba etdirjek bolup ýördüm. Meger bu seniň nesibäňdir» diýip jogap beripdir. Mundan soň olaryň kyrkysy Baýezide, öňki kyrkysy bolsa garaýagyz bendä gol ýapypdyrlar. Şeýlelik bilen segsen iki adam ybadat edipdirler. HEKAÝAT Ýagşyzada erenleriň biri goňşy welaýata wekil ýollapdyr. Wekil iberilen şähere baryp, esli wagt ýaşapdyr. Ýöne oňa gol ýapan adam bolmandyr. Ahyry ol bazara baryp, birnäçe işçini hakyna tutupdyr. Olary agşamlaryna özi bilen zikir etmäge çagyrypdyr. Zikirden soň haklaryny berip, öýlerine goýberipdir. Olar gaýdan wagtlary: «Ýagdaýyňyz bolsa ertir hem geliň, zikirden soň hakyňyzy bererin» diýer eken. Ertesi olar öňki wagtyndan ir gelip, zikir edipdirler. Şeýlelik bilen hakyna tutulan iş¬çiler soňa baka zikiriň lezzetini alyp, hak talap etmän derwüş bolupdyrlar. Netijede, ugradylan wekil kyrk galandary ýany bilen alyp, ýagşyzadanyň ýanyna gelipdir. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, ýagşylygy ýaran edinmegi ündäp, ýaman işlere böwet bolmagyň üç şerti – parzy hem-de üç sany sünneti bardyr. Birinji şert päk niýetli bolmak, ikinji şert ylymly bolmak, üçünji şert sabyrly bolmakdyr. Sünnetlerden ilkinjisi ilki bilen özüňi dogry ýola salyp, özgeleri soňra halas etmek, ikinjisi pikirlen-mek, üçünjisi adamlaryň ýagdaýlaryna görä mylaýymlyk bilen göwünlerini tapmakdyr. Elbetde, bu aýdylanlaryň her birini ýerbe-ýer berjaý etmek zerurdyr. Sebäbi alymlar bilip amal etmeýän adamyň özgelere nesihat etmegi meselesinde özara jedelleşipdirler. Bu babatda käbir alymlar bilip amal et-meýän adam nesihat etmeli däldir diýipdirler. Sebäbi Allatagala Gurhany Kerimde: «Eý, möminler, siz näme üçin öz etmeýän närsäňizi (edýäris diýip) aýdýarsyňyz?! Siziň öz etmeýän işiňizi (edýäris diýip) aýtmagyňyz Alla nazarynda öte ýakymsyz (işdir)» diýýär. Bu babatda tefsir ylmy bilen meşgul bolýan alymlaryň aglabasy bu aýatyň inmegine sebäp bolan waka ünsi çekýärler. Hezreti pygamberiň egindeşlerinden käbir adamlar: «Allatagala owalky pygamberleriň ymmatlaryna buýruk berşi ýaly, bize-de söweş etmegi buýruk bersedi, kapyrlar bi¬len söweşerdik» diýipdirler. Mundan soň söweş etmek buýrugy berlipdir. Görseler, söweş meýdanynda aýylganç pursatlar hem-de dürli belalar peýda bolýar. Muny görüp, olaryň söweşden gaçanlary hem bolupdyr. Şol sebäpden Allatagala: «Näme üçin sözü-ňizde tapylmaýarsyňyz, näme üçin aýdan zadyňyzy özüňiz etmediňiz» diýip, olary ýazgarypdyr. Şonuň üçin aýdýan zadyňa özüň amal etmezlik uly günädir. Usama ibn Zeýdiň hezreti pygamberden rowaýat edip aýdan ygtybarly hadyslarynyň birinde: «Kyýamat güni garyn-içegeleri aýagyna çolaşan bir adam dowzah oduna atylar. Ol adam ýöremek islär, ýöne ýöräp bilmez. Garyn içegeleriniň azaryndan ýaňa haýwan ýaly aýlanyp degirmene döner» diýilýär. Bu hadysy rowaýat eden adam hezreti pygamberiň: «Dowzahdaky adamlar bu adamynyň daşyna toplanyp: «Eý, pylany, sen bize şol öňki öwüt-nesihat edýän adam dälmi?» diýip sorarlar. Ol adam: «Hawa, men ýagşylygy ýaran edinmegi öwüt-nesihat ederdim, ýöne nesihat eden zatlarymy özüm berjaý etmezdim. Etmeli däl diýen zatla¬rymy özüm edýärdim» diýip jogap berer» diýendigini habar berýär. Bu ýerde getirilen aýat hem-de hadyslar, şeýle hem mysallar ylmy bilen amal etmeýän adamynyň öwüt-nesihat etmeli däldigine delildir. Muňa garamazdan, köp alymlaryň pikirine görä, özi amal etmeýän hem bolsa, özgelere öwüt-nesihat edip, ýaman işlere päsgel bolmalydyr. Belkide, bu sogap işdir. Sebäbi ynsan oglunyň garamatynda iki sany wajyp wezipe bar. Olardan biri özüniň amal etmegi, ikinjisi ýagşylygy ýaran edinmegi nesihat edip, ýaman işlere päsgel bolmakdyr. Eýsem wajyplaryň birini amal etmezlik, beýlekisiniň berjaý edilmegine päsgel bolarmyka? Amal etmezlik öwüt-nesihata päsgel bolmasa gerek. Bu ýerde öňe sürlen pikire görä görkezi¬len aýat, hadys hem-de getirilen mysallar adamyň bilýän zatlary bilen amal etmezligi we beren sözünde tapylmazlygy onuň günäkärligine hem-de azap görjekdigine delildir. Ýöne ýagşylygy ýaran edinmegi ündäp, ýaman işlere päsgel bermezlige delil bolmaz. Sebäbi bu ýerdäki gadagan ediji buýruk açyk görnüşde berilmeýär. Amal etmeýän adam nesihat hem etmesin diýilmeýär. Bu ýerde, belki-de, munuň tersine buýruk berlendir. Ýagny, amal etmeseňizde, öwüt-neshat ediň diýip aýdylandyr. Enes ibn Mälik şeýle rowaýat edýär. Hezreti pygamberiň egindeşleri bir gezek: «Eý, Resulalla! Bilýän zatlarymyzyň hemmesi bilen doly amal etmesek, özgelere ýagşylygy ýaran edinmegi nesihat berip bilmeris. Şeýle hem özümizi günä iş etmekden doly gorap saklamasak, özgeleriň günäkärligine päsgel bolup bilmeris» diýipdirler. Hezreti pygamberimiz olara: «Özüňiz doly amal edip bilmeýän bolsaňyzda, özgelere ýagşy işler etmegi nesihat beriň. Mundan başga-da özüňizi günä iş etmekden doly saklap bilmeseňiz hem özge adamlaryň günä iş etmeklerine päsgel beriň» diýipdir. Hasanyň habar bermegine görä, hezreti pygamberimiz: «Menden öwrenen zetlaryňyzy özüňiz amal ediň. Eger-de özüňiz amal edip bilmeýän bolsaňyz, ony özgelere öwrediň» diýipdir. Bu bolsa bilip öz amal etmedik ýagşy işleriňi özgelere nesihat bermegiň öňden gelýän ýörelgedigini görkezýär. «Keşaf» («Äşgär ediji») atly kitabyň awtorynyň aýtmagyna görä, bu mesele adamlary çekindirmek maksady bilen orta atylypdyr. Sebäbi öwüt-nesihat edip, ýaman işlere päsgel bermek her bir adamyň boýnuna düşen parzy aýyn däl, ol umumy halk köpçüliginiň berjaý etmeli parzy kifaýasy hasaplanylýar. Şunuň ýaly-da öwüt-nesihat edip, ýaman işlere päsgel bermäge her kimiň ukyby ýetmeýär. Öwüt-nesihat etmek ýagşyny-ýamany anyk saýgaryp bilýän adamynyň wezipesidir. Nesihat edýän adam bu wezipäni neneňsi berjaý etmegi, nähili ýerde kimlere nesihat etmegi, nirede mylaýym, nirede agyr gürlemegi, şeýle hem edilýän öwüt-nesihatyň kime peýda berip-bermejegini bilmegi zerurdyr. Emma ýarag bilen, güýç ulanyp zorluk etmeli däldir. Günä iş edýän ýazykly adamlar bilen ylalaşyp, olaryň ugruny tapmalydyr. Ymam Gazaly «Yhýa ulum ud-din» («Din ylymlaryny halas ediş») atly kitabynda haýsydyr bir jemgyýetiň ýagşylygy ýaran edinmegi ündäp, ýaman işlere päsgel berýän adamlary, eline ýarag alyp gözegçilik edýän polisiýa işgärlerine meňzedýär. Meselem, ýaragyň netijesi ýene-de ýaragdyr. Il arasynda «Agaç göni ösmese, onuň kölgesi hem göni bolmaz» diýen pähim bar. Bu kitapda başga-da şuňa meňzeş ençeme mysallar getirilýär. Ýöne