14:49 Ýagşylygy ýaran edinip, erbet işlere böwet bolmagyň şertleri | |
ÝAGŞYLYGY ÝARAN EDINIP, ERBET IŞLERE BÖWET BOLMAKLYGYÑ ŞERTLERI
Pedagogika we edep-terbiýe
Ýagşylygy ýaran edinip, erbet işlere päsgel bermek meselesinde bilinmeli bolan zerur üç şert bar. Olardan birinjisi päk niýetli bolmakdyr. Meselem, asyl maksat Allanyň buýruklaryny berjaý etmek we hezreti Muhammediň ýörelgesini beýan edip, dowam etdirmek bolmalydyr. Hakykaty aýan etmäge çalyşmaly we baýlyk gazanmagy mak.sat edinmeli däldir. Bilmezlik edip ýamana ýaran bolmakdan hüşgär bolmalydyr. Ýagşylygy ýaran edinmegi we erbet işlerden daş durmagy ündeýän adam, Allanyň razyçylygyny gazanmagyň ýerine, şahsy bähbidini öňe sürse ýa-da bu wezipäni özgeleri am hasaplamak maksady bilen berjaý etse, öz günäsi özge adamlaryňkydan has köp bolar. Gara nebsiň şerinden we edýän işlerimiziň erbetliginden Allanyň özi gorasyn! Asyl maksat Allanyň buýruklaryny berjaý etmek bolmagyna garamazdan, kä hatlMmarda tötänleýin bet nebsiň aralaşmagy ähtimal. Mümkin boldugyndan bet nebisden hem saplanmak gerek. Ikinji şert alym adam maşgala agzala¬ry hem-de özge adamlaryň arasynda buýruk beren wagty – buýruklarynyň parz, wajyp ýa-da sünnetdigini bilmelidir. Höküm berýän adam aýat we hadyslardan, şeýle hem alymlaryň söz birligi bilen kabul eden şahsy kanagatlaryndan (yjmaýy ymmat) özbaşdak delil çykaryp bilýän adam bolmalydyr. Parz bolan buýruklar ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda ýagşylygy ýaran edinmegi wesýet etmek parzdyr. Wajyp işler terk edilen pursatynda onuň berjaý edilmegini ündemek wajypdyr. Sünnet we edilmegi gowy görülýän işlerde hem muny ölçege almak bolar. Meselem, birinjiden namaz okaljak mahaly içki hem-de daşky hapalyklardan arassalanmak (gusul we täret almak), oraza aýynda agyz beklemek, gurby ýetýän adam üçin zekat bermek, haja gitmek akyly goýalyşan her bir musulman üçin parzdyr. Şunuň ýaly ýerine ýetirilmegi parz bolan işleri bölekleýin ýa-da düýpden ýerine ýetirmeýän adamlary göreniňde, öwüt-nesihat etmek parzdyr. Bu ýagdaýda nesihat etmeýän adam günäkär bolar. Haja giden her bir adamynyň pitre bermegi, juma namazyny juma namazynyň okalýan ýerlerinde okamagy, namaz okan mahaly seždeleri doly ýerine ýetirmegi ýaly amallar wajyp hasaplanýar. Şunuň ýaly wajyp amallary terk eden adamy göreniňde, öwüt-nesihat bermek wajypdyr. Sünnet hem-de mustahap hasaplanylýan işleriň ýagdaýy hem şu¬nuň ýalydyr. Sünnet hasaplanylýan işleri terk eden adama öwüt-nesihat etmek sünnet, mustahap hasaplanylýan amallary terk eden adama öwüt-nesihat etmek mustahap bolýar. Ikinjiden – alym adamynyň ýaman işlerden saklanmagy nämä gerek?! Günäkär adamynyň günä etmezligi üçin näme etmeli. Günäkär adama edýän işleri sebäpli gönümel nesihat etmegiň peýdasy ýok. Bu ýagdaýda ilki bilen oňa: «Muny näme üçin beýle etdiň» diýip, soramaly, soňra mylaýymlyk bilen: «Indikile beýle etmegin» diýmelidir. Haçan-da ol adam günä iş etse, sen oňa päsgel ber. Günä iş edýän adam özüniň günäkärdigini bilmelidir. Eger-de günäkärdigini boýun almasa, onda onuň günäkärdigini subut edip görkezmelidir. Eger-de onuň edýän işi şe¬rap içmek, zyna etmek ýaly hemmeler tarapyndan ýazgarylýan günäler bolsa, oňa delil getirmegiň hajaty hem ýokdur. Wesýet edýän adam, wesýet edilýän adamynyň mezhebini – onuň ýörelgesini bilmelidir. Ähtimal, bir mezhepde günä hasaplanylýan zat, beýleki mezhepde günä hasaplanylýan däldir. Meselem, hanapy mezhebine uýýan bir adamyň şapygy mezhebine uýýan bir adamynyň süýrenji jandaryň etini iýýändigine duş gelmegi ähtimal. Hanapy mezhebine görä, süýrenji jandaryň etini iýmek dürs däldir. Ýöne bu şapygy mezhebine görä dürs hasaplanylýar. Şunuň ýaly-da, şapygy mezhebine görä, towşan etini iýmek dürs däl, ýöne hanapy mezhebine görä, towşan etini iýmek dürs hasaplanýar. Şunuň ýaly ýagdaýda her bir ynsanyň ýörelgesine hormat goýulmagy gerek. Sebäbi bu ýerde ýüze çykýan mezhep tapawutlylygy, delillerden özbaşdak höküm çykaryp bilýän alymlaryň şahsy ýörelgelerine we pikirlerine esas-lanýar. Bu ýörelgelere hormat goýmak gerek, olary kabul etmezlik ýalňyşlykdyr. Öwüt-nesihat etmekde bilinmegi zerur zatlaryň ýene biri, nesihat ediljek şert bilinmeli, ýagny günäkär adamyny günä iş etmekden saklamagyň wajyp, mustahap ýa-da haramdygyny bilmelidir. Bir adamynyň hakykatdan-da günä iş edýändigini görseň, şol adamynyň ediljek nesihaty kabul etjekdigini bilseň we muny edeniň bilen özüňe zyýan gelmejegine gözüň ýetse, oňa nesihat edip, günä iş etmegine päsgel bermek wajypdyr. Bu ýagdaýda ses çykarman ümsüm oturmak günädir. Adamyň eden nesihatyňy kabul etmejekdigini bilmegiňe garamazdan, özüňe zyýan gelmejegini bilip nesihat etmek mustahapdyr. Sebäbi dini öwrenmek we öwretmek musulmanlary kämilleşdirýär. Bu ýagdaýda sesiňi çykarman oturmak günä ha-saplanmaz. Eger-de, günäkärlige päsgel bereniňde özüňe howp abanjakdygyny bilseň, et¬jek nesihatyňy kabul etmejekdigine gözüň ýeten pursatynda, sesiňi çykarman oturmak gerek. Meselem, ýol ugrunda eli bir bulgur şe¬raply ýa-da eli sazly bir adamyň elin-däkini alyp döwmek bolar. Ýöne olar özüňi urup, namysyňa degerler. Bu ýagdaýda sesiňi çykarmazlyk günä däldir. Ýöne urulsaň-da, sögülseň-de günä işlere päsgel bermek mustahapdyr. Eger-de bir adama ýagşylyk etjek bolup, günä iş etmegine päsgel bermekçi bolan wagtyň, özüňe zeper ýetjegine gözüň ýetse we munuň bilen günäkärligiň togtaman möwç aljakdygyny bilen pursatyňda, ne-sihat edip, päsgel bermek wajyp däldir. Bu ýagdaýda mustahap hem bolmaz, belki haramdyr. Meselem şäher ýa-da oba ýerinde ýaşaýan adamyň töwereginde edilýän bidüzgünçilikleriň öňüni alyp bilmänligi sebäpli, watanyny terk etmegi gerek däldir. Bu ýerde esasy zat bidüzgünçiliklere garyşmazlykdyr. Eger-de günäkärleriň täsiri özüne hem ýetjek bolsa, onda watany terk edip göçüp gitmek bähbitlidir. Bu barada hezreti pygamberimizden bir hadys rowaýat edýärler: «Dini mesele sebäpli ilinden göçüp giden her bir adam, göçüp giden ýeri her näçe ýakyn bolsa hem din ugrunda göçmegi sebäpli, jaýy jennet bolar. Jennetde Ybraýym pygamber bilen goňşy bolup ýaşar». Bu ymmatyň atasy ýa-da pygamber bilen ataly-ogul bolmak ýa-da hijret eden adamlar bilen hezreti Muhammede goňşy bolup ýaşamak manysyny aňladýar. ■ Üçünji bilinmeli zat bidüzgünçilik etmezligi kim kime nesihat edýär?! Nesihat edýän adamynyň durmuşdaky ornuny, onuň il arasyndaky mertebesini bilmegi gerek. Meselem, patyşa ýa-da beýleki ýolbaşçylar öz raýatlaryna nesihat edýärlermi, ene-ata çagalaryna, adamsy aýalyna, baý öz hyzmatkärine, ýa bolmasa halypa şägirdine nesihat edýärmi. Belki-de, munuň tersi bolmagy hem ähtimal. Birinjiden, bu ýagdaýda kimiň kime tabyn bolýandygy bilinmelidir. Ikinji¬den, tabyn bolan adamyň sogaby ýa-da ýüz dön¬deren adamynyň jerimesi näme? Şunuň ýaly-da günäkär adama beriljek azap ýa-da günäden ýüz dönderen adama berilýän sogap näme? Berlen nesihat kabul edilse ne ýagşy?! Eger kabul edilmedik pursatynda gaharlanyp gygyrmaga ygtyýar berilýär. Ýöne paýyş söz¬ler bilen sögünmek bolmaz. Meselem, «akmak», «nejis», «ýüzsüz» diýen ýaly sözler bilen gaharlanyp gygyrmak bolar. Eger munuň bilen hem bolmasa urmaly. Uranyň bilen hem bolmasa ellerindäki haram zatlary çekip almaly we bidüzgünçilige ýol bermeli däl. Munuň tersine bolmagy hem ähtimal. Raýat hökümdara ýa-da ýolbaşça, çaga ene-atasyna, aýal adamsyna, hyzmatkär hojaýynyna, şägirt halypasyna ýagşylygy ýaran edin¬megi nesihat eden pursatlary bolar. Meselem, raýat hökümdara we ýolbaşçylaryna ýagşylygy ýaran edinmegi nesihat edýän pursatlarynda, tabyn bolan adam bilen günäkär adamyň, borjuny ýerine ýetiren adam bilen ýeri¬ne ýetirmeýän adamyň aratapawudyny düşün-dir¬melidir. Mundan öte söz sözlemek borç däldir. Artyk sogap gazanjak bolup günä iş edýän adamynyň elinden tutup, päsgel bermek ýerlikli däldir. Ýöne, eger-de, nesihat edeniň bilen dawa çykmajagyna gözüň ýetse, päsgel bermek bolar. Ýagşylygy ýaran edin¬megi çagalar ene-atalaryna nesihat etmekçi bolsalar, ilki bilen düşündiriş işlerini geçmeli, soňra nesihat etmelidir. Nesihat bir¬den artyk gaýtalanmaly däldir. Ýöne her bir bidüzgünçilik edilen pursatynda nesihat edip durmalydyr. Emma urup-sögmeli däldir. Eger-de, ellerinde şeraply bulgurlar bar bolsa, onda uly zyýan çekilmejek bolsa, edýän bidüzgünçilikleriniň öňüni almak maksady bilen olary ellerinden alyp, döwmäge ygtyýar berilýär. Meselem, ýönekeý bulgura şerap guýulgy durandygyny görseň şeraby döküp, bulgury döwmek bolar. Bu mümkin bolmasa işi goýbolsun hem edip bolar. Şunuň ýaly ýagdaýa düşüp, maddy zyýan çekjekler, şu ýörelgeden ugur alyp bilerler. Emma şerap altyn-kümüş gaplara guýulgy bolsa, onda gaplary zyňyp, olara şikes ýetirmek bolmaz. Sebäbi zyňan adamlar, gymmat bahaly gaplaryň hötdesinden gelip bilmezler. Ýöne öýlerinde şerap içilýändigi sebäpli närazylygyny bil-dirmek üçin eginlerindäki gymmat bahaly ýüpek lybasyny ýyrtmaga ygtyýar berilýär. Hyzmatkärleriň hojaýynlaryna etjek nesihatlarynda-da, muny ýörelge edinmek bolar. Emma şägirdiň halypasyna etmeli nesihaty başgaçadyr. Halypa günä işleri edip, oňa şägirt nesihat etmekçi bolsa, ilki bilen düşündiriş geçmelidir. Ondan soň öwüt-nesihat etmeli, soňra gerekli çäräni görmeli. Halypanyň şägirdinden ýagşylygy ýaran edinmegi talap edişi ýaly, şägirt halypasynyň günä işler etmegine böwet bolmalydyr. Sebäbi ylmy bilen amal etme¬ýän alym hormata mynasyp däldir. Ýöne isle şägirt bolsun, isle-de özge adam bolsun, parhy ýok, ylmy bilen amal edýän alyma hormat goýmak hemmeleriň borjudyr. Eger-de halypa şägirdine öwredýän zatlaryna özi amal etmeýän bolsa, onda şägirt halypasyndan öwrenen zatlarynyň hemmesini amal etmeli däldir. Halypadan ylym däl-de diňe iş öwrenýän şägirtleriň özlerini gorap saklamak maksady bilen, halypalaryndan günä iş etmezligi talap etmäge doly hukuklary bardyr. Maşgalada çagalaryň ogurlyk edip, içgi içmek ýaly ýaramazlyklarynyň öňi alynmalydyr. Şonuň üçin çagada ýagşy häsiýetler endik bolýança, öwüt-nesihat bilen terbiýelemelidir. Üçünji şert sabyr etmekdir. Ýagşylygy ýaran edinmegi ündäp, ýaramaz işlerden daş durmagy talap edýän adam, günä iş edýän adamlaryň özüne berjek garşylyklaryna sabyr etmelidir. Bu babatda hezreti pygam¬berimiz şeýle diýýär: «Kimde-kim ynsan¬lardan çekinip, dogry bilýän zadyny aýtmasa, onda kapyrlaryň arasyndan pygamberiň çykmaýşy ýaly, siziň araňyzdaky öwüt-nesihat edýän adamlaryň sany hem azalar». Sabyr etmegiň ýoly barada aýdylaňda, munuň sogaby örän uludyr. Sabyr etmegiň netijesinde berilýän sogaby pikir edip göreniňde, azaplar beriljek sogabyň ýanynda kiçelip galar. Meselem, daýhanlar tomus aýlarynda aljak girdejilerini göz öňünde tutup, günüň gyzgynlygyndan çekinmeýärler. Ýolagçy syýahatçylar maksatlaryna ýetjek bolup, ýolda gabat gelýän her hili kynçulyklara hötde gelýärler. Sen hem ýagşylygy ýaran edinmegi ündäp, ýaramaz işlere böwet bolan wagtyň, beriljek sogaby göz öňünde tutup, özüňe ediljek garşylyklara hötde gelip bilersiň. Bu babatda Resulalladan: «Ýagşylygy ýaran edinmegi ündäp, ýaman işlere böwet bolýan adam, Allanyň, Onuň pygamberi Muhammediň we Onuň kitaby Gurhany Keri¬miň ýer ýüzündäki dostudyr» diýen manyda ha¬dys rowaýat edilýär. Hezreti Aly: «Iň peýdaly söweş, ýagşylygy ýaran edinmegi ündäp, ýaman işlere päsgel bolmakdyr. Eger kimde-kim pyssy-pyjurlyk edip ýören adamy ýazgarsa we Allanyň haky üçin oňa gaharlansa, Allatagala oňa ýardamçy bolar, garşydaşlaryna gahar eder» diýipdir. Hezreti pygamberimize salgylanylyp aýdylan rowaýatlaryň birinde: «Haýyr-sahawatlaryň hem-de tagat-ybadatlaryň möçberi, Allanyň razyçylygy üçin edilen göreşiň ýanynda hiç zatdyr. Bu deňze tüýkürilen tüýkülige meňzär. Mundan özge işlere berilýän sogaplaryň ählisi, bolup bilse bu göreşiň sogaby ýaly bolar. Göreşmek, haýyr-sahawat işleriň hem-de tagat-ybadatlaryň sogaby ýagşylyk etmegi ündemekligiň haýry, ýaman işlere päsgel bolmagyň sogabynyň ýanynda ummasyz deňze gaçan tüýkülik ýalydyr» diýipdir. Abu Derda hezreti pygamberimizden bir hadys rowaýat edýär. Abu Derda bir gezek: – Eý, Resulalla! Buta çokunýanlar bilen söweşmekden başga göreş barmy? – diýip sorapdyr. Hezreti pygamberimiz oňa: – Elbetde, olardan başga-da ýer ýüzünde Allatagalanyň göreşiji bendeleri bar. Olar gezelenç edýärler, ýöne mertebeleri şehitleriňkiden hem belent. Allatagala bolsa gök ýüzünde perişdeleri bilen şol bendelerine buýsanýar. Ümmü Selemäniň Resulalla üçin bezenip-beslenişi ýaly, jennet hem olar üçin bezeler – diýipdir. Abu Derda pygamberimize garap: – Eý, Resulalla! Ol adamlar kimler bolýar? – diýip sorapdyr. Hezreti pygamberimiz oňa: – Olar ýagşylygy ýaran edinmegi ündäp, ýaman işlere böwet bolýan, Allatagala tabyn adamlary söýüp, günäkärleri ýazgarýan adamlardyr. Allanyň haky üçin meniň nebsim olaryň erkine berlendir. Olaryň her biri şehitlerden hem belent derejede ýerleşerler. Her bir dere¬jäniň üç ýüz müň girelgesi bar. Girel-geleriň käbiri gyzyl ýakutdan, käbiri bolsa ýaşyl zümerret daşyndan ýasalandyr. Her bir gapynyň arasy hüýr perilerden doludyr. Her bir adam şol ýerde üç ýüz peri bilen jübütleşer. Periler özlerine halal adamlardan özgelere göz dikmezler. Adamlar bolsa perilere seredip gider-ler. Şonda periler: «Meni alarmyň? Hany sen pylan gün, pylan obada ýagşylyk etmegi ündäp, ýaman işler edilmegine päsgel bolupdyň. Men hem şonuň üçin saňa berildim» diýer. Şeýle hem olar adamynyň her bir eden öwüt-nesihatyny: «Bilýärmiň, sen şu ýerde şeýle diýipdiň, bu ýerde beýle diýipdiň» diýip ýatlarlar. Haýyr-sahawat edýän adama Allata¬gala¬nyň nähili orun berýändigini gördüňizmi? Ýagşylygy ýaran edinip, ýaman işlere päsgel bolýan adam hem Allatagalanyň bu hormatyny göz öňüne getirip, özüne edilýän zorluklara sabyr etmelidir. Öten ýagşyzadalar we ynsanlygyň kämil derejesine ýeten pygamberler hem özlerine edilen sütem¬lere sabyr edipdirler. Allatagala Musa pygambere ibe¬ren Töwrat kitabynda şeýle diýipdir: «Ýagşy işler etmegi ündäp, ýaman işler etmezligi nesihat berýän adamyň, tire-taýpasynyň arasynda abraýy galmaz». Bu babatda Sufýan Söwri şeýle diýipdir: «Goňşularynyň hem-de dost-ýarlarynyň ara¬synda sylag-hormat goýulmaýan adam, päk musulman, çyn mömin däldir». Huzaýfa şeýle diýipdir: «Pyssy-pyjurlyk edip, erbet ýol tutan halka, ýagşy işleri ýaran edinmegi nesihat edip, ýigrenji görüneniňden, hormata mynasyp bolup ýaşanyň ýagşydyr». Ýöne, bu ýagdaýda, öwüt-nesihat etmegiň sogaby beýlekilere garanyňda elli esse köpdür. Käbir alymlaryň pikirine görä, bu ýagdaýda sesiňi çykarmazlyk wajypdyr. ____________________________________ * Mustahap – ýerine ýetirilse sogap, ýerine ýetirilmese-de günä hasaplanmaýan iş. * Hiїret – göçme; Muhammet pygamberiň Mekgeden Me¬di¬nä gitmegi (şol wagt musulman ýyl hasabynyň başy ha¬sap¬lanýar, ol milady hasabynyň 622–623-nїi ýylyna gabat gelýär). * Abu Derda – sahaba. Ol 653-nїi ýylda Şamda aradan çykýar. * Hezreti Muhammediň bir aýalynyň ady. Sufýan Söwri – onuň asly Merwden bolup, 715-nїi ýylda Yragyň Kufa şäherinde dünýä inipdir. Sufýan Söwri Kufanyň öňdebaryїy alymlarynyň biridir. Sufýan Söwri 771-nїi ýylda Kufadan Mekge-Medine taraplaryna syýahata çykypdyr. Şol ýerde bir salym ýaşandan soň, halypa bilen ylalaşmandyr. Halypa onuň yzyna düşüpdir. Ol bu ýerden gaçyp Basra şäherine gelipdir we 777-nїi ýylda Basrada aradan çykypdyr. * Huzeýfe ibn Hasel ibn Jabyr Abesi Abu Abdylla - sahaba. Ýeman Hasemi onuň lakamydyr. Hezreti Omar ony Medaýyn şäherine häkim belläpdir. Köp ýeňişlere gatnaşypdyr. 36-nji hijri ýylynda Medaýynda wepat bolupdyr. Hadys kitaplarynda onuň adyndan 225 hadys aýdylýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |