P.A.OSIPOWA
Meger, indi maña uzak wagtlap
Bu rahat sürgünde galmak başartmaz.
Uludan dem alyp, öz ýurdum ýatlap,
Obañ owazyndan ganmak başartmaz.
Ýöne uzaklarda, saýry ýurtda hem
Şol öñki pikirim-oýlarym bilen
Trigorskide aýlanaryn men,
Sähra, derýa, depe üzre alyp dem,
Duşaryn saýaly baglarym bilen.
Edil şeýle, günler dönende tüme,
Bir gözel garañky gabyrdan çykar,
Uçup gaýdar öz mähriban öýüne.
Şeýdip, hesret çekýän gamgyn kölege
Baryp, mähremlerne gussaly bakar.
Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW.
* * *
Tumarym, penañda saklagyn aman,
Uzak sürgünlere kowulan çagym,
Toba eden çagym, tolgunan çagym;
Sen berlipdiñ maña bir gamly zaman.
Tolkun atyp, göge galanda umman,
Tolkunlar öwrülen çagy daşymda,
Bulut haýbat atan çagy başymda ㅡ
Goragym, tumarym, saklagyn aman.
Ýat ilde ýalñyzlyk çekilýän zaman,
Gam öýünde adam tukat ýatanda,
Jeñiñ howsalasy huşy tutanda,
Goragyn, tumarym, saklagyn aman.
Mukaddes lezzeti berýän bipeýan
Ýürege jadyly şöhle salanda...
Ol gizlenip, soñ biwepa bolanda...
Goragyn, tumarym, saklagyn aman.
Goý, ýüregiñ ýaragyny gozgaman,
Ýatlamalar galsyn öñküsi ýaly.
Hoş gal, umyt, ukla göwnüm hyýaly,
Goragyn, tumarym, saklagyn aman.
■ ...NE
Ajap pursat düşýär meniñ ýadyma:
Göze görnüp geçen peri mysaly,
Şonda sen gelipdiñ meniñ ýanyma ㅡ
Tämiz gözelligiñ genisi ýaly.
Bihuda gam çekip ýadan çagymda,
Howsalaly jeñler başa düşende,
Ýañlanýardy näzik sesiñ ýanymda,
Görünýärdi gözel husnuñ düýşümde.
Ýyllar geçdi. Ýañky gaýyñ badyndan
Zat goýmady öñki hyýal huşumda.
Seniñ gözel sesiñ çykdy ýadymdan,
Görünmeýär ajap husnuñ düýşümde.
Çola ýerde, agyr sürgün tümünde
Günler ümsüm geçýär ýuwaş-ýuwaşdan.
Ne alla, ne ylham, ne jan bu tende,
Ne söýgüden zat bar, ne-de gözýaşdan.
Ýene-de gozgalañ düşdi janyma:
Göze-görnüp geçen peri mysaly,
Ýene-de sen geldiñ meniñ ýanyma ㅡ
Tämiz gözelligiñ genisi ýaly.
Ýürek urdy uly şatlyk içinde,
Bar zatlar täzeden dirildi şondan:
Ylham, durmuş peýda bolup bu tende,
Söýgi-de oýandy, göz doly ýaşdan.
Terjime eden: Çary AŞYR.
Goşgular