03:19 Öý edepleri | |
ÖÝ EDEPLERI
Pedagogika we edep-terbiýe
■ GIRIŞ Bu kitabyň türkmen diline terjime edilmeginiň şeýle sebäbi bar. Allatagala garyp bendesiniň: «Perwerdigär-ä, Özüň bize jübüti-halallarymyzdan we zürýatlarymyzdan (ýaňa) şady-horramlyk sowgat etgin we bizi takwalara duçar kylgyl» diýen dilegini kabul edip, oňa sahy hatyn miýesser edipdir. Adamlar ýagşy häsiýetli bolmagy iki adamyň geçen ýoly bilen esaslandyrýarlar. Bir gezek hezreti pygamberimize: – Eý Resulalla, pylanyň aýaly bilen arasy gowy däl, – diýip aýdypdyrlar. Hezreti pygamberimiz olaryň ikisini hem getirip, kellelerini ýanma-ýana goýup, eginlerini biri-birlerine görünmez ýaly edipdir. Soňra «Allahym bu ikisini ýaraşdyr we biri-birlerini söýdür» diýip dileg edipdir. Mundan soň Allatagala olary dostlaşdyrypdyr. Tersleşen adamy ýaraşdyrmak sünnetdir. «Allanyň ähli zatlary bilýänliginde şek-şübhe ýok». Adamlaryň arasynda näme edeniňde dostlaşyp boljakdygyny Allanyň bilýänligine, şek-şübhe bolup bilmez. Allatagalanyň ähli zatdan habary bardyr. Şonuň üçin Ol kalplaryň nädip ysnyşjakdygyndan habardardyr. «Ynsanlar öz-özlerinden dostlaşyp gitdiler» diýmek nädogrudyr. Tersleşen adamlary ýaraşdyrmak, aýrylyşanlary birleşdirmek diňe Allanyň gudraty bilen amal bolýandyr, özge hiç kimiň oňa güýji ýetmez. Sebäbi Allatagala Gurhany Kerimde: «Eger siz ýerdäki bar zady sarp etseňiz hem olaryň kalplaryny dost edip bilmersiňiz. Emma Alla olary dost etdi» diýýär. Kişiniň öz bilýän zatlary bilen çäklenmegi onçakly peýda getirmeýär. Sebäbi bu babatda Allatagala «Siziň özüňiz üçin ýagşy bolan närsäni ýaman görmegiňiz we siz üçin ýaman bolan närsäni ýagşy görmegiňiz mümkin» diýýär. Şu ýerde getirilen mysallaryň bir bölegi tefsir derslerindäki belliklerden, bir bölegi alymlaryň ylym mejlislerinden, beýleki bölegi bolsa tefsirdir, hadys kitaplaryndan toplandy. ■ ÝoKARDA ESASLANDYRYLAN MYSALYŇ BEÝaNY Eý, musulman, mürşit gardaş! Biler bolsaň her bir döwletiň patyşasynyň bolşy ýaly, akyly ýerindäki her bir ynsan hem öz bedeniniň patyşasydyr. Bu mesele bilen baglanyşyklylykda hezreti pygamber: «Her bir adam özüniň häkimidir. Her bir häkim eden işine jogapkärdir» diýýär. Bu sözler her bir adamynyň ötegçidigini, her bir ötegçiniň eden işlerine jogap bermelidigini aňladýar. Çopanlar garamatyndaky mallara jogap bermeli bolsalar, patyşalar, begler we kazylar-da höküm sürýän ýurtlary hakynda jogap bermelidirler. Beglere üç sypat mahsus bolmalydyr. Olardan birinjisi watany ýat duşmanlardan gorap saklamak. Ikinjisi raýatlaryň biri-birlerine zulum-sütem etmekleriniň öňüni almak. Üçünjisi hökümdar hem-de onuň gullugyndaky adamlaryň hiç biriniň raýatlara zorluk-sütem görkezmezligidir. Ynha, bu üç häsiýet diňe bir hökümet ýolbaşçysyna däl, eýsem öý eýesine hem mahsus bolmalydyr. Watan ýat duşmanlardan goralyp saklanmasa, rahatlygyň bolmajagy hemmelere mälim. Hökümdar raýatlarynyň asudalygyny gorap saklap bilmese, onda özüniň hem-de gullugyndaky adamlaryň iýen iýmitleri halal bolmaz. Sebäbi çopan bakýan goýunlaryna jogap berip bilmese, alan haky halal bolmaz. Hatda ol adam dünýäde gargyş edilip, garalanmaga mynasypdyr. Bu mesele bilen baglanyşykly Allatagala şeýle diýýär: «Zalymlara Allanyň gargyşyndan başga zat ýokdur». Şeýle adam ahyret gününde dowzah oduna atylmaga mynasypdyr. Şunuň bilen baglanyşykly Resulalla şeýle diýýär: «Şu alty topar adamlar dow¬zah oduna atylarlar: hökümdarlar adalatsyzlygy sebäpli, araplar milletparazlygy sebäpli, wezipeli adamlar men-menligi sebäpli, Türküstan we Yrak halklary biri-birinden tapawudy sebäpli, täjirler hyýanat etmekleri sebäpli, alymlar biri-birlerine göwniýetmezçilikleri sebäpli dowzah oduna atylar». Bu ýagdaýda her bir adamynyň şu üç häsiýete eýe bolmagy gerek. Birinjiden, hökümdarlaryň watany duşmanlardan gorap saklamaklarynyň wajyp bolşy ýaly, her bir öý eýesiniň hem öz maşgalasyny ýaramaz zatlardan goramagy, öe haram zatlar getirmezligi wajypdyr. Ikinjiden, hökümdarlaryň öz raýatlaryny agzybir saklaýyşlary ýaly, her bir öý eýesi öz maşgala agzalaryny agzybir saklamalydyr. Üçünjiden, hökümdarlara öz raýatlaryna zulum etmezligiň şert bolşy ýaly, her bir öý eýesi hem öz maşgala agzalaryna zulum etmeli däldir. ■ HEKAÝaT Gadym zamanlarda Anuşirwan atly bir hökümdar bolupdyr. Hezreti Omar halypalyga saýlanandan soň, Anuşirwan aradan çykypdyr. Onuň ýerine ogly Hurmuz hökümdar bolupdyr. Hezreti Omar Hurmuza garşy söweşe taýýarlyk görüpdir. Muňa geň galan adamlar hezreti Omardan: «Eý, musulmanlaryñ emiri! Hurmuz arassa, päk niýetli otparaz adam. Sen näme üçin oňa garşy goşun dartýarsyň?» diýip sorapdyrlar. Hezreti Omar olara şeýle jogap beripdir: «Hurmuzyň kakasy adyl, hormata mynasyp adamdy. Men söwda-satyk bilen meşgullanýan wagtlarym, bir gezek Anuşirwanyň adyllyk bilen höküm sürýän şäherine bardym. Şol wagt onuň bir ogly bilen garyndaşlaryndan biri, menden käbir satlyk lybaslary alyp, bahasyny tölemän gitdiler. Mundan soň men Anuşirwanyň tagtyna baryp arz etdim. Anuşirwan dilmajyna garap: – Bu adam näme diýýär? – diýip sorady. Dilmaç: – Hökümdarym, ol size sögýär – diýip, jogap berdi. Mundan soň olar meni urup, kowup çykardylar. Ertesi gün ýene-de baryp arz etdim. Anuşirwan dilmajyna garap, meniň arzymy sorady. Dilmaç ýene-de: – Hökümdarym, ol size sögýär – diýdi. Soňra meni kowup köşkden çykardylar. Ertesi güni baryp, ýene-de arz-şikaýat etdim. Bu gezek Anuşirwanyň ýanynda arap dilini bilýän bir myhman bar eken. Anuşirwan myhmana garap: – Bu adam näme diýýär? – diýip sorady. Myhman: – Ogluňyz bilen bir garyndaşyňyz onuň harytlaryny zorluk bilen alyp, bahasyny tölemändirler. Ol şony şikaýat edýär – diýip düşündirdi. Mundan soň Anuşirwan dessine tagtyndan turdy-da, ýerde oturyp menden: – Harytlaryň bahasy näçe? – diýip sorady. Oňa alnan harytlaryň bahasyny aýtdym. Anuşirwan harytlaryň bahasyny, üstesine-de üç ýüz altyn tyllany berdi. Soňra: – Hakyňy halal et! – diýip ötünç sorady. Şol pursat men Anuşirwana garap: – Hakymy halal edýärin. Ýöne sen maňa aýt, näme üçin tagtyňdan turup ýerde oturdyň. Maňa hakym bolmadyk üç ýüz tyllany näme üçin berdiň – diýip soradym. Anuşirwan maňa: – Tagtdan inip, ýerde oturmagymyň sebäbi şeýle, kimiň höküm sürýän zamanasynda halka zulum edilýän bolsa, şol adam gara ýeri başyna täç etmelidir. Hakyň bolmadyk üç ýüz tyllany boş geçen üç günüň öwezini kepillendirmek maksady bilen berdim – diýip jogap berdi. Mundan soň hezreti Omar: «Anuşirwan ogluny, garyndaşyny hem-de dilmajyny dardan asdyrypdyr» diýip eşidendigini aýdýar. Bu hekaýatdan dogry netije çykarmak gerek. ■ HEKAÝAT Hindistan patyşalary sapara çykjak bolan wagtlary, ýüz düýe ýüki kitap taýýarladar ekenler. Soňraky patyşalardan biri alymlara ýüzlenip: «Bu ýüz düýe kitaplaryň manysy näme?» diýip sorapdyr. Alymlar bu soragyň jogabyny şeýle jemläpdirler. Birinjiden, raýatlar tabyn bolmasa beglik bolmaz. Ikinjiden, adalat bolmasa, raýatlar rahatlyk tapmaz. Bu sözleri gysga manyda aýdanyňda, hökümdar adyl bolmasa, watan güýç-güýç ýeteniňki bolar. Üçünjiden, zerury bolmasa ýa-da işdäň çekmese nahar iýip bolmaz. Gepiň gerdişine görä aýdanyňda, nahar iýilmese beden zyýan çeker, iýmit iýilmese beden ejizläp tapdan gaçar. Şeýlelik bilen beden işden we hereket etmekden galar. Eger-de işdä bolman, zorluk bilen nahar iýilse, adam semrär. Semizlik bolsa hassalyga ýol açar. Dördünjiden, aýallar öz ärinden başga ýat erkeklere seretmeli däldir. Sebäbi aýal maşgala öz nikaly adamsyndan başga erkekleri görüp synlan wagty, olaryň owadanlygyna, mylaýymlygyna we gözel lybaslaryna gözi gider. Olar bolsa özlerine seredilen wagty meýil ederler. Şeýlelik bilen öz nikaly adamsyndan göwni geçer. Bu bolsa haýsydyr bir erbetlige ýa-da aýalyň ärine gulak asmazlygyna getirer. Gysgaça aýdanymyzda, görüp öküneninden, görmedigi ýagşy. Eger bu aýdanlarymyz mümkin bolmasa, onda hezreti pygamberden rowaýat edip aýdylýan şu hadysa üns bermegimiz gerek: Günlerde bir gün hezreti pygamber aýallary bilen öýde oturan wagty, ýanlaryna bir kör adam gelipdir. Şol wagt hezreti pygamber aýallaryna garap: – Seretmäň, ýüzüňizi örtüň! – diýipdir. Aýallaryndan biri: – Eý, Resulalla, onuň gözleri kör ahyry, näme üçin ondan ýüzümizi gizläli – diýip sorapdyr. Onda hezreti pygamber oňa: – Ol sizi görmese hem siz ony görýärsiňiz – diýip jogap beripdir. Käbir hadys kitaplarynda habar beril¬megine görä, adam jemagatda aýalyny öwmeli däldir. Hat-da ýat adama aýalynyň geýimlerini hem görkezmeli däldir. Sebäbi geýimi gören adamynyň aýala meýil etmegi ähtimal. Hat-da käbir alymlar köpçülik ýerlerinde aýal sesiniň eşidilmezligini ündeýärler. Sebäbi aýal sesini eşiden adam aýala ýyk¬gynlyk eder. Şonuň üçin aýal sesinden çe¬kin¬megimiz gerek. Adam üçin maşgala hakynda bilinmeli zerur zatlar näme? Maşgala kimlerden ybarat bolup durýar? Maşgala esasan ene-atadan we ogul-gyzdan ybaratdyr. Aýalyň maş¬galadaky ýagdaýyny ýokarda belläp geçdik. Gyzyň ýagdaýy hem şuňa meňzeşdir. Emma oglanyň ýagdaýy başgaçadyr. Oglanlary ýaman adamlaryň erbetliklerinden gorap saklamak zerur. Eger özge adamlaryň erbetlik etmeklerinden howatyrlanylmaýan bolsa, onda oglanyň özge adamlara zyýan ýetirmeginden ägä bolmaly. Bu babatda Gurhanda şeýle diýilýär: «Eý, möminler, siz özüňizi we maşgalaňyzy – oduny adamlar we daşlar bolan dowzahdan saklaň». Emma dünýädäki otlar adam hem-de daş bilen ýanmaýar. Odun we şuňa meňzeş ýangyçlar bilen ýanýar. Şonuň üçin jähennemdäki adam daş we beýleki zatlary ýakar. Dowzah ody örän güýçlüdir. Käbir tefsirçi alymlar bu ýerde aýdylan «daş» sözüni «çakmak daşy» diýip ykrar edýärler. Sebäbi çakmak daşynyň elhenç ysy bolýar. Ýananda hem örän tiz we güýçli ýanýar. Otdan Allanyň özi gorasyn! Ýokarda aýdylyp geçilenleri gysgaça jemlesek, dowzah azaby örän ýowuzdyr. Şonuň üçin özüňizi hem-de maşgalaňyzy dowzaha ýollajak amallardan gorap saklaň. ■ HEKAÝaT Hezreti Omaryň Şehma atly ogly bolupdyr. Onuň ýüz keşbi we owazy hezreti pygamberiňkä meňzär eken. Sahabalar hezreti pygamber aradan çykansoň, oňa Gurhan okadar ekenler. Şeýlelikde, olar hezreti pygamberi diňlän ýaly bolar ekenler. Şu sebäpden ony örän gowy görer ekenler. Şehma birnäçe aý hassa ýatyp, dert çekipdir. Şol döwürlerde, bir gezek hezreti Omaryň mejlisine gelipdir. Sahabalar oňa ýene-de Gurhany Kerim okadyp, hezreti pygamberi diňlän ýaly şatlanypdyrlar. Şehma kakasynyň mejlisinden gaýdyp barýarka, ýolda bir jöhit tebibiň ýanyndan geçipdir. Tebip oňa: – Eý, ýigit, sende ýarawsyzlyk bar. Gel, saňa şerbet bereýin – diýipdir. Şehma oňa: – Azar edinmäň – diýipdir. Mundan soň tebip oňa: – Jöhit şerbedi – diýip şerap beripdir. Şehma onuň beren zadynyň şerapdygyny bilmän, alyp içipdir. Soňra ýerinden turup gidipdir. Gidip barýarka, ýolda serhoş bolup, bir aýalyň ýanyna baryp, zyna iş edipdir. Mundan soň aýal göwreli bolýar. Wagtyň geçmegi bilen aýalyň bir ogly bolupdyr. Aýal ogluny eline alyp, hezreti Omaryň ýanyna barypdyr-da: – Ogluňyzdan galan çagany alyň – diýip oglanjygy öňüne goýupdyr. Omar aýala garap: – Munuň ýaly çagasy bolan oglum kimkä? – diýip sorapdyr. Aýal: – Şehma – diýip jogap beripdir. Omar: – Men entek Şehmany öýli-işikli etmedim, bu nähili onuň çagasy bolýar? – diýip, geň galyp sorapdyr. Aýal: – Ol pylan wagt meniň bilen zyna edipdi. Çaga hem şondan galypdy – diýip jogap beripdir. Muňa gahary gelen Omar töweregindäkilere ýüzlenip: – Tizden-tiz Şehmany meniň ýanyma alyp geliň – diýip buýruk beripdir. Adamlar Şehmany hezreti Omaryň ýanyna alyp gelipdirler. Hezreti Omar aýaldan eşiden zatlaryny Şehmadan sorapdyr. Şehma: – Kaka jan, şol gün seniň ýanyňdan gaýdyp barýarkam, ýolda bir jöhit tebip duş gelip, dermanlyk diýip datly şerbet berdi. Men hem ony içdim. Soňra ýolda barýarkam, serhoş bolup, bu aýal bilen zyna iş edipdirin. Akylym ýerine gelensoň, işlerime ökünip, toba etdim – diýip jogap beripdir. Hezreti Omar ogluna garap: – Seniň toba edeniň bilen men Allanyň buýrugyny terk edip bilmerin – diýipdir. Şol wagt hezreti Omaryň ýanynda Eflah atly hyzmatkäri bar eken. Omar oňa: – Tut – diýip, buýruk beripdir. Ol Şehmany tutup, haça germäp, gamçyny eline alyp, on gezek urupdyr. Şehma on urgyny sesini çykarman geçiripdir. Urgy ondan geçip başlanda, sabyrsyzlyk edip: – Kaka jan, toba edýärin – diýipdir. Omar hyzmatkärine garap: – Dowam et! – diýip buýruk beripdir. Eflah urgyny ýigrimä ýetiripdir. Şehma urgulara çydaman: – Medet ber, kaka jan! Janym agzymdan çykyp gelýär – diýipdir. Omar ýene-de hyzmatkärine: – Eflah, dowam et – diýip buýruk beripdir. Eflah gamçynyň urgusyny kyrka ýetiripdir. Şehma ysgyndan gaçypdyr. Görse, kakasy özüne dözmezçilik etmeýär. Mundan soň töweregindäki adamlardan umydygär bolup: – Eý, musulmanlar! Maňa kömek ediň. Gaýrat edip ejeme habar ýetiriň – diýipdir. Adamlar ejesine habar ýetiripdirler. Ejesi zar-zar aglap, ylgap gelipdir. Görse, ogly haça gerilgi ýatyr. Şehma ejesine garap: – Eje jan dadyma ýetiş, ölýärin – diýipdir. Ejesi muňa döz gelip bilmän, erki elinden gidip, oglunyň üstüne ýykylypdyr. Omar töweregindäkilere garap: – Aýaly oglanyň üstünden aýyryň – diýip buýruk beripdir. Aýaly oglanyň üstünden aýrypdyrlar. Omar ýene-de: – Eflah, urmaga dowam et – diýip buýruk beripdir. Eflah urgyny segsene ýetiripdir. Oglanyň jany kekirdegine gelipdir. Oglan: – Kömek et, kaka jan – diýip seslenipdir. Omar hyzmatkärine: – Urmagy dowam et – diýipdir. Eflah urgyny togsana ýetirende, oglan jan beripdir. Eflah hezreti Omara garap: – Eý möminleriň emiri, Şehma öldi – diýipdir. Omar oňa: – Allanyň buýrugy ýüz urgudyr. Ýene-de on urgy ur – diýip buýruk beripdir. Hezreti Omar mundan soň göz ýaş döküp, ogluny haçdan aýrypdyr. Soňra agzyny agzynyň, ýüzüni ýüzüniň üstünde goýup, uly ses bilen: – Oguljygym, bu işi seni örän gowy görmegim sebäpli etdim. Sebäbi bu gün men saňa ýüz gamçy urmasam, ertirki gün Mälik saňa dowzah gapysynda ýüz müň azap görkezer – diýipdir. Muňa şaýat bolan käbir adamlar «Omar gör nähili doňýürek adam eken. Öz ogluny gözi öňünde öldürtdi» diýipdirler. Hezreti Aly şol gije düýş görüpdir. Düýşünde hezreti pygamberiň jennetde tagt üstünde oturandygyny, onuň sag tarapynda Ybraýym pygamber, sol tarapynda ýüz dürli zynatlar bilen bezenen Şehmanyň oturandygyny görüpdir. Şol wagt hezreti pygamber Alla ýüzlenip: «Görýärmiň, Omar dinde pälwan hasaplanylýan ogluna döz gelip, şerigatymy berjaý etmek bilen Allatagalany hem-de meni razy etdi» diýipdir. Hezreti Aly ukudan oýanandan soň, ylgap Omaryň ýanyna gelip, gören düýşüni gürrüň beripdir. Hezreti Omar: – Hudaýa şükür, oglum üçin atalyk wezipämi berjaý edipdirin. Ony dowzah odundan gorap, hezreti pygambere gowşurypdyryn – diýipdir. Bu hekaýatdan görlüşi ýaly, adam maşgalasyny şerigat esasyna görä saklamalydyr. Eger-de maşgala agzalaryndan biri günä iş etse, ony wagtynda düzetmelidir. Şeýle eden adamynyň özi hem-de maşgalasy Allatagala ýakynlaşar we jennet nygmatlaryna gowuşmaga mynasyp bolar. Adam öz ýakynlarynyň günä iş edýänlerini görüp gynanmasa we oňa päsgel bermese, dost hasaplanmaz. Adam günä iş etmekleri sebäpli ýakynlaryna öwüt-nesihat etmeli, urup-käýýäp olara gerekli çäräni görmeli. Eger-de şeýtmedik ýagdaýynda, ol adam duşman hasaplanar. Bu babatda hezreti pygamber: «Hakykaty aýtmaýan adam, dilsiz şeýtandyr» diýýär. Ýene-de «Ynsan ogly Allatagalanyň buýruk beren we gadagan eden zatlaryny bilip, olary berjaý etmegi halk köpçüligine ýetirmese, eden tagat-ybadatlarynyň peýdasy ýokdur. Ylaýtada maşgala agzalaryny terbiýele¬me¬se, onda kyýamat güni maşgala agzalary onuň ýakasyndan tutarlar. Hat-da olar Allatagala ýüzlenip: «Ol biziň gazanjymyzy iýerdi, dünýewi işler bilen meşgullanardy. Onuň diýenlerini etmesek, bizi hem urardy. Emma ahyret ahwalyndan gorkmazdy. Biz hem onuň yzyna düşüp, tagat-ybadatlarymyzy berjaý etmedik. Mundan başga-da ençeme günäler etdik. Ýöne ol biziň günälerimize päsgel bermedi. Şu sebäpli şu gün biziň başymyza belalar indi. Eý, Allam, şu gün bu adamdan biziň arymyzy alyp ber» diýip arz ederler. Mundan soň Allatagala olaryň günäleri ýaly günäleri ol adamynyň boýnuna ýükläp, dowzaha atar». Mundan Allanyň özi gorasyn! _______________________________________ *Gurhanyň 25-nїi («Furkan») süresiniň 74-nїi aýaty. *Gurhanyň 8-nїi («Enfal») süresiniň 63-nїi aýaty. *Gurhanyň 2-nїi («Bakara») süresiniň 216-nїy aýaty. *Gurhanyň 66-nїy («Tahrym») süresiniň 6-nїy aýaty. *Tefsirçi alym – Gurhany Kerimiň düşündirişi, ýorgudy bilen meşgul bolýan alym. | |
|