13:04 Ýagşy işleri ýaran edinmegiñ hem-de erbet işlere päsgel bermegiñ beýany | |
ÝAGŞY IŞLERI ÝARAN EDINMEGIŇ HEM-DE ERBET IŞLERE PÄSGEL BERMEGIŇ BEÝANY
Pedagogika we edep-terbiýe
Allatagalanyň Gurhany Kerimde aýtmagyna görä, mömin musulmanlar biri-birlerine ýagşy işleri ýaran edinmegi, erbet işlere päsgel bermegi wesýet etmelidirler. Muňa görä ýagşy işleri ýaran edinip, erbet işlere päsgel bermek musulmançylyk alamatlaryndan biri bolup durýar. Gurhany Kerimde aýdylmagyna görä, birek-birege ýaman işleri buýurmak ikiýüzlülik alamatydyr. Iki ýüzli kişiler biri-birlerine pyssy-pyjurlyk, mekirlik we hilegärlik ýaly dürs bolmaýan şer işleri etmegi buýurýarlar. Tagat-ybadat edip, peýdaly işler etmezligi, haýyr-sahawat ýaly ýagşy işleri işlemezligi ündeýärler. Hezreti pygamber hadyslarynyň birinde: «Haýsydyr biriňiz şerigata ýa-da akylyňyza ters gelýän şer işler işlenýändigini gören ýeriňizde, oňa güýjüňiz ýetdiginden diliňiz hem-de eliňiz bilen päsgel bermäge çalşyň. Eger eliňiz bilen päsgel bermäge güýjüňiz ýetmese, diliňiz bilen nesihat edip, päsgel beriň. Eger dil bilen nesihat etmek hem mümkin bolmasa, onda oňa kalbyňyzda orun bermän, ýigreniň» diýip belleýär. Emma ony diňe ýürekden ýigrenmek, iman ejizligini görkezer. Muny hem etmeýän adamynyň kalbynda bir bölejik hem iman ýokdur. Imanyň artyp-kemelmegi bilen baglanyşykly şeýle sorag bermek mümkin: Iman artyp-kemelýärmi? Ymam Şapygy imanyň artyp-kemelýändigini belleýär. Ýöne hanapy alymlarynyň aýtmagyna görä, iman artyp-kemelmeýär. Munuň haýsysy dogry? Jogap. Iman eden adamynyň iň çökgün pursaty – öten günälerini ýatlap, oňa meýil etmeginden başga zat däldir. Çökgün imanyň öwezini dolup kämilleşen pursaty bolsa, gadagan edilen zatlary etmezlik üçin dili hem-de eli bilen oňa päsgel bermäge girişen wagtydyr. Imanyň ortatap ýagdaýy dili bilen nesihat edip, betpygyllara päsgel bermäge girişen wagtydyr. Imanyň iň çökgün ýagdaýy betpygyllary kalby bilen ýigrenen wagtydyr. Sebäbi imanyň esasy sütüni kalp bilen tassyk etmekdir. Şonuň üçin iman känbir egsik bolmaýar. Munuň jogaby ýokarda hem berlipdi. Dil bilen ykrar etmek imanyň daşky şertidir, içki şerti däldir. Hezreti pygamberimiz aýdypdyr: «Eger-de bütin halkyň imany Abu Bekiriňki bilen bir terezide goýulsa, onda Abu Bekiriňki agyr geler». Hezreti pygamberimiziň aýdan bu sözüne esaslanyp, adamlaryň imanla¬ry¬nyň arasynda tapawutlylyk bar eken diýil¬megi mümkin. Bu ýerdäki tapawutlylyk hakykatda imanda däl, belki onuň nurunda, ima¬nyň inçe ýolundadyr. Şeýle hem iman göze gö¬rünmez içki mylaýymlykdan hem-de haýyr-sahawat işlerden tapawutlanýar. Meselem, diwarlary aýna ýaly ýalpyldap duran, bezegleri täzeden rejelenen bir öýi göz öňüne getiriň. Owadan çüýşäniň içine arassa ýag guýup, içine pagta atyp ýakanyňdan soň, penjiräniň öňünde goýsaň, öýiň içi nähili ýagty bolar. Munuň tersine diwarlary könelişen we bezegleri ýitip, garalyp giden, düşekleriniň ýerine kül we ders dökülen bir öýi göz öňüne getiriň. Bu öýüň içinde ýönekeýje çüýşäniň içine ýag guýlup, içine pelte atylyp ýakylan çyrany bu öýde goýsaň, şeýle ýagtylyk öňki çyranyň ýagtylygy bilen deň bolarmy?! Bu iki çyranyň ýagtylygy hiç haçan deň bolmaz. Aslynda iki çyranyň hem asly otdur, olar ot bilen ýagtylyk berýär. Şunuň ýaly-da, päk musulmanyň kalbyndaky iman bilen iki ýüzli musulmanyň kalbyndaky imanyň asly birdir. Olaryň ikisi hem Allanyň birligine hem-de pygamberiň hakdygyna ynanýarlar, gerekli şertleri makullap tassyklaýarlar. Ýöne päk musulman çyn ýürekden tassyklap, amal edýär. Şonuň üçin hem onuň imanynyň kuwwaty – nury artyk bolýar. Päk musulmanyň tassyk eden imanynda boşluk hem-de göçgünlik ýokdur. Şonuň üçin ondaky imanyň nury artykdyr. Onuň kalby ahlak taýdan ýumşar, beden taýdan ýagşy amallar edip, kämil derejä ýeter. Şeýlelik bilen ilkinji çyrada bolşy ýaly, päk musulmanyň imany nur saçar. Ýöne iki ýüzli musulmanyň kalbyndaky iman, ikinji çyranyň ýagtylygynda bolşy ýaly körekdir. Onuň nähoş ahlagy bolup, eden işlerinde erbetlikler agdyklyk edýär. Elbetde, ikinji çyrada kemçilik ýok, ýöne onuň ýagtylygy birinji çyranyňky ýaly şöhle saçmaýar. Iki¬siniň arasyndaky tapawutlylyk, belki-de olaryň nurunda we berýän netijesindedir. Ýagşylygy ýaran edinip, erbet işlere böwet bolmak wezipesini berjaý etmek meselesinde käbir alymlar şeýle diýýärler: «Erbet işlere ýol bermezlik ýolbaşçylaryň we hökümdarlaryň wezipesi, oňa dil bilen päsgel bermek alymlaryň wezipesi, erbet işleri goldaman, olara garşy ýürekde ýigrenç döretmek bolsa am-ýönekeý adamlaryň wezipesidir. Jabyryň hezreti pygamberimizden rowaýat etmegine görä, bir hadysda şeýle diýilýär: «Allatagala bir perişdä garap: «Pylan şäheri we onuň halkyny ýer bilen ýegsan et» diýip buýruk berdi. Perişde: «Eý, Allam, ol şäherde seniň pylan bendäň bar. Ol ben¬däň bütin ömründe göz ýumup-açasy salym hem sizden ýüz dönderen däldir» diýdi. Allatagala bolsa: «Ony-da olar bilen bilelik¬de heläk et. Çünki ol her gezek halky görüp ýigrenmeýärdi» diýdi. Hezreti Äşäniň aýtmagyna görä, bir gezek hezreti pygamber: – Allatagala bir gezek pygamberleriňki ýaly tagat-ybadat edip ýören ýetmiş müň ilatly welaýaty heläk etdi – diýipdir. Oturanlar ondan: – Eý Allanyň Resuly, näme üçin? – diýip sorapdyrlar. Hezreti pygamber olara: – Ol welaýatyň ilaty azypdy. Päk musulmanlar bolsa olara gahar edip, Allanyň gadagan eden zatlaryny etmeklerine päsgel bermändirler. Şonuň üçin Allatagala bütin welaýaty heläk edipdir – diýip jogap beripdir. Rowaýatda aýdylmagyna görä, Musa pygamber bir gezek doga-dileg eden mahaly: – Eý, Rebbim! Bir ülkäni azmaklary sebäpli heläk eden mahalyň, olar bilen bile ençeme päk adamlar hem heläk bolýar. Munuň hikmeti näme? – diýip ýüzlenipdir. Musa pygamber şol pursat Alla tarapyn uklapdyr. Şonda Allatagala garynja buýruk beripdir. Garynjalar gelip Musanyň aýagyna üýşüpdirler. Onýança bir garynja Musanyň aýagyndan dişläpdir. Muňa oýanan Musa garynjalara gahar edip olaryň hemmesini öldüripdir. Mun¬dan soň Allatagala Musa pygambere ýüzlenip: «Eý, Musa! Seni dişlän ýeke¬je garynjady. Beýlekileriň günäsi nämedi, olary hem öldürdiň?!» diýipdir. Mu¬sa pygamber: «Eý, Allam! Özümi dişlän ýekeje garynja gahar edip, beýlekileri hem öldürdim!» diýipdir. Şonda Allatagala Musa pygambere ýüzlenip: «Eý, Musa! Men hem seniňki ýaly ilatyň bir bölegine gahar edip, beýlekilerini hem bilelikde heläk edýärin» diýipdir. Abu Ymamanyň rowaýat etmegine görä, hez-reti pygamberimiz bir hadysynda şeýle diýýär: «Kyýamat güni ymmatymyň bir bölegi doňuz we maýmyn keşbine girerler. Bu keşbe giren adamlar şahsy durmuşlarynda günäkär adamlaryň göwünlerini ýykmajak bolup, ýa bolmasa aýdanlaryny ýerine ýetirmezler öýdüp ýagşylygy wesýet etmän, erbetliklere päsgel bolmadyk adamlardyr». Nugman ibn Beşiriň aýtmagyna görä, hezreti pygamberimiz bir hadysynda şeýle diýýär: «Günä işleýän adamynyň we güýji ýetse-de oňa päsgel bermeýän adamynyň, şeýle hem günä edýänlere goldaw berýän adamynyň ýagdaýy şu tymsalda görkezilýär: «Üç adam biriniň öýüne myhmançylyga barypdyrlar. Olaryň käbiri aşakda, käbiri ýokar¬da oturypdyr. Aşakda oturan adam eline pyçak alyp: «Kimiň gözüni oýup suw çykaraýyn» diýipdir. Ýanyndakylardan biri «Şeýtseň gowy bolardy» diýipdir. Beýleki adam bolsa: «Pyçagy onuň elinden alyp bilmezmiň?! Ýogsa ol bizi hem heläk eder» diýipdir. Ýanyndaky adam: «Her kim diýýän zadyny özi gowy bilýär. Suw çykarsa çykarsyn, näme etse etsin» diýipdir». Bu ýagdaýda, eger-de, olar ol akmagyň elinden pyçagy alsalar, özleri hem-de özge adamlar biynjalyk bolmazdylar. Eger-de oňa päsgel bermän, ýol berseler, suw çykyp kimi gark etjegi belli däl. Bu ýerde günä etmeklige sebäp bolýan adam günäkärdir. Pyçagy akmagyň elinden almak isleýän adam bolsa, ýagşy işler etmegi wesýet edip, bet pygyllylara böwet bolýan adamdyr. Bu adamyň aýdanlary berjaý edilen ýagdaýynda adamlar rahatlyk duýup, zyýan çekmekden gorkmazlar. Döşüni gerip, günäkärlere goldaw berýän adamlar ýagşylyk etmäge päsgel berýän adamlardyr. Eger-de halk günä edýän adamlaryň öňüni almasa, Allatagala günäli-bigünä, olaryň ählisini heläk eder. Hasan Basrynyň aýtmagyna görä, bir gezek hezreti pygamberimiz şeýle diýipdir: «Ymmatymdan şehit bolan adamlaryň ara¬synda iň belent sepgide ýetenleri, ýagşylygy wesýet edýändigi sebäpli tussag edilip, zalym hökümdar tarapyndan öldürilenlerdir. Olaryň jaýy jennetdir. Olaryň özleri-de şehitleriň rüstemi Hamza bilen Japaryň aralygynda orun tapar». Mundan başga-da hezreti pygamberimiz: «Eger-de zalym ony öldürmese, onda ýagşylygy ýaran edinip, ýaman işlere päsgel berýän adamyň eden günäleri ýazylmaz» diýipdir. _______________________________________ * Ymam Şapygy – Muhammet ibn Idris Şapygy dört ymamyň biri. Ol şapygy mezhebini esaslandyrypdyr. Ol 204/819-njy ýylda aradan çykypdyr. * Hanapy alymlar – Ymam Agzam Abu Hanapynyň taglymatlaryna esaslanýan, hanapy mezhebine uýýan alymlar. * Jabyr – doly ady Їabyr ibn Semuradyr. Ol hezreti py-gamberimiziň egindeşi, hadys ýazan sahabalaryň biri. Ol 693-nїi ýylda aradan çykypdyr. * Nugman ibn Beşir – Hezreti Muhammediň egindeşi. Ol 683-nїi ýylda aradan çykypdyr. * Hasan Basry – uly pirleriň we alymlaryň biri. Ol 641-642-nїi ýyllarda, Omaryň halypa bolan mahalynda Medinede dünýä inipdir. Hasan örän dindar adam bolupdyr. Basrada ýaşap, ol ýerde sapak beripdir, wagyz-nesihat edipdir. 730-731-nїi ýyllarda aradan çykypdyr. * Hamza – Hamza ibn Abdylmuttalyp hezreti Muhammediň kakasynyň dogany. Ol 624-nїi ýylda Uhut söweşinde Wagşy atly garaýagyz adam tarapyndan şehit edilýär. * Japar – Japar Taýýar. Hezreti Alynyň özünden 15 ýaş uly dogany. Hebeşistana hiїret edilen wagty musulmanlara ýolbaşçylyk eden sahaba. Ol 629-nїy ýylda şehit bolýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |