03:22 Adamyñ maşgalasynyñ öñündäki borçlary | |
ADAMYŇ MAŞGALASYNYŇ ÖŇÜNDÄKI BORÇLARY
Pedagogika we edep-terbiýe
Biler bolsaňyz, adamynyň maşgalasynyň öňünde berjaý etmeli üç wezipesi bardyr. Birinji wezipe maşgala agzalaryny özgelerden gorap saklamalydyr. Ikinji wezipe maşgala agzalarynyň arasynda özara düşünişmezlik ýüze çykan pursatynda, ylalaşdyryjy bolmalydyr. Meselem aýallaryny biri-birlerinden öýkeletmeli däl. Oglanlary, gyzlary we hyzmatkärleri nähak ýere urup, sögmeli däl. Şeýle hem iýgi-içgi we geýim-gejim babatynda kynçylyk çekdirmeli däldir. Eger-de ol aýallaryň arasynda özara düşünişmezlik bardygyny aňyp, oňa çäre görmese, onda aýala ýazylan günäniň mukdary oňa hem ýazylar. Ogul-gyzlaryň, uly-kiçileriň we hyzmatkärleriň özara düşünişmezlik meselelerinde-de şu ýörelgeden ugur almaly. Emma maşgala agzalaryny terbiýelemek maksady bilen uran ýagdaýynda, ýüzüne urmazlyk şerti bilen, üçden artyk urmaly däldir. Üçden artyk uraýsa kyýamat güni onuň hasabyny bermeli bolar. Şonuň üçin olaryň göwünlerini ýykman, razyçylyklaryny gazanmalydyr. Eger-de maşgala şunuň ýaly terbiýelenmese, onda patyşalaryň öz ülkesindäki raýatlarynyň arasyndaky özara dawalary bilip, oňa çäre görmedik ýagdaýynda, iýenleriniň halal bol-maýşy ýaly, adamynyň hem iýenleri halal bolmaz. Adamynyň maşgalasynyň öňündäki üçünji wezipesi, olara hiç hili zorluk-sütem etmeli däldir. Patyşalaryň öz raýatlaryna zulum etmeginiň halal bolmaýşy ýaly, maşgalabaşynyň hem maşgala agzalaryna we hyzmatkärlerine zorluk etmegi halal däldir. Olara zulum eden pursatynda, olaryň elinden iýen iýmiti hem-de olardan gören hyzmaty özüne halal bolmaz. Şunuň bilen baglanyşykly hezreti pygamber şeýle diýýär: «Kyýamat güni binamaz adamynyň dyrnagy öz-özüniň ýüzüni ýyrtar, kapyrlary dowzaha atarlar, zalymlaryň kellelerini kesip, ony ýetmiş ýerden akdyrarlar». ■ HEKAÝaT Ýagşyzadalaryň biri Haka ýalbaryp, doga-dileg eden wagty: «Eý, Allam, maňa dowzahdaky adamlardan birini görkez» diýip ýüzlenipdir. Allatagala oňa: «Pylan ýere bar» diýipdir. Ýagşyzada gijäniň ýarynda salgy berlen ýere baryp oturypdyr. Bir salym oturandan soň, onuň gulagyna gorkunç sesler eşidilipdir. Görse, aždarha bir adamyň boýnuna guýrugyny aýlap, ýüzüni ýere basyp, süýräp gelýär eken. Süýrenip gelýän adamyň boýnuna agyr ýük ýüklenipdir. Ýük hiç onuň boýnundan gaçmaýar. Ýagşyzada ol adamdan: – Siz kim bolarsyňyz, aýtsaňyz-la? – diýip sorapdyr. Ol adam aždarha ýüzlenip: – Dur! – diýipdir. Mundan soň aždarha durupdyr. Ol adam ýagşyzada garap: – Aýdyber, diýipdir. Ýagşyzada oňa: – Eý, biçäre! Allanyň haky üçin ýeriňden tur. Siz agyr derde uçrapsyňyz. Meniň bu barada sizden sorajak zatlarym bar – diýipdir. Ol adam ýerinden turupdyr. Ýagşyzada ondan: – Aýtsaňyz-la, siz kim bolarsyňyz? – diýip sorapdyr. Ol adam: – Meniň adym Hajjaj ibn Ýusup, özüm Ýezitleriň neberesinden bolaryn – diýip jogap beripdir. Ýagşyzada ondan: – Aýtsaňyz-la, boýnuňyza ýüklenen ýük näme? Bu aždarha näme üçin ýüzüňi ýere basyp süýreýär? – diýip sorapdyr. Ol adam: – Bir egnime dünýäde zorluk bilen döken ganlarym, beýleki egnime zorluk bilen alan baýlyklarym ýüklendi. Allatagala meni şu aždarha tabşyrdy. Aždarha her gün agşamdan säher wagtyna çenli, meniň ýüzümi ýere sürtäp, magrypdan maşryga aýlanýar. Saba wagty bolanda, meni ýene-de dowzaha atýar – diýip jogap beripdir. Isa pygamber bilen baglanyşykly şeýle bir hekaýat bar. Bir gezek Isa pygamber derýa kenary bilen gidip barýarka, ýolda akyp duran bir çeşmä gabat gelip, suw içipdir. Görse, ol çeşmäniň suwy ajy eken. Mundan soň Isa pygamber Haka ýüzlenip: «Eý, Allam! Ýalňyşmaýan bolsam bu çeşmäniň suwy derýadan gelýär. Onda näme üçin derýanyň suwy süýji, çeşmä¬niň suwy ajy bolýar?» diýip sorapdyr. Şol pursat Isa pygambere Alladan: «Eý, Isa! Bu sowaly çeşmäniň özünden sora?» diýen owaz gelipdir. Isa pygamber habary çeşmeden sorapdyr. Allanyň gudraty bilen çeşmä dil bitip: – Eý, Allanyň ruhy, owal men adamdym, ölenimden soň üç ýüz ýyllap toprak bolup ýatdym. Soňra adamlaryň biri menden kerpiç ýasap patyşanyň köşgünde goýdy. Patyşa ölüp, köşgi ýykyldy. Üç ýüz ýyl hem bu ýerde toprak bolup ýatdym. Mundan soň bir adam gelip, menden şykgy palçyk edip şu derýanyň kenarynda çeşme ýasady. Ýüz ýyldan bäri hem şu ýerde durun – diýipdir. Isa pygamber ondan: – Seniň suwuň näme üçin ajy? – diýip sorapdyr. Çeşme oňa: – Ezraýyl perişde meniň janymy zorluk bilen gynap aldy. Müň ýyl bäri munuň agysy çykmaýar. Suwumyň ajy bolmagynyň sebäbi hem şudur – diýipdir. Isa pygamber ondan: – Janyň beýle azap bilen alnar ýaly günäň näme? – diýip sorapdyr. Çeşme oňa şeýle jogap beripdir: – Bir gün bazarda otyrkam, arkasyna tiken ýüklenen bir adam geçip barýardy. Men ol adamdan soraşman, tikeninden alyp dişimi gorjadym. Şonuň üçin Ezraýyl perişde meniň janymy gynap aldy. Onuň ahy-zary entek-entekler menden çykmansoň, suwum hem ajy. _________________________________________ Ýokarda getirilen mysallaryň bir bölegi «Keşaf» («Äşgär ediji») atly kitapdan, bir bölegi «Maşryk» («Günüň dogan ýeri») atly kitapdan, bir bölegi alymlaryň ylym mejlislerinden, käbir bölümler bolsa «Tergyp we Terhip» («Höweslendirme we ýigrendirme»), Şerigat we onuň düşündirişlerini berýän kitaplardan alyndy. Şeýle hem «Jawahyryl Jenan» («Kalbyň göwheri»), «Jamygyl Fatawa» («Hökümler toplumy»), «Enisu jeli» («Açyk-aýdyň dost») we şunuň ýaly mynasyp görülýän kitaplardan peýdalanyp alyndy. Hajjaj ibn Ýusup – Omaýýatlar döwrüniň ady belli zalym hökümdary. Ol 714-nїi ýylda aradan çykypdyr. Magryp – günbatar. Maşryk – gündogar. Allanyň ruhy – Isa pygamber üçin ulanylýan lakam. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |