OÝLANMA
Ülkämiň üstünde garalsa asman,
Dolýar ýüregime gaýgydyr gussa.
Adamlar guşlar deý uçup barýarlar,
Zeminde galdyryp düýş ýaly kyssa.
Diňe men gijäniň ýalňyz Aýy deý,
Dogduk mekanymdan ýeke-täk örýän.
Seýil edip bahar dek tokaýjyklara,
Asmanda guşlaryň uçuşyn görýän.
Oýlanýan,
dünýäde her bir adamyň,
Ýaşan günlerinden ýatlama galýar.
Şoň üçin olaryň guş deý uçuşy –
Üzülen monjugy ýadyňa salýar.
Maňa alys ýurtlar asla gerek däl,
Alysda arzuwlar gelmeýär mana.
Men diňe bir zady kalba besleýän:
Siňip gitsem Aýly gije asmana.
Andreý SKORINKINOWIÇ,
belarus şahyry.
Terjime eden: Muhammet Bekgiýew.
Goşgular