olaryň ählisi hyýalda göz öňüne getirilýär. Hakykat ýüzünde bolsa beýle däl. Günä iş edýän adamlaryň öwüt-nesihat edip bilýändigi şerigat kitaplarynda aýdylýar. Ýöne ahyrzaman golaýlanda adamlaryň gözüne ýaman işler hoş görner. Şol wagt adamlara öwüt-nesihat etmegiň peýdasy bolmaz. Bu ýagdaýda görülýän bet pygyllaryň geçmegine sabyr etmek wajypdyr. Şunuň bilen baglylykda Allatagala Gurhany Kerimde: «Eý, möminler, öz kalbyňyzy biliň (ýagny günälerden saklanyň!) Eger hak ýoluny tutsaňyz, azaşan kişiler size zelel ýetirip bilmez. Ähliňiz Allanyň gaşyna barjaksyňyz, şonda Alla size eden amallaryňyzdan habar berer» diýýär. Gurhany Kerimi düşündirýän alymlar bu keremli aýaty ahyrzaman bilen baglanyşdyrýarlar. Olar bu aýadyň ýorumynda: «... emma ahyrzamanda ýagşy işleri ýaran edinmegi ündäp, ýaman işlere päsgel bermegiň sogaby has-da köpdür. Sebäbi şol wagtlar öwüt-nesihat edýän adamynyň işi köpelip, belasy artar» diýýärler. _______________________________ Akça – kümüşden ýasalan pul birligi. Ybrahym Edhem – Abu Yshak Ybraýym ibn Edhem. VIII asyryň meşhur sopusy. Ol Balh şäherinde ýaşapdyr, takwa adam bolupdyr. Soň Şam şäherine gidip, şol ýerde öz hünäri bilen gün görüpdir. 776-777-nїi ýyllarda musulmanlar bilen Wizantiýa imperatorlarynyň arasynda bolan uruşda ölüpdir. Rowaýatlara görä, ol patyşa ýa-da şazada eken, soň täç-tagtdan el çekip, ýekelikde ýaşap, ybadata meşgul bolupdyr. Şakyk Balhy – Abu Aly Şakyk ibn Ybrahym Balhy – sufizmiň görnükli wekilleriniň biri. Şakyk takmynan 790-791-nїi ýyllarda Mawerannahrda öldürilipdir. Beni Ysraýyl – Ysraýyl kowumy. Dini rowaýatlara görä, Ýakup pygamberiň perzentleri. Fuzaýyl ibn Yýaz – Abu Aly Fuzaýyl ibn Yýaz 723-nїi ýylda Abywerdiň Kewra diýen obasynda eneden doglup, 802-nїi ýylda Mekgede aradan çykypdyr. Gurhanyň 36-nїy («Ýasin») süresiniň 14-nїi aýaty. Gurhanyň 82-nїi («Infitar») süresiniň 10-12-nїi aýatlary. Baýezit Bistamy – Tifur ibn Isa. Uly pirleriň biri. Ol Eýranyň Bestam şäherinde 776-777-nїi ýyllarda eneden bolup, 845-846-nїy ýyllarda aradan çykypdyr. Gurhanyň 61-nїi («Saf») süresiniň 2-3-nїi aýatlary. Tefsir ylmy – Gurhany Kerimiň düşündirişi, ýorgudy bilen meşgul bolýan alym. Usama – hezreti Muhammediň egşindeşi, sahaba. Enes ibn Mälik – hezreti Muhammediň egşindeşi, sahaba. Parzy aýyn – namaz okamak, agyz beklemek ýaly her bir adamyň berїaý etmeli borїy. Parzy kifaýa – jynaza okap, merhum jaýlamak ýaly her bir adamyň däl-de köpçüligiň berїaý etmeli borїy. Ymam Gazaly – Muhammet ibn Muhammet. Gündogaryň meşhur alymy Ymam Gazaly 1058-nїi ýylda Horasanyň Tus şäherinde dünýä inip, 1111-nїi ýylda Tus şäherinde aradan çykypdyr. Ymam Gazaly Bagdadyň «Nyzamyýa» medresesinde sapak beripdir. Birnäçe ýyl medresede sapak berensoň, bir sebäp bilen ýerine inisi Ahmedi goýup, Bagdatdan gaýdypdyr. Bagdatdan çykandan soň, ömrüniň 10-11 ýylyny їemgyýet durmuşyndan uzakda ýaşap, matematika (ryýazat), geometriýa we astranomiýa (müїahede)…, ruhy terbiýe, kalby amal (ýürekden işleme) we ylym bilen geçiripdir. «Yhýa ulum ud-din» atly kitabyny bu döwürde ýazypdyr. Gurhanyň 5-nїi («Maida») süresiniň 105-nїi aýaty. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |